Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Iýun sah. 22—26
  • Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ HÖKÜMDARLYGYNY ILERI TUTMAK NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • ADAMLARYŇ GUTULYŞYNDAN HEM WAJYP MESELE
  • GEÇMIŞDEN SAPAK
  • ÜNSÜMIZI ÝEHOWANYŇ HÖKÜMDARLYGYNA GÖNÜKDIRELIŇ
  • Eýýup wepaly galýar
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Iýun sah. 22—26
Şeýtan Hudaýa atan töhmetini subut etmek üçin, Eýýuba köp ejir çekdirýär, şol sanda agyr kesele uçradyp, ýalan doslary arkaly gyjalat berýär

Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň

«Seniň adyň (Ýehowadygyny), bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler». ZEB. 83:18

AÝDYMLAR: 46, 136

SIZ NÄME ÖWRENDIŇIZ?

  • Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak näme üçin wajyp?

  • Wepalylygy synalanda, Eýýup Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldady, emma ol nämäni ünsden düşürdi?

  • Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagyň wajypdygyny biz nädip görkezip bileris?

1, 2. a) Haýsy mesele bütin adamzada täsir edýär? b) Biz näme üçin ony ähli zatdan ileri tutmaly?

ŞU GÜNLER adamlaryň köpüsi puly durmuşda iň wajyp zatlaryň biri hasaplaýarlar. Şol sebäpli olar bar ünsüni pul toplamaga ýa-da emlägini goramaga gönükdirýärler. Başgalar bolsa maşgalasyny, saglygyny we gazanan üstünliklerini islendik zatdan gymmat saýýarlar.

2 Emma biziň üçin esasy zat — Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy. Seresap bolmasak, biz bu wajyp meseläni ünsden düşürmegimiz mümkin. Nädip? Eger gündelik işler bilen başagaý bolsak ýa-da düşýän synaglarymyza has köp üns bersek, Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagy baradaky wajyp meseläni unudyp bileris. Tersine, ony ähli zatdan ileri tutsak, her günki duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelmäge we Ýehowa has-da ýakynlaşmaga kömek eder.

HUDAÝYŇ HÖKÜMDARLYGYNY ILERI TUTMAK NÄME ÜÇIN WAJYP?

3. Şeýtan Hudaýyň hökümdarlygy bilen bagly nähili meseläni orta atdy?

3 Şeýtan Iblis Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky jedelli meseläni orta atdy. Ol Hudaýyň gowy Hökümdar däldigini, ýaradanlarynyň aladasyny etmeýändigini we adamlaryň özleri höküm sürse, has bagtly ýaşap biljekdiklerini aýtdy (Gel. çyk. 3:1—5). Şeýtanyň aýtmagyna görä, hiç bir adam Hudaýa ýürekden gulluk etmeýär we synaga düşende, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwrer (Eýp. 2:4, 5). Şoňa görä-de Ýehowa adalatly hökümdarlygyny inkär etmegiň nähili netije berjekdigine göz ýetirmekleri üçin, adamlara özbaşdak höküm sürmäge wagt berdi.

4. Näme üçin hökümdarlyk babatdaky mesele çözülmeli?

4 Ýehowa Iblisiň ýalan sözleýändigini bilýärdi. Onda ol näme üçin Şeýtana atan töhmetini subut etmek üçin wagt berdikä? Bu mesele ähli ýaradylan şahsyýetlere täsir edýär (Zebur 83:18-i okaň). Galyberse-de, Adam ata bilen How ene Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwürdi we köp adamlar olaryň saýlan ýoly bilen gitdiler. Käbirleri Iblisiň aýdanlaryny dogry hasaplap biler. Bu mesele babatda adamlar ýa-da perişdeler belli bir karara gelip bilmediler. Şonuň üçin halklaryň, milletleriň, tire-taýpalaryň, maşgalalaryň we adamlaryň parahat we agzybir ýaşamagy mümkin däl. Emma Ýehowanyň hökümdarlygy aklananda, ähli adamlar onuň adalatly hökümetiniň astynda ebedi ýaşarlar. Şonda bütin älem-jahanda parahatlyk höküm sürer (Efes. 1:9, 10).

5. Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutmakda biziň nähili ornumyz bar?

5 Hudaýyň hökümdarlygy aklananda, Şeýtan we ynsan hökümetleri hemişelik ýok ediler. Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly öz islegini amala aşyrar, adamlaryň wepalylygy bolsa her kesiň Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutup bilýändigini subut eder (Iş. 45:23, 24). Siz hem Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, wepalylygyny saklaýan adamlaryň arasynda bolmak isleýänsiňiz. Munuň üçin biz jedelli meseläni ünsden düşürmeli däl we onuň örän wajypdygy barada oýlanmaly.

ADAMLARYŇ GUTULYŞYNDAN HEM WAJYP MESELE

6. Ýehowanyň hökümdarlygyny aklamak nähili derejede wajyp?

6 Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy wajyp. Bu mesele hatda islendik adamyň bagtly ýaşamagyndan hem möhümdir. Onda adamlaryň halas bolmagy wajyp dälmi ýa-da Ýehowa biziň aladamyzy etmeýärmi? Ýok, beýle däl. Näme üçin şeýle pikir etmek nädogry?

7, 8. Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagy näme üçin onuň isleginiň amala aşmagy bilen baglanyşykly?

7 Ýehowa adamlary juda söýýär we olaryň aladasyny edýär. Ol Oglunyň gany arkaly ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:9). Ýehowa bu wadasyny ýerine ýetirmese, onda Iblis Hudaýy ýalan sözlemekde we adalatsyz höküm sürmekde aýyplar. Şeýle-de: «Hany, geljek diýip wada beren nirede? Ata-babalarymyzyň döwründen bäri hiç zat üýtgemedi, dünýä ýaradylany bäri, hemme zat öňküligine dur» diýýän duşmanlaryň ýaňsylamalary dogry bolup çykar (2 Pet. 3:3, 4). Hawa, Ýehowa hökümdarlygyny aklap, gulak asýan adamlara gutulyş getirer! (Işaýa 55:10, 11-nji aýatlary okaň)a. Galyberse-de, Ýehowa söýgi bilen höküm sürýär. Şol sebäpli biz onuň wepaly gullukçylaryny hemişe söýjekdigine, aladasyny etjekdigine we gymmat saýjakdygyna ynamly bolup bileris (Müs. çyk. 34:6).

8 Ýehowanyň hökümdarlygynyň wajypdygyna düşünmek adamlaryň halas bolmagynyň ähmiýetsizdigini we Hudaýyň aladamyzy etmeýändigini aňlatmaýar. Biz hökümdarlyk babatdaky meseläni öz gutulyşymyzdan wajyp hasaplaýarys. Şonuň üçin ünsümizi jedelli meselä gönükdirip, Ýehowanyň adalatly hökümdarlygynyň tarapyny tutsak, paýhasly bolar.

GEÇMIŞDEN SAPAK

9. Şeýtan Eýýuby nämede aýyplady? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Hökümdarlyk meselesiniň wajypdygy Eýýup kitabyndan görünýär. Şeýtan Eýýup pygamber horluk çekse, Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýtdy. Ol Hudaýa Eýýup pygamberi synamagy teklip edýär. Emma Ýehowa Şeýtanyň teklibini kabul etmeýär. Ol Şeýtana: «Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun» diýip, ony synamaga ýol berýär (Eýýup 1:7—12-nji aýatlary okaň)b. Gysga wagtyň içinde Eýýup hyzmatkärlerini, emlägini we eý görýän 10 çagasyny ýitirýär. Şeýtan hamala Eýýup şeýle kynçylyklara Hudaý tarapyn uçran ýaly edip görkezýär (Eýp. 1:13—19). Soňra Şeýtan ony agyr we elhenç kesele sezewar edýär (Eýp. 2:7). Aýalynyň we üç dostunyň gyjalat bermegi bolsa, Eýýubyň derdini has-da agyrlaşdyrýar (Eýp. 2:9; 3:11; 16:2).

10. Eýýup pygamber Hudaýa wepaly galsa-da nämä has köp üns berdi?

10 Eýýup bilen bolan wakanyň soňy näme bilen tamamlandy? Şeýtanyň aýyplamasy ýalan bolup çykdy. Sebäbi Eýýup Hudaýdan ýüz öwürmedi (Eýp. 27:5). Emma ol biraz dogry garaýşyny ýitirýär. Ol özüniň dogrulygyna çendenaşa köp üns berýär, hatda Hudaýdan munuň sebäbini düşündirmegini hem talap edýär (Eýp. 7:20; 13:24). Belki-de, biz Eýýup näme üçin ejir çekýändigini bilen bolsa, gowy bolardy diýýändiris. Emma Hudaý beýle pikir etmeýärdi, gaýtam, ol Eýýubyň garaýşyny düzetmegi wajyp hasaplady. Eýsem, Ýehowa Eýýuba näme diýdi?

11, 12. Ýehowa Eýýuba nädip kömek etdi we bu oňa nähili täsir etdi?

11 Hudaýyň Eýýuba aýdan sözleri Eýýup kitabynyň 38—41-nji baplarynda getirilýär. Emma olaryň hiç ýerinde Hudaýyň Eýýuba näme sebäpden ejir çekendigini düşündirendigi aýdylmaýar. Sebäbi Ýehowanyň esasy maksady oňa näme üçin ejir çekýändigini düşündirmek däldi, ýogsam, Hudaý özüni aklaýan ýaly bolardy. Aslynda, Ýehowa Eýýuba beýik Hudaýyň öňünde onuň örän kiçi orun eýeleýändigini düşündirmek isleýärdi. Ol Eýýuba has wajyp meseläniň bardygyny bilmäge kömek etdi (Eýýup 38:18—21-nji aýatlary okaň)c. Şeýdip, Eýýup garaýşyny düzetdi.

12 Eýsem, Ýehowanyň Eýýuba şeýle kyn ýagdaýda gönümel maslahat bermegi dogrumydy? Hudaýam, Eýýubam beýle pikir etmeýärdi. Eýýup gören görgülerine garamazdan, soňunda Hudaýa minnetdarlyk aýtdy. Ol hatda: «Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin» diýdi. Görşümiz ýaly, Ýehowa Eýýuba söýgi bilen maslahat berdi (Eýp. 42:1—6). Ondan öň dosty Elihu ony düzetmek üçin hem maslahat beripdi (Eýp. 32:5—10). Eýýup berlen käýinji kabul edip, garaýşyny düzedensoň, Ýehowa ony kynçylyklarda wepaly galandygy üçin öwdi (Eýp. 42:7, 8).

13. Ýehowanyň Eýýuba beren maslahaty synaglary gutarandan soňam, oňa nähili peýda getiren bolmaly?

13 Ýehowanyň maslahatyna eýermegi Eýýuba synaglaryndan soňam peýda getiren bolmaly. Nädip? Ýehowa Eýýubyň «soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi». Elbetde, onuň saglygynyň gowulaşmagy üçin wagt gerek bolandyr. Soňra onuň ýene-de «ýedi ogly, üç gyzy» bolýar (Eýp. 42:12—14). Eýýup öňki çagalaryny Şeýtan sebäpli ýitiripdi. Şol sebäpli oňa çeken ejirini derrew unutmak kyn bolandyr. Ol näme sebäpden ejir çekendigine kem-kemden has gowy düşünen bolsa-da, gören görgüleriniň özüne nähili peýda getirendigi hakda oýlanandyr. Ol nähili pikir edäýende-de, Hudaýyň beren maslahaty hakda oýlanmagy oňa dogry garaýşyny saklamaga kömek edip, teselli berendir (Zeb. 94:19).

Uýa keselhanada ýatan ýerinde wagyz edýär; dogan suraty gujaklap otyr; eneli-gyz tebigy betbagytçylyga uçrady

Çeken kynçylyklarymyza ser salyp nämäniň has wajypdygyny görüp bilerismi? (14-nji abzasa serediň)

14. Eýýup bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?

14 Eýýup bilen bolan waka bize-de garaýşymyzy düzetmäge we teselli tapmaga kömek edip biler. Sebäbi «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rim. 15:4). Biz mundan nähili sapak edinýäris? Birinjiden, özümize has köp üns berip, Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy baradaky wajyp meseläni unutmaly däl. Ikinjiden, Eýýup ýaly synaglarda wepaly galyp, bu wajyp meselä gatnaşmaga bildirilen hormata minnetdar bolalyň.

15. Kynçylyklarda wepaly galmagyň nähili peýdasy bar?

15 Hudaýyň wepalylygymyzy gymmat saýýandygy barada oýlanmak näme üçin teselli berýär? Biziň görýän görgülerimiz biderek däldir. Synaglarda wepaly galmak bilen, biz diňe bir Ýehowany razy etmän, eýsem, Onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezýäris (Sül. tym. 27:11). Biziň çydamlylygymyz «Hudaýy razy edip», umydymyzy berk saklamaga kömek edýär (Rimliler 5:3—5-nji aýatlary okaň). Eýýup bilen bolan waka «Ýehowanyň mähirli we rehimdar» Hudaýdygyny görkezýär (Ýak. 5:11). Onuň bizi we hökümdarlygynyň tarapyny tutýan ähli adamlary sylaglajakdygyna ynamly bolup bileris. Bu bize «sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelmäge» kömek edýär (Kol. 1:11).

ÜNSÜMIZI ÝEHOWANYŇ HÖKÜMDARLYGYNA GÖNÜKDIRELIŇ

16. Biz näme üçin Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagynyň wajypdygyny özümize ýatladyp durmaly?

16 Ünsümizi elmydama Ýehowanyň hökümdarlygyna gönükdirmek kyn bolmagy mümkin. Düşýän kynçylyklarymyz käte çekip-çydardan agyr bolup görünýändir. Eger olara aşa köp üns bersek, hatda ujypsyzja zatlar hem bize güýçli täsir edip biler. Şol sebäpli kynçylyklara uçranymyzda, Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagynyň wajypdygyny özümize ýatladyp dursak gowy bolar.

17. Ýehowanyň tabşyran işine yzygiderli gatnaşsak, wajyp meseläni unutmazlyga nädip kömek eder?

17 Ýehowanyň tabşyran işine yzygiderli gatnaşsak, wajyp meseläni unutmazlyga kömek eder. Meselem, Rene atly uýamyz beýnisine gan inme we rak keselinden ejir çekýärdi. Ol bejergi alýan döwründe hassahananyň işgärlerine, syrkawlara we olary görmäge gelýän adamlara wagyz edýärdi. Bir gezek ol hassahanada ýatyrka, bary-ýogy iki hepdäniň içinde 80 sagat wagyz edýär. Hatda ölüm ýassygynda-da uýamyz Rene Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky meseläni ünsden düşürmeýär. Bu onuň derdine derman bolýardy.

18. Bir uýa bilen bolan waka Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagyň peýda berýändigini nädip görkezýär?

18 Elbetde, biz gündelik işlerimiz bilen meşgullananymyzda-da Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky meseläni unutmak islemeýäris. Bir gezek Jenifer atly uýamyz öýüne gaýdyp bilmän, üç gün aeroportda galmaly bolýar. Uçuşlaryň saklanýandygy yzly-yzyna habar berilýärdi. Ol özüni ýeke duýýardy we ýadawlykdan ýaňa halys bolupdy. Şeýle ýagdaýda ol aňsatlyk bilen göwnüçökgünlige düşüp bilerdi. Ýöne ol şeýle ýagdaýlara düşen adamlara ruhy taýdan nädip kömek edip biljekdigi barada Ýehowa doga edýär. Netijede näme bolýar? Ol köp adamlara wagyz edip, ençeme edebiýatlary paýlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Düşen ýagdaýyma garamazdan, Ýehowanyň adyny mynasyp tärde wagyz etmek üçin eden tagallamy patalandygyny we ýeterlik güýç berendigini duýdum». Hawa, Jenifer bar ünsüni Ýehowanyň niýetine gönükdirdi.

19. Ýehowanyň halky onuň hökümdarlygyny goldaýandygy nämeden görünýär?

19 Ýehowanyň hökümdarlygyny ileri tutmak hakyky seždäni ýalan dinden tapawutlandyrýar. Hudaýyň halky hemişe-de Onuň hökümdarlygyny goldaýardy. Hakyky seždäniň tarapdary hökmünde biziň her birimiz Ýazgylardaky wajyp jedelli meseläni ünsden düşürmeli däl.

20. Ýehowa hökümdarlygyny goldamak üçin edýän tagallamyza nähili garaýar?

20 Ýehowa biziň wepaly gulluk edip we synaglarda çydamly bolup, Onuň hökümdarlygyny goldamak üçin edýän tagallamyzy gymmat saýýar (Zeb. 18:25). Indiki makalada biz Ýehowanyň hökümdarlygyny ýürekden goldamagyň näme üçin wajypdygynyň başga sebäbine we muny nädip edip biljekdigimize serederis.

a Işaýa 55:10 Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek, 11 Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar.

b Eýýup 1:7 Reb Şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. 8 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi. 9 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? 10 Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. 11 Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?» 12 Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, Şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.

c Eýýup 38:18 Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň. 19 Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede? 20 Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi? 21 Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Sen näme şol döwürde doguldyňmy?! Şonça ýyllar ýaşadyňmy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş