Siz Ýehowany öz paýyňyz edermisiňiz?
«Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny (jebir pürsüni, TD) alyp, yzyma düşsün». (MAT. 16:24)
1, 2. a) Galatýalylar 6:16-daky «Hudaýyň Ysraýyly» kim? b) Matta 19:28-däki «Ysraýylyň on iki taýpasy» kim?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ysraýyl diýen ady okanyňyzda, siz näme barada oýlanýarsyňyz? Ysraýyl diýip at dakylan Yshagyň ogly Ýakup hakynda oýlanýarmysyňyz ýa-da onuň nesilleri bolan gadymy ysraýyl halky barada? Mukaddes Ýazgylarda ruhy Ysraýyl, ýagny «Hudaýyň Ysraýyly» barada hem aýdylýar. Olar gökde patyşalar we ruhanylar bolmak üçin mukaddes ruh bilen mesh edildiler. Olar 144 000 sany (Gal. 6:16; Ylh. 7:4; 21:12). Emma Matta 19:28-de ýene bir Ysraýyl ady agzalýar.
2 Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz». Bu aýatda agzalan «Ysraýylyň on iki taýpasy» ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşajaklary aňladýar. 144 000 mesh edilenler bolsa olara kazylyk we ruhanylyk eder.
3, 4. Mesh edilenler nähili gowy görelde görkezýärler?
3 Gadymy döwürdäki ruhanylar we lewiler ýaly, şu günki mesh edilenler hem Ýehowa hyzmat etmegi örän gymmat saýýarlar (San. 18:20). Mesh edilenleriň ýer ýüzünde mirasy bolmaz. Ylham 4:10, 11-nji aýatlara görä, olar Isa Mesih bilen gökde patyşalar we ruhanylar bolup, Ýehowa gulluk ederler (Ezek. 44:28).
4 Mesh edilenler ýerde ýaşanda Ýehowany öz paýy edendigini görkezýärler. Olar Hudaýa gulluk etmegi hemme zatdan ýokary tutýarlar. Petrus resul olara: «Çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň» diýdi (2 Pet. 1:10). Olar Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, onuň yzyna eýerýärler. Mesh edilenleriň ukyplary we ýagdaýy dürli-dürli bolsa-da, mümkinçiliginiň çäklidigine garamazdan, Hudaýa köpräk gulluk etmäge jan edýärler. Olar Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýýarlar we ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýänlere görelde görkezýärler.
5. Mesihçileriň ählisi nädip Ýehowany öz paýy edip bilerler we bu näme üçin kyn bolmagy mümkin?
5 Isanyň aýtmagyna görä, gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umydy bolan her bir mesihçi «özüni inkär etmeli-de, haçyny (jebir pürsüni, TD) alyp», onuň yzyna düşmeli (Mat. 16:24). Ýer ýüzünde Jennetde ýaşamaga umyt edýän millionlarça adamlar Hudaýa sežde edip, Mesihiň yzyna eýerýärler. Olar ähli mümkinçilikden peýdalanyp, Hudaýa köpräk gulluk etmäge jan edýärler. Olaryň köpüsi pioner gullugyna başlamak üçin ýaşaýşyny ýönekeýleşdirdiler. Käbiri bolsa, her ýyl birnäçe aýlap kömekçi pioner bolmaga tagalla edýärler. Pioner bolmaga mümkinçiligi bolmadyk mesihçiler bolsa wagza yzygiderli gatnaşmaga çalyşýarlar. Olary Isanyň başyna ýakymly ysly ýag çalan Merýeme meňzetse bolar. Isa bu aýal barada: «Ol maňa ýagşylyk etdi... Ol elde baryny etdi» diýdi (Mar. 14:6—8). Şeýtanyň bu zalym dünýäsinde eliňde baryny etmek aňsat däldir. Şol sebäpli Ýehowa bil baglap, erjellik etmeli. Geliň, häzir haýsy dört ýagdaýda nädip elimizde baryny edip biljekdigimize seredeliň.
Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň
6. a) Adamlar nädip paýynyň diňe bu ýaşaýyşdadygyny görkezýärler? b) Biz näme üçin Dawudan görelde almaly?
6 Isa şägirtlerini öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtarmaga çagyrdy. Bu dünýäniň adamlary köplenç öz bähbidini gözleýärler. Olar barada Mukaddes Ýazgylarda: «Ol adamlaryň paýy bu ýaşaýyşdadyr» diýilýär (Zebur 17:1, 13—15-nji aýatlary okaň). Şeýle adamlar Ýehowa Hudaý barada pikir hem etmeýärler. Olar diňe amatly şertlerde ýaşamak, maşgala gurmak we çagalaryna miras galdyrmagyň aladasyny edýärler. Olaryň paýy bu ýaşaýyşdadyr. Emma Dawut Ýehowanyň öňünde «ýagşy at» gazanmak isleýärdi (Wag. 7:1). Dawut hem Asaf ýaly Ýehowa bilen dostlaşmagyň durmuşda iň wajyp zatdygyna düşünýärdi. Dawut özüni bagtly duýýardy. Şu günler köp mesihçiler Ýehowa gulluk etmegi dünýewi işden ileri tutýarlar.
7. Öňürti Patyşalygy agtaran dogan nähili bereket aldy?
7 Merkezi afrikaly Jan-Klod atly maşgalaly mesihçi ýaşuly bilen bolan waka seredeliň. Onuň ýaşaýan ýerinde iş tapmak kyndy, şol sebäpli adamlar işini ýitirmezlik üçin ähli zada taýyndylar. Bir gün Jan-Kloda müdiri gije işlemelidigini aýdýar. Ol her gün sagat 18:30-da işe başlamalydy; dynç güni ýokdy. Şonda Jan-Klod müdirine maşgalasynyň diňe bir maddy taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan-da aladasyny etmelidigini we dogan-uýalary goldamalydygyny aýdýar. Müdir oňa şeýle diýýär: «Eger sen işiňi ýitirmejek bolsaň, onda ähli zady: aýalyňy, üç çagaňy we aladalaryňy ýatdan çykar. Sen özüňi işe bagyş etmeli. Ýa diniňi saýla, ýa-da işi». Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Jan-Klod işinden çyksa, Hudaýyň onuň maşgalasynyň aladasyny etjekdigine ynanýardy. Şonuň üçin ol Hudaýa gulluk etmegi saýlap, ýygnak duşuşygyna gidýär. Soňra ol işde galdyrylandygyna ynamy bolmasa-da, işine gitmekçi bolýar. Şol bada oňa jaň gelýär. Şonda ol müdiriň işden çykarylandygyny, özüniň bolsa işde galdyrylandygyny bilýär.
8, 9. Ruhanylaryň we lewileriň göreldesine eýerip, Ýehowany nädip öz paýymyz edip bileris?
8 Mümkin, siz hem «Eger işimi ýitirsem, maşgalamy nädip eklärin?» diýip alada edýänsiňiz (1 Tim. 5:8). Ýöne her näme bolsa-da, siz Hudaýy öz paýy eden we gullugy birinji orunda goýan adamy Ýehowanyň taşlamandygyna öz durmuşyňyzda göz ýetirensiňiz. Isa şägirtlerine «öňürti... Patyşalygy... agtaryň» diýende, iýmit we egin-eşik ýaly zatlaryň onuň üstüne goşulyp beriljekdigini aýdypdy (Mat. 6:33).
9 Ýerden miras almadyk lewileri ýada salalyň. Olar arassa seždä ýolbaşçylyk etmelidiler. Şol sebäpli olar Ýehowany öz paýy edinip, Onuň maddy taýdan alada etjekdigine bil baglaýardylar (San. 18:20). Biz ybadathanada ruhany we lewi bolup hyzmat etmesek-de, olardan görelde alyp, Ýehowa bil baglap bileris. Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, biz Hudaýyň alada etjekdigine has-da ynamly bolmaly (Ylh. 13:17).
Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtaryň
10, 11. Iş meselesinde Ýehowa bil baglan adamlar bilen bolan wakany gürrüň beriň.
10 Isa şägirtlerini Hudaýyň Patyşalygyny agtarmaga hem çagyrdy (Mat. 6:33). Bu ýagşy bilen ýamana adamlaryň däl-de, Ýehowanyň garaýşy bilen garamalydygyny aňladýar (Işaýa 55:8, 9-njy aýatlary okaň)a. Käbir adamlar mesihçi bolmazyndan öň, temmäki ekip, ýarag öndürip satýardylar. Olar hakykaty bilenlerinden soňra başga işe girip, suwda çokundyryldylar (Iş. 2:4; 2 Kor. 7:1; Gal. 5:14).
11 Geliň, Andreas bilen bolan waka seredeliň. Ol aýaly bilen Ýehowa barada bilim alyp başlanlarynda, özlerini Oňa bagyş etmek islediler. Andreasa işi ýarasa-da, ol işinden çykýar. Näme üçin? Sebäbi onuň işi harby zatlar bilen baglydy. Andreas bolsa Ýehowanyň dogry hasaplaýan işlerini etmek isleýärdi. Andreas işinden çykanda, onuň iki çagasy bardy we olaryň birnäçe aýa ýeter ýaly puly galypdy. Onuň hem lewiler ýaly mirasy ýokdy. Ol Hudaýa bil baglap, işiň gözlegine çykýar. Häzir Andreasyň maşgalasy şol döwri ýatlanda, «Rebbiň eli gysga däldir» diýen sözleriň hakykatdygyny aýdýarlar (Iş. 59:1). Andreas bilen aýaly ýaşaýşyny ýönekeýleşdirip, hatda pioner bolup gulluk edýärler. Andreas şeýle gürrüň berýär: «Elbetde, käte biz pul, ýaşaýyş jaýy, saglyk ýagdaýy we garrylyk sebäpli biynjalyk bolýardyk. Ýöne biz hemişe Ýehowanyň kömegini duýýardyk... Biz Ýehowa gulluk etmegi uly sylag we hormat saýýarys»b (Wag. 12:13).
12. Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarmak üçin haýsy häsiýet gerek? Öz ýaşaýan ýeriňizdäki wakany gürrüň beriň.
12 Eger siz kynçylyga uçrasaňyz, öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtararmysyňyz? Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: “Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz» (Mat. 17:20). Siz bu sözlere şübhelenýän bolsaňyz, onda dogan-uýalardan kömek soraň. Ýehowanyň olary goldaýşyny eşideniňizde, siziň imanyňyz berkär.
Ýehowanyň berýän zatlaryna minnetdar boluň
13. Biz janymyzy gaýgyrman Ýehowa gulluk etsek nämä ynanyp bileris?
13 Eger biz Ýehowa gulluk etmegi gymmat saýsak, Ol lewiler ýaly biziň-de aladamyzy eder. Dawudy ýada salalyň. Ol gowakda duşmanyndan gizlenýän mahaly-da, Hudaýyň kömek etjekdigine ynanýardy. Hiç kimiň kömek edip bilmejek ýagdaýynda-da, biz Ýehowa bil baglap bileris. Asaf «Hudaýyň mukaddes mekanyna girende», ol näme sebäpden rahatsyzlanýandygyna düşündi (Zeb. 73:16). Biz-de Ýehowanyň Özi bilen dostlukly gatnaşygymyzy berkitmäge kömek etjekdigine ynanmaly. Bu bize islendik ýagdaýda-da, mukaddes gullugymyzy gymmat saýmaga ýardam eder. Şeýdip, biz Ýehowany öz paýymyz edineris.
14, 15. Ýazgylardaky hakykata düşünmek üçin özgerişler bolanda näme etmeli we näme üçin?
14 Siz Mukaddes Ýazgylardaky «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmäge Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýarmysyňyz? (1 Kor. 2:10—13). Bu babatda Petrus resul ajaýyp görelde galdyrdy. Isa ýehudylara: «Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz» diýdi. Käbir şägirtler Isa öz teni we gany barada aýdýandyr öýtdüler. Şol sebäpli olar «bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler diýişdiler» we «Onuň bilen tirkeşmegi goýdular». Emma Petrus: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn» diýdi (Ýahýa 6:53, 60, 66, 68).
15 Petrus-da Isanyň sözlerine doly düşünmedi, emma ol Ýehowanyň Isa arkaly bu hakykaty adamlara düşündirmäge kömek etjekdigine ynanýardy. Şu günler hem hakykata çuňňur düşünmek üçin özgerişler bolanda, siz onuň sebäbini bilmäge jan edýärmisiňiz? (Sül. tym. 4:18). I asyrdaky Weriýanyň ýaşaýjylary «her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul edipdirler» (Res. iş. 17:11). Siz hem olaryň göreldesine eýerseňiz, Hudaýa edýän gullugyňyzy has-da gymmat saýarsyňyz. Ýehowany öz paýyňyz edendigiňize, hakykatdan-da, minnetdar bolarsyňyz.
Diňe Rebde durmuş guruň
16. 1 Korintoslylar 7:39-a görä, durmuş gurmadyk mesihçiler nädip Hudaýy öz paýy edinip bilerler?
16 Mesihçiler durmuş gurmak meselesinde-de diňe «Rebde bolmalydyr» diýen tabşyrygy unutmaly däl (1 Kor. 7:39). Köp mesihçiler bu tabşyryga tabyn bolmak üçin durmuş gurmazlyk kararyna geldiler. Hudaý şeýle mesihçileriň has-da aladasyny edýär. Dawut özüni ýeke duýanda we kömek edere hiç kimiň ýokdugyny görende näme etdi? Ol Ýehowadan kömek sorady. Dawut: «Ruhum içimde tapdan düşen mahaly... Arzy-halymy Onuň öňüne dökýärin; gaýgy-gamymy öňünde beýan edýärin» diýdi (Zeb. 142:1—3). Ýeremiýa sallahlykda ençeme ýyl Hudaýa wepaly gulluk etdi. Belki-de, ol özüni ýeke duýandyr. Bu babatda köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Ýeremiýa arkaly aýdan sözleri» (rus dilinde) atly kitabyň 8-nji babyna seredip bilersiňiz.
17. Uýa özüni ýeke duýanda näme edýär?
17 ABŞ-da ýaşaýan uýamyzyň durmuşa çykmazlyk niýeti ýokdy. Ol özüne mynasyp dogana duşsa, durmuş gurmakçydy. Onuň ejesi Güwäçi däldi we ol gyzyny durmuşa çykarmak isleýärdi. Şonda gyzy ejesinden: «Meni kimdir birine durmuşa çykaryp, bagtsyz bolmagymy isleýärmiň?» diýip soraýar. Ejesi gyzynyň gowy işde işleýändigi, özüni ekläp bilýändigi we bagtlydygy barada pikir edende, gyzyna azar bermegini bes edýär. Käte uýamyz özüni ýeke duýýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa bil baglaýaryn. Ol meni hiç haçan ýeke goýmaz». Uýamyza Ýehowa bil baglamaga näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Men doga edenimde, özümiň ýeke däldigimi we Ýehowanyň ýanymdadygyny duýýaryn. Älemiň Hökümdary meni eşidýän bolsa, heý-de, özümi bagtsyz duýup bilerinmi?» Ol Mukaddes Ýazgylaryň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözlerine bil baglaýar. Ol adamlara ak ýürekden kömek bermäge jan edýär. Uýamyz sözüni şeýle dowam edýär: «Men adama kömek etmek üçin näme edip biljekdigim barada pikir edenimde, özümi bagtly saýýaryn» (Res. iş. 20:35). Ol Ýehowany öz paýy edinip, gullugyndan şatlyk tapýar.
18. Siz nädip Ýehowanyň paýy bolup bilersiňiz?
18 Biz nähili ýagdaýa düşsek-de, Hudaýy öz paýymyz edinip bileris. Eger siz-de şeýle edýän bolsaňyz, onda bagtly adamlaryň arasyndasyňyz (2 Kor. 6:16, 17). Siz-de Hudaýyň geçmişdäki gullukçylary ýaly Ýehowanyň paýy bolup bilersiňiz (Kanun taglymaty 32:9, 10-njy aýatlary okaň). Hudaý ähli halklaryň arasyndan ysraýyllylary saýlap, olary Öz paýy edişi ýaly, Ol sizi-de saýlap, mähir bilen siziň aladaňyzy eder (Zeb. 17:8).
a Işaýa 55:8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl» diýýär Reb. 9 Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
b 2009-njy ýylyň noýabr aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyna serediň (sah. 12—14, rus.).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryp, Ýehowany nädip öz paýyňyz edinip bilersiňiz?
• Ýehowanyň berýän zatlaryna minnetdar bolup, Ony nädip paýyňyz edinip bilersiňiz?
• Diňe Rebde durmuş gurup, Ýehowany nädip öz paýyňyz edinip bilersiňiz?
[13-nji sahypadaky sitata]
Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsak, Ol biziň paýymyz bolar
[15-nji sahypadaky surat]
Ýeremiýanyň göreldesi ruhlandyrýar