Hudaýyň halkynyň arasyndan howpsuzlygy gözle
«Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin» (ZEB. 35:18).
1—3. a) Mesihçileriň Ýehowa bilen gatnaşygyna näme zyýan ýetirip biler? b) Hudaýyň halky howpsuz ýeri nireden gözlemeli?
IŞDEN rugsat günleri Jo aýaly bilen maskaly we trubkaly suwuň astynda merjen gaýalaryň arasynda ýüzüp, dürli reňkdäki hem ululykdaky balyklara syn edýärdi. Olar muňa gyzygyp, merjen gaýalardan daşrak ýüzüp gitdiler. Haçan-da olar has çuňluga ýüzende, Jonyň aýaly: «Biz gaty çuňluga gitdik öýdýän» diýýär. Şonda Jo: «Gorkma, men näme edýänimi özüm bilýärin» diýip jogap berýär. Biraz wagtdan soň Jo geň galyp: «Ähli balyklar nirä ýitirim bolduka? Munuň sebäbini bilende, onuň tas ýüregi ýarylypdy. Çuňlukdan akula ýüzüp gelýärdi. Şonda Jo howply ýagdaýa düşenini duýdy. Akula olara bir metr golaýlaşyp, birdenem yzyna ýüzüp gitdi.
2 Şeýtanyň dünýäsiniň göwün açmalaryna, işine we baýlygyna gyzygan mesihçi howply çuň ýerlerde ýüzýänine düşünmeýär. Mesihçi ýaşuly Jo: «Men kim bilen dostlaşmagyň wajyplygyna göz ýetirdim» diýýär. «Howpsuz we arkaýyn ýüzüp bolýan ýer — ýygnakdyr!» Ýygnakdan daşlaşdyrýan we howply çuň ýerlere ýüzmäň. Eger sen ýygnakdan daşlaşandygyňy duýsaň, haýal etmän «howpsuz ýere» dolan. Ýogsa, sen Ýehowa bilen gatanaşygyňa zyýan ýetirersiň.
3 Şu günler mesihçiler howply dünýäde ýaşaýar (2 Tim. 3:1—5). Şeýtan wagtynyň örän azlygyny bilip, hüşgär däl adamlary ýuwutjak bolýar (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:12, 17). Emma, biziň goragymyz bar. Ýehowa halkyny mesihçiler ýygnagy arkaly ruhy taýdan goraýar.
4, 5. Adamlaryň köpüsi gelejege nähili garaýar we näme üçin?
4 Dünýewi jemgyýet fiziki we duýgy taýdan diňe çäkli derejede gorap bilýär. Adamlaryň köpüsi jenaýatçylygyň, zorlugyň, gymmatçylygyň, hatda tebigatyň hapalanmagynyň howp salýandygyny duýýarlar. Ähli adamlar garraýar we keselleýär. Käbir adamlar işli, öýli-işikli, pully we belli bir derejede saglyk ýagdaýy gowy bolsa-da, olaryň uzaga çekjegine şübhelenýärler.
5 Şeýle-de köp adamlar kalbynda rahatlyk duýmaýar. Gynansakda, nikalaşyp, maşgalada rahatlyk taparys öýdýän adamlaryň köpüsiniň umydy puja çykýar. Hudaýhon adamlaryň ençemesi dini ýolbaşçylaryň berýän maslahatyna şübhelenýär we lapykeç bolýar. Sebäbi olar dini ýolbaşçylarynyň özüni alyp barşy we öwredýän zatlary Mukaddes Ýazgylara gabat gelmeýändigini görýär. Köp adamlar bolsa, ylyma we adamlaryň ýagşylyk etmegine umyt baglamakdan başga hiç zat edip bilmeýär. Şonuň üçin daş töwerekdäki adamlaryň çendenaşa biynjalyklanýandygy ýa-da gelejek barada çuňňur oýlanmaýandygy geň galdyrmaýar.
6, 7. a) Näme üçin Hudaýa gulluk edýänler etmeýänlerden tapawutlanýar? b) Biz nämä serederis?
6 Mesihçiler başga adamlardan, gör, nähili tapawutlanýar! Biz, Ýehowanyň gullukçylary başga adamlar ýaly köp kynçylyklara duşsak-da, olara başgaça seredýäris (Işaýa 65:13, 14; Malaki 3:18-nji aýatlary okaň)a. Näme üçin? Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylardan adamlaryň düşen ýagdaýynyň göwnejaý düşündirilişini we durmuşyň kynçylygyny nädip ýeňmelidigini bildik. Şonuň üçin biz gelejek barada çendenaşa alada etmeýäris. Biz Ýehowanyň gullukçylary bolup, ýaramaz we Hudaýa ýaramaýan pikirlerden, ahlaksyz işlerden we olaryň erbet netijesinden goragymyz bar. Mesihçiler başga adamlardan tapawutlylykda kalbynda rahatlyk duýýar (Iş. 48:17, 18; Flp. 4:6, 7).
7 Ýehowa gulluk etmeýänlerden tapawutlylykda, Oňa gulluk edýänleriň özüni rahat duýandygy barada oýlanmaga käbir mysallar bize kömek eder. Şol mysallar edýän pikirimiz we işlerimiz hakynda oýlanmaga hem-de Hudaýyň peýdaly maslahatyna doly eýermäge ýardam berer (Iş. 30:21).
«Ädimlerim taýmaga golaýdy»
8. Ýehowanyň gullukçylary hemişe näme edýärler?
8 Adamzat taryhynyň başlangyjyndan bäri, Ýehowa gulluk etmek we gulak asmak isleýän adamlar Hudaýa gulluk etmeýänler bilen dostlaşmaýardy. Ýehowa gullukçylarynyň we Şeýtana gulluk edýänleriň arasynda duşmançylyk boljagyny öňünden aýtdy (Gel. çyk. 3:15). Ýehowanyň halky Hudaýyň prinsipine eýermegi berk ýüregine düwendigi üçin, daş-töweregindäki adamlardan tapawutlanýar (Ýahýa 17:15, 16; 1 Ýahýa 2:15—17). Bu olara hemişe aňsat däl. Şol sebäpli Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi janyny aýaman gulluk eder ýaly, paýhasly bolmagy Hudaýdan dileýärler.
9. 73-nji Mezmury ýazan adamy näme biynjalyk etdi?
9 Megerem, Asafyň neslinden bolan Ýehowanyň gullukçylarynyň biri 73-nji Mezmurda paýhasly karara gelendigi hakynda şübhelenendigini ýazýar. Mezmurçy: «Näme üçin erbet adamlar köplenç üstünlik gazanýar, bagtly we baý ýaşaýan ýaly görünýär, Hudaýyň gullukçylarynyň käbiri bolsa, kynçylyklar çekýär» diýip soraglar berýär (Zebur 73:1—13-nji aýatlary okaň).
10. Näme sebäpden mezmurçynyň beren soraglary seniň üçin wajyp?
10 Sen hem özüňe mezmurçy ýaly şeýle soraglar beripmidiň? Eger beren bolsaň, özüňi günäkär saýma we imanyň gowşandyr öýtme. Aslynda, Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsinde, şol sanda Mukaddes Ýazgylary ýazan käbir adamlarda hem şeýle soraglar döräpdi (Eýýup 21:7—13; Zeb. 37:1; Ýerem. 12:1; Hab. 1:1—4, 13). Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi «Hudaýa gulak asyp, gulluk etmek iň gowy ýolmy?» diýen soragyň üstünde oýlanyp, jogabyny bilmeli. Bu sorag Şeýtanyň Erem bagynda orta atan Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky wajyp jedelli mesele bilen baglanyşykly (Gel. çyk. 3:4, 5). Şol sebäpli ählimize mezmurçynyň beren soraglaryna seretmek peýdaly bolar. Biz aladasyz ýaşaýan ýaly görünýän tekepbir adamlara göriplik etmelimi? Ýehowa gulluk edip, onuň ýolundan ýöräp «taýmalymy»? Şeýtan biziň hut şeýle etmegimizi isleýär.
11, 12. a) Mezmurçy şübhelenmez ýaly näme etdi we biz ondan näme öwrenip bileris? b) Saňa mezmurçy ýaly paýhasly karara gelmäge näme kömek eder?
11 Mezmurça şübhelenmez ýaly, näme kömek etdi? Ol dogry ýoldan tas taýandygyny boýun alsa-da, «Hudaýyň mukaddes mekanyna» girip, ýagny Hudaýyň çadyranda ýa ybadathanasynda Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýýan adamlar bilen pikir alşyp we Hudaýyň niýeti barada oýlanyp, garaýşyny üýtgetdi. Şonda mezmurçy erbet işleri etmek islemeýändigine doly düşündi. Ol erbet adamlaryň «sürçek ýerlerde» duranyna göz ýetirdi. Ýehowany taşlap ahlaksyzlyk edýänleriň ählisiniň «howp içinde ýogaljakdygyna» Ýehowanyň bolsa, oňa gulluk edýänlere pena boljakdygyna hem mezmurçy düşündi (Zebur 73:16—19, 27, 28-nji aýatlary okaň). Sen bu sözleriň hakdygyna göz ýetirensiň. Köp adamlara Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmän özüň üçin ýaşamak gowy ýaly bolup görünse-de, ýöne onuň erbet netijesinden gaçyp gutulyp bolmaýar (Gal. 6:7—9).
12 Mezmurçydan biz ýene-de näme öwrenip bileris? Ol Hudaýyň halkynyň arasyndan howpsuzlygy we paýhasy gözledi. Ol Ýehowa sežde edilýän ýere baranda aýdyň we paýhasly pikir edip başlady. Şu günler biz hem paýhasly maslahatçylary we peýdaly ruhy iýmiti ýygnak duşuşyklarynda tapyp bileris. Şol sebäpli Ýehowa gullukçylarynyň ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagyny isleýär. Ol ýerde mesihçiler ruhlanýar we paýhasly işleri etmegi öwrenýär (Iş. 32:1, 2; Ýew. 10:24, 25).
Dostlary paýhasly saýla
13—15. a) Dinanyň mysaly nämäni görkezýär? b) Näme üçin mesihçiler bilen dostlaşmak peýdaly?
13 Dünýewi adamlar bilen dostlaşýan mesihçiler Ýakubyň gyzy Dinanyň mysalyndan gowy sapak edinip biler. Gelip çykyş kitabynda Dinanyň maşgalasynyň düşlän ýerinde, onuň kenganly gyzlar bilen jora bolandygy hakynda gürrüň berilýär. Kenganlylar Ýehowanyň gullukçylary ýaly ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýardy. Arheologlaryň aýtmagyna görä, kenganlylaryň ýaşan ýeri butparazlykdan, ahlaksyzlykdan, azgyn jyns gatnaşyklardan we zalymlykdan doly (Müs. çyk. 23:23; Lew. 18:2—25; Kan. tag. 18:9—12). Dinanyň şeýle adamlar bilen dostlaşmagynyň nämä eltendigini ýada salalyň.
14 Ýerli ýaşaýjylardan Şekem «maşgalada iň hormatlanýanydy». Ol Dinany görüp «tutdy, zorlap, namysyna degdi» (Gel. çyk. 34:1, 2, 19). Gör, nähili masgaraçylyk! Seniň pikiriňçe, Dina şeýle zatlaryň boljagyny bilipmidi? Belki, Dina kenganly ýaşlaryň arasyndan ýöne jora gözländir we olar zyýan ýetirer hem öýden däldir. Emma Dina örän ýalňyşypdy.
15 Bu wakadan biz nähili sapak edinip bileris? Biz mesihçi däl adamlar bilen dostlaşyp, hiç hili zyýan çekmeris öýtmeli däl. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» (1 Kor. 15:33). Ýehowa ynanýan, ony söýýän we ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adamlar bilen dostlaşsak, aman galarys. Şeýle gowy dostluk, paýhasly bolmaga ýardam edýär (Sül. tym. 13:20).
Siz «ýuwuldyňyz»
16. Pawlus resul käbir korintosly mesihçiler barada näme diýdi?
16 Mesihçileriň ýygnagy köp adamlara hapa işlerden ýuwulmaga kömek etdi. Pawlus resul Korintosdaky ýygnaga ýazan birinji hatynda, Hudaýyň kadalaryna eýerip, durmuşyny özgerden mesihçileri öwdi. Olaryň käbiri ahlaksyz, butparaz, zynahor, gomoseksual, ogry, arakkeş we şuňa meňzeş işleri edýän adamlardy. Pawlus olara: «Ýöne ýuwuldyňyz» diýdi (1 Korintoslylar 6:9—11-nji aýatlary okaň).
17. Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna eýerip, durmuşyny nädip özgertdi?
17 Hudaýyň prinsiplerine ynanmaýan adamlar hem bar. Olar gadymy Korintosdaky käbir adamlar ýaly mesihçi bolmazdan öň, bilenini edip ýa-da dünýäniň akymyna gidip, ahlaksyz işleri etdiler (Efes. 4:14). Emma olar Hudaýyň Sözi we niýeti barada dogry bilim alansoň, Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerip, durmuşyny özgertdiler (Kol. 3:5—10; Ýew. 4:12). Şu günler mesihçileriň köpüsi Hudaýyň dogry kadalaryny bilmänkä we olar boýunça ýaşamanka, ahlaksyzlyk edendigi hakynda gürrüň berýärler. Şol wagt olar özüni lapykeç hem bagtsyz duýýardy. Hudaýyň halky bilen gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip başlansoň, olaryň göwünleri göterildi.
18. Bir ýaş uýanyň mysaly nämäni subut edýär?
18 Öň mesihçiler ýygnagyny «howpsuz ýeri» taşlan adamlar indi gaty ökünýär. Tanýa atly uýa şeýle gürrüň berýär: «Men hakykatda terbiýe alypdym, 16 ýaşym dolanda men dünýä gyzygyp, ýygnagy taşladym». Soňra ol göwreli bolýar we abort etdirýär. Häzir Tanýa şeýle diýýär: «Ýygnaga üç ýyllap barman, ýüregime şu çaka çenli bitmeýän ýara saldym. Men dünýä inmedik çagamy öldürendigimi unudyp bilemok... Men dünýäni biraz «dadyp» görmek isleýän ýaşlara: «Siz beýle etmäň! Başda lezzet alan ýaly bolarsyňyz, emma soň onuň ajysyny duýarsyňyz. Bu dünýä gaýgy-hasratdan başga hiç zat berip bilmeýär. Men muny bilýän, çünki ony dadyp gördüm. Ýehowanyň guramasynda galyň! Diňe şonda siz bagtly bolarsyňyz».
19, 20. Mesihçiler ýygnakda nämeden we nädip goralýar?
19 Eger sen ýygnagyň goragyny ret etseň, näme boljagy barada oýlanyp gör. Mesihçileriň köpüsi hakykaty bilmezden öň durmuşynyň manysyz bolandygyny ýatlap, hatda şol barada oýlanmak hem islemeýär (Ýahýa 6:68, 69). Sen mesihçi dogan-uýalar bilen dostlaşyp, Şeýtanyň dünýäsiniň ýetirýän agyrysyndan we betbagtçylygyndan goranyp bilersiň. Olar bilen gatnaşyp, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barsaň, Ýehowanyň dogry kadalaryny ýatlap durarsyň we olar boýunça ýaşarsyň. Hawa, mezmurçy kimin «uly ýygnakda oňa (Ýehowa) şükür etmäge» sende degerli sebäp bar (Zeb. 35:18).
20 Elbetde, mesihçileriň ählisine dürli sebäplere görä, hemişe Hudaýa wepaly bolmak kyn bolýar. Kimdir biri olara dogry ýoly görkezip durmaly. Şeýle pursatda imandaşlaryň ýygnakda galar ýaly, sen näme edip bilersiň? Indiki makalada seniň nädip doganlaryňy ruhlandyryp, abatlap biljekdigiňe serederis (1 Sel. 5:11).
a Işaýa 65:13 Ine, meniň gullukçylarym iýer, siz bolsa ažygarsyňyz. Meniň gullukçylarym içer, siz bolsa suwsarsyňyz. Meniň gullukçylarym begener, siz bolsa utanarsyňyz. 14 Meniň gullukçylarym ýüregindäki rahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar, siz bolsa ýüregiňizdäki agydan ýaňa gygyrarsyňyz, synyk ruhdan ýaňa nalarsyňyz. Malaki 3:18 Siz ýene-de dogrularyň we erbetleriň, Hudaýa gulluk edýänleriň we etmeýänleriň tapawudyny görersiňiz.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• 73-nji Mezmury ýazan adamdan biz näme öwrenip bileris?
• Dinanyň mysalyndan biz nähili sapak edinmeli?
• Sen näme üçin mesihçiler ýygnagyndan howpsuzlygy gözlemeli?