Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/12 sah. 27—30
  • Ýarawsyzlyga garamazdan, şatlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýarawsyzlyga garamazdan, şatlanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýagdaýyňy göz öňünde tut
  • Ýehowa nädip kömek edýär?
  • Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ýehowa size güýç-kuwwat berer
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (III bölüm)
    Ýaşlaryň sowallary
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/12 sah. 27—30

Ýarawsyzlyga garamazdan, şatlanyň

AÝDALY, sen irden oýanyp, günüň tizräk batmagyna garaşýaň. Sebäbi ýene-de bir gün ýarawsyzlyk we gam-gussa bilen göreşmeli. Belki, senem Eýýup pygamber ýaly: «Şeýle horluk çekenimden ölenim gowy bolardy» diýýänsiň (Eýýup 7:15). Şeýle ýagdaý birnäçe ýyl dowam edýän bolsa näme?

Dawudyň dosty Ýonatanyň ogly Mefiboset şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol bäş ýaşyndaka, «ýykylyp, maýyp bolupdy» (2 Sam. 4:4). Mefiboset patyşa dönüklik etdi diýip aýyplanyp, elinden mal-mülki alnanda bolsa, ol diňe bir ýarawsyzlykdan ejir çekmän, eýsem, gam-gussa-da batandyr. Emma Mefiboset ýarawsyzlyga, töhmete we lapykeçlige garamazdan, şatlanyp, bize gowy görelde görkezdi (2 Sam. 9:6—10; 16:1—4; 19:24—30).

Pawlus resul hem gowy görelde görkezdi. Bir gezek ol «tenindäki tiken» bilen göreşýändigini aýtdy (2 Kor. 12:7). Pawlusyň «tiken» diýýäni bejerip bolmaýan kesel ýa-da resullygyny şübhä goýýan adamlar bolmaly. Her niçik-de bolsa, onuň kynçylygy çözülmedi, şonuň üçin ol ýarawsyzlyga we gam-gussa hötde gelmeli boldy (2 Kor. 12:9, 10).

Şu günler hem Hudaýyň käbir gullukçylary tapdan düşürýän, dowamly keselden ejir çekýärler ýa-da gam-gussa batýarlar. 18 ýaşynda Magdalena deri inçekeseli diagnozy goýuldy. Şeýle adamyň immuniteti (organizmiň kesele garşy göreşýän ukyby) öz bedenindäki öýjüklere hüjüm edip, organlaryna zyýan ýetirýär. Magdalena şeýle diýýär: «Meni gorky basýardy. Ýagdaýym gitdigiçe beterleşýärdi. Kesel sebäpli iýmit siňdirişim bozuldy, agzyma ýara çykdy, galkan şekilli mäzim (zob) ulaldy». Magdalenanyň ýagdaýyndan tapawutlykda, Izabellanyň kynçylyklary onçakly göze ilmeýär. Ol ýagdaýy barada şeýle gürrüň berýär: «Men çagalygymdan bäri göwnüçökgünlikden ejir çekýärin. Şol sebäpli meni köplenç gorky basýar, demim gysýar we aşgazanymdan tutýar. Men bu zatlardan halys ýadadym».

Ýagdaýyňy göz öňünde tut

Keselçilik we ysgynsyzlyk sebäpli ýaşaýşa gyzygyň gaçýar. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, oturyp, gowy oýlan. Elbetde, ýagdaýyňa baha bermek kyn bolar. Magdalena şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýagdaýym gün-günden erbetleşýär, käte men düşegimden hem galyp bilmeýärin. Hal-ýagdaýymyň birden erbetleşýändigi sebäpli, bir zady öňünden planlaşdyrmak kyn bolýar. Aýratynam, men öňki ýaly Ýehowa köp gulluk edip bilmeýändigim üçin lapykeç bolýaryn».

Zbignew dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýyllar geçdigiçe rewmatizm artriti (guragrynyň bir görnüşi) kem-kemden bogunlaryma zyýan ýetirip, has-da meni tapdan düşürýär. Käte sowuklamam güýjände, men ýönekeý zatlary-da edip bilmeýärin. Şonda men darykýaryn».

Birnäçe ýyl ozal Barbara atly uýanyň beýnisinde rak keseli tapyldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň saglygym birden gowşady. Men özümi ysgynsyz duýýaryn, köplenç kelläm agraýar we käte ünsli bolmak kyn bolýar. Indi käbir zatlary edip bilmeýändigim sebäpli, durmuşymda bolýan ähli zatlara täzeden seretmeli boldum».

Bu adamlaryň ählisi Ýehowa özüni bagyş eden gullukçylar. Olar üçin iň esasy zat — Hudaýyň islegini berjaý etmek. Olar Ýehowa doly bil baglap, onuň goldawyny duýýarlar (Sül. tym. 3:5, 6).

Ýehowa nädip kömek edýär?

Biz çekýän horluklarymyzy Ýehowadan görmeli däl (Ýerem. ag. 3:33). Eýýup pygamber «dogruçyl we aýypsyz» adam bolsa-da, nämeleri başdan geçirendigigini ýadyňa sal (Eýýup 1:8). Hudaý hiç kimi erbetlik bilen synamaýar (Ýakup 1:13). Ähli keselleri, şol sanda dowamly keselleri we göwnüçökgünligi Adam atadan we How eneden miras aldyk (Rim. 5:12).

Ýehowa we Isa dogry adamlara hemişe kömek edýär (Zeb. 34:15). Esasanam, biz kyn günlerde Hudaýyň «penamyz we galamyzdygyny» duýýarys (Zeb. 91:2). Ýagdaýymyz çykgynsyz ýaly bolup görnende, nädip şatlanyp bileris?

Doga. Sen gadymy döwürdäki Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýerip, doga edip ýüküňi gökdäki Atamyzyň üstüne taşlap bilersiň (Zeb. 55:22). Şeýdip, sen «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» duýarsyň. Kalbyňdaky rahatlyk «ýüregiňi, pikirleriňi gorar» (Flp. 4:6, 7). Magdalena doga arkaly Hudaýa bil baglap, agyr keseline döz gelýär. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa ýüregimi dökende, göwnüm giňeýär we begenýärin. Indi men her gün Hudaýa bil baglamagyň nämedigine gowy düşünýärin» (2 Kor. 1:3, 4).

Ýehowa mukaddes ruhy, Sözi we dogan-uýalar arkaly saňa güýç berip, dogaňa jogap berýär. Hudaý gudrat arkaly keseliňi aýrar öýtme. Her bir synagyňa döz geler ýaly, Hudaý saňa akyldarlyk we güýç berer (Sül. tym. 2:7). Ol saňa «iň üstün gudraty» berip goldar (2 Kor. 4:7).

Maşgala. Maşgalada söýgi we duýgudaşlyk keseliňe döz gelmäge kömek eder. Emma sen dogan-garyndaşlaryň hem ejir çekýändigini unutma. Olar hem edil sen ýaly özüni ejiz duýýar. Muňa garamazdan, kyn günleriňde olara bil baglap bilersiň. Bile doga etseňiz, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz (Sül. tym. 14:30).

Barbara gyzy we ýygnakdaky ýaş uýalar barada şeýle diýdi: «Olar meni wagyzda goldaýarlar. Men olaryň yhlasyna guwanýaryn we ruhlanýaryn». Zbignew dogan aýalynyň edýän kömeginiň gadyryny bilýär. Ol şeýle diýýär: «Öý-hojalyk işleriniň köpüsini aýalym edýär. Şeýle-de ol maňa geýinmäge kömek edýär we ýygnaga hem-de wagza gidenimizde köplenç sumkamy göterýär».

Dogan-uýalar. Biz dogan-uýalaryň arasynda bolanda ruhlanýarys we teselli tapýarys. Emma sen keseliň sebäpli ýygnaga baryp bilmeseň, näme? Magdalena şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar meniň üçin duşuşygy sesli ýazga geçirýärler. Olar maňa ýygy-ýygydan jaň edip, näme kömek gerekdigini soraýarlar. Şeýle-de ruhlandyrmak üçin hat ýazýarlar. Olaryň meni unutmaýandygy we aladamy edýändigi güýjüme güýç goşýar».

Göwnüçökgünlikden ejir çekýän Izabela şeýle diýýär: «Ýygnakda meni diňleýän we maňa düşünýän köp «ata-enelerim» bar. Ýygnak meniň maşgalam. Men ol ýerde özümi rahat we şadyýan duýýaryn».

Her hili synagdan ejir çekýän adam özüni çetde tutmasa gowy bolar. Gaýtam, dogan-uýalar bilen gatnaşyk etmegiň gadyryny bilmeli (Sül. tym. 18:1). Şonda sen olardan ruhlanarsyň. Belki, sen dogan-uýalardan kömek soramaga çekinýänsiň. Emma dogan-uýalar seniň aç-açanlygyňy gymmat saýarlar. Bu olara «hilesiz söýgüsini» bildirmäge mümkinçilik berer (1 Pet. 1:22). Eger sen dogan-uýalara ýygnaga barar ýaly kömek gerekdigini, bile wagza gitmegi ýa-da ýüregiňi dökmegi isleýändigiňi aýtsaň, gowy bolardy. Elbetde, biz dogan-uýalardan kömegi talap etmeli däl, ýöne olaryň edýän kömeginiň gadyryny bilmeli.

Dogry garaýyşda bol. Dowamly kesele döz gelmek üçin şatlygyňy ýitirmeli däl. Bu köplenç seniň özüňe bagly. Tukatlyk, sussupeslik erbet pikirlere eltýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder?» (Sül. tym. 18:14).

Magdalena şeýle diýýär: «Men kynçylyklarym barada çendenaşa alada etmeýärin. Gaýtam, özümi gowy duýýan günlerim begenýärin. Men dowamly keseline garamazdan, Hudaýa wepaly galan dogan-uýalaryň durmuşy barada okap ruhlanýaryn». Izabela bolsa, Ýehowanyň ony söýýändigi we gadyryny bilýändigi hakynda oýlanyp ruhlanýar. Ol: «Men özümi dereksiz duýmaýaryn. Men kim üçin ýaşamalydygyny bilýärin. Şeýle-de ajaýyp gelejege umyt edýärin» diýýär.

Zbignew şeýle diýýär: «Keselim sebäpli, kiçigöwünli bolmagy, gulak asmagy, ýagdaýa düşünmegi, paýhasly bolmagy we ýürekden bagyşlamagy öwrendim. Men zeýrenmän, şatlyk bilen wagyz etmegi öwrendim. Bu meni ruhy taýdan ösmäge höweslendirýär».

Ýehowa seniň çydamlygyňy görýändigini unutma. Ol seniň ejir çekýäniňi görüp gynanýar we seni gymmat saýýar. Hudaý seniň «işiňi... Öz adyna görkezen söýgiňi unutmaz» (Ýew. 6:10). Ýehowanyň ähli hudaýhon adamlara «seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýen sözlerini ýürekden kabul et (Ýew. 13:5).

Sen käte ruhdan düşýän bolsaň, täze dünýädäki ajaýyp ýaşaýşy göz öňüne getir. Sen tizden ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerini gözüň bilen görersiň!

[28, 29-njy sahypalardaky çarçuwa/suratlar]

Olar dowamly keseline garamazdan, wagyz edýärler

«Men indi ýeke özüm ýöräp bilmeýärin, şonuň üçin wagza aýalym ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalar bilen gidýärin. Men öňünden hödüri we Mukaddes Ýazgylardan aýatlary ýat tutýaryn» (Ýeži, gözüniň kütekligi sebäpli inwalid).

«Men diňe telefonda wagyz etmän, eýsem, birnäçe gyzyklanýan adamlara hat ýazýaryn. Keselhanada ýatanymda, hemişe krowatymyň ýanynda Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlary goýýaryn. Şeýdip, men gyzykly gürrüňler etdim» (Magdalena, deri inçekeselli).

«Men öýden-öýe wagyz etmegi gowy görýärin, ýöne bu maňa kyn bolanda, telefonda wagyz edýärin» (Izabella, göwnüçökgünlikden ejir çekýär).

«Men ikilenç ideg etmegi we Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirlende, kömek etmegi gowy görýärin. Özümi gowy duýýan günlerim bolsa, öýden-öýe höwes bilen wagyz edýärin» (Barbara, beýnisi rak keselli).

«Men diňe žurnallar üçin ýeňil sumka göterýärin. Bogunlarym agraýandygy sebäpli, ýagdaýyma görä, wagyz edýärin» (Zbignew, rewmatizm artriti).

[30-njy sahypadaky surat]

Ähli ýaşdaky adamlar ruhlandyryp bilýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş