Mähirli bol-da, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Ýehowanyň Güwäçileri barada ters pikirde bolan bir aýal, uýamyzyň biri bilen ilkinji duşuşygyny ýatlap şeýle diýýär: «Biziň näme barada gürrüň edenimiz ýadymda däl, ýöne onuň mähirliligi, güler ýüzi we kiçigöwünliligi ýadymda. Onuň meniň bilen gyzyklanyşy özüne çekdi». Bu sözler wagyz edenimizde, adamlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň wajypdygyny görkezýär (Flp. 2:4).
2 Söýgi mähirlidir. Adamlara bolan söýgimizi mähirli bolup hem görkezip bileris (1 Kor. 13:4, TD). Mähirli adam başgalaryň aladasyny edip, olara kömek etmäge jan edýär. Elbetde, wagyz etmeklik hem mähirliligiň alamatydyr. Emma adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, diňe wagyz etmek bilen çäklenmeris. Adamlar bilen mylakatly, edepli, ünsli bolarys we aýdýan sözlerimize, nähili äheňde aýdyşymyza üns bereris, hatda ýüz keşbimizem olara bolan garaýşymyzy görkezer (Mat. 8:2, 3).
3 Şeýle-de adamlary söýsek, olara kömek ederis. Bir pioner dogan öýden-öýe wagyz edip ýörkä, bir gartaşan dul aýala gabat geldi. Ol onuň Güwäçidigini bilende, diňläsi gelmedi. Gapy kakylanda ol aşhanada merdiwanyň üstünde kynlyk bilen lampoçka çalşyp durandygyny aýtdy. Dogan: «Bu iş siziň üçin howply bolaýmasyn» diýdi. Şonda ol aýal ony içerik çagyrdy. Dogan ol aýalyň lampoçkasyny çalşyp, ýene-de wagyz etmäge gitdi. Soňra şol aýalyň ogly ejesinden habar almaga gelende, dul aýal bolan wakany ogluna gürrüň berdi. Ol muny eşidende, doganymyzy tapyp minnetdarlyk bildiresi geldi. Olar gyzykly gürrüň etdiler we dul aýalyň ogly Mukaddes Ýazgylardan okuw geçmäge razy boldy.
4 Mähirli bolsak, Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsini görkezýäris hem-de Patyşalyk baradaky habary bezeýäris. Şonuň üçin biz hemişe mähirlilikde «Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris» (2 Kor. 6:4, 6).