Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Oktýabr sah. 1—5
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • OKTÝABR 7—13
  • «Rehimdar, ýagşy işlere baý»
  • OKTÝABR 14—20
  • OKTÝABR 21—27
  • HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PETRUS 3—5
  • OKTÝABR 28—NOÝABR 3
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Oktýabr sah. 1—5

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

OKTÝABR 7—13

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAKUP 3—5

«Hudaýyň akyldarlygyna eýeriň»

cl sah. 221, 222, abz. 9, 10

«Gökden inýän akyldarlyga» eýerýärsiňizmi?

9 «Ilki bilen päk». Päklik diňe bir daş keşbiň däl, içki dünýäň hem arassa we tämiz bolmagyny aňladýar. Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, akyldarlyk adamyň ýüreginde kök urup bilýär. Emma ýüregimiz erbet pikirlerden, isleglerden we höweslerden doly bolsa, gökden inýän akyldarlygy kabul edip bilmeris (Nakyllar 2:10; Matta 15:19, 20). Bikämildigimize garamazdan, ýüregimizi arassa saklamaga jan etsek, «ýamandan gaça durup, ýagşylyk ederis» (Zebur 37:27; Nakyllar 3:7). Akyldar bolmak üçin ilki bilen päk bolmaly. Eger biz ahlak we pikir taýdan arassa bolmasak, akyldar adama mahsus beýleki häsiýetleri-de görkezip bilmeris.

10 «Soňra parahat». Gökden inýän akyldarlyga eýersek, mukaddes ruhuň miwesi bolan parahatlygy görkezmäge jan ederis (Galatýalylar 5:22). Ýehowanyň halkynyň arasyndaky «parahatlygy» bozmarys (Efesliler 4:3). Düşünişmezlik bolanda-da, parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny ederis. Muny etmek näme üçin wajyp? Mukaddes Kitapda: «Hemişe... agzybirlikde ýaşaň. Şonda söýýän we parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar» diýilýär (2 Korinfliler 13:11). Agzybir ýaşasak, parahatlyk berýän Hudaý hemişe ýanymyzda bolar. Dogan-uýalar bilen gatnaşygymyz Ýehowa bilen dostlugymyza gönüden-göni täsir edýär. Parahatlyk döredýän adam bolmak üçin näme etmeli? Geliň, bir mysala seredeliň.

cl sah. 223, 224, abz. 12

«Gökden inýän akyldarlyga» eýerýärsiňizmi?

12 «Paýhasly». Paýhasly bolmak nämäni aňladýar? Alymlaryň aýtmagyna görä, Ýakup 3:17-de «paýhasly» diýip terjime edilen grek sözüniň giň manysy bar. Käbirleri ony «mähirli», «ýumşak» ýa-da «duýgudaş» diýip terjime edýärler. Sözme-söz terjime edeniňde, şol grek sözi «eglişikli» diýmegi aňladýar. Biz gökden inýän akyldarlyga eýerip, paýhasly bolmaga jan edýärismi?

cl sah. 224, 225, abz. 14, 15

«Gökden inýän akyldarlyga» eýerýärsiňizmi?

14 «Gulak asmaga taýyn». «Gulak asmaga taýyn» diýip terjime edilen grek sözi Injilde ýekeje gezek duş gelýär. Bir alymyň aýtmagyna görä, şol söz köplenç «harby gulluk bilen bagly ulanylýar». «Dessine tabyn bolmagy, boýun egmegi» aňladýar. Gökden inýän akyldarlyga eýerýän adam Hudaýyň Sözündäki kada-kanunlara höwes bilen gulak asýar. Ol öz başyna hereket etmeýär ýa-da düzediş berlende, öz diýenini tutup durmaýar. Mukaddes Kitap esasynda garaýşynyň ýa-da hereketiniň nädogrudygy aýdylanda, düzelmäge we üýtgemäge taýyn bolýar. Başgalar seni şeýle adam diýip tanaýarmy?

«Rehimdar, ýagşy işlere baý»

15 «Rehimdar, ýagşy işlere baý». Gökden inýän akyldarlyga eýerýän adam rehimdarlyga «baý» bolýar. Üns beren bolsaňyz, «rehimdar» we «ýagşy işler» diýen sözler bile agzalýar. Mukaddes Kitaba görä, rehimdarlyk köplenç başgalaryň aladasyny etmäge, duýgudaşlyk bolsa köp ýagşy işleri etmäge höweslendirýär. Bir kitaba görä, rehimdarlyk «kimdir biriniň başyna düşen betbagtçylyga gynanmagy we oňa kömek etmäge çalyşmagy» aňladýar. Diýmek, Hudaýyň akyldarlygy ýöne bir boş düşünje däl ýa-da biriniň çekýän hasratyna biparh garamaýar. Hudaýyň akyldarlygyna eýerýän adam mähirli, ýürekdeş we duýgudaş bolýar. Biz rehimdardygymyzy nädip görkezip bileris?

cl sah. 226, 227, abz. 18, 19

«Gökden inýän akyldarlyga» eýerýärsiňizmi?

18 «Ala tutmaýar». Hudaýyň akyldarlygyna eýerýän adam ala tutmaýar we milletine buýsanmaýar. Biz şeýle akyldarlyga eýersek, tarapgöýligi ýüregimizden köki bilen sograrys (Ýakup 2:9). Biz başgalary bilimine, baýlygyna ýa-da ýygnakdaky borçlaryna görä, beýlekilerden ýokary saýmaly däl. Şeýle-de dogan-uýalarymyz başgalardan pes ýaly bolup görünse-de, olary äsgermezçilik etmeli däl. Eger Ýehowa olary söýgi bilen kabul eden bolsa, onda bizem ýürekden söýmeli dälmi näme?!

19 «Ikiýüzli däl». «Ikiýüzli» diýip terjime edilen grek sözi sahnada çykyş edýän adama degişli ulanylýar. Gadymy rim we grek aktýorlary çykyş edende, uly maskalary geýýärdiler. Şol grek sözi hilegärlik bilen ýalandan çykyş edýän adamy aňladýar. Eger biz Hudaýyň akyldarlygyna eýersek, diňe bir imandaşlarymyz bilen özümizi alyp barşymyza däl, olara bolan garaýşymyza-da ünsli bolarys.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w08 15/11 sah. 20, abz. 6

Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

4:5 — Ýakup bu sözleri haýsy aýatdan getirdi? Ýakup belli bir aýady almady. Onuň sözleri Barlyk 6:5; 8:21; Süleýmanyň tymsallary 21:10; Galatýalylar 5:17-nji aýatlardaky pikirlere esaslanan.

w97 15/11 sah. 20, 21, abz. 8

Iman bizi sabyrly bolmaga we doga etmäge höweslendirýär

8 Imandaşyňy ýamanlamak günä hasaplanýar (Ýakup 4:11, 12). Emma käbirleri özüniňkini dogry saýýandygy ýa-da özüni başgalardan ýokary tutmak isleýändigi üçin, doganlary tankytlaýarlar (Zebur 50:20; Nakyllar 3:29). «Ýamanlamak» diýip terjime edilen grek sözi duşmançylygy, bir zady ulaldyp aýtmagy ýa-da töhmet atmagy aňladýar. Bu dogana höküm çykarmak bilen deň hasaplanýar. «Doganyny ýamanlaýan adam» nädip kanuna garşy çykýar? Kanunçylar bilen fariseýler «Hudaýyň tabşyrygyndan mekirlik bilen ýüz öwrüp», öz düzgünlerine görä başgalary tankytlaýardylar (Markus 7:1—13). Ýehowa doganymyzy ýazgarmasa-da, biz ony ýazgarsak, Hudaýyň kanunyna garşy çykdygymyz bolar. Doganymyzy ýersiz-ýere tankytlasak, söýgi baradaky kanuny berjaý edip bilmeris (Rimliler 13:8—10).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w17.01 sah. 10, abz. 10—14

GÜNÄ EDENIMIZDE

10 Ýehowa Dawut patyşa hakda «meniň göwnüme ýaraýan adam» diýipdi (Res. iş. 13:22). Dogrudan-da, Dawut bütin ömrüni Hudaýa wepaly ýaşap geçirdi. Emma ol agyr günä hem edipdi, ýagny Batşeba bilen zyna etdi. Iň erbedi bolsa, onuň ýanýoldaşy Uryýanyň söweşde wepat bolmagyny gurnady. Hatda onuň öldürilmelidigi baradaky haty hem özünden ugratdy! (2 Şam. 11:1—21). Dawudyň eden günäleri gizlin galmady (Mar. 4:22). Şonda Dawut näme etdi?

11 Dawudyň edip bilmeýän zatlary. Dawut geçmişi yzyna dolap bilmjekdigine düşünýärdi. Ol eden işini egni bilen çekmeli boldy. Hatda ömrüniň ahyrynda-da onuň netijesini gördi (2 Şam. 12:10—12, 14). Muňa garamazdan, ol imanynyň gowşamagyna ýol bermedi. Dawut ýürekden toba etse, Ýehowanyň bagyşlajakdygyna we eden işiniň netijesini çekip-çydamaga güýç berjekdigine ynanýardy.

12 Bikämildigimiz üçin biziň ählimiz günäli, şol sebäpli hatda agyr günä-de etmegimiz mümkin. Eden ýalňyşymyzyň ajy miwesini, belki-de, ömrümiziň ahyryna çenli datmaly bolarys (Gal. 6:7). Emma Hudaýyň Sözünde aýdylmagyna görä, toba etsek, hatda özümiz günäkär bolsak-da, Ýehowa bizi kyn günümizde goldar (Işaýa 1:18, 19; Resullaryň işleri 3:19-njy aýatlary okaň).

13 Dawudyň edip bilýän zatlary. Dawut ruhy taýdan dikelmek üçin Ýehowa bil baglady. Ol Natan pygamberiň düzedişini kabul etdi (2 Şam. 12:13). Günäleriniň ötülmegi we Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin ak ýürekden doga etdi (Zeb. 51:1—17). Günä edendigi üçin ruhdan düşmedi, gaýtam, eden ýalňyşyndan sapak edindi. Şondan soň ol agyr günä etmedi. Ol ömrüniň ahyryna çenli wepalylygyny saklady. Şonuň üçin Ýehowa ony hemişe aýypsyz adam hökmünde ýatlaýar (Ýew. 11:32—34).

14 Biz Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris? Eger agyr günä eden bolsak, onda ýürekden toba edip, Ýehowanyň merhemetini gazanmaga jan etmeli. Eden günämizi boýun almaly (1 Ýah. 1:9). Şeýle-de ruhy taýdan dikelmek üçin ýaşululardan gerekli kömegi soramaly (Ýakup 5:14—16-njy aýatlary okaň). Şonda ruhy taýdan sagalyp, Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin gerekli ädimleri ätmegiň wajypdygyna düşünýändigimizi görkezeris. Mundan başga-da ýalňyşymyzdan sapak edinip, gullugymyzy dowam edeliň we gelejege bolan umydymyzy ýitirmäliň (Ýew. 12:12, 13).

OKTÝABR 14—20

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PETRUS 1, 2

«Mukaddes boluň»

w17.02 sah. 9, abz. 5

Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»

5 Ýehowanyň adyny söýýändigimizi biz nädip görkezip bileris? Edim-gylymymyz bilen. Ýehowa biziň mukaddes bolmagymyzy isleýär (1 Petrus 1:15, 16-njy aýatlary okaň). Munuň üçin diňe Ýehowa sežde etmeli we oňa ýürekden tabyn bolmaly. Yzarlamalarda-da Ýehowanyň adyl prinsiplerine, kanunlaryna eýermek üçin elimizde baryny etmeli. Dogry işleri etsek, edim-gylymymyz bilen Ýehowanyň adyna şöhrat getireris (Mat. 5:14—16). Özümizi mukaddes halk hökmünde alyp barsak, Ýehowanyň kanunlarynyň peýdalydygyny, Şeýtanyň bolsa barypýatan ýalançydygyny subut ederis. Eger ýalňyşlyk goýbersek, geliň, ýürekden toba edeliň we Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça duralyň (Zeb. 79:9).

lv sah. 64, abz. 6

Peýdaly göwün açmalary saýlaň

6 Pawlus Rimdäki mesihçilere: «Bedeniňizi günä etmek üçin» ulanmaň diýip maslahat berdi. Soňra «günäli işleri öldüriň» diýdi (Rimliler 6:12—14; 8:13). Ol biraz öň hatynda şeýle «günäli işleriň» käbirini agzap geçipdi. Günäli adamlar barada şeýle sözleri okaýarys: «Olaryň agzy gargyşdan... doly», «aýagy gan dökmäge howlugýar», «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar» (Rimliler 3:13—18). Eger mesihçi «bedenini», ýagny beden agzalaryny günäli işler üçin ulansa, ol bedenini hapalaýar. Meselem, eger mesihçi bilgeşleýin pornografiýa ýa-da rehimsiz zorluk ýaly azgyn zatlary görse, ol gözi bilen günä edip, bütin bedenini hapalaýandyr. Onuň gullukda edýän islendik işini mukaddes gurban hasaplap bolmaz, Hudaý hem kabul etmez (Kanun taglymaty 15:21; 1 Petrus 1:14—16; 2 Petrus 3:11). Diýmek, peýdasyz göwün açma nähili zyýanly!

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w08 15/11 sah. 21, abz. 10

Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

1:10—12. Perişdeler mesh edilen mesihçiler ýygnagy baradaky pygamberliklere düşünmek isleýärdiler. Emma şol hakykatlar Ýehowa mesihçiler ýygnagyny döredensoň aýan boldy (Efes. 3:10). Biz hem perişdeleriň göreldesine eýerip, «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünjek bolmaly (1 Kor. 2:10).

it «Gözegçi»

Gözegçi

Baş gözegçi. Petrus resul «azaşan goýunlar» diýende, Işaýa 53:6-daky sözlere salgylanan bolmaly (1Pe 2:25). Soňra ol: «Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolandyňyz» diýdi. «Çopan we gözegçi» Ýehowa Hudaýy aňladýan bolmaly, sebäbi Petrus resulyň agzaýan goýunlary Isa Mesihden azaşmandy. Gaýtam olar Isa arkaly Iň beýik çopan Ýehowa dolandylar (Zb 23:1; 80:1; Ýer 23:3; Hyz 34:12). Ýehowa ýürekleri barlaýan Hudaýdygy üçin hem gözegçi diýilýär (Zb 17:3). Şeýle barlagyň (grekçe «episkope») netijesinde, Hudaý erbet adamlary höküm edýär. Meselem, b. e. I asyrynda «Hudaýyň barlamaga gelendigine düşünmedik» Iýerusalimiň ýaşaýjylary höküm edildi (Luk 19:44). Emma «barlag (grekçe «episkope») güni Hudaýy şöhratlandyrjak» gowy adamlar bol bereketleri alar (1Pe 2:12).

OKTÝABR 21—27

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PETRUS 3—5

«Ähli zadyň soňy golaýlady»

w13 15/11 sah. 3, abz. 1

«Hüşgärlik bilen doga ediň»

«DAŇA golaý oýa bolmak has-da kyn bolýar» diýip, gije işleýän bir adam aýdýar. Bütin gije işlemek üçin oýa bolmaly adamlar hem bu sözler bilen ylalaşsa gerek. Mesihçileriň ýagdaýyny-da şuňa meňzetse bolar. Sebäbi gijäniň tüm garaňkysy ýaly Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlaşýar (Rim. 13:12). Şeýle wagt uklamaklyk örän howply. Şoňa görä-de biz «sagdyn düşünjeli» bolmaly we Mukaddes Ýazgylaryň «hüşgärlik bilen doga ediň» diýen maslahatyna eýermeli (1 Pet. 4:7).

w99 15/4 sah. 22, abz. 3

Ruhy taýdan gowşandygyňy nädip bilmeli we nädip berkemeli?

Biz Petrus resulyň söýgi bilen beren maslahatyny unutmaly däl. Ol: «Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, doga etmäge hemişe taýýar boluň. Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» diýdi (1 Petrus 4:7, 8). Seresap bolmasak, özümiziň ýa-da başgalaryň kemçilikleri aňymyza hem ýüregimize erbet täsir edip, imanymyzy gowşadyp biler. Şeýtan hem biziň gowşak tarapymyzy gowy bilip, mekirligi ulanýar. Ol bize: «Özüň han, özüň soltan bolmaly» diýen pikiri salyp, aramyzda agzalalyk döretjek bolýar. Şonuň üçin biz «Iblise ýol bermän», söýgi bilen birek-biregiň «günäleriniň üstüni ýapmaly» (Efesliler 4:25—27).

w18.03 sah. 14, 15, abz. 2, 3

Myhmansöýer bolmak örän wajyp

2 Petrus resul dogan-uýalara birnäçe maslahatlary berenden soň: «Birek-birege igenmän myhmansöýer boluň» diýip ündedi (1 Pet. 4:9). Grek dilinden «myhmansöýerlik» diýip terjime edilen söz «nätanyş adama söýgi bildirmegi ýa-da ýagşylyk etmegi» aňladýar. Ýöne üns beren bolsaňyz, Petrus resul dogan-uýalary «birek-birege», ýagny köpden bäri tanaýan we gatnaşýan imandaşlaryna myhmansöýer bolmagy ündeýär. Eýsem, myhmansöýer bolmagyň nähili peýdasy bar?

3 Bu dogan-uýalary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Oýlanyp görüň: Kimdir biri sizi myhmançylyga çagyranda, özüňizi nähili duýupdyňyz? Eýsem, ol sizde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrmadymy? Ýygnagyňyzdaky käbir dogan-uýalar bilen gatnaşyk edip, dostlugyňyz has-da berkemedimi? Myhmansöýerlik dogan-uýalary has ýakyndan tanamaga kömek edýär. Petrusyň günlerinde ýaşan mesihçiler ýagdaýyň gitdigiçe erbetleşýändigi sebäpli biri-birine has-da ýakynlaşmalydylar. Şu «soňky günlerde» ýaşaýan mesihçiler barada hem şeýle diýse bolar (2 Tim. 3:1).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w13 15/6 sah. 23

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «tussagdaky ruhlara wagyz edendigi» aýdylýar (1 Pet. 3:19). Bu nämäni aňladýar?

▪ Petrus resul bu ruhlar hakda şeýle diýdi: «Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar» (1 Pet. 3:20). Görşümiz ýaly, Petrus ruhy şahsyýetleri, ýagny Şeýtanyň yzyna eýeren perişdeleri göz öňünde tutupdy. Ýahuda resul şol perişdeleriň «öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk edendigini» we Hudaýyň olary «ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklaýandygyny» belläp geçýär (Ýahuda 6).

Şol ruhy şahsyýetler Nuhuň günlerinde nädip pitneçi boldular? Tupandan öň, şol zalym perişdeler Hudaýdan birugsat iş etdiler, ýagny ynsan bedenine öwrüldiler (Gel. çyk. 6:2, 4). Üstesine-de, olar ruhy şahsyýetlere mahsus bolmadyk zady, ýagny aýallar bilen jynsy gatnaşyk edip başladylar. Hudaýyň niýetine görä perişdeler beýle işi etmeli däldi (Gel. çyk. 5:2). Şonuň üçin Ýehowa bu gulak asmazak we pitneçi perişdeleri wagty gelende ýok etmekçi. Emma häzir, Ýahudanyň aýtmagyna görä, olar «tümlük astynda», ýagny göçme manydaky ruhy tussaglykda ýerleşýärler.

Isa «tussagdaky ruhlara» haçan we nädip wagyz etdi? Petrusyň aýtmagyna görä, Isa muny ruhy şahsyýet bolup direlenden soň edipdi (1 Pet. 3:18, 19). Üns beren bolsaňyz, Petrus resul Isa «wagyz etdi» diýip, öten zaman görnüşinde aýdýar. Diýmek, bu waka Petrus birinji hatyny ýazmanka bolupdyr. Görşümiz ýaly, Isa zalym perişdelere ruhy şahsyýet bolup direlensoň wagyz edipdir, ýagny olara garaşýan adalatly hökümiň boljakdygyny habar beripdir. Isa olara umyt beriji habary däl-de, olara garaşýan betbagtçylyk barada wagyz etdi (Ýunus 1:1, 2). Bu wakadan öň Isa Hudaýa bolan imanyny hem-de wepalylygyny ölümine çenli saklady we soňra direldi. Bu bolsa Iblisiň Isanyň üstünden hiç hili erk-ygtyýarynyň ýokdugyny subut etdi we gazaply hökümi wagyz etmäge ýol açdy (Ýahýa 14:30; 16:8—11).

Gelejekde Isa Şeýtany we şol pitneçi perişdeleri zynjyr bilen baglap, düýpsüz çuňluga zyňar (Luka 8:30, 31; Ylh. 20:1—3). Emma şoňa deňeç, gulak asmazak perişdeler göçme manydaky ruhy tümlükde gezerler we özlerine garaşýan jezadan gaçyp bilmezler (Ylh. 20:7—10).

w08 15/11 sah. 21, abz. 8

Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

4:6 — Haýsy «ölülere» hoş habar wagyz edildi? Bu hoş habary eşitmezinden öň «ýazyk we günäleri zerarly öli» ýa-da ruhy taýdan öli bolan adamlar (Efes. 2:1). Emma olar hoş habara iman edip, ruhy taýdan direldi.

OKTÝABR 28—NOÝABR 3

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PETRUS 1—3

«Ýehowanyň geljek gününe... bar ünsüňizi beriň»

w06 15/12 sah. 27, abz. 11

Ýehowa «hakymyzy alar»

11 Isanyň Ýehowa haklaryny «tiz alar» diýen sözlerine biz nähili düşünmeli? Hudaýyň sözünde Ýehowa Hudaý sabyrly diýilse-de, wagty gelende ol gullukçylarynyň haklaryny tiz alar (Luka 18:7, 8; 2 Petrus 3:9, 10). Nuhuň günleri tupan gelende, erbet adamlar örän çalt ýok edildi. Edil şonuň ýaly Lutuň günlerinde hem gökden ot bilen kükürt ýaganda, erbet adamlar öldüler. Isa: «Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar» diýdi (Luka 17:27—30). Ýene-de erbet adamlaryň üstüne «birdenkä... heläkçilik iner» (1 Selanikliler 5:2, 3). Ýehowa adalatly bolany üçin, Şeýtanyň dünýäsine bir gündenem artyk wagt bermejekdigine biz ynanyp bileris.

w06 15/12 sah. 19, abz. 18

«Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»

18 Petrus resulyň Ýehowanyň gününi «çaltlandyrmaly» ýa-da başga terjimelere görä, «berk ýadymyzda saklamaly» diýip, maslahat berýändigi geň däl! Biz Ýehowanyň gününi nädip «ýatda saklap» bileris? Munuň üçin biz «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelidiris» (2 Petrus 3:11, 12). Bu bize «Ýehowanyň gününe» umyt bilen garaşmaga kömek eder. Elbetde, Ýehowanyň gününiň gelmegini biz çaltlandyryp bilmeris. Ýöne biz ol güne garaşyp, Hudaýa yhlasly gulluk etsek, wagt çalt geçer (1 Korintoslylar 15:58).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w08 15/11 sah. 22, abz. 2

Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

1:19 — «Daň ýyldyzy» kim we haçan dogdy? Biz muny nireden bilýäris? «Daň ýyldyzy» — Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolan Isa Mesih (Ylh 22:16). 1914-nji ýylda Isa gökde Patyşa bolup, täze güni yglan etdi. Isa ýer ýüzünde wagty görnüşde daş keşbi üýtgäpdi. Şol görnüş Isanyň Patyşalyk häkimiýetini, şan-şöhratyny hem-de Hudaýyň pygamberliginiň ynama mynasypdygyny görkezdi. Eger biz Hudaýyň pygamberliklerine ünsli bolsak, «ýüregimizdäki garaňkylyk ýagtylanyp», Daň ýyldyzynyň doglandygyna düşüneris.

nwt Sözlüge serediň: Tartar

2 Pe 2:4. «Tartar» näme? Hudaýa garşy çykan perişdeler şol ýere haçan zyňyldy?

Tartar. Tussaglykda saklanmagy we biabraý bolmagy aňladýar. Nuh pygamberiň döwründe Hudaýa gulak asmadyk perişdeler şol ýere zyňlypdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş