Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/8 sah. 27—31
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Horluklaryň başlanyşy
  • Diňe Ýehowa höküm sürmäge hakly
  • Horluklaryň peýdasy
  • Ýerde ýaşamaga umyt edýänler bagtlydyr
  • Ýehowa sylaglar
  • Tizden hiç kim horluk çekmez!
    Tizden hiç kim horluk çekmez!
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/8 sah. 27—31

Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy

«Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris» (ÝAKUP 5:11).

1, 2. Adamlaryň horluk çekmegini Ýehowanyň islemändigini näme subut edýär?

HIÇ bir adam hem horluk çekmek islemez. Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaý-da adamlaryň horluk çekmegini islemeýär. Biz muny onuň ylhamlanan Sözüni öwrenip, erkegi we aýaly nähili ýaradyndygyna üns bersek bileris. Ilki bilen, Hudaý erkek adamy ýaratdy. Ol barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Reb Hudaý ýeriň topragyndan adamy ýasady; we onuň burnuna ýaşaýyş demini üfledi; we adam diri jan boldy» (Barlyk 2:7). Adam atanyň bedeni hem akyly kämildigi sebäpli, ol kesellemeýär we ölmeýärdi.

2 Adam ata nähili şertlerde ýaşaýardy? Barlyk 2:8, 9-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Reb Hudaý gündogara tarap Adende (Eremde) bir bag dikdi; we ýasan adamyny ol ýerde goýdy. We Reb Hudaý görmäge owadan we iýmäge oňat her agajy gögertdi». Görşümiz ýaly, Adam atanyň ajaýyp öýi bardy, Erem bagynda ol hiç hili horluk çekmeýärdi.

3. Adam ata bilen How enä nähili gelejek garaşýardy?

3 Barlyk 2:18-de biz şeýle sözleri okaýarys: «Reb Hudaý diýdi: Adamyň ýeke bolmagy ýagşy däl; oňa muwapyk bir kömekçi ýasaýyn». Ýehowa Adam ata üçin kämil aýal ýaratdy we adamlara bagtly durmuş garaşýardy (Barlyk 2:21—23). Biz Mukaddes Ýazgylarda şeýle okaýarys: «Hudaý olara ak pata berdi; we Hudaý olara diýdi: Hasylly boluň we köpeliň, we ýer ýüzüni dolduryň we ony tabyn ediň» (Barlyk 1:28). Adam ata bilen How enäniň ýer ýüzüniň ähli ýerini ajaýyp Erem bagy ýaly jennete öwürmäge mümkinçilikleri bardy. Olardan önen nesil horluk çekmän, bagtly ýaşamalydylar. Nähili ajaýyp başlangyç! (Barlyk 1:31).

Horluklaryň başlanyşy

4. Adamzadyň taryhy nämäni görkezýär?

4 Emma taryhdan biz adamzat maşgalasynyň ýagdaýy pese düşüp, elhenç erbetlige eltendigini görýäris. Erbet işleriň edilýändigi sebäpli, adamlar agyr horluk çekýär. Asyrlar boýy Adam ata bilen How enäniň nesilleri keselleýär, garraýar we ölýär. Ýer ýüzi bir wagt bagtly adamlaryň ýaşan jennetine düýbünden meňzemeýär. Bu ýagdaýyň dogrudygy barada Rimliler 8:22-de aýdylýar: «Bütin ýaradylyş şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusy tutup ýatyr».

5. Adam ata bilen How ene ynsanlaryň horluk çekmegine nädip sebäp boldy?

5 Ýyllar boýy dowam edýän horluklara Ýehowa jogapkär däl (2 Patyşalar 22:31). Bir tarapdan muňa adamlaryň özi jogapkär. Zebur 14:1-de şeýle diýilýär: «Olar bozuldylar, ýigrenji işler etdiler; ýagşylyk edýän ýok». Ýehowanyň Adam ata bilen How enä beren zatlaryň ählisi ajaýypdy. Şeýle şertlerde ýaşamak üçin olaryň Hudaýa gulak asmagy wajypdy. Ýöne Adam ata bilen How ene Ýehowadan garaşsyz bolmagy saýladylar. Olar Ýehowany ret edendigi sebäpli, kämilligini ýitirip, öldüler. Bize-de kämilsizligi miras galdyrdylar (Barlyk 3:17—19; Rimliler 5:12).

6. Horluklaryň başlanmagyna Şeýtan nähili täsir etdi?

6 Şeýle-de ähli horluklaryň başlanmagyna ruhy şahsyýet bolan Şeýtan Iblis jogapkär. Oňa erkinlik berlipdi. Ýöne ol özüne sežde etdirmek üçin, erkinligi nädogry ulanýar. Aslynda, ýaradylan zatlara däl-de, diňe Ýehowa sežde etmelidi. Şeýtan Adam ata bilen How enä «ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly bolarsyňyz» diýip, Ýehowadan garaşsyz bolmaga iterdi (Barlyk 3:5).

Diňe Ýehowa höküm sürmäge hakly

7. Ýehowa garşy pitnäniň netijesi nämäni görkezýär?

7 Pitnäniň netijesi, Älemiň eýesi hökmünde diňe Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny we diňe onuň höküminiň adalatlydygyny görkezýär. Soňky müňýyllyklardan «bu dünýäniň hökümdary» Şeýtanyň erbet, adalatsyz hem-de zorlukly hökümeti berkarar edendigi görünýär (Ýahýa 12:31). Şeýle-de Şeýtanyň gol astyndaky adamlaryň hökümeti asyrlar boýy betbagtçylyk we lapykeçlik getirip, adalatly höküm sürüp bilmeýändigini görkezýär (Ýeremiýa 10:23). Görşümiz ýaly, Ýehowadan garaşsyz hökümdarlygyň hiç biri üstünlik gazanmaz. Muny taryh aýdyň subut edýär.

8. Ähli ynsan hökümdarlyklary babatda Ýehowanyň nähili niýeti bar we ony nädip ýerine ýetirer?

8 Ýehowa müňlerçe ýyllap adamlara ondan garaşsyz höküm sürmäge ýol berdi, indi ol ýerdäki ähli hökümdarlygy ýok edip, özüniň hökümetini dikeltmäge hakly. Bu barada şeýle welilik edildi: «Şol patyşalyklaryň [häzirki ynsan hökümetleriniň] döwründe gökdäki Hudaý [gökde] patyşalyk [Isanyň gol astyndaky hökümeti] berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz... ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Daniýel 2:44). Jynlaryň we adamlaryň hökümi togtadylyp, ýerde diňe Hudaýyň gökdäki Patyşalygy höküm sürer. Şonda Isa Patyşa bolar we onuň bilen ýerden alnan 144 müň wepaly adamlar hökümdarlyk eder (Ylham 14:1).

Horluklaryň peýdasy

9, 10. Isa çeken horluklary nähili peýda getirdi?

9 Geliň, gökdäki Patyşalykda höküm sürjekleriň nähili häsiýetleriniň bardygyna seredeliň. Birinjiden, Isa gowy patyşa boljakdygyny görkezdi. Ol Ýehowanyň ýanynda ençeme ýyllap «ussa kimin», Atasynyň islegini ýerine ýetirdi (Süleýmanyň tymsallary 8:22—31). Ýehowa Isa ýere gitmegi tabşyranda, ol höwes bilen tabyn boldy. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Ýehowanyň beýik hökümdarlygy we Patyşalygy barada gürrüň bermegi birinji orunda goýýar. Hudaýyň hökümdarlygyna doly tabyn bolup, Isa ählimize ajaýyp görelde galdyrdy (Matta 4:17; 6:9).

10 Isa yzarlamalardan horluk çekdi we ahyry öldürildi. Ol gulluk eden döwri, daş-töweregindäki ähli adamlaryň gözgyny ýagdaýyna syn edýär. Adamlaryň horluklaryny görmek we özüniň horluk çekmegi oňa peýda getirdimi? Hawa. Ýewreýler 5:8-de şeýle diýilýär: «Ol Ogul [Hudaýyňky] hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi. Isanyň ýer ýüzünde çeken horluklary oňa has paýhasly we rehimli bolmaga kömek etdi. Ol öz durmuşyndan ynsan maşgalasynyň ýagdaýyna göz ýetirdi. Ol horluk çekýänlere duýgudaşlyk bildirip, olary halas etmek üçin özüniň gelmeginiň nähili ähmiýetiniň bardygyna düşünýärdi. Bu barada Pawlus resul Ýewreýler kitabynda gowy belläp geçýär. Ol şeýle diýýär: «Ol, halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar». «Biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr. Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň» (Ýewreýler 2:17, 18; 4:14—16; Matta 9:36; 11:28—30).

11. Geljekde höküm sürjek patyşalara we kazylara ýerde gören görgüleri nähili peýda getirer?

11 Isa bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürjek ýerden «satyn alnan» 144 müň adamlar barada-da köp zat aýdyp bolýar (Ylham 14:4). Olaryň ählisi ýerde doglup, dünýädäki horluklaryň içinde önüp-ösdüler we horluk çekdiler. Ýehowa wepaly bolup, Isa eýerendikleri üçin olaryň köpüsini yzarladylar, käbirlerini hatda öldürdiler. Ýöne olar «Rebbimiz hakda güwälik etmäge» utanmadylar we «Hoş Habaryň ugrunda... görgi gördüler» (2 Timoteos 1:8). Olaryň ýerde gören görgüleri ynsanlaryň üstünden gökden höküm sürende, gowy kazy bolmaga kömek eder. Olar adamlara duýgudaşlyk bildirmegi, mähirliligi öwrendiler we yhlas bilen kömek etmek isleýärler (Ylham 5:10; 14:2—5; 20:6).

Ýerde ýaşamaga umyt edýänler bagtlydyr

12, 13. Ýerde ýaşamaga umyt edýänlere horluklar nähili peýda getirip biler?

12 Ýer ýüzündäki jennetde keselsiz, agysyz we ölümsiz ýaşamaga umydy bar adamlara häzirki horluklaryň peýdasy barmy? Elbetde, agyry, jebir-jepalar we horluklar islenilýän zat däl. Emma şeýle horluklara çydasak, gowy häsiýetleri ösdürmäge we bagtly ýaşamaga kömek eder.

13 Bu barada Hudaýyň Sözünde näme diýilýändigine seredeliň: «Siz dogrulyk üçin görgi hem görseňiz, bagtyýarsyňyz... Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz» (1 Petrus 3:14; 4:14). «Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, gökde aljak sylagyňyz uludyr» (Matta 5:11, 12). «Synaga çydaýan adam bagtlydyr; sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12).

14. Näme üçin Ýehowanyň gullukçylary horluk çekseler-de, özüni bagtly duýýarlar?

14 Elbetde, horluklara çydamak bizi bagtly etmeýär. Ýehowanyň islegini berjaý edip, Isanyň göreldesine eýerýändigimiz üçin horluk çekýän bolsak, biz bagtly hem kanagatly bolarys. Mysal üçin, I asyrda käbir resullary tussag edip, ýokary ýehudy kazyýetiniň öňüne eltip, Isa barada wagyz edenleri üçin ýazgarýarlar. Olary ýenjip, soňra boşadýarlar. Olar muňa nähili garadylar? Injilde şeýle diýilýär: «Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler; çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar» (Resullaryň işleri 5:17—41). Olar urlup ýenjileni üçin bagtly däldiler. Olar Ýehowa wepalydygy we Isa eýerýändigi üçin horluk çekýändigine düşünip, özlerini bagtly duýýardylar (Resullaryň işleri 16:25; 2 Korintoslylar 12:10; 1 Petrus 4:13).

15. Synaglara çydamagymyzyň geljege näme peýdasy bar?

15 Biz garşylyklara we yzarlamalara dogry garaýyşda bolup çydasak, dözümli bolmagy öwreneris. Bu bize geljekki synaglara çydamaga kömek eder. Biz şeýle okaýarys: «Eý doganlar, dürli synaglara uçraňyzda, muny uly begenç saýyň; çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz» (Ýakup 1:2, 3). Şeýle-de Rimliler 5:3—5-nji aýatlarda: «Muşakgatlar bilen-de magtanýarys; çünki muşakgatyň çydamy, çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýänini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz» diýilýär. Biz Hudaýyň ýolunda ýöräp, synaglarda näçe köp çydasak, zalym dünýäniň geljekki synaglaryna-da çydap bileris.

Ýehowa sylaglar

16. Ýehowa geljekki patyşalary we ruhanylary horluk çekendikleri üçin nädip sylaglar?

16 Biz garşylyklar we yzarlamalar sebäpli maddy taýdan zyýan çekip, Hudaýyň ýolunda wepaly galmak üçin horluk çeksek-de, Ýehowanyň doly sylaglajakdygyna ynanyp bileris. Meselem, Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjekler we gökde ýaşamaga umyt edýänler barada Pawlus resul şeýle diýdi: «Siz... özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz» (Ýewreýler 10:34). Olar Ýehowanyň we Isanyň ýolbaşçylygy astynda ýer ýüzünde jennetde ýaşajak adamlara ajaýyp bereketleri berende, aljak şatlyklaryny göz öňüne getirip görüň. Pawlus resulyň wepaly mesihçilere: «Meniň pikirimçe, şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl» diýen sözleri nähili ýerlikli (Rimliler 8:18).

17. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän wepaly gullukçylaryny Ýehowa näme bilen sylaglar?

17 Ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar hem Ýehowa gulluk etmek üçin bir zatdan geçip ýa-da zyýan çekseler-de, geljekde bol bereketler bilen sylaglanar. Ýehowa olara ýer ýüzündäki jennetde ebedi ýaşaýşy we kämilligi berer. Täze dünýäde Ýehowa «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4). Gör, nähili ajaýyp wada! Bu dünýäde Ýehowanyň hatyrasy üçin nämedir bir zatdan geçsek, onuň horluk çekýän wepaly gullukçylaryna berjek ajaýyp ýaşaýşy bilen deňeşdirip bolmaz.

18. Ýehowa Mukaddes Ýazgylarda nähili teselli beriji wada berýär?

18 Biz nähili horluklara uçrasak-da, Hudaýyň täze dünýäde berjek ebedi ýaşaýyşdan lezzet almaga olar päsgel berip bilmez. Ýer ýüzündäki ajaýyp jennetde ýaşanda, Ýehowa ähli horluklarymyzyň öwezini dolar. Işaýa 65:17, 18-de şeýle diýilýär: «Çünki öňki zatlar ne ýada düşer, ne-de ýürege geler. Siz bolsa Meniň döredýän zatlaryma ebedilik begenişip, şatlanarsyňyz». Isanyň süýtdeş dogany Ýakup hem şeýle diýýär: «Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris» (Ýakup 5:11). Hawa, biz horluklara çydap wepalylygymyzy görkezsek, häzir we geljekde-de peýda alarys.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Adamlar haçan horluk çekip başladylar?

• Geljekde ýeriň üstünden höküm sürjeklere we ýer ýüzünde ýaşajaklara häzirki horluklar nähili peýda getirer?

• Biz näme üçin horluk çeksek-de, bagtly bolup bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş