Yhlasly wagyz ediň
ŞU GÜNLER hoş habary wagyz etmek örän wajyp. Ýehowanyň gullukçysy hökmünde şägirt taýýarlamak uly hormat. Muňa garamazdan, pionerleriň we wagyzçylaryň yhlasy käte gowşaýar.
Yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär?
Wagyzçylar öýden-öýde wagyz edenlerinde käte hiç kimi tapmaýarlar. Käbirleri bolsa Patyşalyk baradaky habara biparh garaýan ýa-da garşy çykýan adamlara duşýarlar. Başga wagyzçylar özlerini ynamsyz duýup, lapykeç bolýarlar. Hatda ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalar hem bu dünýäniň uzaga çekendigi sebäpli ruhdan düşýärler.
Biz Ýehowanyň halkynyň kynçylyklar sebäpli yhlasynyň gowşaýandygyna geň galýarysmy? Ýok. Sebäbi «Iblisiň goly astyndaky» dünýäde Hudaýyň gutulyş habaryny wagyz etmek aňsat däl (1 Ýahýa 5:19).
Biz wagyzda kynçylyklara duş gelsegem, Ýehowanyň olara döz gelmäge kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Size yhlasly wagyz etmäge näme kömek eder?
WAGYZÇY BOLANLARA KÖMEK EDIŇ
Her ýyl müňlerçe adamlar suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Şaýady bolýarlar. Siz hem özüňi Hudaýa bagyş edip, ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylan bolsaňyz, onda tejribeli wagyzçylardan öwrenmäge jan edýänsiňiz. Ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalar hem wagyzçy bolanlara kömek etmegi hormat saýýarlar.
Isa şägirtleriniň üstünlikli wagyz etmegi üçin görkezme berilmelidigini bilýärdi. Ol wagyz etmekde özi görelde görkezýärdi (Luka 8:1). Şu günler hem dogan-uýalara üstünlikli wagyz eder ýaly kömek etmeli.
Ýaňy-ýakynda wagyzçy bolanlar diňe bir wagyz etmek bilen ukybyny ösdürip bilmeýärler. Biz olara söýgi we mähir bilen 1) teklip taýýarlamagy, 2) öýden-öýe ýa-da köçede wagyz etmegi, 3) edebiýatlary hödürlemegi, 4) ikilenç ideg etmegi hem-de 5) Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamagy öwretmeli. Şeýle-de wagyzçy bolan dogan-uýalar imandaşyndan görelde alyp, üstünlikli wagyz etmegi öwrenýär (Luka 6:40). Biz wagyzda olary gerekli wagtynda kömek etsek, öwgüli sözleri aýdyp we maslahat bersek, olar begenerler (Wag. 4:9, 10).
RUHLANDYRYJY GÜRRÜŇ EDIŇ
Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, şatlyk tapýarys. Emma ýanymyzdaky wagyzçy bilen gürrüňdeşlik has-da ruhlandyrýar. Isa şägirtlerini «iki-ikiden» wagza ýollanda, olar biri-birini goldap, ruhlandyrýardylar (Luka 10:1). Biz hem wagyzda biri-birimizi ruhlandyrýarys (Rim. 1:12).
Siz wagyzda näme barada gürrüň edýärsiňiz? Belki, ruhlandyryjy wakany bilýänsiňiz? Maşgala ýa-da şahsy okuwynda gyzykly pikiri öwrenensiňiz? Ýygnak duşuşygynda ýürege täsir edýän jogaplary eşidensiňiz? Ýa-da wagyzçynyň hakykata nädip gelendigini we bu ýoluň hakykatdygyna nämäniň ynandyrandygyny sorap bilersiňiz. Şeýle-de ýygnakdaky borçlary we wagyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňiz. Siz hem gullugyňyz barada gyzykly wakalary gürrüň beriň. Adamlar biziň aýdaýan habarymyza seslenmeseler-de, biz «biri-birimize öwüt-ündew berip» ruhlanýarys (1 Sel. 5:11).
ŞAHSY OKUWYNY GEÇIRIŇ
Yhlasly wagyz etmek üçin yzygiderli şahsy okuwyny geçirmeli. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» öwrenmek üçin dürli temalary ýazýar (Mat. 24:45). Meselem, biz şahsy okuwymyzda şu soragyň üstünde oýlanyp bileris: Patyşalyk barada wagyz etmek näme üçin wajyp? Bu soragyň jogaby şu makalada getirilýän çarçuwada berilýär.
Çarçuwada berilýän subutnamalar yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär. Siz şahsy okuwyny geçireniňizde, başga-da subutnamalary we aýatlary tapyp has-da yhlasly wagyz edersiňiz.
MASLAHATY KABUL EDIŇ
Biziň edebiýatlarymyzda ökdelelik bilen wagyz eder ýaly maslahatlar berilýär. Biz diňe öýden-öýe däl-de, telefon, hat arkaly, köçede, köpçülik we iş ýerlerinde, resmi hem-de resmi däl ýagdaýlarda wagyz edýäris. Eger biz gowy gün tertibini düzsek, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bileris.
Siz edebiýatlarymyzda berilýän maslahatlara eýerýärmisiňiz? Olaryň käbirini ulanyp gördüňizmi? Köp dogan-uýalar berlen maslahatlara eýerip, şatlyk tapdylar. Geliň, üç waka barada gürrüň edeliň.
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek. «Hudaýa gullugymyzda» bu babatda maslahat berilýär. Eýpril atly uýamyz olara eýerip, üç işdeşine Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýär. Olar okuw geçmäge razylaşýar we ýygnak duşuşygyna gatnap başlaýar. Eýpril muňa örän begenýär.
Edebiýatlarymyzy paýlamak. Biz žurnallarymyzyň adamlara täsir edişini görüp ruhlanýarys. Meselem, ABŞ-da etrap gözegçisi bolup gulluk edýän dogan tigirler hakyndaky makalaly «Oýanyň!» žurnalyny tigir satylýan dükanlara paýlaýar. Şeýle-de ol aýaly bilen «Lukmanlaryň çekýän zähmetiniň gadyryny biliň» atly makalany 100-den gowrak hassahanalara ýaýradýar. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz adamlara gurmamyz we edebiýatlarymyz hakda has köpräk bilmäge kömek etdik. Adamlar bilen mähirli we açyk gürrüňdeş bolup, ikilenç idege belleşdik».
Telefon arkaly wagyz etmek. Judy atly uýamyz Baş edaramyza hat ýazyp, telefon arkaly wagyz etmek barada berlen maslahatlar üçin minnetdarlyk bildirýär. Sebäbi 86 ýaşly ejesi ýarawsyz bolsa-da, hemişe telefon arkaly wagyz edýär. Ol 92 ýaşly bir aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär we köp şatlyk tapýar.
Wagyz babatda berilýän maslahatlar örän peýdaly. Olar bize yhlasly wagyz etmäge we şatlyk tapmaga kömek edýär. Geliň, olara hemişe eýereliň!
MAKSAT GOÝUŇ
Biziň üstünlikli wagyz etmegimiz edebiýatlary paýlaýandygymyza we näçe şägirt taýýarlandygyza bagly däldir. Nuh pygamber hem diňe maşgala agzalaryna Ýehowa gulluk etmäge ýardam etse-de, onuň üstünlikli wagyz edendigi şübhesiz. Hawa, iň esasy zat Ýehowa wepaly gulluk etmek! (1 Kor. 4:2).
Dogan-uýalar yhlasly wagyz etmek üçin maksat goýmaly. Nähili maksatlar? Olaryň käbirini çarçuwadan tapyp bilersiňiz.
Siz Ýehowanyň kömegi bilen netijeli we şatlykly wagyz edip bilersiňiz. Munuň üçin ähli mümkinçilikden peýdalanmaga çalşyň. Şeýdip, siz hoş habary üstünlikli wagyz etmek üçin eliňizde baryny edýändigiňize begenersiňiz.
Hoş habary wagyz etmek hemişe aňsat däl. Emma biz wagyzda imandaşymyz bilen ruhlandyryjy gürrüň etsek, yzygider şahsy okuwyny geçirsek, sadyk hyzmatkäriň berýän maslahatlaryna eýersek we maksat goýsak yhlasly wagyz edip, şatlyk taparys. Ýehowa bize Şaýady hökmünde hoş habary yglan etmäge mümkinçilik berendigini hormat saýalyň! (Iş. 43:10).