Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/11 sah. 6—10
  • «Öz düşünjäňe daýanma»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Öz düşünjäňe daýanma»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kynçylyga uçranda
  • Karara gelenimizde
  • Günäli höweslere garşy duranda
  • Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Synaga nädip garşy durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/11 sah. 6—10

«Öz düşünjäňe daýanma»

«Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» (SÜL. TYM. 3:5).

1, 2. a) Biz nähili ýagdaýlara düşmegimiz mümkin? b) Kynçylyklara uçranda, bir wajyp karara gelende ýa-da günäli höweslere garşy duranda, kime bil baglamaly we näme üçin?

SINTIÝANYŇa başlygy firmasynyň birnäçe bölümini ýapyp, işgärleriniň käbirini işden çykardy. Indi Sintiýa hem işden çykarylaryn öýdüp biynjalyklanýar. Işden çykarylsa, ol näme eder? Ýoldaşynyň bejergisini nädip tölärler? Beýleki çykdajylara puly nireden taparlar? Pamela atly uýa bolsa, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçesi gelýär. Ol göçmelimi ýa-da ýok? Semýuel atly ýaş oglany bolsa, başga bir zat alada goýýar. Ol çagalykdan pornografiýa seredýärdi. Häzir ol 20 ýaşlarynda bolsa-da, ýene-de pornografiýa göresi gelýär. Ol nädip günäli höwese garşy durup biler?

2 Kynçylyklara uçranyňda, bir wajyp karara geleniňde ýa-da günäli höweslere garşy duranyňda, sen kime bil baglaýarsyň? Sen özüňe bil baglaýarmyň ýa-da «ýüküňi Rebbiň üstüne taşlaýarsyň»? (Zeb. 55:22). Zeburda «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» diýilýär (Zeb. 34:15). Öz düşünjäňe daýanman, Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil baglamak nähili wajyp! (Sül. tym. 3:5).

3. a) Ýehowa bil baglamak näme aňladýar? b) Näme üçin käbir adamlar öz düşünjesine daýanýar?

3 Biz Ýehowanyň talaplaryny ýerine ýetirip, oňa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Biz oňa yzygiderli doga etsek, ol kömek eder we görkezme berer. Emma adamlaryň köpüsi Ýehowa bil baglamak kyndyr öýdýär. Meselem, Linn atly uýa Ýehowa doly bil baglamak üçin köp tagalla edendigini aýdýar. Näme üçin? Ol şeýle diýýär: «Men kakam bilen gatnaşmaýardym, ene mährini hem görmedim, sebäbi ol aladamy etmeýärdi. Şonuň üçin men öz günümi özüm görmegi çalt öwrendim». Şol sebäpli Linna kimdir birine bil baglamak kyndy. Käbir adamlar Ýehowa bil baglaman, ukybyna we tejribesine bil baglaýar. Mysal üçin, tejribeli ýaşuly ýygnakdaky meseläni çözende, Hudaýa doga etmän, has-da öz tejribesine bil baglamagy mümkin.

4. Biz bu makalada nämä serederis?

4 Ýehowa dogamyza görä ýaşap, onuň islegine görä hereket etmek üçin ýürekden tagalla etmegimizi isleýär. Kynçylyk dörände, Ýehowa bil baglaýarmyň ýa-da özüň çözjek bolýarsyň? Biz karara gelenimizde, näme etmeli? Günäli höweslere garşy duranymyzda, näme üçin doga etmeli? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky käbir mysallara seredeliň.

Kynçylyga uçranda

5, 6. Sanherip patyşa Iýerusalime hüjüm etjekdigini aýdanda, Hizkiýa näme etdi?

5 Mukaddes Ýazgylarda Hizkiýa patyşa barada şeýle diýilýär: «Ol Ýehowa wepaly bolup, onuň ýolundan aýrylman, Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny berjaý etdi». Ol ysraýylyň Hudaýy Ýehowa bil baglady (2 Pat. 18:5, 6). Bir gezek aşur patyşasy Sanherip güýçli goşuny bilen Ýahudanyň käbir berk goragly şäherlerini basyp alýar we Iýerusalime göz gyzdyrýar. Sanherip patyşa goşunyny we Rabşak bilen iki habarçysyny Iýerusalimiň ýaşaýjylaryny kemsitmek hem-de gorkuzmak üçin iberýär. Şonda Hizkiýa näme edýär? Hizkiýa Ýehowanyň ybadathanasyna baryp, şeýle doga edýär: «Eý, Taňrymyz Ýehowa, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar seniň ýalňyz Hudaýdygyňy biler ýaly, bizi onuň elinden halas etmegiňi haýyş edýärin» (2 Pat. 19:14—19).

6 Hizkiýa Ýehowadan diňe bir kömek soraman, eýsem meseläni çözmek üçin ýene bir zat edýär. Ol doga etmek üçin ybadathana gitmezden öň, halkyna Rabsagyň kemsitmesine hiç zat jogap bermezligi tabşyrdy. Şeýle-de ol Işaýa pygamberden maslahat soramak üçin birnäçe adamy iberdi (2 Pat. 18:36; 19:1, 2). Hizkiýa patyşa diňe Ýehowa ýaraýan zatlary etdi. Ol Müsürden hem-de goňşy halklardan kömek soramady, çünki muny Ýehowanyň halamaýandygyny bilýärdi. Hizkiýa öz düşünjesine daýanman, Ýehowa bil baglady. Ýehowanyň perişdesi Sanheripiň 185 müň adamlaryny öldürensoň, ol goşuny bilen Ninewe şäherine dolandy (2 Pat. 19:35, 36).

7. Hanna bilen Ýunusyň dogasy bize nädip teselli berýär?

7 Lewili Elkanyň aýaly Hannanyň çagasy bolmandygy sebäpli, göwnüçökgünlige düşüpdi. Emma ol Ýehowa doga edip, bil baglady (1 Sam. 1:9—11, 18). Ýehowa gulak asmandygy üçin Ýunus pygamberi uly balyk ýuwudýar. Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy» (Ýun. 2:1, 2, 10). Ýehowa ony halas etdi. Biz nähili kyn ýagdaýa uçrasak-da, Ýehowadan kömek sorap bilýändigimiz örän teselli berýär (Zebur 55:1, 16-njy aýatlary okaň).

8, 9. Hizkiýa, Hanna we Ýunus dogasynda nämäni nygtadylar we olardan näme öwrenip bileris?

8 Hizkiýa, Hanna we Ýunusyň mysallary kynçylyga uçranymyzda, Ýehowa doga etmelidigini düşünmäge kömek edýär. Hatda olaryň üçüsi-de kyn ýagdaýa düşendigi üçin ejir çekse-de, Ýehowa doga edip, diňe özi hem kynçylygy barada alada etmeýändigini görkezdiler. Olar üçin Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak, oňa dogry sežde etmek we talabyny ýerine ýetirmek wajypdy. Hizkiýa adamlaryň Ýehowanyň adyny masgaralaýandygyna gynanýardy. Hanna ogluny örän gowy görse-de, Şilodaky çadyrda Ýehowa gulluk etmäge berdi. Ýunus hem: «Kasamymy berjaý ederin» diýipdi (Ýunus 2:10).

9 Biz kynçylygymyzy çözmek üçin Hudaýa doga edende, nähili niýet bilen edýändigimiz barada oýlansak paýhasly bolar. Biz diňe kynçylygymyzyň çözülmegi barada doga edýärismi? Ýa-da dogamyzda Ýehowany we onuň niýetini ýatlaýarysmy? Biz kynçylyklarymyz sebäpli ejir çekende, biynjalyklanyp, Ýehowanyň niýetini we oňa sežde etmegi wajyp saýmazlygymyz mümkin. Biz Ýehowa kömek eder ýaly doga edenimizde, onuň adynyň mukaddes bolmagyny we hökümdarlygynyň aklanmagyny ýatdan çykarmalyň. Eger muny unutmasak, hatda kynçylygymyz göwnümize laýyk çözülmese-de, dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. Ýehowa derrew kynçylygymyzy çözmän, çydamak üçin güýç berip, dogamyza jogap berýär (Işaýa 40:29, Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň)b.

Karara gelenimizde

10, 11. Ýehoşafat kyn ýagdaýda kime bil baglady?

10 Sen durmuşyňda nädip wajyp karara gelýärsiň? Sen ilki karara gelip, soňra Ýehowanyň ak pata bermegini dileýärsiňmi? Ýahudanyň patyşasy Ýehoşafat dogry karara gelmekde gowy görelde görkezdi. Moaplylar hem ammonlylar Ýahuda ýurduna çozdular. Emma ysraýyllylaryň olara gaýtawul bermäge güýji ýetmeýärdi. Ýehoşafat näme etdi?

11 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýehoşafat gorkup, Ýehowany agtarmagy ýüregine düwdi». Ol ähli ysraýyllylary ýygnap, oraza tutmalydygyny aýtdy we olar bilen bile Ýehowadan görkezme diledi. Ol Iýerusalimde halkyň arasynda durup, şeýle doga etdi: «Eý, Ýehowa Hudaýymyz olary höküm etmermisiň? Çünki üstümize çozup gelýän şeýle uly goşuna garşy çykmaga güýjümiz ýok. Biz näme etjegimizi bilmeýäris, ýöne gözlerimizi saňa dikýäris» (2 Tar. 20:3—12, 17). Biz, esasanam, Ýehowa bilen gatnaşygymyza täsir edýän wajyp karara gelenimizde, öz düşünjämize daýanman, oňa bil baglamaly.

12, 13. Bir karara gelmeli bolanda, Dawudyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

12 Kynçylygy çözmek aňsat ýaly bolup görünse näme etmeli? Belki, öň şeýle ýagdaýa düşüp görendiris. Dawut patyşanyň mysaly kyn ýagdaýda özümizi nähili alyp barmalydygymyzy gowy görkezýär. Amalikliler Ziklag şäherine çozup, Dawudyň we onuň nökerleriniň aýallaryny hem-de çagalaryny ýesirlige alýarlar. Dawut Ýehowa doga edip: «Men talaňçylaryň yzyndan kowup ýeteýinmi?» diýip sorady. Ýehowa şeýle jogap berdi: «Ýola düş, çünki sen olaryň yzyndan ýetersiň we adamlary azat edersiň». Dawut Ýehowa gulak asyp, «amaliklileriň äkiden ähli adamlaryny azat etdi» (1 Sam. 30:7—9, 18—20).

13 Şondan biraz soňra, filistililer Ysraýyla çozdy. Dawut ýene-de Ýehowa ýüz tutdy. Hudaý: «Bar, men olary seniň eliňe bererin» diýdi (2 Sam. 5:18, 19). Birnäçe wagtdan filistililer ýene-de Dawut bilen uruşmaga geldiler. Eýsem, Dawut bu sapar näme ederkä? Ol: «Men şeýle ýagdaýa öňem iki sapar düşüpdim. Hudaýyň duşmanlaryna öňki ýaly garşy çyksamam bolar-la» diýip pikir edip bilerdi. Emma Dawut tejribesine bil baglaman, ýene-de Ýehowa doga etdi. Ýehowa oňa bu sapar başgaça jogap berdi. Dawut Hudaýa ýüz tutanyna begenen bolsa gerek! (2 Sam. 5:22, 23). Käbir kynçylyklary çözmek ýeňil ýaly bolup görünse-de, biz özümize we tejribämize bil baglamakdan ägä bolmaly (Ýeremiýa 10:23-i okaň)c.

14. Biz Ýeşuw we gibionlylar bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris?

14 Biz bikämil bolandygymyz sebäpli, hemmämiz, hatda tejribeli ýaşulular-da bir karara gelende, Ýehowadan maslahat soramagy unutmaly däl. Gibionlylar gelip, Ýeşuwdan olara garşy çykmazlygy haýyş edenlerinde, Ýeşuw we Ysraýylyň ýaşululary Ýehowadan görkezme soramadylar. Olar golaýda ýerleşýän Gibeon şäherinden gelseler-de, şeýle geýnipdirler welin, uzak ýurtdan gelene meňzeýärdi. Ýeşuw we Ysraýylyň ýaşululary Ýehowa ýüz tutman, gibionlylara garşy çykmazlyga razylaşdylar. Elbetde, Ýehowa olaryň ylalaşygyny ýatyrmady. Ýöne biz olaryň goýberen ýalňyşyndan sapak ediner ýaly, Ýehowa bu wakany Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. Diýmek, biz bir karara gelenimizde, hemişe Ýehowadan maslahat soramaly (Ýeşuw 9:3—6, 14, 15).

Günäli höweslere garşy duranda

15. Synaga garşy durmaga doga nädip kömek edýär?

15 Biziň bedenimizde «günä kanuny» höküm sürýär, şol sebäpli günäli höweslere garşy aýgytly göreşmeli (Rim. 7:21—25). Biz bu göreşde ýeňiş gazanyp bileris. Nädip? Isa şägirtlerine synaglarda doga etmegi maslahat berdi (Luka 22:40-y okaň). Günäli höwesler we pikirler Hudaýa doga edende-de, aýrylmasa, şonda-da Hudaýdan synaga hötde gelmäge akyldarlyk dilemeli. Hudaý hemmelere akyldarlygy jomartlyk bilen käýemän berýär (Ýakup 1:5). Ýakup soňra şeýle diýýär: «Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer, Reb ony dikelder; eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15).

16, 17. Günäli höweslere erk eder ýaly, näme üçin wagtynda doga etmeli?

16 Eger biz doga etmesek, onda günäli höweslere garşy durup bilmeris. Ýöne biz wagtynda doga etmeli. Süleýmanyň tymsallary 7:6—23-nji aýatlarda agzalýan ýaş ýigit bilen bolan waka seredeliň. Bir agşam ol ahlaksyz aýalyň ýaşaýan köçesine barýar. Ol aýal ýaş ýigidi öýüne çagyrýar. Ýigit ahlaksyz aýalyň teklibinden ýüz öwrüp bilmän, «öldürülmäge barýan öküz ýaly» yzyna düşdi. Ýaş ýigit näme üçin şol köçä bardyka? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, onuň «düşünjesi kemlik edýär», ýagny tejribesizdi (Sül. tym. 7:7). Megerem, ol ten höweslerine hötde gelip bilen däldir. Ýaş ýigit haçan doga etse dogry bolardy? Elbetde, ahlaksyz aýal gürläp durka, doga eden bolsa gowy bolardy. Ýöne şol köçä gitmek barada pikir dörän badyna doga eden bolsa, has-da gowy bolardy.

17 Belki, şu günlerem kimdir biri Internetde pornografiýaly sahypalary seretmejek bolýandyr. Eger ol ahlaksyz şekilli we suratly sahypalara bilgeşleýin girse, näme bolar? Ol Süleýmanyň tymsallary kitabynyň 7-nji babyndaky ýaş ýigidiň ýagdaýy başyna düşer. Onuň howply köçeden ýöredigi bolardy. Pornografiýany görmek höwesine garşy durmak üçin, biz Ýehowadan kömek dilemeli. Eger biz pornografiýa seredesimiz gelse, özümize erk edip, howply sahypa girmezden öň Ýehowa doga etmeli.

18, 19. a) Günäli höweslere erk etmek näme üçin kyn, ýöne sen nädip erk edip bilersiň? b) Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

18 Günäli höwese erk etmek ýa-da erbet endigi taşlamak aňsat däl. Pawlus resul: «Ten ruha garşy bolana, ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr» diýýär (Gal. 5:17). Erbet pikirler ýa-da günäli höwesler pikirimize gelen badyna, olara garşy durmak üçin gyzgyn doga etmeli. Soňra şol zatlardan gaça durmaly. Biz «her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmaýandygymyzy» unutmalyň. Biz Ýehowanyň kömegi bilen hemişe wepaly galarys (1 Kor. 10:13).

19 Kynçylyklara uçranymyzda, bir wajyp karara gelenimizde ýa-da günäli höweslere erk edenimizde, doga bize kömek edip biler. Biz Ýehowa doga edip, oňa bil baglaýarys. Şeýle-de Ýehowadan mukaddes ruh arkaly ýol görkezmegi we berkitmegi dilemeli (Luka 11:9—13). Geliň, hemişe Ýehowa bil baglalyň we öz düşünjämize daýanmalyň!

a Käbir atlar üýtgedildi.

b Işaýa 40:29. Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar.

c Ýeremiýa 10:23. Eý Ýehowa, ynsanyň ýoly ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez.

Ýadyňyzdamy?

• Hizkiýanyň, Hannanyň we Ýunusyň Ýehowa bil baglaýşyndan nähili sapak edinip bileris?

• Dawudyň we Ýeşuwyň mysallaryndan karara gelmek babatda näme öwrenýäris?

• Synaga uçranda haçan doga etmeli?

[9-nji sahypadaky surat]

Günäli höweslere erk etmek üçin haçan doga etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş