«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
NOÝABR 4—10
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ÝAHÝA 1—5
«Dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmäň»
w05 1/1 sah. 10, abz. 13
Isadan görelde alyň
13 Käbir adamlar Şeýtanyň dünýäsindäki zatlaryň hemmesi erbet däl diýmegi mümkin. Emma seresap bolmasak, dünýäniň özüne çekiji zatlary Ýehowa edýän gullugymyzdan aňsatlyk bilen ünsümizi sowup biler. Dünýäniň hödürleýän zatlarynyň hiç biri Hudaý bilen dostlugyňy berkitmeýär. Erbet däl ýaly bolup görünse-de, dünýädäki zatlara höwes edip başlasak, özümizi howply ýagdaýa salarys (1 Timoteos 6:9, 10). Aslynda, dünýädäki zatlaryň köpüsi erbet we bizi azdyryp bilýär. Eger zorluga, baýlyga kowalaşmaklyga ýa-da ahlaksyzlyga iterýän filmleri we telegepleşikleri görsek, soňabaka olary erbet hasaplaman, özümiz hem edip başlarys. Ýokary wezipä ýa-da baýlyga kowalaşýan adamlar bilen gatnaşsak, bizem şol zatlary durmuşymyzda birinji orunda goýarys (Matta 6:24; 1 Korinfliler 15:33).
Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
18 «Dünýädäki zatlara» garşy durmak üçin, Ýahýa resulyň ylhamlanyp aýdan sözlerini hem unutmaly däl. Ol şeýle diýdi: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17). Şeýtanyň dünýäsi hemişelik höküm sürjek ýaly bolup görünse-de, onuň soňy hökman geler! Onuň dünýäsiniň hödürleýän zatlarynyň hiç biri-de hemişelik däldir. Eger muny unutmasak, biz Iblisiň duzaklaryna düşmeris.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ýehowanyň ýatlatmalary ygtybarlydyr
14 Injilde birek-birege söýgini bildirmelidigi barada ençeme gezek ýatladylýar. Isa: «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýip, iň uly tabşyrygyň birini nygtap geçdi (Mat. 22:39). Isanyň enebir dogany Ýakup hem söýginiň iň wajyp häsiýetdigini görkezmek üçin, ony «patyşalyk kanuny» diýip atlandyrdy (Ýak. 2:8). Ýahýa resul hem şeýle diýdi: «Eý, söýgüli doganlar, men bir täze buýruk däl-de, ozal-başda alan gadymky buýrugyňyzy ýazýaryn» (1 Ýah. 2:7, 8). Ýahýa «gadymky buýruk» diýmek bilen nämäni göz öňüne tutdy? Elbetde, söýgini. Bu buýruga «gadymky» diýilmeginiň sebäbi, Isa ol barada «ozal-başda», ýagny onlarça ýyl mundan öň aýdypdy. Ýöne muňa «täze» buýruk diýse-de bolar, çünki şägirtler täze ýagdaýlarda janaýamazlyk söýgini görkezmelidiler. Bu dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy ýakynymyza bolan söýgini sowadyp bilýär. Şol sebäpli biz Isanyň şägirtleri hökmünde bu babatda berilýän ýatlatmalara minnetdar bolmaly dälmi näme?!
it «Bagyşlamak»
Bagyşlamak
Biz Hudaýyň başgalary, hatda tutuş ýygnagy bagyşlamagy hakda doga edip bileris. Meselem, Musa pygamber ysraýyl halkynyň günälerini boýun alyp, Hudaýyň olary bagyşlamagy üçin dileg edipdi. Ýehowa hem onuň dilegini eşitdi (4Ms 14:19, 20). Süleýman patyşa ybadathananyň açylyş dabarasynda Ýehowa doga edende, halk günä edip, erbet ýolundan dönse, Hudaýyň olary bagyşlamagyny diledi (1Pa 8:30, 33—40, 46—52). Hydyr hem watanyna dolanan ýehudylaryň adyndan doga edip, halkyň günälerini boýun aldy. Hydyr ýürekden doga edip, soňra halka maslahat berdi. Olar hem Ýehowanyň öňünde günälerini ýuwmak üçin gerekli ädimleri ätdiler (Hyd 9:13—10:4, 10—19, 44). Ýakup ruhy taýdan syrkaw adamy ýygnak ýaşulularyny çagyrmaga höweslendirdi. Ýaşulular onuň üçin doga etmeli. Eger ol «günä eden bolsa, günäsi geçiler» (Ýak 5:14—16). Emma «ölüme eltýän günä», ýagny mukaddes ruha garşy bilgeşleýin edilen günä bagyşlanmaýar. Mesihçi şeýle günä edýän adam üçin doga etmeli däl (1Ýh 5:16; Mat 12:31; Ýew 10:26, 27; serediň: GÜNÄ I; RUH).
w04 1/10 sah. 29
Okyjylaryň sowallary
1 Ýahýa 4:18-däki «kämil söýgi gorkyny ýeňýändir» diýen sözler nämäni aňladýar?
Ýahýa resul: «Söýgüde gorky ýokdur, kämil söýgi gorkyny ýeňýändir, sebäbi gorky el-aýagyňy ýüpsüz baglaýandyr. Dogrudan-da, gorkýan adamyň söýgüsi kämil däldir» diýip ýazdy (1 Ýahýa 4:18).
Kontekstinden görnüşi ýaly, Ýahýa Hudaýa bolan söýgimiz bilen ynamly geplemegiň baglanyşygy hakda aýdýar. 17-nji aýatda: «Söýgimiz kämil bolsa, höküm gününde ynamly gepläris» diýilýär. Eger mesihçi Hudaýy ýürekden söýse we Hudaýyň söýgüsini görüp başarsa, doga edende ynamly gepläp bilýär.
«Kämil söýgi» diýen jümläniň giň manysy bar. Mukaddes Kitapda «kämil» diýlende, hemişe doly kämilligi aňlatmaýar. Meselem, Isa pygamber Dagdaky wagzynda: «Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» diýdi. Isa şägirtlerine diňe özüňi söýýänleri söýseň, söýgiň doly, bitewi, birkemsiz bolmaýandygyny düşündirdi. Olar söýgüsini kämilleşdirmek, ýagny doly ösdürmek üçin, hatda duşmanlaryny-da söýmelidiler. Ýahýa resul hem «kämil söýgi» diýende, Hudaýy tüýs ýürekden söýmelidigini we şeýle söýginiň bütin durmuşymyza täsir etmelidigini düşündirjek boldy (Matta 5:46—48; 19:20, 21).
Mesihçi Hudaýa doga edende, özüniň günäli we bikämildigine gowy düşünýär. Ýöne ol Hudaýy bütin ýürekden söýse we Hudaýyň söýgüsini duýsa, Hudaý ony ýazgarar ýa-da kabul etmez öýdüp gorkmaýar. Gaýtam ynamly gepläp, Hudaýa ýüregini dökýär we Hudaýyň Isa Mesih arkaly söýgi bilen beren töleg gurbany esasynda günäleriniň geçilmegini soramaga ýaýdanmaýar. Ol edýän dogalaryna Hudaýyň hökman jogap berjekdigine ynanýar.
Hudaý ýazgarar ýa-da kabul etmez diýen gorkyny ýeňmäge kömek edýän «kämil söýgini» nädip ösdürip bolar? Ýahýa resul: «Hudaýy hakykatdan söýýän adam onuň sözüni berjaý edýär» diýdi (1 Ýahýa 2:5). Oýlanyp görüň: eger Hudaý bizi entek günälikäk söýen bolsa, onda ýürekden toba edip, «sözüni berjaý etmäge» jan edenimizde has köp söýmezmi? (Rimliler 5:8; 1 Ýahýa 4:10). Eger Hudaýa hemişe wepaly bolsak, Pawlus resul ýaly ynam bilen şeýle diýip bileris: «Hudaý biziň üçin hiç zadyny gaýgyrmady, hatda Ogluny ölüme tabşyrdy. Onda Hudaý Ogly bilen bile başga zatlary hem höwes bilen bermezmi?» (Rimliler 8:32).
w06 10/15 sah. 25
Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň
10 Mesihçi çatynjalar ähli zadyň hakyky ýagdaýyna seredip, paýhasly bolmaga çalyşýarlar. Mukaddes Ýazgylardaky maslahat bolsa, bu babatda olara gowy kömek edýär. Nikalaşylan güni — örän ähmiýetli gün hasaplanylsa-da, olar muňa ebedi ýaşamaga umyt edýän iki mesihçiniň maşgala durmuşynyň başlangyjydygyna düşünýärler. Eger ýigit bilen gelin toý tutmak isleseler, ilki bilen, çykdajylary hasaplap, ähli zady oýlap-ölçermeli (Luka 14:28). Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, mesihçi maşgalanyň başy är bolmaly (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 5:22, 23). Şonuň üçin toýuň esasy jogapkäri ýigit bolýar. Elbetde, ol gelinligi bilen toýa kimi çagyrmak isleýändikleri barada sypaýylyk bilen maslahatlaşar. Kämahal dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň hemmesini çagyrmaga mümkinçilik bolmaýar. Şoňa görä-de käbir meselede paýhasly bolmak gerek. Kimdir biri çagyrylmasa öýkelär öýdüp, ýigit bilen gelin gaýgy etmeli däl (Wagyzçy 7:9).
NOÝABR 11—17
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ÝAHÝA 1—ÝAHUDA
«Hakykatda berk durmak üçin göreşmeli»
w04 15/9 sah. 11, 12, abz. 8, 9
«Goý, Hudaý... ähliňizi berkitsin!»
8 Biz Mukaddes Kitapdan Şeýtanyň her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris (2 Korinfliler 2:11). Şeýtan Eýýup pygamberiň başyna ençeme synaglary inderdi. Ol Eýýuby ähli emläginden we çagalaryndan mahrum etdi, agyr kesele uçratdy, aýaly hem oňa garşy çykdy, ikiýüzli dostlary bolsa tankytlady. Şonuň üçin Eýýup göwünçökgünlige düşüp, Hudaý ondan ýüz öwrendir öýtdi (Eýýup 10:1, 2). Elbetde, şu günler Şeýtan bizi şeýle kynçylyklar bilen synamaýar. Ýöne mesihçileriň köpüsi agyr ýagdaýlara duçar bolýar. Şeýtan bolsa mundan peýdalanyp bilýär.
9 Soňky günlerde ruhy saglygymyza hemmetaraplaýyn howp abanýar. Biz baýlygy ruhy zatlardan ileri tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Kinolarda, telegepleşiklerde ahlaksyzlygy zyýanly däl-de, bagtly edýän zat ýaly edip görkezýärler. Adamlaryň köpüsi «Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýär» (2 Timoteos 3:1—5). Şeýle garaýyş bize täsir etmez ýaly, «imanymyz üçin gaýduwsyz göreşmeli» (Ýahuda 3).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Oturyşyklar»
Oturyşyklar
Mukaddes Kitapda şeýle oturyşyklaryň nähili we näçe gezek geçirilendigi aýdylmaýar (Ýhd 12). Halypamyz Isa Mesih ýa-da resullary şeýle oturyşyklary etmegi tabşyrmandy. Şonuň üçin olary hökman gurnamak gerek däl. Käbirleriniň aýtmagyna görä, şeýle oturyşyklary baý mesihçiler gurnap, garyp imandaşlaryny çagyrýardylar. Ýetimler, dul aýallar, baý-garyp diýmän, ähli mesihçiler bir maşgala ýaly iýip-içip, gürrüňdeş bolýardylar.
it «Gaýa»
Gaýa
«Spilas» diýen grek sözi suwuň astyndaky gaýalary aňladýan bolmaly. Ýahuda mesihçiler ýygnagyna erbet niýet bilen giren adamlary şeýle gaýalara deňeýär. Suwuň astynda görünmeýän gaýalaryň gämilere zyýan ýetirişi ýaly, şol adamlar hem ýygnaga zyýan ýetirip bilýärdi. Şonuň üçin Ýahuda: «Olar siziň oturyşyklaryňyza gelenlerinde-de, suwuň astyndaky gaýalar ýaly howpludyr» diýdi (Ýhd 12).
wp17.1 sah. 12, abz. 1
«Hudaý ondan razydygyny mälim etdi»
Idris pygamber näme hakda pygamberlik etdi? Ol: «Ine, Ýehowa ençeme mukaddes perişdeleri bilen geldi. Ol ähli adamlary höküm etdi, hudaýsyzlary zalym işleri üçin ýazgardy, Alla dil ýetiren günäkärleriň pis işlerini paş etdi» diýdi (Ýahuda 14, 15). Üns beren bolsaňyz, Idris pygamberligini öten zamanda, hamala Hudaý eýýäm ýerine ýetiren ýaly edip aýdýar. Soňra başga-da köp pygamberlikler şeýle aýdyldy. Pygamberligiň öten zamanda aýdylmagy, onuň hökman ýerine ýetjekdigini görkezýärdi (Işaýa 46:10).
wp17.1 sah. 12, abz. 3
«Hudaý ondan razydygyny mälim etdi»
Idris pygamberiň imany hakda oýlanyp, özümize şeýle sorag bermeli: «Men şu dünýä Hudaýyň garaýşy ýaly garaýarynmy?» Idrisiň batyrgaýlyk bilen aýdan hökümi biziň döwrümize-de degişli. Idris pygamberiň duýduryşy ýaly, Ýehowa Nuhuň günlerinde hudaýsyz adamlary tupan bilen ýok etdi. Şol waka gelejekde boljak has uly gyrgynçylygy suratlandyrýardy (Matta 24:38, 39; 2 Petrus 2:4—6). Geçmişde edişi ýaly, Hudaý tizden ençeme mukaddes perişdeleri bilen gelip, hudaýsyz adamlaryň üstünden adalatly höküm çykarar. Her birimiz Idris pygamberiň duýduryşyna çynlakaý garap, başgalara-da aýtmaly. Şeýle edenimiz üçin dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz biz bilen gatnaşygyny kesmegi mümkin. Käte özümizi ýeke duýarys. Ýöne Ýehowa Idris pygamberi terk etmeýşi ýaly, wepaly gullukçylarynyň hiç birini terk etmez!
NOÝABR 18—24
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 1—3
«Men seniň işleriňi... bilýärin»
Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?
8 Şeýle ruhuň bizde döremezligi üçin, Mukaddes Ýazgylarda «sag elinde ýedi ýyldyzy» saklap duran Isanyň suratlandyrylyşyny unutmaly däl. «Ýyldyzlar» mesh edilen mesihçileri, has giň manyda bolsa, ýygnakdaky ähli gözegçi doganlary aňladýar. Isa elindäki «ýyldyzlary» zerur hasaplaýan tarapyna ugrukdyryp bilýär (Ylh. 1:16, 20). Diýmek, mesihçiler ýygnagynyň Başy Isa ähli ýaşulular maslahatyna gözegçilik edýär. Eger ýaşululardan kimdir birine düzediş bermek zerur bolsa, «gözleri ot ýalny ýaly» bolan Isa ony görüp, dogany wagtynda we Özüne ýaramly görnüşde düzetmegiň aladasyny eder (Ylh. 1:14). Emma ondan öň, biz mukaddes ruh tarapyndan bellenenlere ähli taraplaýyn hormat goýmaly. Bu babatda Pawlus şeýle ýazdy: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, — munuň size haýry bolmaz — eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17).
Ýehowa bizi goraýar
11 Ylham kitabynyň 2 we 3-nji baplaryndaky görnüşde şöhratly Isa Mesih Kiçi Aziýanyň ýedi ýygnagyny barlaýar. Bu baplardan görnüşi ýaly, Isa olaryň diňe bir umumy ýagdaýyny däl, eýsem her biriniň aýratynlyklaryny hem bilýär. Meselem, käte ol adamlaryň adyny tutýar, her gezegem bir zat üçin öwýär ýa-da maslahat berýär. Bu nämäni aňladýar? Görnüşleriň berjaý bolmagy bilen, ýedi ýygnak 1914-nji ýyldan soň mesh edilen mesihçileri aňladýar. Berlen maslahatlara bolsa şu günler Hudaýyň halkynyň ýer ýüzündäki ähli ýygnaklary eýerip biler. Diýmek, Ýehowa Ogly arkaly halkyna görkezme berýär. Bu görkezmeden biz näme öwrenýäris?
w01 15/1 sah. 20, 21, abz. 20
Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöräliň
20 Ýehowanyň öňe barýan guramasy bilen deň ýöremek üçin, «ýygnagyň başy» edip bellenen Isa Mesihiň ornuna düşünmeli (Efesliler 5:22, 23). Işaýa 55:4-de: «Men ony milletlere şaýat, halklara baştutan we serdar etdim» diýilýär. Isa nädip baştutanlyk etmelidigini gowy bilýär. Ol guzularyny we olaryň edýän işlerini-de bilýär. Isa Kiçi Aziýadaky ýedi ýygnagy barlanda, bäş gezek: «Men seniň edýän işleriniň bilýärin» diýdi (Ylham 2:2, 19; 3:1, 8, 15). Atasy Ýehowa ýaly, Isa biziň nämä mätäçdigimizi bilýär. Ol nusgalyk dogasyny aýtmanka: «Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär» diýdi (Matta 6:8—13).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär
10 Hökümiň yglan edilmegi. Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlarynyň ählisi çekýän jebirlerini has-da artdyrjak wakalary öz gözleri bilen görmeli bolar. Isa: «Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda uly gudrat we şöhrat bilen gelýänini görerler» diýdi (Mar. 13:26). Bu adatdan daşary güýjüň aýan bolmagy Isanyň hökümi yglan etmäge gelendigini görkezer. Isa soňky günler baradaky pygamberliginde goýunlar we geçiler mysalyny aýdanda, şol höküm barada jikme-jik belläp geçdi (Matta 25:31—33, 46-njy aýatlary okaň). Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly adamlar «goýunlar» diýip yglan ediler we olar «gutulyşynyň golaýlandygyna» düşünip, «başyny galdyrar» (Luka 21:28). Patyşalygyň duşmanlaryna bolsa, «geçiler» hökmünde höküm çykarylar we olar «ebedilik kesilip taşlanjakdygyna» düşünip, «hasrat çekip, gursagyna urarlar» (Mat. 24:30; Ylh. 1:7).
Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — I bölüm
2:7—«Hudaýyň jenneti» näme? Bu sözler mesh edilen mesihçilere ýazylandygy üçin, jennete meňzeş Hudaýyň bolýan göklerini aňladýar. Wepaly mesh edilen mesihçilere «ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmek» sylagy berler. Olar «ölmezlik donuny geýerler» (1 Kor. 15:53).
NOÝABR 25—DEKABR 1
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 4—6
«Dört atly»
wp17.3 sah. 4, abz. 3
Dört atly kim?
Ak atly kim? Munuň jogabyny Ylham kitabyndaky beýleki aýatlardan bilse bolýar. Şol ak atla «Hudaýyň Sözi» diýilýär (Ylham 19:11—13). Adamlara Hudaýyň habaryny ýetirýändigi üçin, Isa Mesihe «Söz» diýilýär (Ýahýa 1:1, 14). Şeýle-de Isa «patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdary», «Wepaly hem Dogruçyl» diýilýär (Ylham 19:16). Görşümiz ýaly, Isanyň serkerde we patyşa hökmünde güýçli ygtyýary bar. Emma ol ygtyýaryny erbetlik ýa zalymlyk üçin ulanmaýar. Şonda-da käbir soraglar ýüze çykýar.
wp17.3 sah. 4, abz. 5
Dört atly kim?
Atlylar haçan ýörişe çykdy? Ilkinji atly Isa täjini alansoň, ýörişe çykdy (Ylham 6:2). Isa gökde haçan täç berildi? Ol direlip, göge galan badyna patyşa bolmady. Mukaddes Kitapda Isanyň patyşa bolýança garaşandygy aýdylýar (Ýewreýler 10:12, 13). Isa şägirtlerine gökde patyşa bolandygyny görkezjek alamat barada aýdypdy. Ol höküm sürüp başlanda, dünýäniň ýagdaýynyň gitdigiçe erbetleşip, urşuň, açlygyň, gyrgynçylygyň boljakdygyny aýtdy (Matta 24:3, 7; Luka 21:10, 11). 1914-nji ýylda I Jahan urşy başlansoň, Isanyň aýdan döwrüniň gelendigi aýdyň boldy. Mukaddes Kitapda oňa «soňky günler» diiýilýär (2 Timoteos 3:1—5).
wp17.3 sah. 5, abz. 2
Dört atly kim?
Dor atly uruşlary aňladýar. Ol diňe käbir ýurtlardan däl-de, bütin «ýer ýüzünden parahatlygy aýyrýar». 1914-nji ýylda taryhda ilkinji gezek Jahan urşy boldy. Yz ýany has köp weýrançylyk getiren II Jahan urşy başlandy. Geçirilen barlaglara görä, 1914-nji ýyldan bäri uruşlar we döwletara dawalar sebäpli 100 milliondan gowrak adam öldi, ençeme adamlar maýyp boldy.
wp17.3 sah. 5, abz. 4, 5
Dört atly kim?
«Gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy. Dört perişdäniň arasyndan: „Bir golça bugdaý bir teňňedir, üç golça arpa hem bir teňňedir. Ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan ýetirme“ diýen ses eşitdim» (Ylham 6:5, 6).
Gara atly açlygy aňladýar. Bir golça bugdaý bir teňňä, ýagny bir günlük iş hakyna deň bolmagy güýçli açlygyň boljakdygyny görkezýärdi (Matta 20:2). Bugdaýdan hili pes hasaplanýan üç golça arpa hem bir teňňe bolmalydy. Şeýle şertlerde uly maşgalany nädip ekläp bolar? Şol sebäpli öňki döwürde iýmit üçin günde ulanylýan zeýtun ýagy bilen şeraby tygşytly ulanmalydygy aýdylýar.
wp17.3 sah. 5, abz. 8—10
Dört atly kim?
Dördünji atly keselçilik we başga zatlar sebäpli bolýan ölümi aňladýar. 1914-nji ýyldan soň ispan dümewi sebäpli on millionlarça adam öldi. Şol kesel takmynan 500 million, ýagny ýer ýüzündäki adamlaryň üçden birine ýokuşdy.
Emma ispan dümewi gyrgynçylygyň diňe başlangyjydy. Alymlaryň aýtmagyna görä, XX asyryň dowamynda ýüz millionlarça adamlar mama keselinden öldi. Şu günlerem medisinanyň ösmegine garamazdan, millionlarça adamlar AIDS, inçekesel, gyzzyrma ýaly keseller sebäpli ölýär.
Uruş hem, açlyk hem, gyrgynçylyk hem ölüm bilen gutarýar. Şeýdip, birgiden adam doýmaz-dolmaz mazara inýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
re sah. 76, 77, abz. 8
Ýehowanyň gökdäki beýik tagty
8 Ýahýa geçmişde mukaddes çadyrda ruhanylaryň hyzmat edendigini bilýärdi. Şonuň üçin ol gören zatlaryna haýran galyp, şeýle diýýär: «Tagtyň töwereginde 24 sany tagt bardy. Tagtlarda egni ak eşikli we başy altyn täçli 24 ýaşuly otyrdy» (Ylham 4:4). Hawa, ruhanylara derek, başy altyn täçli 24 ýaşuly tagtda otyr. Ýaşulular kimkä? Olar mesihçiler ýygnagyndan saýlanyp, Ýehowanyň wada berişi ýaly, gökde höküm sürmek üçin direlen mesihçileri aňladýar. Biz muny nireden bilýäris?
re sah. 80, abz. 19
Ýehowanyň gökdäki beýik tagty
19 Dört perişde kimi aňladýar? Hyzkyl pygamberiň gören görnüşi muňa düşünmäge kömek edýär. Hyzkyl Ýehowanyň tagtynyň gökde arabanyň üstünde durandygyny görýär. Tagtyň töwereginde bolsa Ýahýanyň gören perişdelerine meňzeş jandarlar bardy (Hyzkyl 1:5—11, 22—28). Soňra Hyzkyl daş-töweregi jandardan doly arabany ýene-de görýär. Bu gezek Hyzkyl olara keruplar diýýär (Hyzkyl 10:9—15). Ýahýanyň gören dört perişdesi Hudaýyň guramasynda ýokary wezipäni eýeleýän ençeme keruplary aňladýar. Ýahýa Ýehowanyň tagtynyň ýanynda keruplary görende geň galan däldir, sebäbi mukaddes çadyrdaky äht sandygynyň gapagynda altyndan iki kerubyň heýkeli goýlupdy. Olar Ýehowanyň tagtyny suratlandyrýardy. Şol keruplaryň arasyndan Ýehowa halkyna tabşyryklaryny aýdýardy (2 Musa 25:22; Zebur 80:1).
cf sah. 36, abz. 5, 6
«Ine, ýahuda taýpasynyň Ýolbarsy»
5 Batyrgaýlyk diýlende, köplenç ýolbars göz öňüňe gelýär. Sen ýolbars bilen ýüzbe-ýüz bolup görüpdiňmi? Gören bolsaňam, haýwanat bagynda gözenegiň aňyrsynda durka görensiň. Ýöne şonda-da gorkudan ýaňa ýüregiň çalt-çalt urandyr. Äpet uly jandar haýbat bilen seredende, ol bir zatdan gorkup gaçar diýip bolmaýar. Mukaddes Kitapda: «Haýwanlaryň iň güýçlüsi ýolbarsyň ýöreýşi, ol hiç zatdan gorkmaýar» diýilýär (Nakyllar 30:30). Isa Mesihiň batyrgaýlygy hem ýolbarsa meňzedilýär.
6 Isa hakykatyň tarapyny tutup, adalaty dikeldip, synaglarda berk durup, ýolbars ýaly batyrgaýlyk görkezdi. Geliň, şol üç ýagdaýyň hersine aýratynlykda seredeliň. Şeýle-de biz dogabitdi batyrgaý bolsak-da, bolmasak-da, Isanyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize serederis.