Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/11 sah. 21—25
  • Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýy söýýändigiňizi görkeziň
  • Hudaýyň Ogluny söýýändigiňizi görkeziň
  • Ýehowanyň mukaddes ruhuna görä ýaşa
  • Adamlary hakykatdan söýýändigiňizi görkeziň
  • Päk ynsaby saklaň
  • Erbet işlerden gaça durmagyň başga ýollary
  • Günä eden bolsaň näme?
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Siz mukaddes ruha garşy günä etdiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Hudaýy söýmek näme aňladýar?»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/11 sah. 21—25

Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň!

Söýgüli doganlar... ebedi ýaşaýyş üçin... özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň. (ÝAHUDA 20, 21)

1, 2. Biz nädip Hudaýyň söýgüsinde galyp bileris?

ÝEHOWA adamlary söýýändigi üçin Ogluna iman edenler ebedi ýaşaýşa gowşar ýaly özüniň ýekeje Ogluny berdi (Ýahýa 3:16). Bu iň belent söýgi! Eger sen Ýehowanyň gullukçysy bolsaň, elbetde, şeýle söýgini özüňde ebedi duýmak isleýänsiň.

2 Ýahuda şägirt biziň Hudaýyň söýgüsinde nädip galyp biljekdigimiz barada aýdypdy. Ol: «Siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip, ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýdi (Ýahuda 20, 21). Mukaddes Ýazgylary öwrensek, hoş habary wagyz etsek, Ýazgylaryň taglymaty esasynda «Mukaddes imany» gurmaga kömek eder. Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin «Mukaddes Ruhda» doga etmeli we onuň bize täsir etmegine ýol bermeli. Şeýle-de ebedi ýaşaýşy sylag almak üçin Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli (1 Ýahýa 4:10).

3. Näme üçin käbir adamlar indi Ýehowanyň Güwäçisi däl?

3 Imandaşlarymyzyň käbiri Hudaýyň söýgüsinde galmadylar. Sebäbi olar günäli ýoly saýladylar we indi Ýehowanyň Güwäçisi däl. Şeýle ýagdaýdan nädip gaça durup bolar? Käbir zatlar barada oýlansak, günä etmezlige we özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamaga kömek eder.

Hudaýy söýýändigiňizi görkeziň

4. Näme üçin Hudaýa gulak asmak wajyp?

4 Biz Hudaýa gulak assak, ony söýýändigimizi görkezýäris (Matta 22:37). Ýahýa resul: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýip ýazdy (1 Ýahýa 5:3). Hudaýa gulak asmagy endik edinsek, günäli höweslere garşy durmaga güýç berip, bagtly edip bilýär. Mezmurçy: «Erbetleriň maslahatyna gitmedik... adam bagtlydyr... onuň keýpi diňe Rebbiň kanunyndadyr» diýdi (Zebur 1:1, 2).

5. Ýehowa bolan söýgi näme etmäge höweslendirýär?

5 Ýehowa bolan söýgi onuň adyna ysnat getirýän agyr günäden gaça durmaga kömek eder. Agur şeýle doga etdi: «Reb kim?» diýip, Seni inkär etmez ýaly, garyp bolup-da, ogrulyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmez ýaly, maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» (Süleýmanyň tymsallary 30:1, 8, 9). Hudaýyň adyna ysnat getirmezligi berk ýüregiňe düw. Hudaýy şöhratlandyrmak üçin dogry işleri etmäge jan et (Zebur 86:12).

6. Eger adam günä etse nämä eltip biler?

6 Gökdäki Atamyza hemişe doga etsek, günä iterýän synaglara garşy durmaga kömek eder (Matta 6:13; Rimliler 12:12). Dogalarymyzyň bökdelmezligi üçin Hudaýyň maslahatyna gulak asmaly (1 Petrus 3:7). Bilgeşleýin günä etmek erbetlige eltmegi mümkin. Sebäbi dogalarymyz eşidilmez ýaly, Ýehowa göçme manyda özüni bulutlar bilen örtýär (Ýeremiýanyň agysy 3:42—44). Şonuň üçin Ýehowa dogada ýakynlaşmaga päsgel berip biljek hiç bir zady etmez ýaly, pesgöwünlilik bilen ondan diläň (2 Korintoslylar 13:7).

Hudaýyň Ogluny söýýändigiňizi görkeziň

7, 8. Isanyň maslahatyna eýersek, günäli işleri inkär etmäge nädip kömek eder?

7 Isa Mesihiň buýruklaryny berjaý etsek, ony söýýändigimizi görkezeris we günäli işleri inkär etmäge kömek eder. Isa: «Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galyşym ýaly, siz-de buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz» diýdi (Ýahýa 15:10). Isanyň aýdanlary boýunça ýaşasak, Hudaýyň söýgüsinde galmaga nädip kömek eder?

8 Üns beren bolsaňyz, Isanyň sözleri ahlak taýdan arassa galmaga kömek edýär. Hudaýyň ysraýyllylara beren kanunynda: «Zyna etme» diýlipdi (Çykyş 20:14). Isa bolsa şol kanundaky prinsipi görkezip şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Matta 5:27, 28). Petrus resul I asyrdaky mesihçileriň käbiriniň «zynadan doly... gözleri... durnuksyz janlary duzaklaýandyr» diýdi (2 Petrus 2:14). Emma olardan tapawutlylykda, biz Hudaýy we Isa Mesihi söýüp, gulak assak, olar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy berk ýüregimize düwsek, onda jynsy ahlaksyzlygy inkär edip bileris.

Ýehowanyň mukaddes ruhuna görä ýaşa

9. Kimdir biri günäden el çekmese nämeden mahrum bolar?

9 Hudaýyň mukaddes ruhy barada doga edip, şoňa görä ýaşa (Luka 11:13; Galatýalylar 5:19—25). Eger günäden el çekmesek, Hudaý bizden mukaddes ruhuny alar. Dawut Batşeba bilen günä edensoň: «Meni huzuryňdan atma, Mukaddes Ruhuňy menden alma» diýip, Hudaýa ýalbardy (Zebur 51:11). Sebäbi Saul patyşa toba etmändigi üçin Hudaýyň ruhundan mahrum boldy. Ol gurban berip, goýundyr geçileri, iri şahly mallary doly ýok etmändigi hem-de ameleklileriň patyşasyny öldürmändigi üçin günä etdi. Şondan soň Ýehowa Sauldan öz ruhuny aldy (1 Patyşalar 13:1—14; 15:1—35; 16:14—23).

10. Biz näme üçin günäli pikirlere asla ýol bermeli däl?

10 Günäli pikirlere asla ýol bermeli däl. Pawlus resul: «Hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galmaz» diýip ýazdy (Ýewreýler 10:26—31). Bilgeşleýin günä etsek, nähili gynançly bolar!

Adamlary hakykatdan söýýändigiňizi görkeziň

11, 12. Söýgi we hormat jynsy ahlaksyzlyk etmekden nädip saklar?

11 Adamlary söýsek, jynsy ahlaksyzlyk etmekden saklar (Matta 22:39). Şeýle söýgi başga biriniň ýanýoldaşyna göz gyzdyrmakdan seniň ýüregiňi gorar. Sebäbi bu agyr günä bolan zyna eltýär (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Ýeremiýa 4:14; 17:9,10). Dogruçyl Eýýubyň göreldesine eýer. Ol aýalyna wepalydy we başga aýallara göz gyzdyrmaýardy (Eýýup 31:1).

12 Mukaddes nika hormat goýsak, agyr günäden gaça durmaga kömek eder. Hudaý mukaddes nikadaky jynsy gatnaşyklar arkaly adamlaryň köpelmegini isledi (Barlyk 1:26—28). Jynsy organlaryň mukaddes ýaşaýşy döretmek üçin niýetlenendigini unutmaň. Ahlaksyzlar we zynahorlar Hudaýa gulak asman jynsy gatnaşygy nädogry ulanýarlar, olar mukaddes nika hormat goýmagyny bes edip, öz tenine garşy günä edýärler (1 Korintoslylar 6:18). Emma Hudaýy we ýakynymyzy söýüp, Oňa gulak assak, ýygnak gatnaşygyndan kesýän erbet işlerden halas eder.

13. Ahlaksyz adam haýsy manyda «mal-mülküni sowurýar»?

13 Biz ýakynlarymyzyň ýüregine ýara salmaz ýaly, kellämizden günäli pikirleri aýyrmaly. Süleýmanyň tymsallary 29:3-de: «Kemçinleriň dosty bolsa öz mal-mülküni sowurýandyr» diýilýär. Toba etmeýän zynahor adam Hudaý bilen-de, maşgalasy bilen-de gatnaşygyny bozýar. Şeýle ýagdaýda aýaly onuň bilen aýrylyşyp biler. (Matta 19:9). Äri ýa-da aýaly günä edeni üçin nika bozulsa, onda bigünä ýanýoldaşynyň, çagalaryň we başga adamlaryň ýüregine bitmejek ýara salar. Sen jynsy ahlaksyzlygyň şeýle erbet netije getirýändigini bilip, ony inkär etmezmiň?

14. Günä babatda Süleýmanyň tymsallary 6:30—35-nji aýatlardan nähili sapak edinip bileris?

14 Zynahor etmişi üçin hiç zat bilen töleg töläp bilmez, şoňa görä-de bu bizi diňe özüňi bilmeklikden, rehimsizlikden gaça durmaga höweslendirmeli. Süleýmanyň tymsallary 6:30—35-nji aýatlarda adamlar aç bolany üçin ogurlyk edeni bagyşlasalar-da, zyna eden adamy ýigrenýändikleri aýdylýar, çünki onuň niýeti erbet. Ol «öz janyny heläkleýändir». Musanyň kanuny boýunça, şeýle adam öldürilýärdi (Lewiler 20:10). Zyna edýän adam ten höwesini kanagatlandyryp, başgalaryň ýüregini agyrdýar. Toba etmeýän zynahorlar Hudaýyň söýgüsinde galmaýar. Ony ýygnagyň gatnaşygyndan kesýärler, sebäbi mesihçi ýygnagy ahlak taýdan arassa saklanmaly.

Päk ynsaby saklaň

15. «Dag basylan ynsaba» näme bolýar?

15 Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin ynsabymyzyň günäleri duýmazlygyna ýol bermeli däl. Biz bu dünýäniň pese düşen ahlak kadalaryny kabul etmeli däl. Biz dostlaşmak, okamak, göwün açmak ýaly meselelerde seresap bolmaly. Pawlus resul: «Soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzliligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar» diýip duýdurdy (1 Timoteos 4:1, 2). Ýanykdan soň galýan ýaraly teniň hiç zat duýmaýşy ýaly, «dag basylan» ynsap hem hiç zady duýmaýar. Şeýle ynsap bizi imandan dänmeklikden goramaýar we imanymyzyň gowşandygyny duýdurmaýar.

16. Päk ynsaply bolmak näme üçin wajyp?

16 Biziň gutulmagymyz päk ynsabymyza bagly (1 Petrus 3:21). Isanyň döken ganyna bolan iman «diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin» ynsabymyzy ölüme eltýän işlerden tämizleýär (Ýewreýler 9:13, 14). Eger biz bilgeşleýin günä etsek, ynsabymyz kütelip, päk adam we Hudaýyň gullukçysy bolup bilmeris (Titus 1:15). Emma Hudaýyň kömegi bilen biz ynsabymyzy arassalap bileris.

Erbet işlerden gaça durmagyň başga ýollary

17. Ýehowa doly gulak asmaklygyň näme peýdasy bar?

17 Gadymy Ysraýyldaky Kaleb ýaly «Ýehowa doly gulak asmaly» (Kanunyň gaýtalanyşy 1:34—36). Hudaýyň bizden talap edýän zatlaryny etmeli we «jynlaryň saçagyna» şärik bolmaly däl (1 Korintoslylar 10:21). Imandan dänmän, diňe Ýehowanyň saçagyndan peýdaly ruhy iýmiti minnetdarlyk bilen iýsek, ýalan mugallymlar we ýaman ruhy gudratlar bizi aldap bilmez (Efesliler 6:12; Ýahuda 3, 4). Şeýle-de ruhy işler bilen meşgullanmaly, ýagny Mukaddes Ýazgylary öwrenmeli, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly we wagyz etmeli. Ýehowa doly gulak assak hem-de Rebbiň işine yhlasly ýapyşsak, hakykatdanam bagtly bolarys (1 Korintoslylar 15:58).

18. Hudaýdan gorky biziň alyp barşymyza nähili täsir eder?

18 «Takwalyk hem gorky bilen Oňa [Hudaýa] gulluk etmegi» ýüregimize düweliň (Ýewreýler 12:28). Hudaýdan gorksak, günäniň ähli görnüşlerini ret ederis. Şeýle gorky bize Petrus resulyň mesh edilen mesihçilere beren maslahatyna eýermäge kömek eder. Ol: «Ýüz görmän, her kimiň üstünden öz etmişine görä höküm çykarýany «Ata» diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki mysapyrlyk çagyňyzy gorky bilen geçiriň» diýdi (1 Petrus 1:17).

19. Hudaýyň Sözünden alýan bilimimizi näme üçin hemişe durmuşymyzda ulanmaly?

19 Hudaýyň Sözünden alýan bilimimizi hemişe durmuşymyzda ulanmaly. Bu bize agyr günäden gaça durmaga kömek eder, çünki biz «saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenleriň» arasyndadygyny subut edýäris (Ýewreýler 5:14). Gepleýşimize we özümiziň alyp barşymyza üns berip, akyldar bolup, bu ýaman günlerde «pursatdan peýdalanyp» dykgatly gezmäge ünsümizi gönükdireliň. «Rebbiň isleginiň nämedigine düşünmeli» we ony berjaý etmegi dowam etmeli (Efesliler 5:15—17; 2 Petrus 3:17).

20. Näme üçin biz açgözlük etmeli däl?

20 Adamlaryň zatlaryna göz gyzdyrmakdan gaça duruň. On tabşyrygyň birinde şeýle diýilýär: «Ýakynyň öýüne göz gyzdyrma. Ýakynyň aýalyna, guluna, gyrnagyna, öküzine, eşegine we ýakynyň hiç bir zadyna göz gyzdyrma» (Çykyş 20:17). Bu kanun adamyň öýüni, aýalyny, gullaryny, mallaryny we beýleki zatlaryny goraýardy. Emma Isanyň aýtmagyna görä, esasan açgözlük adamy murdar edýändir (Markus 7:20—23).

21, 22. Nähili çäreler mesihçini günä etmekden saklaýar?

21 Öňünden seresaplylyk çärelerini görsek günä etmeris. Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr» (Ýakup 1:14, 15). Meselem, eger adam öň spirtli içgileri köp içen bolsa, indi ol öýünde şeýle içgileri saklamaz. Mesihçiniň başga jynsdaky adamlara höwesi bolsa, işinde başga bölüme geçer ýa-da iş ýerini üýtgetmeli bolar (Süleýmanyň tymsallary 6:23—28).

22 Günä tarapa bir ädimem ätme. Näz-kereşme we ahlaksyz pikirler zyna ýa-da ahlaksyzlyga eltip biler. Kiçi zatda ýalan sözleýän adam uly zatda-da ýalan sözläp, aldamagy endik ediner. Kiçijik zady ogurlaýan adam soňy bilen ynsabyny ýuwudyp, uly ogurlyga baş goşar. Hatda imandan dänenleri biraz diňleýänlerem, ahyrsoňy hakykat ýolundan bütinleý çykar (Süleýmanyň tymsallary 11:9; Ylham 21:8).

Günä eden bolsaň näme?

23, 24. 2  Taryhlar 6:29, 30-njy we Süleýmanyň tymsallary 28:13-nji aýatlarda nähili teselli beriji sözler bar?

23 Ähli adamlar bikämil (Wagyzçy 7:20). Eger adam agyr günä eden bolsa, onda Ýehowanyň ybadathanasynyň açylyşynda Süleýman patyşanyň eden dogasyndan teselli tapyp biler. Süleýman Hudaýa şeýle doga etdi: «Her kesiň ýa-da tutuş Ysraýyl halkyň edýän ähli dogalaryny, dileglerini olaryň hersi bir bela we derde uçrandygyny duýup, şu ybadathana tarap elini uzadyp ýalbaranda, sen gökden, mesgen tutýan ýeriňden eşit, olaryň günäsini bagyşla we hersiniň ýollaryna görä, öwezini ber (çünki ynsan ogullarynyň ýüregini bilýän diňe sensiň)» (2  Taryhlar 6:29, 30).

24 Hawa, ynsan ýüregini Hudaý bilýändir we ol rehimdardyr. Süleýmanyň tymsallary 28:13-de: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» diýilýär. Etmişiňi boýun alyp toba etseň, Hudaý rehimdarlyk edip günäňi bagyşlar. Emma ruhy taýdan gowşan bolsaň, Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin saňa ýene-de näme kömek edip biler?

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Hudaýyň söýgüsinde nädip galyp bolar?

• Hudaýy we Isany söýsek, günäli işleri inkär etmäge nädip kömek eder?

• Näme üçin ýakynymyzy hakykatdan söýsek, jynsy ahlaksyzlyk etmeris?

• Erbet işlerden gaça durmagyň nähili ýollary bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş