Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/6 sah. 18—22
  • Ýehowanyň häkimiýetini kabul et

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň häkimiýetini kabul et
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Häkimiýete bolan garaýşymyz
  • Saýgarma ukyplarymyzy terbiýeleýäris
  • Şeýtan Hudaýyň häkimiýetiniň abraýyny düşürjek bolýar
  • Özdiýenli ruhdan ägä boluň
  • Kiçigöwünlilik wajyp
  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sen kimiň häkimiýetine boýun bolmaly?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ýehowa ýürekden tabyn boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/6 sah. 18—22

Ýehowanyň häkimiýetini kabul et

«Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3).

1, 2. a) Näme üçin köp adamlar tabyn bolmagy halamaýar? b) Hemme zady öz diýeni boýunça edýän adamlar hakykatdan-da garaşsyzmy? Düşündiriň.

ŞU GÜNLER dünýäde «häkimiýet» diýen söz ýörgünli däl. Kimdir birine tabyn bolmaklygy köp adamlar halamaýar. Hemme zady öz diýeni boýunça etmek isleýän adamlar: «Meniň näme etmelidigimi aýtmaga hiç kime ýol bermerin» diýen prinsipe eýerýärler. Emma şeýle adamlar hakykatdan-da garaşsyzmy? Elbetde ýok! Olaryň köpüsi bu dünýäniň adamlarynyň garaýşyna eýerýärler (Rim. 12:2). Petrus resulyň aýtmagyna görä, olar «bozuklygyň gullarydyr» (2 Pet. 2:18). Olar «bu dünýäniň gerdişine,.. howadaky erbet güýçleriň hökümdary» bolan Şeýtan Iblise uýup ýaşaýarlar (Efes. 2:1, 2).

2 Bir meşhur ýurist öwnüp şeýle diýýär: «Men hiç kime we hiç zada, ýagny ata-eneme-de, ruhana-da, gura-da (induizmiň mugallymy), Mukaddes Ýazgylara-da pikirini ynandyrmaga ýol bermeýärin». Elbetde, käbiri berlen ygtyýary kanunsyz peýdalanýarlar we olar biziň gulak asmaklygymyza mynasyp däl. Emma islendik gollanmany inkär etmeklik dogry bolarmy? Munuň dogry däldigine göz ýetirmek üçin, gazetdäki makalalaryň atlaryna gysgaça göz aýlamak ýeterliklidir. Gynansak-da, häzir adamlar görkezmä has mätäç bolsa-da, olaryň köpüsi ony inkär edýärler.

Häkimiýete bolan garaýşymyz

3. I asyrdaky mesihçileriň ynsan häkimiýetine köre-kör boýun egmändikleri nämeden görünýär?

3 Mesihçileriň häkimiýete bolan garaýşy dünýädäki köp adamlaryň garaýşyndan tapawutlanýar. Emma bu biziň buýruklara köre-kör tabyn bolýandygymyzy aňlatmaýar. Gaýtam, käte biz ygtyýarly adamlar bolsa-da, olara tabyn bolmakdan ýüz öwürmeli. I asyrdaky mesihçiler hem şeýle etdiler. Meselem, resullara wagyz etmegi gadagan edenlerinde, olar baş ruhanynyň we mejlisiň beýleki ygtyýarly agzalarynyň buýrugyna tabyn bolmadylar. Olar ynsan häkimiýetine ýaranjak bolup, Hudaýyň prinsiplerini bozmadylar (Resullaryň işleri 5:27—29-njy aýatlary okaň).

4. Ýewreý Ýazgylardaky haýsy mysallar Hudaýyň gullukçylarynyň köp adamlaryň saýlan ýoly bilen gitmändiklerini görkezýär?

4 Mesihçilerden öň ýaşan Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň hem köpüsi şeýle garaýyşdadylar. Meselem, Musa «Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan... boýun gaçyrdy», ol «Patyşanyň gazabyna» sezewar bolsa-da, «Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi» (Ýew. 11:24, 25, 27). Potifaryň aýalynyň ar almaga ygtyýary bolsa-da, Ýusup onuň teklibini ret etdi (Bar. 39:7—9). Daniýeliň gelen karary Babylyň baş agtasynyň göwnüne ýaramasa-da, ol «patyşanyň iýmitleri... bilen özüni murdar etmezligi ýüregine düwdi» (Dan. 1:8—14, MKS). Taryhda bolup geçen bu wakalar nähili kyn bolsa-da, Hudaýyň halkynyň hemişe dogrulyk ugrunda berk durandygyny görkezýär. Olar adamyň razylygyny gazanmak üçin imanyndan dänmediler. Biz hem şonuň ýaly etmeli.

5. Mesihçileriň häkimiýete bolan garaýşy dünýewi garaýyşdan nädip tapawutlanýar?

5 Biziň berk garaýşymyzy kesirlik bilen çalşyrmaly däl; şeýle-de bizi syýasata garşy gidip, häkimiýete boýun bolmaýan adamlar bilen deňeşdirip bolmaýar. Biz Ýehowanyň häkimiýetini islendik ynsan häkimiýetinden beýik saýýarys. Haçan-da ynsan kanunlary Hudaýyň kanunlaryna garşy gelende, bize belli bir karara gelmek kyn däl. Biz resullar ýaly adamdan zyýada Hudaýa tabyn bolýarys.

6. Näme üçin Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmak hemişe peýdaly?

6 Hudaýyň häkimiýetini kabul etmäge bize näme kömek edýär? Biz Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatdaky garaýşy kabul edýäris: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular». Biz Hudaýyň ähli talaplarynyň peýda berýändigine ynanýarys (Kanunyň gaýtalanyşy 10:12, 13-nji aýatlary okaň). Ýehowa ysraýyllylara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men saňa peýdaly zatlary öwredýän, seni ýöremeli ýoluňdan alyp barýaryn. Eger sen [Ysraýyl] meniň tabşyryklaryma ünsli bolsadyň! Onda seniň parahatlygyň derýa kimin, dogrulygyň bolsa deňiz tolkunlary kimin bolardy» (Iş. 48:17, 18). Biz bu sözlere ynanýarys. Hudaýyň tabşyryklaryna gulak assak, bize hemişe peýda berjekdigine düşünýäris.

7. Biz Hudaýyň Sözündäki haýsydyr bir tabşyryga doly düşünmesek näme etmeli?

7 Biz Ýehowanyň Sözündäki käbir talaplaryň näme sebäpden ýazylandygyna doly düşünmesek-de, onuň häkimiýetini kabul edip, gulak asýarys. Muňa bizi köre-kör iman etmeklik däl-de, Hudaýa bolan berk iman höweslendirýär. Sebäbi Ýehowa biziň üçin nämäniň gowudygyny bilýär. Şeýle-de gulak asmaklyk biziň söýgimizi görkezýär, çünki Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir» (1 Ýahýa 5:3). Bize gulak asmaklyga ýene näme kömek edýär?

Saýgarma ukyplarymyzy terbiýeleýäris

8. Saýgarma ukyplarymyzy terbiýelemek Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmäge nädip kömek edýär?

8 Mukaddes Ýazgylarda bize «saýgarma ukyplarymyzy ýagşy bilen ýamany tanamaga... terbiýelemeli» diýilýär (Ýew. 5:14). Şol sebäpli biz Hudaýyň kanuny barada oýlanyp gulak asmaly. Biz Hudaýyň kadalaryny göz öňünde tutup, «ýagşy bilen ýamany tanamak» isleýäris. Biz mezmurçynyň: «Eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» diýen sözlerini gaýtalar ýaly, Ýehowanyň ýollarynyň paýhaslydygyny düşünmek isleýäris (Zeb. 40:8).

9. Biz nädip ynsabymyzy Ýehowanyň kadalaryna görä terbiýeläp bileris we bu näme üçin wajyp?

9 Hudaýyň kanunyny mezmurçynyň gymmat saýyşy ýaly biz Mukaddes Ýazgylarda okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Meselem, biz özümiz üçin Ýehowanyň haýsydyr bir täze talapyny bilenimizde, şeýle soraglar barada oýlanyp bileris: «Bu tabşyryk ýa-da prinsip näme üçin paýhasly? Näme üçin oňa gulak asmaly? Hudaýyň tabşyrygyny inkär eden adamlara näme boldy?» Eger biz ynsabymyzy Ýehowanyň ýoly boýunça terbiýelesek, onda gelen kararymyz onuň islegine laýyk bolar. Biz «Rebbiň [Ýehowanyň] isleginiň nämedigine düşünmäge» ukyply bolup, oňa gulak asarys (Efes. 5:17). Emma bu hemişe aňsat däl.

Şeýtan Hudaýyň häkimiýetiniň abraýyny düşürjek bolýar

10. Şeýtan haýsy meselede Hudaýyň häkimiýetiniň abraýyny düşürjek bolýar?

10 Şeýtan müňlerçe ýyldan bäri Hudaýyň häkimiýetiniň abraýyny düşürjek bolýar. Onuň özdiýenli ruhy dürli ýollar arkaly görünýär. Meselem, şu günler Hudaýyň döreden nikasyna gitdigiçe hormat goýulmaýar. Käbiri nikalaşman ýaşaşýarlar, käbiri bolsa islendik amatly pursatdan peýdalanyp, ýanýoldaşyndan aýrylyşmak isleýärler. Şeýle adamlar bir aktrisanyň: «Erkek-de, aýal-da bütin ömrüne bir adam bile bilen ýaşap bilmeýär» diýen sözleri bilen ylalaşýarlar. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men heniz ärine, aýalyna wepaly ýa-da wepaly bolmak isleýän adamy görmedim». Özüniň şowsuz durmuşyny ýatlap, bir meşhur akter şeýle diýdi: «Adamyň kimdir biri bilen bütin ömrüne bile ýaşap biljekdigine men şübhelenýärin». Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Nika meselesinde Ýehowanyň häkimiýetini kabul edýärinmi ýa-da maňa bu dünýäde agdyklyk edýän nika bolan ýeňilkelle garaýyş täsir etdimi?»

11, 12. a) Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek näme üçin ýaşlara käte kyn bolup biler? b) Ýehowanyň kanunlaryna we prinsiplerine biperwaý garamagyň akylsyzlykdygyny görkezýän mysal getiriň.

11 Sen ýaşmy? Onda sen Ýehowanyň häkimiýetiniň abraýyny düşürjek bolýan Şeýtanyň aýratyn nyşany bolup durýarsyň. «Ýaşlyk höwesleri» bilen birlikde bu dünýäniň täsiri astynda saňa Hudaýyň kanunlary agyr görünmegi mümkin (2 Tim. 2:22). Muňa ýol berme. Hudaýyň kadalarynyň paýhaslydygyny görmäge çalyş. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda bize «ahlaksyzlykdan gaçyň» diýilýär (1 Kor. 6:18). Sen ýene-de özüňe şeýle soraglary berip bilersiň: «Bu tabşyryk näme üçin paýhasly? Muňa näme üçin gulak asmaly?» Belki, sen kimdir biriniň Hudaýyň tabşyrygyna biperwaý garap, soňra agyr jeza çekendigini bilýänsiň. Ol adam bagtlymyka? Ýehowanyň guramasyndan gidensoň, onuň durmuşy gowulandymy? Ol Hudaýyň gullukçylarynyň bilmeýän bagtyň syryny tapdymy? (Işaýa 65:14-i okaň).

12 Birnäçe wagt mundan öň Şeron atly mesihçi bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle diýdi: «Men Ýehowanyň kanunyna gulak asmadygym üçin ölüme eltýän AIDS (SPID) keseline uçradym. Köplenç ençeme ýyllap Ýehowa gulluk eden şatlykly ýyllarymy ýadyma salýaryn». Ol Ýehowanyň kanunyna gulak asmazlygyň akmaklykdygyna we oňa çuňňur hormat goýmagyň wajypdygyna düşündi. Ýehowanyň kanunlary bizi goraýar. Şaron bu sözleri ýazyp, ýedi hepde geçenden soň aradan çykýar. Şu pajygaly wakadan görnüşi ýaly, bu dünýäden bolan adama Şeýtan hiç haçan gowy zady hödürlemeýär. Ol «ýalanyň atasy» hökmünde köp zatlary wada berýär, ýöne Howa enäni aldaýşy ýaly beren sözünde durmaýar (Ýahýa 8:44). Hawa, Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek hemişe gowy.

Özdiýenli ruhdan ägä boluň

13. Ýene nämede özdiýenli ruhdan ägä bolmaly?

13 Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek üçin özdiýenli ruhdan ägä bolmaly. Tekepbir bolsak, kimdir biriniň görkezmesine mätäçdigimizi boýun almaga päsgel berer. Şeýle garaýyşda bolsak, Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlaryň berýän maslahatyny inkär ederis. Hudaý bize sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly wagtly-wagtynda ruhy iýmitleri berýär (Mat. 24:45—47). Biz Ýehowanyň şu günler öz halky barada şeýdip alada edýändigine kiçigöwünlik bilen boýun almaly. Biz wepaly resullardan görelde almaly. Käbir şägirtler Isanyň yzyna eýermegi bes edenlerinde, ol resullaryndan: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip sorady. Şonda Petrus jogap berip: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn» diýdi (Ýahýa 6:66—68).

14, 15. Näme üçin biz Mukaddes Ýazgylardaky maslahata kiçigöwünlilik bilen tabyn bolmaly?

14 Şeýle-de Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek üçin onuň Sözüne esaslanan maslahata görä ýaşamaly. Meselem, sadyk hem akylly hyzmatkär bizi «oýa, hüşgär boluň» diýip duýdurýar (1 Sel. 5:6). Şeýle maslahat soňky günlerde örän zerur, çünki häzir «özüni söýýän, pula gyzan» adamlar köpeldi (2 Tim. 3:1, 2). Bize-de şeýle garaýyş täsir edip bilermi? Elbetde. Dünýewi maksatlar ruhy taýdan ukladyp biler we biz baýlyga kowalaşyp başlarys (Luka 12:16—21). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardaky maslahata eýermek we Şeýtanyň dünýäsine mahsus bolan egoistik ýaşaýyşdan gaça durmak nähili paýhasly! (1 Ýahýa 2:16).

15 Sadyk hem akylly hyzmatkäriň taýýarlaýan ruhy iýmitleri ýerli ýygnakdaky bellenen ýaşulular arkaly paýlanylýar. Mukaddes Ýazgylarda bize şeýle maslahat berilýär: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17). Bu ýygnak ýaşulularyň hiç haçan ýalşyňmaýandygyny aňladýarmy? Elbetde ýok! Emma Hudaý olaryň bikämilligini islendik adamdan has aýdyň görýär. Muňa garamazdan, Ýehowa biziň olara tabyn bolmagymyzy isleýär. Ýaşulularyň bikämilligine garaman, olar bilen işleşsek, Ýehowanyň häkimiýetini kabul edýändigimizi görkezýäris.

Kiçigöwünlilik wajyp

16. Biz mesihçiler ýygnagyň Başy bolan Isa Mesihe nädip hormat goýup bileris?

16 Biz Isa Mesihiň ýygnagyň Başydygyny hemişe ýadymyzda saklamaly (Kol. 1:18). Şonuň üçin bellenen ýaşulularyň görkezmesine kiçigöwünlilik bilen eýerýäris we olara «çäksiz.. hormat goýýarys» (1 Sel. 5:12, 13). Elbetde, ýygnagyň ýaşululary hem öz pikirini däl-de, Hudaýyň pikirini aýdyp, tabyn bolýandygyny görkezýärler. Olar öz pikirini öňe sürmezlik üçin «ýazylanlardan artyk pikir etmeýärler» (1 Kor. 4:6).

17. Näme üçin şöhratparazlyk howply?

17 Ýygnakdakylaryň ählisi şöhratparazlykdan ägä bolmaly (Sül. tym. 25:27). Şunuň ýaly duzaga düşen bir şägirt barada Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Olaryň arasynda başlyk bolmagy söýýän Diotrefis bizi kabul etmeýär... Şoňa görä-de, eger baraýsam, bize erbet sözler aýdyp, eden işlerini ýadyna salaryn» (3 Ýahýa 9, 10). Biz mundan şu günler hem sapak edinip bileris. Özümizdäki islendik şöhratparazlygy köki bilen sogurmaly. Mukaddes Ýazgylarda bize şeýle diýilýär: «Heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir, ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir». Hudaýyň häkimiýetini kabul edýänler biabraýçylyga eltýän özdiýenlik duzagyndan gaça durmaly (Sül. tym. 11:2; 16:18).

18. Bize Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmäge näme kömek eder?

18 Hawa, dünýäniň özdiýenli ruhuny inkär edip, Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmegi maksat edin. Ýehowa gulluk edip bilýän hormatyň barada wagtal-wagtal minnetdarlyk bilen oýlan. Hudaýyň halkynyň arasyndadygyň onuň mukaddes ruhy arkaly seni çekendigini görkezýär (Ýahýa 6:44). Hudaý bilen dostlugyň gadyryny bil. Durmuşyň ähli pudaklarynda özdiýenli ruhy inkär edip, Ýehowanyň häkimiýetini kabul edýändigiňi görkez.

Ýadyňyzdamy?

• Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek näme aňladýar?

• Saýgarma ukybymyzy terbiýelesek, Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmäge nädip kömek eder?

• Şeýtan haýsy pudaklarda Hudaýyň häkimiýetiniň abraýyny düşürmäge çalyşýar?

• Ýehowanyň häkimiýetini kabul etmek üçin kiçigöwünliligiň näme ähmiýeti bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş