Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/05 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Sözbaşylar
  • Garaşsyzlyk aýynyň 10-dan başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 17-den başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 24-den başlanýan hepde
  • Garaşsyzlyk aýynyň 31-den başlanýan hepde
  • Sanjar aýynyň 7-den başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 10/05 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

Garaşsyzlyk aýynyň 10-dan başlanýan hepde

7-nji aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. «Biziň Patyşalyk gullugymyzdan» gerekli bildirişler.

15 min: Okamaga wagt sarp edýäňmi? «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» (rusça) diýen kitabyň 21—26-njy sahypalaryndaky pikirler esasynda diňleýjiler bilen pikir alyş. Nämeleri okamaly? (sah. 21, çarçuwa). Edebiýatlarymyzy okamak näme üçin wajyp? (sah. 23, abz. 2). Okamagyň tertibini saklamaga näme kömek eder? (sah. 26, abz. 3, 4). «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly žurnallary näwagt okaýarsyňyz? Ol size nähili peýda getirýär?

20 min: «Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözle»a. Haýsy ýagdaýlarda batyrlyk bilen wagyz etmekligiň kyn düşýändigini diňleýjileriň gürrüň bermegini haýyş et. Batyrlyk bilen wagyz etmäge olara näme kömek edýär?

21-nji aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 17-den başlanýan hepde

13-nji aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. Mukaddes Ýazgylardan okuw geçirilende, Ýazgylary nädip ussatlyk bilen ulanmalydygy barada, 2005-nji ýylyň Ruhnama aýynyň «Patyşalyk gullugymyzyň» içki sahypalaryndaky 3-nji bölümden bir ýa-da iki pikire seret.

15 min: Internetdäki howplardan nädip gaça durmaly? «Oýanyň!» žurnalynyň (rusça) 2004-nji ýylyň Bitaraplyk (dekabr) aýynyň 8-ine çykan sanynyň 18—21-nji sahypalaryndaky makala esasynda ýaşuly doklad bilen çykyş etmeli.

20 min: «Mähirli bol-da, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»b. Wagyzda adamlara nädip mähirlilik bildirmelidigini diňleýjilerden sora. Wagyzda adamlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň başga görnüşlerine, «Patyşalyk gullugymyzyň» indiki sanlarynda serederis.

9-njy aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 24-den başlanýan hepde

23-nji aýdym

5 min: Ýerli bildirişler.

20 min: «Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris». 1-nji bölüm. Wagyz gözegçisi çykyş etmeli. Diňleýjilerden «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 1997-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň 15-ine çykan sanynyň 25—27-nji sahypalaryndaky material hakda pikirini aýtmagy haýyş et. Mukaddes Ýazgylar okuwynyň häzirki zaman taryhy barada gürrüň ber. Şu tema boýunça geljekki makalalary okamaga höweslendir. Şol makalalarda okuwa taýýarlanmak, şägirtlere taýýarlanmagy öwretmek, näçe material geçmek, Mukaddes Ýazgylary ussatlyk ulanmak, şägirt sowal berende näme etmek, okuwda doga etmek hem-de gurama bilen tanyşdyrmak hakda gürrüň ediler. Hemmelerden berilýän maslahatlary ulanmaga hem-de şu makalalary geljekde salgylanmak üçin bir ýerde aýap saklamagy haýyş et.

20 min: Biziň daş keşbimiz Hudaýyň kadalaryna gabat gelmeli. «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2002-nji ýylyň Alp Arslan (awgust) aýynyň 1-ine çykan sanynyň 17—19-njy sahypalaryndaky makala esasynda taýýarlanan doklad we gürrüňdeşlik. Doklad bilen ýaşuly çykyş etmeli. Biziň göreldeli daş keşbimiziň wagyz etmäge nädip mümkinçilik döredýändigi barada diňleýjilerden sora.

11-nji aýdym we jemleýji doga.

Garaşsyzlyk aýynyň 31-den başlanýan hepde

16-njy aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Garaşsyzlyk aýynyň wagyz hasabatyny tabşyrmaklygy ýatlat.

15 min: Ikilenç ideg edip höwesini artdyr. 2005-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň «Patyşalyk gullugymyzyň» (rusça) 8-nji sahypasyndaky prinsipler esasynda doklad we diňleýjiler bilen pikir alyşmak. Ikilenji idegi nädip başlap bileris? (abz. 1). Her idegde Mukaddes Ýazgylardan bir aýady düşündirip biler ýaly, birnäçe aýatlary nädip taýýarlamaly? (abz. 3). Mukaddes Ýazgylardan saýlan aýadymyzy diňe okap bermek näme üçin ýeterlik däl? (abz. 4). Ikilenç idegde nädip Mukaddes Ýazgylardan okuwa başlap bileris? (abz. 5). Wagyzçy ikilenç ideg edende, onuň Mukaddes Ýazgylardan bir aýady düşündirişini görkezýän sahna taýýarla.

20 min: Ýaş mesihçiler tutanýerli bolsalar-da, sylag-hormat goýýarlar. «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2002-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň 15-ine çykan sanynyň 23, 24-nji sahypalaryndaky «Hormat goýup gatnaşmazlyk» diýen sözbaşy esasynda doklad bilen ýaşuly çykyş etmeli. Mekdepde duş gelýän synaglar barada hem-de olary üstünlikli ýeňip geçmäge näme kömek edýändigi barada gürrüň bermeklerini bir ýa-da iki sany ýaş mesihçiden öňünden haýyş et.

29-njy aýdym we jemleýji doga.

Sanjar aýynyň 7-den başlanýan hepde

4-nji aýdym

5 min: Ýerli bildirişler.

20 min: Ýygnak duşuşyklarynda nädip has ünsli bolmaly? «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2002-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň 15-ine çykan sanynyň 12—14-nji sahypalaryndaky 11—14-nji abzaslar esasynda doklad hem-de diňleýjiler bilen pikir alyşmak. Makaladaky maslahatlary gözden geçir we ýygnak duşuşygyndan peýda tapmaga näme kömek edýändigini diňleýjilerden sora.

20 min: «Adamlara ökdelik bilen gürrüň bermegi öwren»c. Her hili terbiýe alan adamlara käbir wagyzçylaryň ökdelik bilen wagyz edişleri barada gürrüň bermeklerini haýyş et.

1-nji aýdym we jemleýji doga.

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, soňra sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, soňra sorag-jogap görnüşinde geçir.

c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, soňra sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş