Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/11 sah. 13—17
  • Ýygnakdaky ornuňyzy gymmat saýyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnakdaky ornuňyzy gymmat saýyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ornumyzy nädip gymmat saýmaly?
  • Ornumyza täsir edýän zatlar
  • Ýehowa gulluk etmekde ilerläň
  • Ornuňyzy gaýym saklaň!
  • Ýehowanyň berýän ornuny gymmat saýyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýygnakda Ýehowa öwgi aýdalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýygnak abatlansyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ähli dogan-uýalara hormat goýuň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/11 sah. 13—17

Ýygnakdaky ornuňyzy gymmat saýyň

«Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy» (1 KOR. 12:18).

1, 2. a) Ýygnakda her kim öz ornuny nädip gymmat saýyp biler? b) Biz nähili soraglara serederis?

ÝEHOWA gadymy döwürden bäri öz halkyny, ýagny ysraýyllylary ýygnap, olaryň ruhy taýdan aladasyny edip, görkezme berýärdi. Ýeşuw Gaý şäherini basyp alandan soň, Ysraýyl halkynyň öňünde «kanunda ýazylan ähli sözleri, alkyşlary we näletleri, kanun kitabynda ýazylyşy ýaly» sesli okady (Ýeşuw 8:34, 35).

2 B. e. I asyrynda Pawlus resul Timoteosa mesihçiler ýygnagynyň «Hudaýyň maşgalasydygyny» we «hakykatyň diregi hem daýanjydygyny» aýtdy (1 Tim. 3:15). Häzir bolsa Hudaýyň «maşgalasy» bütin dünýäde ýaşaýan mesihçilerdir. Pawlus korintoslylara ýazan birinji hatynyň 12-nji babynda ýygnagy adamyň bedeni bilen deňeşdirýär. Her bir agzanyň ýerine ýetirmeli borjy aýry-aýry bolsa-da, olaryň hemmesi gereklidir. Pawlus şeýle ýazdy: «Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy». Ol hatda «teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys» diýip belläp geçdi (1 Kor. 12:18, 23). Şol sebäpli Hudaýyň maşgalasynda biriniň orny gowy, başgasynyňky erbet diýip bolmaz, çünki her kimiň öz orny bar. Biz Hudaýyň guramasyndaky ornumyzy nädip tapmaly we gymmat saýmaly? Muňa nämeler täsir edip biler? «Ilerleýşimizi hemmeleriň görmegi üçin» näme edip bileris? (1 Tim. 4:15).

Ornumyzy nädip gymmat saýmaly?

3. Ýygnakdaky ornumyzy nädip tapyp bolar we ony nädip gymmat saýyp bileris?

3 Ýygnakda ornumyzy tapmak we ony gymmat saýmak üçin «sadyk hem akylly hyzmatkär» hem-de onuň wekili, ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty bilen doly işleşmeli (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). Biz hyzmatkär toparynyň berýän görkezmesini kabul edişimiz barada oýlanmaly. Meselem, egin-eşik, daş keşp, göwün açma we Internet babatda bize ençeme ýyldan bäri maslahat berilýär. Bu maslahatlar bizi ruhy taýdan goraýar. Biz olara eýerýärismi? Maşgala seždesini, ýagny okuwyny yzygiderli geçirmek baradaky ündewe gulak asýarysmy? Ony hepdäniň bir agşamy geçirmek üçin gün tertibimize ýazdykmy? Eger sen maşgala gurmadyk bolsaň, Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny geçirýärmiň? Eger hyzmatkär toparynyň görkezmesine eýersek, Ýehowa durmuş gurmadyklara-da, maşgalalara-da pata berer.

4. Şahsy meselelerde biz nämäni göz öňünde tutmaly?

4 Käbir adamlar göwün açma, egin-eşik we daş keşp baradaky meseleleri her kimiň özi çözmeli diýýär. Emma ýygnakda ornuny gymmat saýýan mesihçi şeýle pikir etmeýär. Bu meselede Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen Ýehowanyň garaýşyny bilip, ony göz öňünde tutmaly. Onuň «Sözi aýaklarymyza çyra, ýolumyza nur» bolmaly (Zeb. 119:105). Şeýle-de şahsy meselede gelen kararlarymyzyň wagyzda, ýygnakda we başga ýerlerde duşýan adamlara edýän täsirini göz öňünde tutsak paýhasly bolar (2 Korintoslylar 6:3, 4-nji aýatlary okaň).

5. Biz näme üçin özdiýenli bolmakdan gaça durmaly?

5 «Söz diňlemeýän adamlarda şindi işleýän ruh», biziň dem alýan howamyz ýaly, ähli ýere ýaýran (Efes. 2:1, 2). Bu ruha ýolugan adam Ýehowanyň guramasy arkaly berilýän görkezmäni ret etmegi mümkin. Elbetde, biz Ýahýa resulyň maslahatyny kabul etmedik Diotrefise meňzemek islemeýäris (3 Ýahýa 9, 10). Biz özdiýenli bolmakdan gaça durmaly. Ýehowanyň ulanýan adamlaryny hiç haçan äsgermezlik etmeli däl (San. 16:1—3). Gaýtam, hyzmatkär topary bilen işleşmegi uly hormat saýmaly. Biz ýygnagymyzdaky jogapkär doganlara gulak asyp, boýun bolmaly dälmi näme? (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň).

6. Biz näme barada pikirlenmeli?

6 Mundan başga-da, ýygnakdaky ornumyzy gymmat saýmak üçin köpräk gulluk etmek barada pikirlenmeli we «hyzmatymyzy şöhratlandyryp», Ýehowany dabaralandyrmaga jan etmeli (Rim. 11:13). Meselem, käbir mesihçiler pioner, missioner, etrap gözegçisi we Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup hyzmat edýär. Käbir dogan-uýalar bolsa Patyşalyk zallaryny gurmaga kömek berýär. Ýehowanyň köp gullukçylary maşgalasynyň ruhy taýdan aladasyny edip, her hepde yzygiderli wagyz edýär (Koloseliler 3:23, 24-nji aýatlary okaň). Eger biz Hudaýa hyzmat etmäge taýyn bolup, ýürekden gulluk etsek, Onuň guramasynda hemişe ýerimiz bolar.

Ornumyza täsir edýän zatlar

7. Ýagdaýymyz ýygnakdaky ornumyza nähili täsir edýär? Düşündiriň.

7 Biziň ýagdaýymyz ýygnakda etjek işlerimize belli bir möçberde täsir edip biler. Meselem, doganlaryň ýerine ýetirýän ýumuşlary uýalaryňkydan tapawutlanýar. Ýehowa gulluk edenimizde, biziň ýaşymyz, saglygymyz we başga zatlar hem täsir edýär. Süleýmanyň tymsallary 20:29-da: «Ýaşlaryň şöhraty olaryň güýçleridir; garrylaryň abraýy çal kelleleridir» diýilýär. Ýaşlarda güýç-kuwwat bolany üçin, olar ýygnakda köp işleri etmäge ukyply bolýar. Garrylar hem köp goşant goşýar, çünki olarda akyl-paýhas we tejribe bar. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynda edýän her bir işimiziň Onuň merhemeti bilen berlendigini unutmaly däl (Res. iş. 14:26; Rim. 12:6—8).

8. Biziň islegimiz gullugymyza nähili täsir edip biler?

8 Ýygnakdaky ornumyza başga zat hem täsir edýär. Geliň, iki süýtdeş uýanyň mysalyna seredeliň. Olaryň ikisi-de ýokary synpda okaýardy; ýagdaýlary-da meňzeşdi. Ata-enesi olary orta mekdebi gutarandan soňra pioner bolup gulluk etmäge höweslendirýärdi. Mekdebi tamamlap, olaryň biri pioner gullugyna başlaýar, beýlekisi bolsa bütin gününi alýan işe girýär. Olar näme üçin dürli karara geldilerkä? Olaryň hersi öz islegine görä hereket etdi. Biz barada-da şeýle diýse bolarmy? Hudaýa gullukda näme etmek isleýändigimiz barada çynlakaý oýlanmaly. Köpräk gulluk etmek üçin ýagdaýymyzy üýtgetmeli bolsa-da, elimizden gelenini ederismi? (2 Kor. 9:7).

9, 10. Ýehowa köpräk gulluk etmäge islegimiz bolmasa näme etmeli?

9 Ýehowa köpräk gulluk etmäge islegimiz bolmasa ýa-da ýygnak üçin az zat edýän bolsak näme etmeli? Pawlus filipililere ýazan hatynda: «Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr» diýdi. Hawa, Ýehowa biziň islegimize ýa-da höwesimize täsir edip biler (Flp. 2:13; 4:13).

10 Şoňa görä-de, Ýehowanyň islegini höwes bilen berjaý etmek üçin, ondan kömek sorasak gowy bolmazmy? Gadymy Ysraýylyň Patyşasy Dawut şeýle doga etdi: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir, maňa öwret; çünki Sen meniň halasgär Hudaýymsyň; men bütin gün Saňa umyt baglaýaryn» (Zeb. 25:4, 5). Biz hem Ýehowadan oňa ýaraýan zady etmäge höweslendirmegi diläp bileris. Ýehowa Hudaýyň we Oglunyň biziň wagyz gullugymyzy gymmat saýýandygy barada oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar (Mat. 26:6—10; Luka 21:1—4). Şeýle duýgy Ýehowa köpräk gulluk etmäge höweslendirer. Işaýa pygamber şeýle garaýşy ösdürmekde bize görelde galdyrdy. Ol Ýehowanyň: «Kimi ibereýin, biziň üçin kim gider? — diýenini eşidende — Ine, men, iber meni» diýdi (Iş. 6:8).

Ýehowa gulluk etmekde ilerläň

11. a) Doganlar näme üçin jogapkärli borçlary ýerine ýetirmäge çalyşmaly? b) Gullukda hormatly borçlary ýerine ýetirmek üçin näme etmeli?

11 2008-nji gulluk ýylynda 289 678 adam suwda çokundyryldy. Bu gözegçilik etmäge doganlaryň gerekdigini görkezýär. Muňa dogan nähili seslener? Ol ýygnakda gulluk hyzmatçysy we ýaşuly bolmaga çalyşmaly (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Titus 1:5—9). Dogan bu borçlary ýerine ýetirmek üçin, Mukaddes Ýazgylaryň talabyna laýyk geler ýaly näme etmeli? Ol yhlasly wagyz etmeli, ýygnakda mazmunly jogap berip, tabşyrylan ýumuşlary jogapkärli ýerine ýetirmeli we imandaşlarynyň aladasyny etmeli. Şeýdip, ol ýygnakdaky ornuny gymmat saýýandygyny görkezer.

12. Ýaşlar nädip Ýehowa yhlasly gulluk edip bilerler?

12 Ýaş doganlar, esasanam, ýetginjekler Ýehowa gulluk etmekde nädip ilerläp bilerler? Olar Mukaddes Ýazgylary öwrenip, «akyldarlyk we ruhy düşünjede» öser ýaly tagalla etmeli (Kol. 1:9). Elbetde, munuň üçin Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirip, ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşmaly. Şeýle-de ýaş doganlar «iş bitiriji bir gapydan» girmek üçin, doly wagtly gullugyň dürli görnüşlerine gatnaşmaga jan etmeli (1 Kor. 16:9). Ýehowa gulluk etmegi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, hakyky bagta ýetip, köp bereket alarys (Wagyzçy 12:1-i okaň)a.

13, 14. Uýalar ýygnakdaky oruny nädip gymmat saýýarlar?

13 Zebur 68:11-de: «Sözi beren Rebdi, ony jar edenler (jar edýän aýallar, TD) bolsa uly goşundy» diýilýär. Uýalar bu pygamberligiň ýerine ýetişine ýardam edýändigini hormat bilip, ýygnakdaky ornuny gymmat saýýarlar. Olar muny şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp görkezýärler (Mat. 28:19, 20). Şeýlelikde, uýalar wagza doly gatnaşyp, jan aýaman gulluk edýärler.

14 Pawlus Titusa ýazan hatynda şeýle diýdi: «Garry aýallar hem... ýaşaýyşlarynda sylaga mynasyp, ýagşylygy öwredýänler bolsun. Onsoň olar Hudaýyň sözüne dil ýetirmez ýaly, ýaş gelin-gyzlary öz ärlerini, çagalaryny söýýän, sagdyn düşünjeli, päk, öýünde işeňňir, oňat we öz ärlerine tabyn bolmagy üçin ýetişdirip bilerler» (Titus 2:3—5). Ruhy taýdan ösen uýalar ýygnakda, gör, nähili uly işleri edýär! Olar jogapkärli doganlara hormat goýup, egin-eşik, daş keşp, göwün açma meselelerinde paýhasly karara gelip, başgalara gowy görelde bolýarlar we ýygnakdaky ornuny gymmat saýýarlar.

15. Maşgala gurmadyk uýalar ýekelige nädip hötde gelýär?

15 Käte maşgala gurmadyk uýalar ýygnakdaky ornuny tapyp bilmeýärler. Şeýle duýgyny başdan geçiren uýa: «Durmuş gurmadyk adam käte özüni ýeke duýýar» diýýär. Bu ýagdaýa nädip hötde gelýändigini soranlarynda, ol şeýle jogap berdi: «Doga we şahsy okuw maňa öz ornumy gymmat saýmagyma kömek edýär. Men Ýehowanyň maňa bolan garaýşy barada pikirlenýärin. Soňra ýygnakdaky dogan-uýalara kömek etmäge çalyşýaryn. Bu bolsa özüme üns bermän, başgalar barada alada etmäge kömek edýär». Zebur 32:8-de Ýehowa Dawuda: «Saňa görkezme bererin... gözüm sende bolar» diýdi. Hawa, Ýehowa her bir gullukçysynyň, şol sanda, maşgala gurmadyk uýalaryň hem aladasyny edýär we olaryň ählisine ýygnakda öz orunlaryny tapmaga kömek eder.

Ornuňyzy gaýym saklaň!

16, 17. a) Ýehowanyň çakylygyna seslenip, biz näme üçin iň gowy karara gelip bilýäris? b) Ýehowanyň guramasyndaky ornumyzy nädip gaýym saklap bileris?

16 Ýehowa her bir gullukçysyny özi bilen dostlaşmaga mähirli çagyrýar. Isa: «Meni iberen Atam çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez» diýdi (Ýahýa 6:44). Ýehowa millionlarça adamlaryň arasyndan bizi saýlap, öz halkynyň agzasy etdi. Biz onuň çakylygyna seslenip, iň gowy karara gelip bilýäris. Bu biziň durmuşymyzy manyly edýär. Biz özümizi diýseň bagtly duýýarys, çünki, ýygnakda ornumyz bar!

17 Mezmurçy şeýle diýdi: «Ýa Reb, men Seniň ýaşaýan öýüňi... söýýärin. Meniň aýagym tekiz ýerde dur. Men ýygnaklarda Rebbe sena ederin» (Zeb. 26:8, 12). Hak Hudaý biziň her birimize guramasyndan ýer berdi. Biz gurama arkaly berilýän görkezmä eýerip, Ýehowa gulluk etmegi dowam etsek, gymmatly ornumyzy gaýym saklarys.

a Wagyzçy 12:1 Agyr günler gelmänkä, sen: «Şatlykly günlerim ýok» diýjek ýyllaryň golaýlamanka, ýaşlyk günleriňde özüňi Ýaradany ýatla.

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin ýygnakda her bir mesihçiniň orny bar diýse bolar?

• Hudaýyň guramasyndaky ornumyzy nädip gymmat saýyp bileris?

• Ýygnakdaky ornumyza näme täsir edip biler?

• Ýaş we ýaşy uly mesihçiler Hudaýyň guramasyndaky ornuny nädip gymmat saýyp bilerler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş