Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/11 sah. 20—24
  • Doganlyk söýgüsini artdyryň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doganlyk söýgüsini artdyryň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Siz hem göwnüňizi giň tutuň»
  • Doganlar bilen kiçigöwünli boluň
  • Kiçigöwünlilik agzybir bolmaga kömek edýär
  • «Iş hem hakykat bilen söýeliň»
  • «Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • «Doganlyk söýgiňiz» sowaşmasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Dogan-uýalary ýürekden söýüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/11 sah. 20—24

Doganlyk söýgüsini artdyryň

«Mesih bizi nähili söýen bolsa... siz hem söýgüde geziň» (EFES. 5:2).

1. Isanyň aýtmagyna görä, mesihçiler näme bilen tapawutlanýar?

ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇILERI Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmegi bilen tanalýar. Ýöne Isa mesihçileriň ýene-de bir aýratynlygy bilen tapawutlanjakdygyny aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35).

2, 3. Ýygnak duşuşyklaryna gelýän adamlara doganlyk söýgüsi nähili täsir edýär?

2 Mesihçileriň arasyndaky doganlyk söýginiň deňi-taýy ýok. Magnitiň demiri özüne çekişi ýaly, söýgi hem Ýehowanyň gullukçylaryny agzybir edýär we ak ýürekli adamlary hakykata çekýär. Meselem, Kamerunda ýaşaýan Marselino işde bolan betbagtçylyk sebäpli kör bolýar. Adamlar onuň jadygöýlik bilen meşgullanandygy üçin kör boldy diýen myş-myş ýaýradýar. Buthananyň ruhanysy we agzalary göwünlik bermegiň deregine, ony kowýarlar. Ýehowanyň Güwäçisi ony ýygnak duşuşygyna çagyranda, ol gitmäge ýaýdanýar, sebäbi has beter ýigrenilerin öýdüp gorkýar.

3 Marselino ýygnaga baranda güler ýüz bilen garşylanýar we Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlary eşidip teselli tapýar. Ol muňa örän geň galýar. Ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýar we 2006-njy ýylda suwda çokundyrylýar. Häzir ol maşgalasyna we garyndaşlaryna wagyz edip, birnäçe Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Marselino okuw geçýän adamlaryny Hudaýyň halkynyň arasynda duýan söýgüsi bilen söýýär.

4. Biz Pawlusyň «söýgüde geziň» diýen maslahatyna näme üçin gulak asmaly?

4 Doganlyk söýgüsi özüne çekiji bolmaly. Bu söýgini bildirmek üçin ählimiz tagalla etmeli. Geliň, gije ýanyp duran ody göz öňüne getireliň. Onuň ýagtysy we ýylylygy adamlary özüne çekýär. Emma oňa odun taşlap durmasaň söner. Şonuň ýaly, biz hem ýygnakda dogan-uýalara bolan söýgimizi ösdürip durmasak sowar. Biz ony nädip ösdürip bileris? Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesih bizi nähili söýen bolsa, Özüni biziň üçin atyr ysly sowgat, gurban hökmünde Hudaýa hödürlän bolsa, onda siz hem söýgüde geziň» (Efes. 5:2). Şu makalada söýgüde nädip gezip bolýandygyna serederis.

«Siz hem göwnüňizi giň tutuň»

5, 6. Pawlus resul näme üçin Korintosdaky mesihçilere «göwnüňizi giň tutuň» diýdi?

5 Pawlus resul I asyrda ýaşan korintosly mesihçilere şeýle ýazdy: «Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir. Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz. Muňa derek size öz balalarym hökmünde aýdýaryn, siz hem göwnüňizi giň tutuň» (2 Kor. 6:11—13). Pawlus resul näme üçin korintoslylara göwnüňizi giň tutup, söýgiňizi artdyryň diýdi?

6 Geliň, Korintosdaky ýygnagyň döreýşine seredeliň. B. e. 50-nji ýylynyň ahyrynda Pawlus resul Korintosa gelýär. Oňa wagyz edip başlamak kyn bolsa-da, ol ýeň bermeýär. Tizden adamlaryň köpüsi hoş habara iman edýär. Pawlus täze ýygnagy berkitmek we öwretmek üçin «bir ýarym ýyllap» güýjüni sarp edýär. Ol Korintosdaky mesihçileri örän söýýärdi (Res. iş. 18:5, 6, 9—11). Olarda-da Pawlusy söýmäge we sylamaga ähli sebäpleri bardy. Emma käbir mesihçiler ondan daşlaşdylar (1 Kor. 5:1—5; 6:1—10). Käbiri bolsa «ýokary derejeli resullara» gulak asdylar (2 Kor. 11:5, 6). Pawlus ähli dogan-uýalarynyň çyn ýürekden söýmegini isleýärdi. Şol sebäpli, ol imandaşlarynyň özi bilen we biri-biri bilen dostlaşmagy üçin «göwnüňizi giň tutuň» diýip maslahat berdi.

7. Doganlary söýmek üçin nädip «göwnümizi giň tutmaly»?

7 Geliň, indi özümiz barada gürrüň edeliň. Biz doganlary söýmek üçin nädip göwnümizi giň tutup bileris? Adatça, adamlar milletine we ýaşyna görä dostlaşýarlar. Göwün açanda meşgullanýan zatlary meňzeş bolan adamlar bolsa, köplenç wagtyny bile geçirýär. Şonuň üçin eger käbir mesihçiler bilen dostlaşyp, käbirinden daşlaşsak «göwnümizi giň tutmaly». Biz özümize şeýle soraglar bersek paýhasly bolar: «Ýakyndan gatnaşmaýan dogan-uýalarym bilen seýrek wagyz edip, olary seýrek myhmançylyga çagyrýarynmy? Ýygnaga täze gelenler ilki meniň dostlugymy gazansyn diýip, olar bilen känbir gatnaşmaýarynmy? Men dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen saglyk-amanlyk soraşýarynmy?»

8, 9. Pawlusyň Rimliler 15:7-däki maslahaty söýgini birkitmäge nädip kömek edýär?

8 Bu meselede Pawlusyň rimlilere ýazan sözleri imandaşlarymyza dogry garamaga kömek edýär (Rimliler 15:7-ni okaň). «Kabul ediň» diýip terjime edilen grek sözi «mähirli we güler ýüz bilen garşylamagy» aňladýar. Gadymy döwürlerde öýüň eýesi dostlaryny myhman alanda, olary mähirli garşylaýardy. Isa Mesih-de bizi mesihçiler ýygnagyna mähirli kabul etdi, biz hem ýygnakda imandaşlarymyzy şeýle garşylamaly.

9 Biz ýygnakda ýa-da başga ýerlerde doganlar bilen saglyk-amanlyk soraşanymyzda, köp wagtdan bäri görüşmedik doganlara has üns bermeli. Olar bilen gürrüňdeş bolmak üçin biraz wagt sarp edip bilermisiňiz? Indiki sapar bolsa, başga dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boljak boluň. Şeýdip, gysga wagtyň içinde dogan-uýalaryň köpüsi bilen ýakyndan tanşyp bolar. Bir gezekde ählisi bilen gepleşip bilmändigiňize gynanmaň. Olaryň hemmesi bilen saglyk-amanlyk soraşmaga ýetişmeseňiz-de, sizden öýkelemezler.

10. Ýygnaklarda nähili mümkinçilik bar we biz ondan nädip peýdalanyp bileris?

10 Salamlaşmak — myhmansöýerligiň ilkinji ädimi. Bu gowy gürrüňdeşligiň we dostlugyň başlangyjydyr. Meselem, kongrese barýan doganlar biri-biri bilen tanşyp, gürrüňdeş bolýarlar we ýakyn wagtda ýene-de görüşmäge umyt edýärler. Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işine meýletin gatnaşýan doganlar biri-birlerini gowy tanap dostlaşýarlar. Şeýle dostlary diňe Ýehowanyň guramasynda görse bolýar. Eger biz «göwnümizi giň tutsak» köp adamlar bilen dostlaşyp, söýgimizi berkideris we agzybirlikde sežde ederis.

Doganlar bilen kiçigöwünli boluň

11. Markus 10:13—16-njy aýatlarda Isa nähili görelde görkezdi?

11 Mesihçileriň ählisi Isa ýaly kiçigöwünli bolmaly. Şägirtler Isanyň ýanyna çagalary goýbermejek bolanda, onuň näme edenine seredeliň. Ol: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň; çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. Soňra «ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi» (Mar. 10:13—16). Beýik Mugallymyň bildiren söýgüsine, çagalar nähili şatlanandyr!

12. Adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga näme päsgel berip biler?

12 Her bir mesihçi özüne şeýle sorag bermeli: «Men başgalaryň aladasyny edýärinmi ýa-da köplenç öz işim bilen gümra?» Hawa, käte dymmak peýdaly. Emma dogan-uýalaryň ýanynda hemişe telefon arkaly hat alyşsak, gepleşsek ýa aýdym diňlesek, olara biparh garaýan ýaly bolup görner. Eger kompýutere güýmensek, olaryň gürrüňini diňlemeýän ýaly bolar. Hawa, «dymmagyň öz wagty bar», ýöne köpçülikde «gepleşmegiň wagtydyr» (Wag. 3:7). Käbirleri «men geplemezek» ýa-da «irden geplemegi halamaýaryn» diýmegi mümkin. Ýöne gepleşmegi halamasak-da, «öz nepimizi gözlemän» dostlukly gürrüňdeşligi goldap dursak, söýgimizi bildireris (1 Kor. 13:5).

13. Pawlus ýaş Timoteosa dogan-uýalara nähili garaýyşda bolmagy maslahat berdi?

13 Pawlus ýaş Timoteosa ýygnagyň ähli agzalaryna hormat goýmagy maslahat berdi (1 Timoteos 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Biz hem ýaşuly mesihçilere atamyz ýa enemiz ýaly, ýaşkiçilere jigilerimiz ýaly garamaly. Eger mähriban dogan-uýalarymyza şeýle garaýyşda bolsak, olar özlerini ýeke duýmaz.

14. Dogan-uýalar bilen ruhlandyryjy gürrüňdeşligiň nähili peýdasy bar?

14 Biz dogan-uýalar bilen ruhlandyryjy gürrüňler etsek, olary ruhy taýdan berkidip, göwnüni götereris. Bir dogan Beýtelde ýaňy gulluk edip başlan wagtlary, ýanyna wagtal-wagtal özünden uly beýtelçileriň gelip, gürrüňdeşlik edenini ýatlaýar. Olaryň ruhlandyryjy sözlerini diňläp, ol özüni Beýtel maşgalasynyň agzasy duýýar. Häzir onuň özi hem beýleki beýtelçileri ruhlandyrýar.

Kiçigöwünlilik agzybir bolmaga kömek edýär

15. Mesihçileriň arasynda-da agzalalygyň bolýandygyny haýsy mysallar görkezýär?

15 Gadymy Filipide ýaşan Ewodiýa bilen Sintihi atly uýalar bir zat sebäpli oňuşmandyrlar (Flp. 4:2, 3). Pawlus bilen Barnabasyň arasynda turan dawa köp mesihçilere mälim boldy; netijede, olaryň hersi bir tarapa gitdi (Res. iş. 15:37—39). Mesihçileriň arasynda-da käte agzalylyk bolup biler. Ýehowa döreýän düşünişmezligi çözmäge we ýaraşmaga ýardam edýär, emma bizden hem bir zady talap edýär.

16, 17. a) Kiçigöwünlilik agzalalygy çözmäge nädip kömek edýär? b) Ýakup hem Esaw bilen bolan waka kiçigöwünliligiň wajyplygyny nädip görkezýär?

16 Aýdaly, siz dostuňyz bilen maşynly bir ýere gitmekçi bolýarsyňyz. Ilki bilen, maşyny açar bilen otlamaly. Agzalalygy çözmegiň hem açary bar. Ol — kiçigöwünlilik (Ýakup 4:10-y okaň). Aşakdaky mysaldan görnüşi ýaly, arasyna tow düşen adamlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, şol açary ulandylar.

17 Esaw nowbaharlyk hakyny ýitirende, dogany Ýakuba gahary gelip, ony öldürjek bolýar. Olar ýigrimi ýyldan ýene duşuşmaly bolanda «Ýakup juda gorkýar». Ol Esawyň öldürerinden gorkýardy. Ýöne şol duşuşygyň öň ýany, Ýakup Esawyň ýüregini ýumşatmak üçin, onuň garaşmadyk zadyny edýär. Ol ýanyna gelýän doganyna «iki bükülip tagzym edýär». Soňra näme boldy? «Esaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar». Gandöküşligiň öňi alyndy. Ýakubyň kiçigöwünliligi doganynyň gaharyndan üstün çykdy (Gel. çyk. 27:41; 32:3—8; 33:3, 4).

18, 19. a) Agzalalyk dörände Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýermek näme üçin wajyp? b) Ýaraşmak üçin eden tagallalarymyz netijesiz bolsa-da, näme üçin ruhdan düşmeli däl?

18 Mukaddes Ýazgylarda agzalalygy çözmek barada gowy maslahat berilýär (Mat. 5:23, 24; 18:15—17; Efes. 4:26, 27)a. Şol maslahatlara eýermesek ýaraşmak kyn bolar. Açary özümiz ulanman, beýleki adamyň kiçigöwünliligine garaşsak, mesele çözülmez.

19 Käbir sebäplere görä, ýaraşmak üçin eden tagallalarymyz netijesiz bolsa-da, ruhdan düşmeli däl. Belki-de, öýkeli adama köşeşmek üçin wagt gerekdir. Ýusubyň doganlary oňa haýynlyk etdi. Birnäçe ýyldan soň, Ýusup doganlary bilen duşuşýar, şonda ol Müsüriň hökümdarydy. Netijede, Ýusubyň doganlary eden günäsine düşünip, ötünç soraýarlar. Ýusup olary bagyşlaýar we Ýakubyň ogullary Ýehowanyň adyny göterýän millet bolýar (Gel. çyk. 50:15—21). Biz dogan-uýalar bilen parahatlykda ýaşap, ýygnagyň agzybirligine we şatlygyna ýardam edýäris (Koloseliler 3:12—14-nji aýatlary okaň).

«Iş hem hakykat bilen söýeliň»

20, 21. Isanyň resullarynyň aýagyny ýuwmagyndan nähili sapak edinip bileris?

20 Isa ölmeziniň öň ýany resullarynyň aýaklaryny ýuwup: «Siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim» diýdi (Ýahýa 13:15). Bu ýöne bir ýagşylyk etmek däbi däldi. Ýahýa bu wakany beýan etmezden öň şeýle diýdi: «Isa bu dünýäde Özüniňkileri nähili söýen bolsa, olary ahyryna çenli-de şeýle söýdi» (Ýahýa 13:1). Isa şägirtlerini söýýändigi üçin hyzmatkär hökmünde gulluk edýärdi. Indi, olar biri-birine hyzmat etmelidi. Hawa, doganlyk söýgüsi bizi ähli dogan-uýalara hyzmat etmäge höweslendirmeli.

21 Hudaýyň Ogly Petrusyň aýagyny ýuwanda, ol munuň manysyna gowy düşündi. Şol sebäpli Petrus: «Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň» diýdi (1 Pet. 1:22). Isa Ýahýanyň hem aýagyny ýuwupdy. Şonuň üçin Ýahýa: «Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň» diýdi (1 Ýahýa 3:18). Biz hem doganlary iş ýüzünde söýmeli.

a «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rus.) kitabyň 144—149-njy sahypalaryna serediň.

Ýadyňyzdamy?

• Doganlary söýmek üçin nädip «göwnümizi giň tutup» bileris?

• Doganlar bilen kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder?

• Kiçigöwünlilik agzybir bolmaga nädip ýardam edýär?

• Dogan-uýalara hyzmat etmäge näme höweslendirmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş