Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/05 sah. 3—6
  • Teokratiki gulluk mekdebiniň 2006-njy ýyl üçin maksatnamasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Teokratiki gulluk mekdebiniň 2006-njy ýyl üçin maksatnamasy
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Sözbaşylar
  • Görkezme
  • MEÝILNAMA
  • Türkmenbaşy 2 Okamak: 2 Taryhlar 29—32 Aýdym 5
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 10/05 sah. 3—6

Teokratiki gulluk mekdebiniň 2006-njy ýyl üçin maksatnamasy

Görkezme

2006-njy ýylda Teokratiki gulluk mekdebinde aşakdakylar geçiler:

EDEBIÝAT: «Injil, Zebur we Süleýmanyň tymsallary» (Araz Parwişiň terjimesi, 1994), Mukaddes Ýazgylar [bi2-U], «Garawul diňi» [w-U] hem-de «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» [be -U], «Ýazgylaryň hemmesi» ynama mynasyp we peýdaly» [bsi-U], «Bilim» [kl] hem-de Mukaddes Ýazgylaryň [bi2-U] soňundaky «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeşlik üçin temalar» [td-U].

Mekdebi WAGTYNDA aýdym, doga we salamlaşmak bilen başlamaly, soňra aşakdaky ýaly dowam etmeli. Her çykyşdan soň, mekdebiň gözegçisi indiki çykyş etjegi we temasyny yglan eder:

DILEWARLYK: 5 minut. Mekdebiň gözegçisi, ýörite maslahatçy ýa-da başga bir tejribeli ýaşuly «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabyna esaslanyp, dilewarlyk sungaty barada çykyş eder (Ýygnakda ýaşuly az bolsa, onda tejribeli gulluk hyzmatçysy çykyş edip biler).

1-nji ÝUMUŞ: 10 minut. Tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy çykyş etmeli. Onuň çykyşy «Garawul diňi» žurnalyna, «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabyna ýa-da «Ýazgylaryň hemmesi» ynama mynasyp we peýdaly» diýen kitapça esaslanar. Berlen materialy sorag-jogap görnüşinde gaýtalamaly däl-de, 10 minutlyk öwrediji doklad bilen çykyş etmeli. Berlen materialy başdan-aýak gürrüň bermeli däl-de, eýsem, ýygnak üçin peýdaly bolup biljek pikirlere we olaryň ulanylyşyna üns bermeli. Maksatnamada berlen tema boýunça çykyş etmeli. Şu ýumuş bilen çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Çykyş eden doganlara ýörite maslahat berilmeli bolsa, onda maslahaty ikiçäk bermeli.

MUKADDES ÝAZGYLARDAN PEÝDALY PIKIRLER: 10 minut. Ilkinji bäş minudyň dowamynda tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy berlen baplaryň ýerli zerurlyk üçin ulanylyşy barada çykyş eder. Ol Mukaddes Ýazgylaryň şol hepde okalmaly baplarynyň islendik aýatlaryny ulanyp biler. Ýöne şol baplaryň gysgaça mazmunyny gürrüň bermeli däl-de, eýsem, diňleýjilere näme peýdasynyň bardygyny we nädip ulanyp biljekdigini düşündirmeli. Çykyş edýän dogan özüne berlen bäş minudyň çäginden çykmaly däl. Ol galan bäş minudy hökman diňleýjilere goýmaly. Diňleýjiler bolsa, okan baplaryndan tapan gyzykly we peýdaly pikirlerini gysgaça (30 sekuntdan köp bolmaly däl) gürrüň bermeli. Soňra mekdebiň gözegçisi okuwçylary klaslara böler.

2-NJI ÝUMUŞ: 4 minut. Doganlara berilýär. Okuwçy giriş we jemleýji sözleri aýtman, berlen materialy okamaly. Zebur kitaby okalanda her mezmuryň başyndaky giriş sözlerini hem okamaly. Mekdebiň gözegçisi okuwçylara düşnükli, labyzly, çalt we pauzaly okamaga hem-de basymy dogry goýmaga kömek eder.

3-NJI ÝUMUŞ: 5 minut. Uýalara berilýär. Okuwça «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» kitabynyň 82-nji sahypasyndan şertli ýagdaý bellenýär ýa-da özi saýlaýar. Okuwçy berlen temanyň wagyzda ulanylyşyny görkezmeli hem-de ýygnagyň territoriýasynda peýdaly bolmaly. Maksatnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly bolar. Täze okuwçylara edebiýaty salgy berlen ýumşy bermeli. Mekdebiň gözegçisi okuwçynyň materialy ulanyşyna, öý eýesi bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edişine we aýatlary düşündirişine aýratyn üns berer. Şeýle hem mekdebiň gözegçisi oňa bir kömekçi bellär.

4-NJI ÝUMUŞ: 5 minut. Okuwçy berlen tema boýunça çykyş etmeli. Maksatnamada hiç hili edebiýat salgy berilmedik bolsa, onda okuwçynyň özi biziň edebiýatymyzdan gerekli materialy gözläp tapmaly bolar. Eger-de dogana berlen bolsa, onda ony doklad görnüşinde taýýarlap, Patyşalyk Zalynda diňleýjileriň öňünde çykyş etmeli. Eger-de uýa berlen bolsa, onda 3-nji ýumuşda aýdylyşy ýaly taýýarlamaly. Käbir ýagdaýlarda mekdebiň gözegçisi dogry hasap etse, onda 4-nji ýumşy dogana berip biler. Temanyň adynyň öňünde ýyldyzjyk goýlan bolsa, onda şol ýumuş hemişe doganlara berilmeli. Ony doklad görnüşinde taýýarlap çykyş etmeli.

WAGTY: Doklad bilen çykyş edýän doganlar ýa-da maslahat berýän dogan berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. 2-nji, 3-nji we 4-nji ýumuşlar bilen çykyş edýän okuwçylar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda sypaýyçylyk bilen saklamaly. Eger-de dilewarlyk, 1-nji ýumuş ýa-da Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda olara ikiçäk maslahat berilmeli. Hiç kim berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Aýdymy we dogany hasaba almasaň, duşuşyk jemi 45 minut dowam etmeli.

MASLAHAT: 1 minut. 2-nji, 3-nji we 4-nji ýumuşlaryň hersinden soň, mekdebiň gözegçisi bir minudyň dowamynda çykyşyň oňat taraplaryny aýdyp öwmeli. Ol ýöne bir «Berekella!» diýmek bilen çäklenmän, eýsem, çykyşyň haýsy tarapynyň has peýdalydygyna aýratyn üns bermeli. Okuwça goşmaça maslahat gerek bolsa, onda duşuşykdan soň ýa-da başga bir wagt maslahat ikiçäk berilmeli.

ÝÖRITE MASLAHATÇY: Mümkin bolsa, ýaşulular maslahaty mekdebiň gözegçisinden başga bir tejribeli ýaşulyny ýörite maslahatçy bellemeli. Ýygnakda birnäçe ýaşuly bar bolsa, onda her ýyl başga bir tejribeli ýaşulyny bellese bolar. Ýörite maslahatçynyň borjy 1-nji ýumuş we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganlara, gerek wagty, ikiçäk maslahat bermekden ybarat. Her ýaşulynyň ýa-da gulluk hyzmatçynyň çykyşyndan soň, olara maslahat bermek hökman däl.

GÜNDELIK: Okuw kitabynda.

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK:  30 minut. Her iki aýdan mekdebiň gözegçisi diňleýjiler bilen geçilenleri gaýtalar. Ýöne ilki bilen, doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli. Soňra mekdepde soňky iki aýyň dowamynda hem-de şol hepde geçilen material gaýtalanylar. Eger-de geçilenleri gaýtalamak hepedesi ýygnagyňyz etrap kongresine gatnaşmaly bolsa, onda geçilenleri gaýtalamagy (şol hepdäniň maksatnamasyndaky çykyşlary hem) bir hepde yza geçirmeli. Indiki hepde geçilmeli maksatnamany bolsa, bir hepde ir geçirmeli, ýagny etrap kongresi geçýän hepde geçirmeli. Eger-de etrap gözegçisi geçilenleri gaýtalamak hepdesi siziň ýygnagyňyza gelýän bolsa, onda maksatnama laýyklykda aýdym aýdylmaly hem-de doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli. Dilewarlykdan soň gelýän 1-nji ýumşy bolsa, geljekki hepdäniň maksatnamasyndan almaly. Indiki hepde bolsa, maksatnama laýyklykda, Teokratiki gulluk mekdebinde doganlar dilewarlyk we Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş etmeli, soňra mekdebiň gözegçisi diňleýjiler bilen geçilenleri gaýtalamaly.

MEÝILNAMA

Türkmenbaşy 2 Okamak: 2 Taryhlar 29—32 Aýdym 5

Dilewarlyk: Teokratiki gulluk mekdebinde oňat okamak üçin näme etmeli? (be-U c. 5, abz.1— s. 8, abz .1)

No. 1: Keýpiň Hudaýyň Sözünde bolsun (be-U s.  9, abz. 1—4— s. 10, abz. 1)

No. 2: kl s. 6—8, abz. 1—7

No. 3: Hakyky mesihçiler näme üçin sögünmeýärler?

No. 4: Şeýtan— ruhy şahsyýet (td-U 12A)

Türkmenbaşy 9 Okamak: 2 Taryhlar 33—36 Aýdym 7

Dilewarlyk: Dogry okamak (be-U c. 83, abz. 1—5)

No. 1: 2 Taryhlar kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 4, abz. 34—36)

No. 2:  kl s. 8—10, abz. 8—12

No. 3: Şeýtan — dünýäniň göze görünmeýän hökümdary (td-U 12B)

No. 4: Mukaddes Ýazgylaryň belent ahlak kadalary boýunça ýaşamakdan hiç haçan utanma

Türkmenbaşy 16 Okamak: Ezra 1—5 Aýdym 11

Dilewarlyk: Dogry okamak üçin näme etmeli? (be-U s. 84, abz. 1— s. 85, abz. 3)

No. 1: Ezra kitabyna giriş (bsi06-U s. 5, 6, abz. 1—7)

No. 2: kl s. 10, 11, abz. 13—19

No. 3: Sap ynsaply bolmagyň peýdasy

No. 4: Mukaddes Ýazgylarda günä eden perişdeler hakda näme diýilýär? (td-U 12W)

Türkmenbaşy 23 Okamak: Ezra 6—10 Aýdym 9

Dilewarlyk: Sözleri düşnükli aýtmak (be-U s. 86, abz. 1—6)

No. 1: Ezra kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 6, 7, abz. 14—18)

No. 2: kl s. 12, 13, abz. 1—6

No. 3: Spiritizmiň ähli görnüşlerinden näme üçin gaça durmaly? (td-U 12G)

No. 4: aHudaýyň nika garaýşy

Türkmenbaşy 30 Okamak: Nehemýa 1—4 Aýdym 26

Dilewarlyk: Sözleri aýdyň aýtmak üçin näme etmeli? (be-U s. 87, abz. 1— s. 88, abz. 2)

No. 1: Nehemýa kitabyna giriş (bsi06-U s. 7, 8, abz. 1—5)

No. 2: kl s. 13—17, abz. 7—13

No. 3: Howpsuzlygyň iň wajyp görnüşi

No. 4: Hudaý gulak asýan adamlara ebedi ýaşaýyş wada berýär (td-U 13A)

Baýdak 6 Okamak: Nehemýa 5—8 Aýdym 21

Dilewarlyk: Dogry sözlemek: nämeleri göz öňünde tutmaly? (be-U s. 89, abz. 1— s. 90, abz. 3)

No. 1: Mukaddes Ýazgylary her gün oka (be-U s. 10, abz. 2— s. 12, abz. 4)

No. 2: kl s. 17—19, abz. 14—18

No. 3: Gökde kimler ýaşar? (td-U 13B)

No. 4: «Ýüregiňi gora» (Sül. tym. 4:23)

Baýdak 13 Okamak: Nehemýa 9—11 Aýdym 15

Dilewarlyk: Dogry sözlemegi oňatlaşdyrmagyň usullary (be-U s. 90, abz. 4— s. 92)

No. 1: Uruşmagy däl-de, parahatçylykda ýaşamagy öwrenmeli (w04-U 1.1. s. 6, abz. 8— s. 7, abz. 5)

No. 2: kl s. 19—22, abz. 19—23

No. 3: Ýehowanyň bizi söýýändigini nireden bilýäris?

No. 4: Sansyz-sajaksyz «başga goýunlara» ebedi ýaşaýyş wada berilýär (td-U 13W)

Baýdak 20 Okamak: Nehemýa 12, 13 Aýdym 23

Dilewarlyk: Akgynly sözleýiş (be-U s.  93, abz. 1— s. 94, abz. 3)

No. 1: Nehemýa kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 8, 9, abz. 16—19)

No. 2: kl s. 23, 24, abz. 1—5

No. 3: Hudaý ýeri Jennet etmek üçin ýaratdy (td-U 14A)

No. 4: bMesihçiler zorlukly wideo oýunlary oýnamaýarlar

Baýdak 27 Okamak: Ester1—5 Aýdym 22

Dilewarlyk: Akgynly sözlemek üçin näme etmeli?( be-U s. 94, abz. 4— s. 96, abz 2;  95-nji s. çarçuwa degişli däl)

Geçilenleri gaýtalamak

Nowruz 6 Okamak: Ester 6—10 Aýdym 11

Dilewarlyk: Sakawlanmyzlyk üçin näme etmeli? (be-U s. 95, çarçuwa)

No. 1: Ester kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi06-U s. 9—11, abz. 1—6, 16—18)

No. 2: kl s. 25—27, abz. 6—13

No. 3: Ýumşak jogap gahary ýatyrýar

No. 4: Ýer hiç haçan ýok edilmez, onda adamlar ebedi ýaşar (td-U 14B)

Nowruz 13 Okamak: Eýýup 1—5 Aýdym 13

Dilewarlyk: Dyngy belgilerde we başga pikire geçilende pauzanyň ulanylyşy ( be-U s. 97, abz. 1— s. 98, abz. 5)

No. 1: Eýýup kitabyna giriş (bsi06-U s. 12, 13, abz. 1—6)

No. 2: kl s. 27—30, abz. 14—19

No. 3: Dünýädäki betbagtçylyklara Hudaý günäkär däl (td-U 15A)

No. 4: Hakyky mesihçiler näme üçin nägile bolmaýarlar?

Nowruz 20 Okamak: Eýýup 6—10 Aýdym 9

Dilewarlyk: Nygtap geçmek we diňlemek üçin pauzany ulanmak (be-U s. 99, abz. 1— s. 100, abz. 4)

No. 1: Ruhy baýlygyň gymmaty (w04-U 15.10. s. 4, abz. 2—s. 5, abz. 3)

No. 2: kl s. 30, 31, abz. 20—23

No. 3: Ýüregi arassa bolmak diýmek näme?

No. 4: Hudaý erbetlige näme üçin ýol berýär? (td-U 15B)

Nowruz 27 Okamak: Eýýup 11—15 Aýdym 23

Dilewarlyk: Basymyň dogry goýluşy (be-U s. 101, abz. 1— s. 102, abz. 4)

No. 1: «Eşidişiňize üns beriň» (be-U s. 13, abz. 1— s. 14, abz. 5)

No. 2: kl s. 32—34, abz. 1—6

No. 3: Hudaýyň sabyr etmegi rehimdarlygyny görkezýär (td-U 15 W)

No. 4: Wagyz näme üçin şatlandyrýar?

Gurbansoltan 3 Okamak: Eýýup 16—20 Aýdym 7

Dilewarlyk: Basymyň dogry goýluşyny öwrenmek (be-U s. 102, abz. 5— s. 104, abz. 4)

No. 1: Hudaýa söýgiňi nädip görkezmeli? (w04-U 1.3. s. 19—21)

No. 2: kl s. 34—39, abz. 7—13.

No. 3: Ýehowa özüne sežde etmäge nädip kömek edýär?

No. 4: Dünýädäki kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygy çözüp biler (td-U 15G)

Gurbansoltan 10 Okamak: Eýýup 21—27 Aýdym 17

Dilewarlyk: Esasy pikirleri belläp geçmek (be-U s. 105, abz. 1— s. 106, abz. 1)

No. 1: Ruhy baýlygyň peýdasy (w04-U 15.10. s. 5, abz. 4—s. 7, abz. 2)

No. 2: kl s. 39—42, abz. 14—20.

No. 3: Ýehowa bize adatdan daşary güýç berýär

No. 4: Mesihçiler Hudaýyň adyny hökman tutmaly (td-U 16A)

Gurbansoltan 17 Okamak: Eýýup 28—32 Aýdym 25

Dilewarlyk: Sesiň güýjüni diňleýjilere görä üýtgetmek (be-U s. 107, abz.1— s. 108, abz. 5)

No. 1: Ýygnaklarda we kongreslerde diňlemek üçin nämeler etmeli? (be-U s. 15, abz. 1-s. 16, abz. 5)

No. 2: kl s. 43—46, abz. 1—5.

No. 3: Hudaýyň bardygyny näme subut edýär? (td-U 16B)

No. 4: Isanyň öwredenleri köp adamlary näme üçin haýran galdyrdy?

Gurbansoltan 24 Okamak: Eýýup 33—37 Aýdym 20

Dilewarlyk: Sesiňi gowulandyrmak üçin näme etmeli? (be-U s. 109, abz. 1—s. 110, abz. 2)

Geçilenleri gaýtalamak

Magtymguly 1 Okamak: Eýýup 38—42 Aýdym 6

Dilewarlyk: Dogry äheňde gürlemek (be-U s. 111, abz. 1— s. 112, abz. 2)

No. 1: Eýýup kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 13, 14, abz. 39—43)

No. 2: kl s. 46—48, abz. 6—11.

No. 3: Şu günler Işaýa 60:22 nädip ýerine ýetýär?

No. 4: Hudaýyň häsiýetleri (td-U 16W)

Magtymguly 8 Okamak: Zebur 1—10 Aýdym 28

Dilewarlyk: Sesiň badyny üýtgetmek (be-U s. 112, abz. 3—6)

No. 1: Zebur kitabyna giriş. 1-nji bölüm (bsi06-U s. 15, 16, abz. 1—5)

No. 2: Zebur 4:1—5:12

No. 3: Hemmeler bir Hudaýa gulluk etmeýär (td-U 16G)

No. 4: Sagdyn sözleriň nusgasyny gaýym saklaň

Magtymguly 15 Okamak: Zebur11—18 Aýdym 9

Dilewarlyk: Sesiň äheňini üýtgetmek (be-U s. 113, abz. 1— s. 114, abz. 2)

No. 1: Zebur kitabyna giriş. 2-nji bölüm (bsi06-U s. 16, 17, abz. 6—11)

No. 2: Zebur 14:1—16:6

No. 3: Hakyky mesihçileriň bu dünýäden däldigi nämelerde görünýär?

No. 4: Şekiller we heýkeller arkaly Hudaýa sežde etmek oňa ysnat getirýär (td-U 17A)

Magtymguly 22 Okamak: Zebur 19—25 Aýdym 5

Dilewarlyk: Joşgunly gürlemek (be-U s. 115, abz. 1— s. 116, abz. 4)

No. 1: Paýhaslylyk mähir gazanýandyr (w04-U 15.7. s. 27, abz. 4—s. 28, abz. 4)

No. 2: Zebur 22:1—22

No. 3: Şekillere sežde etmegiň näme zyýany bar? (td-U 17B)

No. 4: cHudaýyň duýduryşy näme we biz näme üçin olara ünsli bolmaly?

Magtymguly 29 Okamak: Zebur 26—33 Aýdym 21

Dilewarlyk: Berlen tema görä joşgunly gürlemek (be-U s. 117, abz. 1—5)

No. 1: Ýatkeşligiňi gowulandyrmak (be-U s. 17, abz. 1— s. 19, abz. 1)

No. 2: Zebur 30:1—31:8

No. 3: Nädip hakykat bizi azat edýär?

No. 4: Diňe Ýehowa sežde etmeli (td-U 17W)

Oguz 5 Okamak: Zebur 34—37 Aýdym 26

Dilewarlyk: Mähirli bolmak (be-U s. 118, abz. 1— s. 119, abz. 4)

No. 1: Doganyň güýji (w04-U 15.8. s. 18, abz. 6-sah. 19, abz. 10)

No. 2: Zebur 34:1—22

No. 3: Isa Hudaýyň Ogly we bellenen Patyşa (td-U 18A)

No. 4: Butparazlygyň haýsy görnüşlerinden gaça durmaly?

Oguz 12 Okamak: Zebur 38—44 Aýdym 15

Dilewarlyk: Duýgyny bildirmek (be-U s. 119, abz. 5— s. 120, abz. 4)

No. 1: Hudaýyň ruhy ýada salmaga kömek edýär (be-U s. 19, abz. 2— s. 20, abz. 3)

No. 2: Zebur 40:1—17

No. 3: Mukaddes Ýazgylar ylmy taýdan dogry gelýär

No. 4: Gutulmak üçin näme üçin hökman Isa Mesihe iman etmeli? (td-U 18B)

Oguz 19 Okamak: Zebur 45—51 Aýdym 7

Dilewarlyk: Yşaratyň we ýüz-gözüň hereketiniň wajyplygy (be-U s. 121, abz. 1—4)

No. 1: Isa haçan gelýär? (w04-U 1.3. s. 16, çarçuwa)

No. 2: Zebur 46:1—47:9

No. 3: Halas bolmak üçin diňe Isa iman etmek ýeterlikmi? (td-U 18W)

No. 4: Mesihçiler ejizkä nädip güýçli bolup bilýärler? (2 Kor. 12:10)

Oguz 26 Okamak: Zebur 52—59 Aýdym 28

Dilewarlyk: Yşaratyň we ýüz-gözüň hereketiniň ulanylyşy (be-U s. 122, abz. 1— sah 123, abz. 2)

Geçilenleri gaýtalamak

Gorkut 3 Okamak: Zebur 60—68 Aýdym 6

Dilewarlyk: Wagyzda adamyň ýüzüne seretmek (be-U s. 124, abz. 1— s. 125, abz. 4)

No. 1: Ýehowanyň kiçigöwünliginden näme öwrenýäris? (w04-U 1.11. s. 29, 30)

No. 2: Zebur 60:1—61:8

No. 3: Yhlasly wagyz etmek Hudaýyň kanunyny bozmaga hukuk berýärmi?

No. 4: Ruhy şypa hemişe peýdaly (td-U 19A)

Gorkut 10 Okamak: Zebur 69—73 Aýdym 20

Dilewarlyk: Doklad bilen çykyş edeňde adamlaryň ýüzüne seretmek (be-U s. 125, abz. 5— s. 127, abz. 1)

No. 1: Okaýşyňa näme üçin üns bermeli? (be-U s. 21, abz. 1— s. 23, abz. 3)

No. 2: Zebur 71:1—18

No. 3: Hudaýyň Patyşalygynda ähli adamlar beden taýdan hemişelik sagalar (td-U 19B)

No. 4: dMesihçiler näme üçin ýüz görmeli däl?

Gorkut 17 Okamak: Zebur 74—78 Aýdym 4

Dilewarlyk: Wagyz gullugynda özüňi erkin alyp barmak (be-U s. 128, abz.1— s. 129, abz. 1)

No. 1: Ýagşy niýet bilen oka (be-U c. 23, abz. 4— s. 26, abz. 4)

No. 2: Zebur 75:1—76:12

No. 3: Ýehowany gözlemek näme aňladýar? (Sef. 2:3)

No. 4: Şu günki iman bilen sagalyşy Hudaý halamaýar (td-U 19W)

Gorkut 24 Okamak: Zebur 79—86 Aýdym 13

Dilewarlyk: Sahnada özüňi erkin alyp barmak (be-U s. 129, abz. 2— s. 130, abz. 1)

No. 1: «Gönüleriň çadyry gülläp öser» (w04-U 15.11. s. 26, abz. 1— s. 28, abz. 2)

No. 2: Zebur 82:1—83:18

No. 3: Dürli dillerde gürlemek Hudaýyň razylygyny aňladýarmy? (td-U 19G)

No. 4: Kämil däl adamlar Hudaýy razy edip bilermi?

Gorkut 31 Okamak: Zebur 87—91 Aýdym 29

Dilewarlyk: Märekäniň öňünde okaňda özüňi erkin alyp barmak (be-U s. 130, abz. 2—4)

No. 1: «Düşünjeli adam bolsa bilim agtarýandyr», akyldarlyk oňa görkezme berýändir (w04-U 15.11. s. 28, abz. 3— s. 29, abz. 7)

No. 2: Zebur 89:1—21

No. 3: Mukaddes Ýazgylary öwrenmek seždäniň bir bölümi

No. 4: Isa haçda öldümi? (td-U 20A)

Alp Arslan 7 Okamak: Zebur 92—101 Aýdym 28

Dilewarlyk: Daşky sypatymyz aýdýan habary bezemeli (be-U s. 131, abz. 1—3)

No. 1: Özbaşdak okuwa nämeler girýär? (be-U s. 27, abz. 1-s. 31, abz. 2)

No. 2: Zebur 92:1—93:5

No. 3: Mesihçiler haça sežde etmelimi? (td-U 20B)

No. 4: Ahlak taýdan arassa bolmak wajyp

Alp Arslan 14 Okamak: Zebur 102—105 Aýdym 26

Dilewarlyk: Daşky sypatymyzy haýa we salykatlylyk nädip bezeýär? (be-U s. 131, abz 4— s. 132, abz. 3)

No. 1: «Ýa Reb, Seniň işleriň nähili köp!» (w04-U 15.11. s. 8—9)

No. 2: Zebur 104:1—24

No. 3: Biz näme üçin oýa bolmaly?

No. 4: Mesihçilerden suwda çokundyrylmak talap edilýär (td-U 21A)

Alp Arslan 21 Okamak: Zebur 106—109 Aýdym 22

Dilewarlyk: Ýaraşykly hem arassa geýinmeli (be-U s. 132, abz. 4— s. 133, abz. 1)

No. 1: Ýaşlygyňda ýeňilkellelik edip, ýaşdaşlaryňa eýerme (w04-U 15.10. s. 22, abz. 4— s. 24, abz. 4)

No. 2: Zebur 107:20—43

No. 3: Suwda çokundyrylyş günäleri ýuwýarmy? (td-U 21B)

No. 4: Biz nädip Hudaýdan görelde alyp bilýäris?

Alp Arslan 28 Okamak: Zebur 110—118 Aýdym 12

Dilewarlyk: Daşky sypatymyz gowy bolsa hiç kim büdremez (be-U s. 133, abz. 2—4)

Geçilenleri gaýtalamak

Ruhnama 4 Okamak: Zebur 119 Aýdym 21

Dilewarlyk: Göni durmak hem-de wagyzda ulanýan zatlarymyzy arassa saklamak (be-U s. 133, abz. 5— s. 134, s. 4)

No. 1: Özbaşdak okuwyň peýdasy (be-U s. 31, abz. 3— s. 32, s. 4)

No. 2: Zebur 119:25—48

No. 3: Biz näme üçin dünýewi hökümetlere hormat goýmaly?

No. 4: Gan goýbermek — ganyň mukaddesligini depelemek (td-U 22A)

Ruhnama 11 Okamak: Zebur 120—134 Aýdym 24

Dilewarlyk: Gaty tolgunmaz ýaly näme etmeli? (be-U s. 135, abz.1-s. 137, abz. 2)

No. 1: Nädip derňew geçirmeli? (be-U c. 33, abz. 1— s. 35, abz. 2)

No. 2: Zebur 121:1—123:4

No. 3: Janyňy halas etmek üçin Hudaýyň kanunyny bozmaly däl (td-U 22B)

No. 4: Giperbola näme we Isa ony nädip ulanýardy?

Ruhnama 18 Okamak: Zebur 135—141 Aýdym 17

Dilewarlyk: Özüňe erk etmek üçin näme etmeli? (be-U s. 137, abz. 3-s. 138, abz. 5)

No. 1: Zebur kitabynyň peýdasy. 1-nji bölüm (bsi06-U s. 17, 18, abz. 23—27 )

No. 2: Zebur 136:1—26

No. 3: Rebbiň agşamy gürrüňdeşlik saçagymy?

No. 4: Ýalan pygamberleri nädip tanamaly? (td-U 23A)

Ruhnama 25 Okamak: Zebur 142—150 Aýdym 26

Dilewarlyk: Näme üçin mikrofon ulanmak wajyp? (be-U s. 139, abz. 1— s. 140, abz. 1)

No. 1: Zebur kitabynyň peýdasy. 2-nji bölüm (bsi06-U s. 18—19, abz. 28— 32)

No. 2: Zebur 142:1–143:12

No. 3: Hudaý başga dinlere goşulmagymyzy islänok (td-U 24A)

No. 4: Biz nädip adamlaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutup bileris?

Garaşsyzlyk 2 Okamak: Süleý. tymsallary 1—6 Aýdym 16

Dilewarlyk: Mikrofony dogry ulan (be-U s. 140, abz. 2— s. 142, abz. 1)

No. 1: Süleýmanyň tymsallary kitabyna giriş. 1-nji bölüm (bsi06-U s. 20—21, abz. 1—5)

No. 2: Süleýmanyň tymsallary 5:1—23

No. 3: Ähli dinler Hudaýa ýaraýarmy? (td-U 24B)

No. 4: eErtekileri ýaýratmaň (2 Tim. 4:4)

Garaşsyzlyk 9 Okamak: Süleý. tymsallary 7—11 Aýdym 9

Dilewarlyk: Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap ber (be-U s. 143, abz. 1—3)

No. 1: Süleýmanyň tymsallary kitabyna giriş. 2-nji bölüm. (bsi06-U s. 21—22, abz. 6—11)

No. 2: Süleýmanyň tymsallary 7:1—27

No. 3: Mesihi bitaraplyk agzybir bolmaga kömek edýär

No. 4: Hudaý kimiň dogalaryny eşidýär? (td-U 25A)

Garaşsyzlyk 16 Okamak: Süleý. tymsallary 12—16 Aýdym 5

Dilewarlyk: Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermegi nädip öwrenmeli? (be-U c. 144, abz. 1—4)

No. 1: Beýleki edebiýatlary ulanmagy nädip öwrenmeli? (be-U s. 35, abz. 3— s. 38, abz. 4)

No. 2: Süleýmanyň tymsallary 14:1—21

No. 3: Hudaý hemme dogalary diňleýärmi? (td-U 25B)

No. 4: Ýygnagyň duşuşyklarynda ünsli diňlemäge näme kömek edýär?

Garaşsyzlyk 23 Okamak: Süleý. tymsallary 17—21 Aýdym 20

Dilewarlyk: Diňleýjileri Mukaddes Ýazgylary ulanmaga höweslendir (be-U c. 145, 146)

No. 1: Süleýmanyň tymsallary kitabynyň peýdasy. 1-nji bölüm (bsi06-U s. 22—23, abz. 19—28)

No. 2: Süleýmanyň tymsallary 17:1—20

No. 3: Mesihçiler garrylara nähili garamaly?

No. 4: Göge kimler gidýär? (td-U 26A)

Garaşsyzlyk 30 Okamak: Süleý. tymsallary 22—26 Aýdym 3

Dilewarlyk: Aýaty okamazyňdan öň giriş sözlerini aýtmak näme üçin wajyp? (be-U s. 147, abz. 1— s. 148, abz. 2)

Geçilenleri gaýtalamak

Sanjar 6 Okamak: Süleý. tymsallary 27—31 Aýdym 7

Dilewarlyk: Aýaty okamazyňdan öň giriş sözlerini ýerlikli aýtmak (be-U s. 148, abz. 3— s. 149, abz. 3)

No. 1: Süleýmanyň tymsallary kitabynyň peýdasy. 2-nji bölüm (bsi06 s. 23—25, abz. 29—38)

No. 2: Süleýmanyň tymsallary 28:1—18

No. 3: Isanyň ejesi Merýem — «Hudaýyň enesi» däl (td-U 27A)

No. 4: Wagyzda duşýan adamlary näme üçin daş keşbi boýunça höküm etmeli däl?

Sanjar 13 Okamak: Wagyzçy 1—6 Aýdym 14

Dilewarlyk: Labyzly okamak joşgunly okamagy aňladýar (be-U s. 150, abz. 1, 2)

No. 1: Wagyzçy kitabyna giriş (bsi06-U c. 25—26, abz. 1—8)

No. 2: kl c. 48—50, abz. 12—17

No. 3: Mukaddes Ýazgylardaky hakykat nädip akyldarlardan we düşünjelilerden gizlendi? (Mat. 11:25)

No. 4: Merýem hemişelik gyzlygyna galmady (td-U 27B)

Sanjar 20 Okamak: Wagyzçy 7—12 Aýdym 9

Dilewarlyk: Esasy sözleri belläp geçmek (be-U s. 150, abz. 3— s. 151, abz. 2)

No. 1: Wagyzçy kitabynyň peýdasy (bsi06-U s. 26, 27, abz. 15—19)

No. 2: kl s. 50—52, abz. 18—22

No. 3: Mesihçiler ata-babalaryna tagzym etmelimi? (td-U 28A)

No. 4: Gabanjaňlygyň näme zyýany bar?

Sanjar 27 Okamak: Süleýmanyň aýdymy 1—8 Aýdym 17

Dilewarlyk: Esasy sözleri belläp geçmegiň usullary (be-U s. 151, abz. 3 — s. 152, abz. 5)

No. 1: Süleýmanyň aýdymy kitabyna giriş we onuň peýdasy (bsi06-U s. 28—29, abz. 1—4, 16—18)

No. 2: kl s. 53—56, abz. 1—7

No. 3: Näme üçin mesihçiler sada hem-de arassa geýinmeli?

No. 4: Adamlara hormat goýmaly, seždäni bolsa diňe Hudaýa etmeli (td-U 28B)

Bitaraplyk 4 Okamak: Işaýa 1—5 Aýdym 2

Dilewarlyk: Aýatlary dogry düşündir (be-U s. 153, abz. 1 — s. 154, abz. 3)

No. 1: Işaýa kitabyna giriş (bsi06-U s. 29—31, abz. 1—8)

No. 2: kl s. 56—59, abz. 8—15

No. 3: «Ahyrzaman» näme? (td-U 29A)

No. 4: fMesihçiler näme üçin «gaharlanmaga assa» bolmaly? (Ýak. 1:19)

Bitaraplyk 11 Okamak: Işaýa 6—10 Aýdym 25

Dilewarlyk: Aýatlaryň ulanylyşyny aýdyň görkez (be-U s. 154, abz. 4 — s. 155, abz. 4)

No. 1: Plany nädip düzmeli? (be-U s. 39—42)

No. 2: kl s. 59—61, abz. 16—21

No. 3: Bagyşlamak näme üçin wajyp?

No. 4: Soňky günleriň alamatlaryna üns berip, oýa bol! (td-U 29B)

Bitaraplyk 18 Okamak: Işaýa 11—16 Aýdym 27

Dilewarlyk: Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen gürleşmek (be-U s. 155, abz. 5— s. 156, abz. 4)

No. 1: Ýaşlar, ene-ataňyz ýüregiňizi goramaga kömek eder (w04-U 15.10. s. 20, abz. 1— s. 22, abz. 3)

No. 2: kl s. 62—64, abz. 1—7

No. 3: Mesihçiler haýsy baýramçylyklary bellemeýärler (td-U 30A)

No. 4: Hakyky mesihçiler Armageddon urşuna gatnaşmaz

Bitaraplyk 25 Okamak: Işaýa 17—23 Aýdym 8

Dilewarlyk: Peýdasynyň oňatdygyny görkez (be-U s. 157, abz. 1— s. 158, abz. 1)

Geçilenleri gaýtalamak

[Çykgytlar]

a Diňe doganlara bermeli.

b Diňe doganlara bermeli.

c Diňe doganlara bermeli.

d Diňe doganlara bermeli.

e Diňe doganlara bermeli.

f Diňe doganlara bermeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş