Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/10 sah. 7—11
  • Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MERT BOLANLARDAN GÖRELDE ALYŇ
  • BETBAGTÇYLYKLARA SIZI RUHDAN DÜŞÜRMÄGE ÝOL BERMÄŇ
  • NÄME ÜÇIN MERT BOLMALY?
  • MERTLIGI SAKLAR ÝALY, HUDAÝYŇ BERÝÄN KÖMEGINDEN PEÝDALANYŇ
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Söýgi batyrgaý edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Kynçylyga duşanyňyzda şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/10 sah. 7—11

Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň

«Hudaý bize pena hem arkadaýançdyr, Ol muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» (ZEB. 46:1).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Betbagtçylyklar ruhdan düşürmez ýaly näme etmeli?

  • Biz näme üçin mert bolmaly?

  • Ýehowa bize kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär?

1, 2. Köp adamlar nähili synaglara duçar bolýarlar we Hudaýyň gullukçylary synaglara nähili garaýarlar?

BIZ kyn günlerde ýaşaýarys. Ýer ýüzi betbagtçylykdan doldy. Ýer titremeler we olar zerarly döreýän suw tolkunlary (sunami), ýangyn, suw joşguny, wulkanyň atylmagy, güýçli tüweleý hem-de tupan ýaly zatlar adamlara betbagtçylyk getirýär. Mundan başga-da, maşgalada döreýän we şahsy kynçylyklar adamlary gam-gussa batyrýar hem-de gorkuda ýaşadýar. Hakykatdan-da, biziň ählimiz «amatsyz wagta we hadysa» duçar bolýarys (Wag. 9:11).

2 Umuman aýdanyňda, Hudaýyň gullukçylary şeýle kyn ýagdaýlaryň hötdesinden gelýärler. Ýöne bu dünýäniň soňy ahyrlap gelýär, şol sebäpli islendik kynçylyklara taýýar bolmaly, çünki bize gelejekde-de synaglar garaşýar. Kynçylyklara nädip hötde gelip bolar we olar sebäpli göwnüçökgünlige uçramaz ýaly näme etmeli? Betbagtçylyk döwründe bize mert bolmaga näme kömek eder?

MERT BOLANLARDAN GÖRELDE ALYŇ

3. Kyn ýagdaýlarda Rimliler 15:4-däki sözler bize nähili teselli berip biler?

3 Şu günler öňki döwre garanyňda kynçylyklardan has köp adam ejir çekýär. Emma öňler hem adamzat nesli köp hasraty başyndan geçirdi. Geliň häzir, mertlik bilen kynçylyklaryň hötdesinden gelen geçmişdäki Hudaýyň käbir gullukçylaryndan nähili sapak edinip biljekdigimize seredeliň (Rim. 15:4).

4. Dawut nähili betbagtçylyklary başdan geçirdi we oňa berk durmaga näme kömek etdi?

4 Geliň, Dawut bilen bolan wakalara seredeliň. Ol patyşanyň gahar-gazabyna we duşmanlaryň hüjümine sezewar boldy; onuň aýallaryny ýesir aldylar; iň ýakyn adamlary oňa dönüklik etdi we ol duýgy taýdan kynçylyk çekdi (1 Sam. 18:8, 9; 30:1—5; 2 Sam. 17:1—3; 24:15, 17; Zeb. 38:4—8). Mukaddes Ýazgylarda Dawudyň durmuşy beýan edilýär, şol sebäpli bu betbagtçylyklaryň oňa nähili agyr degendigini açyk görse bolýar. Emma bu kynçylyklar Dawuda ruhy taýdan zyýan ýetirip bilmedi. Ol iman bilen şeýle diýdi: «Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?» (Zeb. 27:1; Zebur 27:5, 10-njy aýatlary okaň).

5. Ybraýym bilen Sarra kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge näme kömek etdi?

5 Ybraýym bilen Sarra ömrüniň köp bölegini ýat ýerlerde çatmada ýaşap geçirdiler. Käte olara kyn bolýardy. Ýöne olar açlyk döwründe-de, daş-töweregindäki halklar tarapyndan howp abananda-da mert boldular (Gel. çyk. 12:10; 14:14—16). Olara näme kömek edýärdi? Hudaýyň Sözünde Ybraýymyň «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşandygy» aýdylýar (Ýew. 11:8—10). Ybraýym bilen Sarra nazaryny öňdäki zatlara dikip, olar hiç bir zada ruhdan düşmegine ýol bermediler.

6. Biz nädip Eýýubyň göreldesine eýerip bileris?

6 Eýýup örän agyr kynçylyklary başdan geçirdi. Ol yzly-yzyna betbagtçylyga duçar bolanda, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Eýýup 3:3, 11). Bu bela-beterleriň näme üçin onuň başyna inendigine, ol doly düşünmeýärdi. Emma Eýýup ýan bermedi. Ol Hudaýa wepaly galyp, aýypsyzlygyny saklady (Eýýup 27:5-i okaň)a. Bu nähili ajaýyp görelde!

7. Pawlus Hudaýa gulluk edende nähili synaglara duçar boldy we oňa berk bolmaga näme kömek etdi?

7 Geliň, indi Pawlus resulyň başdan geçiren wakalaryna seredeliň. Ol şäherde, çölde hem deňizde howply ýagdaýlara duçar bolandygyny, açlykdan, suwsuzlykdan hem-de sowukdan horlanandygyny we egin eşiksiz galandygyny gürrüň berdi. Ähtimal, Pawlus bir sapar gämi heläkçiliginden soňra «bir gije-gündizini deňizde geçiren» bolmaly (2 Kor. 11:23—27). Ol hatda Hudaýa gulluk edýändigi üçin ölüm bilen hem ýüzbe-ýüz bolupdy. Muňa garamazdan, onuň aýdan sözlerine üns beriň: «Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar» (2 Kor. 1:8—10). Pawlus ýaly betbagtçylyklary başdan geçiren adam köp bolmasa gerek. Emma biziň köpümize onuň duýgulary tanyş bolup biler we onuň mertlik bilen görkezen göreldesinden teselli tapyp bileris.

BETBAGTÇYLYKLARA SIZI RUHDAN DÜŞÜRMÄGE ÝOL BERMÄŇ

8. Kynçylyklar bize nähili täsir edip bilýär? Mysal getiriň.

8 Şu günler dünýäde betbagtçylyklar we kynçylyklar diýseň köp, şol sebäpli köp adamlar ruhdan düşýärler. Käbir mesihçiler hem şeýle duýgulary başdan geçirýärler. Awstraliýada ýoldaşy bilen doly wagtly gulluk eden Lanib atly uýa göwsünde rak keseliniň bardygyny aýdanlarynda, onuň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bejergi meniň diýseň güýjümi aldy. Bu ýagdaý, göräýmäge, meniň mertebämi peselden ýaly boldy». Üstesine-de, Lani oňurgasyna operasiýa edilen ýoldaşynyň hem aladasyny etmelidi. Eger biz şeýle ýagdaýa uçrasak näme edip bileris?

9, 10. a) Biz Şeýtanyň näme etmegine ýol bermeli däl? b) Biz Resullaryň işleri 14:22-de aýdylýan «köp muşakgatlara» nähili garamaly?

9 Şeýtan biziň duçar bolýan synaglarymyz arkaly imanymyzy gowşatjak bolýandygyny unutmaly däl. Şeýle-de oňa bizi şatlykdan mahrum etmäge ýol bermeli däl. Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Mukaddes Ýazgylardaky we ýokarda getirilen mysallar hakynda oýlansak, betbagtçylyga uçranymyzda mert bolmaga kömek eder.

10 Şeýle-de ähli kynçylyklary aýyrmaga biziň güýjümiziň ýetmeýändigini ýatdan çykarmaly däl. Gaýtam, biz kynçylyklara taýýar bolmaly (2 Tim. 3:12). Resullaryň işleri 14:22-de: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýilýär. Kynçylyklarda tukatlanmaly däl, gaýtam, olara mertligimizi bildirmäge we Hudaýyň kömek etmegi başarýandygyna iman edýändigimizi görkezmäge mümkinçilik hökmünde garamaly.

11. Kynçylyklar bizi ruhdan düşürmez ýaly näme edip bileris?

11 Biz gowy zatlar barada pikirlenjek bolmaly. Hudaýyň Sözünde: «Şadyýan ýürek ýüzi bezeýändir; ýürek agyrysy bolsa ruhy döwýändir» diýilýär (Sül. tym. 15:13). Lukmanlar gowy zatlar barada pikirlenmegiň şypa beriji güýjüniň bardygyny anyklapdyrlar. Bejergi alýan syrkaw adamlaryň köpüsine plasebo (dermanyň ornuny tutýan zyýansyz serişde) berenlerinde, olar özlerini gowy duýup başlapdyrlar, sebäbi olar dermanyň kömek etjekdigi hakynda pikirlenipdirler. Emma düýpgöter başgaça täsir edýän nosebony hem ulanyp görüpdirler. Ýagny lukmanlar syrkawlara berlen dermanyň ýaramaz täsir etjekdigi barada aýdanlarynda, olaryň haly erbetleşip başlapdyr. Üýtgedip bilmejek zatlarymyz barada hemişe pikirlensek, biz diňe öz-özümizi gynaýarys. Elbetde, Ýehowa bize «plasebo» bermeýär. Muňa derek, betbagtçylyga uçranymyzda, Ol Öz Sözi arkaly bizi ruhlandyrýar, dogan-uýalaryň üsti bilen goldaýar we mukaddes ruhy arkaly bize güýç berýär. Şu zatlar barada pikir edenimizde, biziň göwnümiz göterilýär. Hemişe erbet ýagdaýlar hakynda oýlanmagyň deregine, ýüze çykýan kynçylyklary çözer ýaly, peýdaly we gowy zatlar barada pikirleneliň (Sül. tym. 17:22).

12, 13. a) Hudaýyň gullukçylaryna tebigy betbagtçylyga döz gelmäge näme kömek edýär? Mysal getiriň. b) Betbagtçylyk döwründe adamyň ýaşaýşy üçin nämäniň wajypdygy nädip aýdyň bolýar?

12 Soňky wagtlar käbir ýurtlar elhenç tebigy betbagtçylyklary başdan geçirdi. Şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalaryň köpüsi özüni diýseň mert alyp bardy. Elbetde, bu olara aňsat bolmady. 2010-njy ýylyň başynda güýçli ýer titreme we onuň netijesinde dörän ägirt uly suw tolkunlary (sunami) sebäpli Çilide ýaşaýan doganlaryň köpüsi jaýyndan hem-de emläginden mahrum boldular. Muňa garamazdan, doganlar ruhy işler bilen meşgullanmagyny bes etmediler. Jaýsyz galan Samuel atly dogan şeýle gürrüň berýär: «Hatda şeýle kyn ýagdaýlarda-da, aýalym ikimiz ýygnak duşuşyklaryna barmagy we wagyz etmegi bes etmedik. Bu bize ruhdan düşmezlige kömek etdi». Olar betbagtçylygyň ýetiren zyýanyna köp üns bermän, dogan-uýalar bilen bilelikde Ýehowa gulluk etmegini dowam etdiler.

13 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda bolan güýçli ýagyş zerarly Filippiniň Manili şäheriniň 80 göterimini suw alypdy. Köp zadyndan mahrum bolan bir baý adam şeýle diýdi: «Bu hadysa baý bilen garybyň ýagdaýyny deňledi, çünki kynçylyklar we jebir-jepalar ähli adamlaryň başyna indi». Bu ýagdaý Isanyň akyldarlyk bilen beren maslahatyny ýatladýar: «Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr» (Mat. 6:20). Haçanda adam zym-zyýat bolup gidýän zatlary durmuşynda birinji orunda goýsa, bu köplenç ony tapdan düşürýär. Emma bar ünsümizi Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmäge gönükdirsek, daş-töwerekdäki bolýan zatlar bizi ruhdan düşürip bilmez (Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň).

NÄME ÜÇIN MERT BOLMALY?

14. Biziň mert bolmagymyza nähili esas bar?

14 Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürüp başlanynda, Isa ýer ýüzünde betbagtçylyklaryň boljakdygyny duýdurdy, emma: «Gorkmaň» diýdi (Luka 21:9). Biziň arkamyzda şeýle Patyşanyň we älem-jahanyň Ýaradyjysynyň durmagy, bize gelejege ynamly bolmaga kömek edýär. Pawlus Timoteosy şeýle sözler bilen ruhlandyrdy: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Tim. 1:7).

15. Hudaýa berk ynamly bolan adamlary mysal getiriň we biziň-de şeýle mertligi görkezip biljekdigimizi düşündiriň.

15 Hudaýa berk ynamly bolan gullukçylaryň aýdan sözlerine üns beriň. Dawut şeýle diýýär: «Reb meniň güýjüm hem galkanymdyr. Ýüregim Oňa bil baglady, Ondan kömek tapdym; munuň üçin ýüregim gaty şatlanýar» (Zeb. 28:7). Pawlus Hudaýa bolan berk ynamyny şeýle beýan etdi: «Biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris» (Rim. 8:37). Isa howp abananda: «Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir» diýdi (Ýahýa 16:32). Bu sözleri eşiden adamlar onuň Hudaý bilen berk gatnaşygynyň bardygyna göz ýetiren bolmaly. Hudaýyň gullukçylarynyň bu aýdan sözleri nämäni görkezýär? Olaryň her biriniň Ýehowa berk bil baglandygyny görse bolýar. Biz hem Hudaýa berk ynamly bolsak, islendik kynçylygyň öňünde mert durup bileris (Zebur 46:1—3-nji aýatlary okaň).

MERTLIGI SAKLAR ÝALY, HUDAÝYŇ BERÝÄN KÖMEGINDEN PEÝDALANYŇ

16. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek näme üçin wajyp?

16 Mertlik — bu özüňe ynamly bolmagy aňlatmaýar. Bu häsiýet mesihçilerde Hudaýy tanamagyň we Oňa bil baglamagyň esasynda döreýändir. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni okap, öwrenmeli. Göwnüçökgünlikden ejir çekýän bir uýa oňa nämäniň kömek edýändigini şeýle gürrüň berýär: «Men köplenç Mukaddes Ýazgylardaky teselli beriji sözleri gaýta-gaýta okaýaryn». Biz maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek babatda berilýän maslahata eýerýärismi? Bular bize mezmurçynyňky ýaly garaýyşda bolmaga kömek eder. Ol şeýle diýdi: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» (Zeb. 119:97).

17. a) Bize mertligi saklamaga näme kömek edip biler? b) Size kimiň terjimehalynyň kömek edendigini gürrüň beriň.

17 Şeýle-de biziň Ýehowa bolan ynamymyzy berkitmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz bar. Biziň žurnallarymyzdaky dogan-uýalaryň terjimehaly köp mesihçilere kömek etdi. Aziýaly bir uýa bipolýar näsazlyk keselinden ejir çekýärdi. Uýa şeýle kesele garşy göreşýän missioner doganyň terjimehalyny okap, örän ruhlanýar. Ol şeýle ýazýar: «Bu makala maňa öz agyr ýagdaýyma düşünmäge kömek etdi we maňa umyt berdi».

Betbagtçylyga uçranyňyzda Ýehowanyň berýän kömeginden peýdalanyň

[10, 11-nji sahypalardaky suratlar]
Betbagtçylyga uçranyňyzda Ýehowanyň berýän kömeginden peýdalanyň

[10, 11-nji sahypalardaky suratlar]

18. Biz näme üçin doga etmeklige biperwaý garamaly däl?

18 Şeýle-de doga etmeklik bize islendik ýagdaýda kömek edip bilýär. Pawlus resul doga etmegiň wajyplygyny nygtap, şeýle diýdi: «Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir» (Flp. 4:6, 7). Kynçylyklara döz gelmäge güýç berjek bu guraldan biz doly peýdalanýarysmy? Göwnüçökgünlikden uzak wagtlap ejir çeken Britaniýaly Aleks atly dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa doga etmek we Onuň Sözüni okap, Ony diňlemek meni göwnüçökgünlikden halas etdi».

19. Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga nähili garamaly?

19 Ýygnak duşuşyklary hem bize wajyp kömegi berip bilýär. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Janym Rebbiň howlularyny küýsäp çaşýar» (Zeb. 84:2). Biz hem şeýle duýgulary başdan geçirýärismi? Ýokarda agzalan Lani uýa ýygnak duşuşyklary barada şeýle diýýär: «Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak — bu örän möhüm. Eger men Ýehowanyň kömek etmegini isleýän bolsam, men ol ýere barmalydygyma düşündim».

20. Wagyz işine gatnaşmaklyk bize nädip kömek edýär?

20 Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek işine yhlasly gatnaşmak hem mert bolmaga kömek eder (1 Tim. 4:16). Dürli kynçylyklary başdan geçiren awstraliýaly bir uýa şeýle diýýär: «Men wagyz etmegi islemeýärdim. Emma bir ýaşuly dogan meni wagza çagyrdy. Men hem gitdim. Şonda Ýehowa maňa kömek eden bolmaly. Sebäbi men her sapar wagza gidenimde, özümi örän bagtly duýýardym» (Sül. tym. 16:20). Köp dogan-uýalar başgalara Ýehowa bolan imanyny berkitmäge kömek edenlerinde, olar öz imanynyň-da berkeýändigine göz ýetirdiler. Şeýdip, olar ünsüni öz kynçylyklaryna däl-de, has wajyp zatlara gönükdirdiler (Flp. 1:10, 11).

21. Biz kynçylyklara uçranymyzda nämä ynamly bolup bileris?

21 Ýehowa bize betbagtçylyklara mertlik bilen döz gelmäge ençeme usullar arkaly kömek edýär. Bu usullaryň ählisinden peýdalansak we Hudaýa mertlik bilen gulluk eden adamlaryň galdyran göreldesi barada oýlanyp, olara eýersek, kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljekdigimize ynamly bolup bileris. Bu dünýäniň soňy golaýlaşdygyça kynçylyklaram artar, emma, biz Pawlusyňky ýaly garaýyşda bolmaga çalyşmaly. Ol şeýle diýdi: «Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris... Biz ruhdan düşmeýäris» (2 Kor. 4:9, 16). Biz Ýehowanyň kömegi bilen betbagtçylyklaryň öňünde mert durup bileris (2 Korintoslylar 4:17, 18-nji aýatlary okaň).

a Eýýup 27:5 Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.

b Atlaryň käbiri üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş