Hudaýyň halky özüni edepli alyp barýar
«Hudaýdan görelde alyň» (EFES. 5:1).
1, 2. a) Edepli bolmak näme üçin wajyp? b) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?
«EDEPLILIK elmydama biziň hemramyz bolmaly. Mylakatly bolmak hemişe we ähli ýerde peýdaly» diýip, bir ýazyjy ýazýar. Mylakatly adam bilen düşünişmezlik bolaýanda-da, ony çözmek aňsat bolýar. Gödeklik bolsa dawa-jenjel we gahar-gazap döredip, gaýga batyrýar.
2 Hudaýyň halky edep-terbiýesi bilen tanalýar. Emma şonda-da biz häzirki dünýäde giňden ýaýran edepsizlikden gaça durmaly bolýarys. Mukaddes Ýazgylaryň edep-terbiýe barada berýän maslahatlaryna eýersek, bizi gorar we adamlary hakyky seždä çeker. Bu barada şu makalada gürrüň ederis. Edepli bolmagyň näme aňladýandygyna düşünmek üçin, geliň, Ýehowa Hudaý bilen Oglunyň mysalyna seredeliň.
Ýehowa bilen Oglunyň görkezen göreldesi
3. Ýehowa Hudaý mylakatly bolmakda nähili görelde görkezdi?
3 Ýehowa Hudaý mylakatly bolmakda kämil görelde görkezýär. Ol Älemiň hökümdary bolsa-da, adamlar bilen özüni örän mähirli we sylaşykly alyp barýar. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda, Ýehowanyň Ybraýym bilen Musa ýüzlenip aýdan sözi buýrugy däl-de, haýyşy aňladýar (Gel. çyk. 13:14; Müs. çyk. 4:6). Gullukçylary ýalňyşsa-da, Ýehowa «rehimden doly we mähriban... gaty sabyrly, merhemete, hakykata baýdyr» (Zeb. 86:15). Ol sähelçe zada gany gyzýan adamlardan düýpgöter tapawutlanýar.
4. Biz nädip Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris?
4 Biz Hudaýyň adamlary diňleýşinden hem edep-terbiýäni öwrenip bileris. Ybraýym Sodomyň ýaşaýjylary üçin biynjalyk bolup, ençeme soraglar berende, Ýehowa onuň her bir soragyna sabyr-takatly jogap berdi (Gel. çyk. 18:23—32). Ol Ybraýym soraglary bilen wagtymy aldy diýmedi. Ýehowa her bir gullukçysynyň dogasyny diňleýär we toba gelen günäkärleriň perýadyny eşidýär (Zebur 51:11, 17-nji aýatlary okaň). Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlary ünsli diňläp bilerismi?
5. Isanyň eden ýagşylygyndan görelde alsak, adamlara nähili täsir eder?
5 Isa pygamber hem ýagşylyk etmegi Atasyndan öwrendi. Käte ol köp wagtyny we güýjüni sarp etmeli bolsa-da, adamlara hemişe sabyrly bolup, mähirli garaýardy. Ol heýwere kesellilere, dilegçilik edýän körlere we beýleki mätäç adamlara-da ýardam bermäge taýýardy. Olar amatsyz wagt gelse-de, Isa äsgermezlik etmezdi. Ol hasrat çekýän adamlara kömek etmek üçin, köplenç edip duran işini-de goýýardy. Isa iman eden adamlaryň has-da aladasyny edýärdi (Mar. 5:30—34; Luka 18:35—41). Mesihçiler hem Isanyň göreldesine eýerip, ýagşylyk edýärler. Bu dogan-garyndaşlarymyza, goňşy-golamlarymyza we beýleki adamlara bilinmän galmaz. Şeýle-de edýän ýagşy işlerimiz Ýehowany şöhratlandyryp, bizi bagtly edýär.
6. Isa adamlara hormat goýmakda nähili görelde galdyrdy?
6 Isa adamlaryň adyny tutup ýüzlenmek bilen hem, olara hormat goýýandygyny görkezdi.a Eýsem, ýehudy dini ýolbaşçylary barada näme diýse bolar? Olar Musanyň kanunyny bilmeýän adamlara «nälet» diýip, olary äsgermediler (Ýahýa 7:49). Ýöne Hudaýyň Ogly olar ýaly däldi. Meselem, ol Marta, Merýeme, Zakkaýa we başga adamlara ýüzlenende, olaryň adyny tutdy (Luka 10:41, 42; 19:5). Adamlara ýüzlenilende her medeniýetiň öz düzgüni bolsa-da, Ýehowanyň gullukçylary dostlukly gatnaşygy ösdürýärler. Olar imandaşlarynyň we beýleki adamlaryň jemgyýetde tutýan ornuna garamazdan, olara hormat goýýarlar (Ýakup 2:1—4-nji aýatlary okaň).
7. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bize ähli adamlar bilen mylakatly bolmaga nädip kömek eder?
7 Hudaý we onuň Ogly her milletdäki hem-de taýpadaky adamlara mähribanlyk bildirip, olaryň mertebesine hormat goýýar. Şeýdip, Ýehowa dogry adamlary özüne çekýär. Elbetde, her ýeriň öz edep-tertibi bar. Şol sebäpli biz belli bir düzgünler boýunça ýaşamaýarys. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bize ähli adamlaryň mertebesini sylamaga kömek edýär. Geliň, indi wagyzda adamlara mylakatly bolmaklygyň gowy netije berýändigine seredeliň.
Saglyk-amanlyk soraşmak
8, 9. a) Erbet endiklere näme degişli? b) Adamlar bilen gatnaşygymyza täsir edýän Matta 5:47-däki sözlere näme üçin eýermeli?
8 Adamlar bu dünýäniň hysyrdylary bilen başagaý bolup, biri-birine duşanlarynda-da salamlaşmaýarlar. Elbetde, her bir duşan adamyň bilen saglyk-amanlyk soraşmaklyk talap edilmeýär. Emma köp ýagdaýlarda salamlaşmaly bolýar. Siziň ýaşaýan ýeriňizde adamlar biri-birini görende salamlaşýarmy? Ýa-da salamlaşman hem geçip gidýärmi? Şeýle ýagdaýda adam edepsiz endikleri öwrenendigini duýman galar.
9 Isa şeýle diýdi: «Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?» (Mat. 5:47). Bu babatda, maslahatçy Donald Wis şeýle ýazdy: «Kimdir biri görmezlige salsa ýa-da äsgermezlik etse, her kimiň hem gahary geler. Şonda sen ötünç sorasaň-da, peýdasy bolmaz. Munuň emi aňsat: salamlaşmaly we gürrüňdeş bolmaly». Adamlar bilen gepleşenimizde sowuk-sala we doňýürek bolmasak gowy netijeler berer.
10. Edeplilik wagyzda nähili gowy netije berip biler? («Mähirli salamlaşyň» diýen çarçuwa serediň).
10 Demirgazyk Amerikanyň uly şäheriniň birinde ýaşaýan mesihçi är-aýal Tom bilen Kerolyň mysalyna seredeliň. Olar goňşy-golamlary bilen mähirli gürrüňdeş bolmagy maksat edindiler. Nädip? Ýakup 3:18-e salgylanyp, Tom şeýle gürrüň berýär: «Biz adamlar bilen agzybir we mähirli bolmaga çalyşýarys. Şol töwerekde ýaşaýan we işleýän adamlaryň ýanyna baryp, mähirli salamlaşýarys. Olaryň gyzyklanýan zatlary: çagalary, iti, öýi we işleri barada gürrüň edýäris. Wagtyň geçmegi bilen, olar bizi dostlary ýaly kabul edýärler». Soňra aýaly şeýle diýýär: «Indiki sapar baranymyzda bolsa, öz adymyzy aýdyp, olaryň hem adyny soraýarys. Biz näme bilen meşgullanýandygymyzy aýtsak-da, olaryň köp wagtyny almaýarys. Soňy bilen wagyz edip başlaýarys». Tom bilen Kerol goňşularynyň ynamyna girdiler. Olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady, köpüsi bolsa okamaga edebiýat alýarlar.
Gödeklige duşsak
11, 12. Biz wagyzda duş gelýän gödeklige näme üçin geň galmaýarys we özümizi nähili alyp barmaly?
11 Biz käte wagyzda gödeklige duş gelýäris. Muňa biz geň galmaýarys, çünki Isa şeýle diýdi: «Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar» (Ýahýa 15:20). Eger biz gödeklige gödeklik bilen jogap bersek gowulyga eltmez. Onda özümizi nähili alyp barmaly? Petrus resul şeýle ýazýar: «Ýüregiňizde Mesihi Reb hökmünde mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň» (1 Pet. 3:15, 16, çykgyt). Mylakatly, ýagny ýumşaklyk we saýhallylyk bilen jogap bersek, bize sögen adamlaryň ýüregini ýumşadyp bileris (Titus 2:7, 8).
12 Bize sögenlerinde, özümizi Hudaýyň gullukçysy hökmünde alyp baryp bilerismi? Hawa. Munuň üçin Pawlusyň beren maslahatyna hemişe eýermeli: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Kol. 4:6). Eger öýde, okuwda, işde, ýygnakda we başga ýerlerde mylakatly bolmagy endik edinsek, bizi kemsidip, sögseler-de özümizi Hudaýyň gullukçysy hökmünde alyp barmaga taýyn bolarys (Rimliler 12:17—21-nji aýatlary okaň).
13. Mylakatlylygyň duşmanyň ýüregini ýumşadyşyny gürrüň beriň.
13 Dogrudan-da, gödeklige garamazdan, edepli bolsak gowy netijeler berer. Ýaponiýada bolan bir waka seredeliň. Doganymyz öýden-öýe wagyz edip ýörkä, öý eýesi bilen myhmany onuň üstünden gülýär. Ol mylaýym ýylgyrýar-da, gitmek bilen bolýar. Ol şol töwerekde ýene-de wagyz edip ýörkä, hälki myhmana duşýar. Ol doganymyza şeýle diýýär: «Geçen saparky üçin ötünç soraýaryn. Biz özümizi gödek alyp barsak-da, siz ýylgyryp durduňyz. Menem siziň ýaly bolup bilermikäm?» Ol adam bar umydyny ýitiripdir, sebäbi ejesi aradan çykýar we işsiz galýar. Doganymyz oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürleýär. Tizden ol hepdede iki sapar okuw geçip başlaýar.
Çagalaryňyza edepli bolmagy öwrediň
14, 15. Gadym döwürde Ýehowanyň gullukçylary çagalaryny nädip terbiýeleýärdi?
14 Gadymy döwürde hudaýhon ata-eneler çagalaryna edepli bolmagy öwredýärdi. Gelip çykyş 22:7-ni okap, Ybraýym bilen ogly Yshagyň biri-birine mähirli ýüzlenişine üns beriň. Ýusubyň hem özüni alyp barşyndan kakasy bilen ejesinden gowy terbiýe alandygy görünýär. Ol hatda türmede-de tussaglar bilen mylakatly gepleşýär (Gel. çyk. 40:8, 14). Faraon bilen gepleşende bolsa, onuň ýokary wezipeli adamlara hormat bilen ýüzlenip bilýändigi görünýär (Gel. çyk. 41:16, 33, 34).
15 Ysraýyl ogullaryna berlen On tabşyrygyň birinde şeýle diýilýär: «Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar» (Müs. çyk. 20:12). Çagalar, esasanam, öýde ata-enelerine hormat goýmaly. Ýeftahyň gyzy örän kyn ýagdaýa düşse-de, kakasynyň beren wadasyny berjaý edip, oňa uly hormat goýdy (Kaz. 11:35—40).
16—18. a) Çagalar edepliligi nädip öwrenip bilerler? b) Çagalara edepliligi öwretmegiň nähili peýdasy bar?
16 Çagalarymyza edepli bolmagy öwretmek örän wajypdyr. Ulular bilen gowy gatnaşyk saklamak üçin, ýaşlar telefonda jogap bermegi, öýüne gelen myhmanlar bilen salamlaşmagy we saçak başynda özüni gowy alyp barmagy öwrenmeli. Olara özünden ululara ýer bermegiň, garrylaryň we syrkawlaryň aladasyny etmegiň, agyr ýük göterip barýan adama kömekleşmegiň wajypdygyny düşündirmeli. Olar «haýyş edýärin», «sag boluň», «taňry ýalkasyn», «baş üstüne», «näme hyzmat?», «bagyşlaň» we şuňa meňzeş sözleri ýürekden aýtmalydygyna düşünmeli.
17 Çagalara edepli bolmagy öwretmek aňsat däl. Munuň üçin iň gowusy özüň görelde bolmaly. Ýigrimi bäş ýaşly Kurt özüniň we üç doganynyň mylakatly bolmagy öwrenişini şeýle gürrüň berýär: «Biz kakam bilen ejemiň biri-birine we beýleki adamlara mylakatly, sabyrly, ünsli gepleşýändigini görüp gelýäris. Kakam ýygnakdan öň we soň meni ýanyna alyp, uly ýaşly dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýardy. Men onuň salam berşini we hormat goýşuny görýärdim». Kurt munuň özüne eden täsirini şeýle gürrüň berýär: «Kem-kemden onuň gowy gylyk-häsiýetleri maňa-da geçdi. Men hem adamlar bilen mylakatly gepleşmegi endik edindim. Muny men mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen edýärin».
18 Ata-eneler çagalaryna edepliligi öwretseler, aňsatlyk bilen dost tapmaga we adamlar bilen oňşukly ýaşamaga kömek ederler. Olar işde başlygy we işdeşleri bilen agzybir işleşerler. Galyberse-de, mylakatly, edepli çagalar ata-enesini begendirip, olaryň göwnüni götererler (Süleýmanyň tymsallary 23:24, 25-nji aýatlary okaň).
Mesihçiler edepliligi bilen tapawutlanýar
19, 20. Biz näme üçin mähriban Hudaýymyza we Ogluna eýermegi ýüregimize düwmeli?
19 Pawlus resul: «Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň» diýip ýazdy (Efes. 5:1). Ýehowa Hudaýdan we Oglundan görelde almak üçin, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeli. Olaryň birnäçesi şu makalada seredilýär. Şu prinsiplere eýersek, biz ýolbaşçy adamlara ýaranjak ýa-da peýda görjek bolup, göz üçin mylakatly bolmakdan gaça durarys (Ýahuda 16).
20 Ýehowa ilkibaşdan adamlara edepli bolmagy öwredip gelýär. Şu soňky günlerde Şeýtan şol kadalar boýunça ýaşatdyrmajak bolýar. Emma mesihçiler Iblise başartmaz, çünki biziň her birimiz mähriban Hudaýymyzyň we Oglunyň göreldesine eýermegi ýüregimize düwdük. Şol sebäpli biziň sözümiz we hereketimiz edepsiz adamlaryňkydan hemişe tapawutlanar. Mylakatly bolmakda kämil görelde görkezýän Hudaýymyz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrarys we akýürekli adamlary hakyky seždä çekeris.
a Käbir ýurtlarda özüňden uly adamyň diňe adyny tutup ýüzlenseň, edepsizlik hasaplanýar. Emma mesihçiler her bir medeniýetiň däbini göz öňüne tutýar.
Ýadyňyzdamy?
• Biz mylakatly bolmakda Ýehowadan we Oglundan näme öwrenip bileris?
• Adamlar bilen mähirli salamlaşsak, Hudaýyň halkynyň abraýyna nähili täsir eder?
• Näme üçin wagyzda mylakatly bolmak wajyp?
• Ata-eneler çagalarynyň edepli bolmagy üçin näme edip biler?