«Iň ýokary zatlara göz ýetiriň»
«Iň ýokary zatlara göz ýetiriň». FLP. 1:11
1, 2. Soňky günlere degişli haýsy welilik Isanyň şägirtlerini has gyzyklandyran bolmaly we näme üçin?
PETRUS, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy öz Mugallymy bilen ikiçäk galdylar. Isanyň ybadathananyň ýykyljakdygy barada aýdan sözleri şägirtlerini çynlakaý oýlanmaga iterdi (Mar. 13:1—4). Şonda olar Isadan: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Mat. 24:1—3). Isa olara diňe bir Iýerusalimiň ýykylmazyndan öň boljak uly özgerişlikler barada däl, eýsem, Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňunyň gelip ýetendigini görkezýän alamatlar we wakalar hakynda hem aýtdy. Şägirtleri şol boljak wakalaryň birisi hasam gyzyklandyran bolmaly. Isa soňky günlerde elhenç wakalaryň, ýagny uruşlaryň, açlyklaryň boljakdygyny we kanunsyzlygyň köpeljekdigini duýdurandan soň, şatlandyryjy wakanyň hem boljakdygyny aýtdy. Ol: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler» diýdi (Mat. 24:7—14).
2 Şägirtler Isa Mesih bilen bilelikde Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdiler (Luka 8:1; 9:1, 2). Olar Isanyň: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýen sözlerini ýatlan bolsalar gerek (Luka 10:2). Emma olar «dünýäniň ähli ýerinde» wagyz etmegi we «hemme milletlere güwälik» etmegi nädip başararlar? Şonça işgärler nireden tapylar? Eger Isanyň ýanynda oturan şägirtler gelejege bir nazar salyp bilsediler, onda olar Matta 24:14-däki sözleriň ýerine ýetişini görüp, diýseň haýran galardylar!
3. Luka 21:34-däki sözler şu günler nädip ýerine ýetýär we biz özümizi nädip barlamaly?
3 Biz Isanyň aýdan welilikleriniň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Millionlarça wagyzçylar Patyşalyk baradaky hoş habar bilen ýer ýüzüni doldurmak üçin bilelikde hyzmatdaşlyk edýärler (Iş. 60:22). Emma Isa soňky günlerde ünsüni wagyz işine gönükdirmegiň käbirlerine kyn boljakdygyny hem aýtdy. Käbir zatlara olaryň ünsi sowlup, ýüregine «ýük boljakdygyny» belläp geçdi (Luka 21:34-i okaň). Biz bu sözleriň ýerine ýetýändigini hem görýäris. Hudaýyň gullukçylarynyň käbiri ünsüni başga zada berdiler. Muny olaryň iş, ýokary bilim, baýlyk toplamak, sport we göwün açmalar babatda gelýän kararlaryndan görse bolýar. Käbirleri bolsa, ýaşaýşyň gaýgydyr aladalary sebäpli halys ýadaýarlar. Özüňe şeýle sorag ber: «Men nädip ýaşaýaryn? Durmuşymda gelýän kararlarym nämä üns berýändigimi görkezýär?»
4. a) Pawlus Filipidäki mesihçiler üçin näme hakda doga etdi we näme üçin? b) Biz şu we indiki makalada näme hakda gürrüň ederis we näme üçin?
4 I asyrda ýaşan mesihçilerem ruhy işleri birinji ýerde goýmak üçin jan edipdirler. Pawlus resul Filipidäki mesihçiler üçin doga edip, olaryň «iň ýokary zatlara göz ýetirmegini» isledi (Filipililer 1:9—11-nji aýatlary okaň). Şol döwür mesihçileriň köpüsi «Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärdiler» (Flp. 1:12—14). Şonuň ýaly biziň hem köpümiz şu günler Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz edýäris. Emma Ýehowanyň guramasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşsak, bu biziň ünsümizi iň wajyp zada, ýagny wagyz işine gönükdirmäge ýardam etmezmi? Elbetde ýardam eder! Şu makalada Matta 24:14-de aýdylan weliligiň ýerine ýetmegini goldamak üçin Ýehowanyň nähili işleri alyp barýandygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynyň ünsüni nämä gönükdirýändigini we bu bizi hem-de maşgalamyzy nämä höweslendirýändigini bileris. Indiki makalada bolsa, bize Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremäge we wagyz işini çydamly ýerine ýetirmäge nämäniň kömek etjekdigi barada gürrüň ederis.
ÝEHOWANYŇ HEREKET EDÝÄN GURAMASYNYŇ GÖKDÄKI BÖLEGI
5, 6. a) Ýehowa gökdäki guramasynyň görnüşini näme üçin görkezdi? b) Ezekiýel görnüşde näme gördi?
5 Ýehowa öz Sözünde ähli zatlary jikme-jik ýazdyrmady. Meselem, adam beýnisiniň işleýşi ýa-da älem-jahanyň kadaly hereketi biziň üçin örän gyzykly bolsa-da, Ýehowa olary jikme-jik düşündirmedi. Muňa derek, biziň Onuň niýetlerine düşünip, şoňa laýyk ýaşamagymyz üçin gerekli bolan maglumatlary ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň göze görünmeýän, ýagny guramasynyň gökdäki bölegi barada görnüş görkezilýändigi bizde, gör, nähili täsir galdyrýar! Biz Işaýa, Ezekiýel, Danyýel kitaplarynda we Ýahýanyň Ylham kitabynda Ýehowanyň gökdäki alyp barýan işleriniň suratlandyrylyşyny höwes bilen okamak isleýäris (Iş. 6:1—4; Ezek. 1:4—14, 22—24; Dan. 7:9—14; Ylh. 4:1—11). Bu, göräýmäge, asmanyň perdesini açyp, bize gökde bolýan zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýän ýaly bolýar. Ýehowa şol kitaplardaky maglumatlary näme üçin ýazdyrdyka?
6 Ýehowa biziň älem-jahandaky guramanyň agzalarydygymyzy unutman ýaşamagymyzy isleýär. Hudaýyň gökdäki guramasy Onuň niýetlerini amala aşyrmak üçin biziň pikir edişimizdenem kän işleri ýerine ýetirýär. Meselem, Ezekiýel Ýehowanyň göze görünmeýän, ýagny gökdäki guramasyny ägirt uly we ajaýyp araba görnüşinde gördi. Bu araba örän tiz hereket edip bilýär we öz ugruny dessine üýtgetmegi başarýar (Ezek. 1:15—21). Arabanyň tigirleri bir aýlawda uzak aralygy geçip bilýär. Bu görnüşde Ezekiýel arabada Oturany hem görýär. Ezekiýel şeýle diýýär: «Men... görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli ýaldyraýan ýakut kimindi... Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi» (Ezek. 1:25—28). Bu görnüş Ezekiýel üçin, gör, nähili tolgundyryjy bolandyr! Ol Ýehowanyň Öz guramasyna gowy ýolbaşçylyk edýändigini we ony mukaddes ruhy arkaly ugrukdyrýandygyny gördi. Ýehowanyň gökdäki guramasynyň hereket edişi, gör, nähili ajaýyp!
7. Danyýeliň gören görnüşi biziň ynamymyzy nädip berkidýär?
7 Danyýel hem biziň imanymyzy berkidýän görnüşi gördi. Ol oduň ýalny kimin ýanyp duran tagtyň üstünde oturan «owaldan Bar Bolany», ýagny Ýehowanyň keşbini suratlandyrýan görnüşi gördi. Bu tagtyň tigirleri bardy (Dan. 7:9). Ýehowa isleginiň amala aşmagy üçin, guramasynyň hereket edýändigini Danyýele görkezmek isledi. Şeýle-de Danyýel «ynsan ogluna meňzeş birini», ýagny Isany we «oňa hökümdarlygyň, şöhratyň we patyşalygyň» berlendigini gördi. Mesihiň kämil hökümdarlygy bary-ýogy birnäçe ýyl dowam etmez. «Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlyk» we «Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalyk» bolar (Dan. 7:13, 14). Ýehowa synagdan geçen we ynamdar Ogluny guramasynyň ýerdäki bölegine gözegçilik etmek üçin belländigini bilenimizde, bu bizi Ýehowa bil baglamaga we Onuň öz islegini nädip amala aşyrýandygyna düşünmäge höweslendirýär. Ýehowa Ogluna ynanýar. Şonuň üçin, biz hem ýolbaşçymyz bolan Isa Mesihe ynanyp bileris.
8. Ýehowanyň Ezekiýele we Işaýa görkezen görnüşi olara nähili täsir etdi we bu bize nähili täsir edýär?
8 Ýehowanyň gökdäki guramasy baradaky görnüş bize nähili täsir etmeli? Elbetde, Ýehowanyň hereket edişi bizi-de tolgundyrýar we pesgöwünli bolmaga iterýär (Ezek. 1:28). Ýehowanyň guramasy barada oýlansak, bu bizi-de Işaýa ýaly hereket etmäge höweslendirer. Haçanda adamlara Ýehowanyň alyp barýan işleri barada aýtmaga amatly pursat dörände, Işaýa bu mümkinçilikden peýdalanmaga çekinmedi (Işaýa 6:5, 8-nji aýatlary okaň)a. Işaýa islendik kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljekdigini bilýärdi, sebäbi ol Ýehowanyň kömek etjekdigine doly ynanýardy. Ýehowanyň göze görünmeýän guramasy baradaky görnüş biziň-de ýüregimize täsir etmeli we hereket etmäge höweslendirmeli. Hemişe hereket edýän we bar ünsüni Ýehowanyň islegini amala aşyrmak üçin gönükdirýän gökdäki gurama ruhy gözümiz bilen ser salmak, gör, nähili tolgundyrýar!
ÝEHOWANYŇ GURAMASYNYŇ ÝERDÄKI BÖLEGI
9, 10. Ýehowanyň ýerdäki guramasy näme üçin gerek boldy?
9 Ýehowa Ogly arkaly Öz guramasynyň ýerdäki bölegini hem döretdi. Bu gurama Ýehowanyň gökdäki guramasy bilen sazlaşykly hereket edýär. Matta 24:14-de agzalýan işi bitirer ýaly ýerde gurama döretmek näme üçin gerek bolduka? Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň.
10 Birinjiden, Isanyň aýtmagyna görä, onuň şägirtleri wagyz işini «ýeriň tä soňuna çenli» ýetirmelidi (Res. iş. 1:8). Ikinjiden, ýerdäki gurama wagyz işine gatnaşýanlaryň aladasyny etmek we olara ruhy iýmit taýýarlamak üçin gerekdi (Ýahýa 21:15—17). Üçünjiden, hoş habary wagyz edýänler Ýehowa bilelikde sežde edip biler ýaly we wagyz işini nädip ýerine ýetirmelidigini öwrener ýaly gurama gerekdi (Ýew. 10:24, 25). Bu zatlaryň hiçisini guramasyz edip bolmazdy. Mesihiň şägirtlerine bu ugurlarda üstünlik gazanmak üçin guramaçylykly hereket etmek gerekdi.
11. Biz Ýehowanyň guramasynyň alyp barýan işini goldaýandygymyzy nädip görkezýäris?
11 Biz Ýehowanyň ýerdäki guramasynyň alyp barýan işini goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir wajyp usuly — biz Ýehowanyň we Isanyň wagyz işine ýolbaşçylyk etmek üçin bellän adamlaryna ynanmaly. Şu günki dünýäde ençeme zatlar gözegçilik edýän doganlaryň ünsüni sowmagy mümkin. Emma Ýehowanyň ýerdäki guramasy haýsy zada yzyny üzmän ünsüni dikmeli?
ÜNSÜŇIZI «IŇ ÝOKARY ZATLARA» GÖNÜKDIRIŇ
12, 13. Ýygnak ýaşululary öz borçlaryny nädip ýerine ýetirýärler we bu seni näme üçin ruhlandyrýar?
12 Ähli ýygnaklardaky jogapkär ýaşulular gulluk edýän ýerlerinde gözegçilik etmek we hemme wagyzçylary Patyşalyk barada wagyz etmek işine yhlasly gatnaşmaga höweslendirmek üçin bellenildi. Ýehowanyň araba bilen deňeşdirilýän guramasyndan yza galmaz ýaly hem-de ýer ýüzünde nähili işi alyp barmalydygyna düşünmek üçin, bu pesgöwünli hem wepaly gullukçylar Ýehowanyň we Isanyň görkezmesine eýerýärler. Şol sebäpli belli bir karara gelmeli bolanda, bu doganlar Hudaýyň Sözünden görkezme gözleýärler. Şeýle-de Ýehowa ýürekden doga edip, ondan görkezme soraýarlar (Zeb. 119:105; Mat. 7:7, 8).
13 I asyrdaky doganlar ýaly, şu günler hem wagyz işine gözegçilik edýän ýygnagyň jogapkär ýaşululary özüni «sözüň gullugyna berdiler» (Res. iş. 6:4). Olar ýaşaýan ýerinde we bütin dünýäde wagyz işiniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görüp begenýärler (Res. iş. 21:19, 20). Bu doganlar bir topar düzgünlerdir kada-kanunlary döretmeýärler. Gaýtam, wagyz işiniň netijeli bolmagy üçin gerekli çäreleri gurnanlarynda, olar Ýazgylara we Hudaýyň mukaddes ruhuna eýerýärler (Resullaryň işleri 15:28-i okaň). Şeýdip, bu jogapkär doganlar ýygnakdakylara gowy görelde görkezýärler (Efes. 4:12, 13).
14, 15. a) Wagyz işini bütin dünýä boýunça ýerine ýetirip bolar ýaly nähili işler amala aşyrylýar? b) Siz Patyşalyk baradaky wagyz işini goldamak hormatyna nähili garaýarsyňyz?
14 Çap edilmeli edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresleri üçin ruhy iýmiti taýýarlar ýaly köp iş ýerine ýetirilýär. Adamlar öz ene dilinde «Hudaýyň uly işlerini... eşidip» biler ýaly, müňlerçe meýletin gullukçylar ruhy iýmiti 600-den gowrak dile terjime etmek üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler (Res. iş. 2:7—11). Ýaş dogan-uýalar edebiýatlary taýýarlamak üçin ýokary tizlikde çap edýän we olaryň sahypalaryny biri-birine berkidýän enjamlaryň başynda işleýärler. Soňra bu edebiýatlar ýygnaklara paýlanylýar. Olar hatda ýer şarynyň çet ýerlerine-de ýetirilýär.
15 Biz öz territoriýamyzda ünsümizi hoş habary wagyz etmäge gönükdirip bilerimiz ýaly, iňňän köp işler alynyp barylýar. Meselem, müňlerçe meýletin gullukçylar Patyşalyk we Kongres zallarynyň gurluşyk işlerine, tebigy betbagtçylyk zerarly zyýan çekenlere ýa-da tiz medisina kömegine mätäçlere, kongresler bilen baglanyşykly işlerde hem-de Teokratik mekdeplerini geçirmekde kömek edýärler. Bu bolsa, gözümize görünmeýän işleriň bary-ýogy birnäçesi. Bu edilýän işleriň maksady näme? Hoş habary wagyz edip, oňa gatnaşýanlaryň ruhy taýdan aladasyny etmek we hakyky seždäni goldamakdyr. Diýmek, Ýehowanyň ýerdäki guramasy ünsüni iň ýokary zatlara gönükdirýärmi? Elbetde!
ÝEHOWANYŇ GURAMASYNYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ
16. Şahsy ýa-da maşgala okuwynda näme hakda öwrenip bilersiňiz?
16 Biz Ýehowanyň guramasynyň amala aşyrýan işleri hakynda oýlanmak üçin wagt sarp edýärismi? Käbirleri maşgala ýa-da şahsy okuwynda bu meseleler babatda gözleg geçirmegi we olar barada oýlanmagy ýüregine düwýärler. Işaýa, Ezekiýel, Danyýel we Ýahýa dagylara berlen görnüş biziň üçin gyzykly bolup biler. «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» (rus.) kitaby, siziň diliňizde bar bolan wideofilmler ýa-da başga edebiýatlar arkaly siz Hudaýyň guramasy barada gyzykly zatlary bilersiňiz.
17, 18. a) Şu geçilen tema size nähili peýda getirdi? b) Biz haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly?
17 Ýehowanyň öz guramasy arkaly nähili işleri amala aşyrýandygy hakda oýlansak, bu bize peýda getirer. Bu ajaýyp gurama bilen bilelikde biz hem ünsümizi iň ýokary zatlara gönükdirjek bolalyň. Şeýle etsek, biz hem Pawlus ýaly: «Özümize görkezilen merhemet saýasynda bu hyzmata ýetenimiz üçin biz ruhdan düşmeýäris» diýip bileris (2 Kor. 4:1). Şeýle-de ol imandaşlaryny: «Ýagşylyk etmekden ýadamalyň; çünki gowşamasak, wagtynda orarys» diýip höweslendirdi (Gal. 6:9).
18 Biz hem iň ýokary zatlara göz ýetirmek üçin maşgala bolup edýän işlerimizde we şahsy meselelerde özgerişlik etmelidigini görýärismi? Şeýle-de iň wajyp işe, ýagny wagza has köpräk üns bermek üçin durmuşymyzy sadalaşdyryp ýa-da ünsümizi sowýan zatlardan ýüz öwrüp bilerismi? Indiki makalada bize Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremäge kömek etjek bäş zat barada gürrüň ederis.
a Işaýa 6:5 Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany — Hökmürowan Rebbi gördi»... 8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim