Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/2 sah. 28—32
  • Siz erbetligi ýigrenýärmisiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz erbetligi ýigrenýärmisiňiz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Serhoşlykdan gaça duruň
  • Jadygöýlükden ägä boluň
  • Isanyň ahlaksyzlyk baradaky duýduryşyna gulak asyň
  • Erbetligi söýýän adamlara Isa ýaly garaň
  • «Ýamanlygy ýigreniň»
  • Bütin dünýäde jenaýatçylyk köpelýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigreniň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Şeýtanyň duzagyna düşmekden ägä boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/2 sah. 28—32

Siz erbetligi ýigrenýärmisiňiz?

«Sen (Isa)... erbetligi ýigrenýärsiň». (ZEB. 45:7)

1. Isa söýgi barada näme öwretdi?

ISA MESIH söýginiň ähmiýeti barada şägirtlerine şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35). Isa şägirtlerine bir-birini jan aýaman söýmegi tabşyrdy. Olar şeýle söýgi bilen tapawutlanmalydylar. Şeýle-de Isa olara «duşmanlaryny söýmegi... yzarlaýanlar üçin doga etmegi» maslahat berdi (Mat. 5:44).

2. Isanyň şägirtleri nämäni ýigrenmegi öwrenmelidiler?

2 Isa şägirtlerine diňe bir söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, nämäni ýigrenmelidigini hem aýtdy. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy (erbetligi) ýigrenendigi» barada aýdylýar (Ýew. 1:9; Zeb. 45:7). Diýmek, biz diňe dogrulygy söýmegi öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, günäni, ýagny kanunsyzlygy we erbetligi hem ýigrenmegi öwrenmeli. Ýahýa resul hem: «Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr» diýdi (1 Ýahýa 3:4).

3. Biz nämä bolan garaýşymyzy barlamaly?

3 Her bir mesihçi özünden: «Men erbetligi ýigrenýärinmi?» diýip sorasa, gowy bolar. Eýsem, biz 1) spirtli içgileri aşa köp içmeklige; 2) jadygöýlüge; 3) ahlaksyzlyga; 4) erbetligi söýýän adamlara nähili garamaly? Makalanyň dowamynda şu soraglaryň jogabyna serederis.

Serhoşlykdan gaça duruň

4. Näme üçin Isa päk ynsap bilen serhoşlukdan habardar bolmagy maslahat berdi?

4 Isa käte şerap içerdi, çünki ol Hudaýyň beren berekedidi (Zeb. 104:14, 15). Emma ol hiç haçan aşa köp içmändir (Sül. tym. 23:29—33). Şonuň üçin Isa päk ynsap bilen serhoşlukdan habardar bolmagy maslahat berdi (Luka 21:34-i okaň). Şerap aşa köp içilse, agyr günäniň üstünden eltmegi mümkin. Bu babatda Pawlus resul hem: «Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň» diýdi (Efes. 5:18). Ol garry aýallara-da «köp şerabyň guly» bolmazlygy ündedi (Titus 2:3).

5. Spirtli içgini içmekçi bolýan mesihçi özüne nähili soraglary bermeli?

5 Eger spirtli içgileri içmekçi bolsaň, onda özüňe şeýle soraglary berseň gowy bolar: «Men serhoşluga Isanyň garaýşy ýaly garaýarynmy? Bu babatda başgalara päk ynsap bilen maslahat berip bilerinmi? Men derdimi ýeňletmek ýa-da ýadawlygymy çykarmak üçin içýärinmi? Men her hepde näçe sapar ýa-da näçe çüýşe içýärin? Kimdir biri maňa köp içýänligimi aýtsa, näme edýärin? Özümi aklap başlaýarynmy ýa-da öýkeleýärin?» Eger biz şeraby aşa köp içsek, onda bize sagdyn düşünjeli bolmak we dogry karara gelmek kyn bolar. Isanyň şägirtleri «paýhasyny goramaga» jan edýärler (Sül. tym. 3:21, 22).

Jadygöýlükden ägä boluň

6, 7. a) Isa Şeýtana we onuň jynlaryna nädip garşylyk görkezdi? b) Näme üçin jadygöýlük häzir giňden ýaýraýar?

6 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, Şeýtana we onuň jynlaryna berk garşylyk görkezdi. Ol Şeýtanyň hüjümine gaýtawul berip, Ýehowa wepaly galdy (Luka 4:1—13). Isanyň pikirine we edýän işlerine täsir etmek üçin Iblisiň guran gizlin duzaklary-da başa barmady (Mat. 16:21—23). Isa akýürekli adamlara jynlaryň zalym täsirinden azat bolmaga kömek etdi (Mar. 5:2, 8, 12—15; 9:20, 25—27).

7 1914-nji ýylda Isa patyşalyk tagtyna geçip, gökleri Şeýtanyň we onuň jynlarynyň azgyn täsirinden arassalady. Netijede, Şeýtan — bolsa-da häzir — bütin dünýäni öňkünden-de beter azdyrmagyň küýüne düşdi (Ylh. 12:9, 10). Şol sebäpli jadygöýlügiň gitdigiçe köp adamlary özüne çekmegi we giňden ýaýramagy bizi haýran galdyrmaly däl. Özümizi goramak üçin näme edip bileris?

8. Göwün açmalar babatda özümize nähili soraglary bermeli?

8 Jadygöýlügiň howpludygy Töwratda açyk-aýdyň aýdylýar (Kanun taglymaty 18:10—12-nji aýatlary okaň). Şu günler Şeýtan we onuň jynlary adamlaryň pikirine täsir etmek üçin jadygöýlük bilen bagly filmleri, kitaplary we kompýuter oýunlaryny ýaýradýar. Göwün açmalar babatda özüňe şeýle soraglary berip gör: «Men soňky bir aýyň içinde jadygöýlük bilen bagly filmlere, telegepleşiklere seretdimmi, kompýuter oýunlaryny oýnadymmy ýa-da kitaplary we komiksleri okadymmy? Men jadygöýlüge garşy durmagyň wajypdygyna düşünýärinmi ýa-da onuň howpludygyna üns bermeýärin? Meniň saýlan göwün açmama Ýehowanyň nähili garaýandygy barada oýlanyp gördümmi? Eger men Şeýtanyň täsir etmegine ýol beren bolsam, Ýehowa we onuň adyl prinsiplerine bolan söýgim, ony ret etmek üçin dogumly hereket etmäge höweslendirermi?» (Res. iş. 19:19, 20).

Isanyň ahlaksyzlyk baradaky duýduryşyna gulak asyň

9. Adam erbetligi söýmegi nädip öwrenýär?

9 Isa Mesih Ýehowanyň beren jynsy ahlak kadasyny goldap, şeýle diýdi: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradanlygyny, “Şonuň üçin erkek adam öz ata-enesini terk edip, aýalyna goşular, onsoň ikisi bir ten bolar“ diýip aýdanyny siz okamadyňyzmy? Şunluk bilen, olar artykmaç iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Mat. 19:4—6). Isa biziň gözümiziň görýän zadynyň ýürege täsir edýändigini bilýärdi. Şol sebäpli ol Dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Siz: “Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Mat. 5:27, 28). Aslynda, Isanyň duýduryşyna sowuk-sala garaýan adamlar erbetligi söýmegi öwrenýärler.

10. Pornografiýadan saplanyp bolýandygyny görkezýän wakany gürrüň beriň.

10 Şeýtan ahlaksyzlygy pornografiýa arkaly ýaýradýar. Şol sebäpli bütin dünýä pornografiýadan doly. Ony görýän adamlaryň aýtmagyna görä, ahlaksyz şekilleri pikiriňden aýyrmak örän kyn. Şeýle adamlar hatda pornografiýanyň ýesiri bolýarlar. Bir mesihçi bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ogrynça pornografiýa görýärdim. Ýehowa gulluk etsem-de, pikirimde başga dünýäde ýaşaýardym. Men edýän işlerimiň nädogrudygyny düşünýärdim, emma şonda-da Hudaý meniň gullugymy kabul eder öýdýärdim». Dogana pikirini dogrulamaga näme kömek etdi? Ol: «Maňa gaty kyn bolsa-da, ýaşulular bilen gepleşmegi ýüregime düwdüm — doganymyz, ahyrsoňy, erbet endigini taşlady — günäden saplananymda, hakykatdan-da, ynsabymyň arassalanandygyny duýdum» diýip gürrüň berýär. Erbetligi ýigrenýän adamlar pornografiýany hem ýigrenmegi öwrenmeli.

11, 12. Aýdym-saz babatda erbetligi ýigrenýändigimizi nädip görkezip bileris?

11 Aýdym-saz ynsanyň duýgusyna güýçli täsir edýär. Ol Hudaýyň bize beren sowgady bolup, hakyky seždede hemişe wajyp orun tutýardy (Müs. çyk. 15:20, 21; Efes. 5:19). Emma Şeýtanyň dünýäsinde ahlaksyzlygy wasp edýän aýdym-sazlar gitdigiçe köpelýär (1 Ýahýa 5:19). Eýsem, diňlejek aýdym-sazymyzyň gowy ýa erbetdigini nädip bilse bolar?

12 Sen özüňe şeýle soraglary berip bilersiň: «Men ganhorlugy, zynahorlugy, ahlaksyzlygy we Hudaýy masgaralamagy wasp edýän aýdym-sazlary diňleýärinmi? Eger men şeýle aýdymlary birine aýdyp bersem, ol meniň erbetligi ýigrenýändigimi bilermi ýa-da ýüregiň azypdyr diýer?» Eger biz erbetligi ýigrensek, ony aýdym-sazda wasp edip bilmeris. Isa şeýle diýdi: «Agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. Çünki erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar» (Mat. 15:18, 19; Ýakup 3:10, 11-nji aýatlary deňeşdiriň).

Erbetligi söýýän adamlara Isa ýaly garaň

13. Isa toba etmeýän adamlara nähili garaýardy?

13 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, günäkärleri, ýagny erbet adamlary toba çagyrmaga gelendigini aýtdy (Luka 5:30—32). Emma Isa toba etmeýän adamlara nähili garaýardy? Isa şeýle adamlaryň erbet täsirinden gaça durmagy maslahat berdi (Mat. 23:15, 23—26). Ol şeýle diýdi: «Maňa: “Ýa Reb, ýa Reb“ diýen her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer. Şol günde köpleri Maňa: “Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?“ diýerler. Şonda Men olara: “Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!“ diýip, açyk aýdaryn» (Mat. 7:21—23). Näme üçin bu adamlara şeýle jeza berler? Sebäbi olar Hudaýy sylamaýarlar we başgalary-da erbetlige iterýärler

14. Toba etmedik günäkärler näme üçin ýygnakdan çykarylýar?

14 Hudaýyň Sözünde toba etmedik günäkärleriň ýygnakdan çykarylmalydygy aýdylýar (1 Korintoslylar 5:9—13-nji aýatlary okaň). Munuň azyndan üç sebäbi bar: eger toba etmekdik günäkär ýygnakdan çykarylsa, onda 1) Ýehowanyň adyna dil ýetirilmez, 2) ýygnaga ysnat getirilmez, 3) mümkin, oňa toba etmäge kömek eder.

15. Ýehowa wepaly galmakçy bolsak, özümize nähili soraglary bermeli?

15 Biz toba etmedik günäkärlere Isa ýaly garaýarysmy? Munuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Ýygnakdan çykarylan dogan ýa-da uýa bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarynmy? Eger ol meniň garyndaşym bolsa näme?» Şeýle ýagdaýda biziň dogrulyga söýgimiz we Hudaýa bolan wepalylygymyz synalýara.

16, 17. Bir uýamyz nähili ýagdaýa uçraýar we oňa toba etmedik günäkärler baradaky maslahaty kabul etmäge näme kömek edýär?

16 Bir uýa bilen bolan waka seredeliň. Onuň ogly Ýehowany söýse-de, erbetlige baş goşup, toba etmeýär. Şol sebäpli ony ýygnakdan çykarýarlar. Onuň ejesi, ýagny uýamyz Ýehowany-da, ogluny-da söýýärdi, şonuň üçin oňa gatnaşykdan kesilen mesihçiler barada berilýän maslahata eýermek kyn bolýar.

17 Siz bu uýa nähili maslahat bererdiňiz? Ýygnak ýaşulysy uýamyzyň gaýgy-hasratyna Ýehowanyň düşünýändigini aýdýar. Şeýle-de ol uýamyza käbir perişdeleriň Ýehowa garşy pitne turzanda, Oňa nähili agyr degendigi barada oýlanmagy maslahat berýär. Soňra şeýle ýagdaýyň juda agyrdygyna garamazdan, Ýehowa toba etmedik günäkärleri ýygnakdan çykarylmaly diýen tabşyrygy barada pikir alyşýar. Uýamyz Mukaddes Ýazgylaryň gatnaşykdan kesilen adamlar baradaky maslahaty kabul edýärb. Şeýle wepalylyk Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Sül. tym. 27:11).

18, 19. a) Erbetlik edýän adam bilen gatnaşygy kessek nämäni ýigrenedigimizi görkezeris? b) Hudaýa wepaly bolup, Onuň çykaran kararyny goldasak nähili netije berer?

18 Eger sen hem şeýle ýagdaýda bolsaň, onda Ýehowanyň saňa-da haýpy gelýär. Gatnaşykdan kesilen adam bilen gepleşmeseň, diýmek, sen şeýle ýagdaýa salýan garaýşy we işleri ýigrenýärsiň. Şeýle-de bu seniň gatnaşykdan kesilen adama bolan söýgiňi we oňa ýagşylyk isleýändigiňi görkezýär. Eger sen Ýehowa wepaly galsaň, megerem, temmi berlen adamyň hakykata dolanmagyna kömek edersiň.

19 Öň gatnaşykdan kesilip, soňra hakykata dolanan bir mesihçi şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň öz halkyny söýýändigine we guramasyny arassa saklaýandygyna göz ýetirdim. Käbir adamlar üçin ýowuz bolup görünse-de, aslynda, bu örän gerekli we söýgüden doly çäredir». Eger bu mesihçi bilen dogan-uýalar we onuň maşgala agzalary yzygiderli gatnaşyk saklan bolsalar, onda ol şeýle netijä gelip bilermidi? Eger biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan bu düzgüni goldasak, dogrulygy söýýändigimizi görkezeris we Ýehowanyň ýagşyny hem ýamany kesgitlemäge haklydygyny boýun alarys.

«Ýamanlygy ýigreniň»

20, 21. Erbetligi ýigrenmegi öwrenmek näme üçin wajyp?

20 Petrus resul: «Hüşgär boluň, oýanyň» diýdi. Bu näme üçin wajyp? Sebäbi «ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Pet. 5:8). Sen onuň pidasy bolarmyň? Hemme zat seniň erbetligi ýigrenişiňe baglydyr.

21 Ýamanlygy we erbetligi ýigrenmek aňsat däl. Biz günäli doguldyk we ten höweslerine kowalaşýan dünýäde ýaşaýarys (1 Ýahýa 2:15—17). Isa Mesihiň göreldesine eýerip, Ýehowa Hudaýa söýgimizi artdyrsak, erbetligi ýigrenmegi öwrenip bileris. Geliň, «ýamanlygy ýigrenmegi» ýüregimize düweliň, çünki Ýehowa «takwalarynyň janlaryny goraýandyr, erbetler elinden olary halas edýändir» (Zeb. 97:10).

a Bu barada köpräk bilmek üçin 1982-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňine» (sah. 18—23, rus.) serediň.

b Şeýle-de 2007-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňine» (sah. 17—20, rus.) serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Spirtli içgilere bolan garaýşymyzy barlamaga näme kömek eder?

• Jadygöýlükden goranmak üçin näme edip bileris?

• Pornografiýa näme üçin howply?

• Dogan-garyndaşlarymyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse, biz erbetligi ýigrenýändigimizi nädip görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş