Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/12 sah. 31
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa meniň paýymdyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Wagt aralygy
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/12 sah. 31

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

• Biz Pinehasdan näme öwrenip bileris?

Pinehas adamdan däl-de, Ýehowadan gorkýardy. Ýygnak ýaşululary hem Pinehas ýaly dogumly hem batyrgaý bolmaly. Mesihçi kimdir biriniň eden agyr günäsini bilse, ýaşululara habar bermek üçin batyrgaý hereket etmeli. Dostumyz ýa-da garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende, olar bilen gepleşmesek, Hudaýa wepaly bolarys (15.9. sahypa 30—32).

• Hudaýyň lewilere: «Seniň paýyň... Mendirin» diýmegi näme aňladýar?

Başga taýpaly her bir ysraýylla ýerden miras berilýärdi, lewileriň «paýy» bolsa, Ýehowady (San.18:20). Lewilere ýerden miras berilmese-de, has gymmatly, ýagny ruhanylyk hyzmaty tabşyrylypdy. Ýehowa olaryň maddy zerurlyklarynyň aladasyny etdi. Şu günler hem Hudaýyň Patyşalygyny durmuşynda birinji orunda goýýan mesihçiler zerur zatlarynyň boljakdygyna ynanýarlar (15.9. sahypa 7, 8, 13).

• Şahsy meselede maslahat gerek bolsa, näme etmeli?

Ilki bilen, sadyk hyzmatkäriň çykaran edebiýatlarynda gözleg geçirmeli. Elbetde, munuň üçin wagt gerek, tagalla etmeli we sabyrly bolmaly. Şonda-da gerekli maslahaty tapyp bilmeseň, onda ýetişen mesihçilere we ýygnagyň ýaşulularyna ýüz tutup bilersiň. Şeýle-de sen ähli biynjalyk edýän zatlaryň barada Ýehowa doga edip, ýüregiňi dökmegi unutma. Ol saňa paýhas hem düşünje berer (15.10. sahypa 32).

• Mesihçä nähili dynç alşyň gowudygyny ýa-da erbetdigini bilmäge näme kömek eder?

Nähili dynç alşyň gowy boljakdygyny we Hudaýa ýaramlydygyny biler ýaly, özüňe şeýle soraglary ber: Nähili göwün açmalar bar? Näçe wagt dynç almaly? Kim bilen dynç almaly? (10.15. sahypa 9—12).

• Biz erkek adamlara ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip bileris?

Şu günler erkek adamlara köplenç gazanç etmek, il-günden çekinmek we özüňi mynasyp görmezlik ýaly zatlar ruhy taýdan ösmäge päsgel berýär. Biz Isanyň göreldesine eýerip, olara şol meselelerde kömek etmeli (15.11. sahypa 24—28).

• Süleýmanyň tymsallary 7:6—23-nji aýatlardaky sözler bize pornografiýadan gaça durmaga nädip kömek edýär?

Şol aýatlarda ahlaksyz aýalyň ýaşaýan köçesine barýan ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Ol aýal ýaş ýigidi öýüne çagyrýar. Şu günler hem biz Internetiň ahlaksyz şekilli we suratly sahypalaryna girmeli däl. Şeýle-de özümize erk edip, howply sahypa girmez ýaly, öňünden Ýehowa doga etmeli (15.11. sahypa 9, 10).

• Şu günler Hudaý bize nädip kömek edýär?

Ýehowa gudratygüýçli bolany üçin halas edip bilýär. Ol halkyny çykgynsyz ýagdaýdan-da halas edip bilýär. Ýehowa ejiz we başarnyksyz ýaly görünýän adamlara hem kömek edip bilýär. Ol bize Mukaddes Ýazgylar we Hudaýyň ruhuna eýerýän ýygnak arkaly teselli hem görkezme berýär (Rim. 8:31, 32). Ýehowa söýgi bilen imanymyzy berkitjekdigini wada berýär. Biz hem Hudaýyň güýjüne bil baglasak kömek eder (15.12. sahypa 20).

• Biz Süleýmanyň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

Meselem, uýa Hudaýyň «Rebde» durmuş gurmaly diýen tabşyrygyna gulak asman, özüni aklamagy mümkin (1 Kor. 7:39). Biz başga meselelerde-de özümizi aklamagymyz mümkin. Mysal üçin, dogan ýa-da uýa özüni aklap, okuwdan daşary sport toparyna gatnaşýar. Käbirler bolsa, bir eden işi barada soralanda, oňaýsyz ýagdaýa düşmez ýaly ýalan sözleýär. Şol sebäpli Süleýman patyşa ýaly, Hudaýa gulak asman özümizi aklasak, biziň üçin zyýanlydygyny unutmalyň (15.12. sahypa 8—12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş