Ýehowa meniň paýymdyr
«Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mirasyň Mendirin». (SAN. 18:20)
1, 2. a) Ýeşuw ýurdy haýsy taýpalara paýlap berdi? b) Ýehowa lewilere näme wada etdi?
YSRAÝYL halky Wada edilen diýaryň köp bölegini basyp alýar. Soňra Ýeşuw, baş buhany Elgazar we taýpalaryň ýolbaşçylary ýurdy paýlaşmak kararyna geldiler. Olar ýeri taýpalara bölüp berdiler (San. 34:13—29). Ýehowa lewi taýpasyndan başga ähli taýpalara ýerden paý berdi (Ýeşuw 14:1—5). Näme üçin lewilere Wada edilen diýardan paý berilmedi? Olar ýatdan çykdymy?
2 Muny Ýehowanyň lewilere aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ýehowa olary taşlamajakdygyny wada berip, şeýle diýdi: «Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mirasyň Mendirin» (San. 18:20). Ýehowa: «Seniň paýyň... Mendirin» diýmek bilen, lewilere üýtgeşik bir wada berdi. Eger Ýehowa size şeýle diýen bolsa, siz özüňizi nähili duýardyňyz? Belki-de, siz şeýle diýersiňiz: «Heý-de, meniň ýaly adama Ýehowa şeýle wada berermi? Şu günler Ýehowa bikämil mesihçileriň paýy bolup bilermi?» Bu soraglaryň jogabyny bilmek gerek, çünki olar size-de, siziň söýýän adamlaryňyza-da degişli. Bu makalada biz Ýehowanyň nädip her bir adamyň paýy bolup biljekdigine serederis. Bu bize Ýehowanyň şu günki mesihçileriň nädip paýy bolup biljekdigine düşünmäge kömek eder. Has takyk aýdanyňda, gökde ýa-da ýerde ýaşamaga bolan umydymyza garamazdan, Ýehowanyň biziň nädip paýymyz bolup biljekdigini bileris.
Ýehowa lewileriň aladasyny edýär
3. Hudaý lewileri Özüne hyzmat etdirmek üçin nädip saýlady?
3 Ysraýyl halkynyň maşgalabaşylary öz öýüniň ruhanysy bolup hyzmat edipdir. Emma halka Kanun berlenden soň, Ýehowa ruhanylary we hyzmatçylary lewi taýpasyndan belleýär. Nädip? Ýehowa müsürlileriň nowbaharlaryny öldürende, ysraýyllylaryň her bir nowbahar ogluny «Özüme bagyş etdim» diýdi. Ýöne soňra Ýehowa «ysraýyllaryň arasyndan lewileri olaryň nowbahar ogullaryna derek kabul etmekçi» boldy, çünki Ol lewileriň Özüne hyzmat etmegini isledi. Ysraýylyň beýleki taýpalarynyň nowbahar ogullary lewilerden köpdi, şol sebäpli Ýehowa lewileriň sanyndan artyk bolan ysraýyllylara pul tölemelidigini aýtdy (San. 3:11—13, 41, 46, 47). Indi ähli halk Ysraýylyň Hudaýyna gulluk edip bilýär.
4, 5. a) Hudaýyň lewilere «seniň paýyň... Mendirin» diýmegi näme aňladýardy? b) Hudaý nädip lewileriň aladasyny etdi?
4 Ýehowa Özüne hyzmat etdirmek üçin lewileri haçan saýlady we nädip olaryň paýy boldy? Ýehowa olara ýerden miras bermese-de, has gymmatly we örän wajyp ýumşy tabşyrdy. Olaryň mirasy, ýagny paýy «Ýehowa ruhanylyk hyzmatydy» (Ýeşuw 18:7). Sanlar kitabynyň 18-nji babyna görä, biz olaryň maddy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylandygyny bilýäris (Sanlar 18:19, 21, 24-nji aýatlary okaň). Lewiler «edýän hyzmatlarynyň öwezine miras hökmünde ysraýyllaryň... berýän hemme zekadyny» alýardylar. Şeýle-de olara hasylyň we öý haýwanlarynyň ondan bir bölegi berilýärdi. Soňra lewiler-de alan zatlarynyň ondan birini we olaryň «iň gowusyny» ruhanylaryň zerurlyklary üçin bagyş etmelidilera (San. 18:21—29). Şeýle-de ruhanylar ysraýyl ogullarynyň Hudaýa sežde etmek üçin berilýän «ähli mukaddes sadakalaryny almalydylar». Şeýdip, ruhanylar Ýehowanyň olaryň aladasyny etjekdigine bil baglap bilerdiler.
5 Musanyň kanunyna görä, ysraýyllylar ýylda geçirilýän mukaddes baýramçylyklarda iýmek, içmek we wagtyny hoş geçirmek üçin, her ýyl ýygnanan hasylyň ondan bir bölegini aýra goýupdyrlar (Kan. tag. 14:22—27). Emma olar her üçünji we altynjy ýylyň ahyrynda ýygnanan hasylyň ondan bir bölegini garyplara hem-de lewilere bermelidiler. Näme üçin lewilere berilmeli? Sebäbi olaryň Ysraýylda «paýy we mülki ýokdy» (Kan. tag. 14:28, 29).
6. Lewi taýpasyna ýerden paý berilmedik bolsa, olar nirede ýaşapdyrlar?
6 Lewilere ýerden paý berilmedik bolsa, olar nirede ýaşapdyrlar? Olaryň aladasyny Hudaý edýärdi. Hudaý şäherleriň arasyndan 48-sini lewilere berdi. Olara alty sany gaçybatalga şäheri-de degişlidi (San. 35:6—8). Şeýlelikde, lewiler Hudaýyň çadyrynda hyzmat etmeýän wagty şol ýerlerde ýaşap bilýärdiler. Özüni Ýehowa gulluk etmek üçin bagyş eden adamlaryň aladasy has-da gowy edilýärdi. Onda lewiler Ýehowany öz paýy hasaplaýandygyny nädip görkezipdirler? Olar Ýehowanyň alada etmäge güýjüniň we isleginiň bardygyna bil baglamalydylar.
7. Lewiler Ýehowany öz paýy edinmek üçin näme etmelidiler?
7 Ysraýyllylar ondan bir bölek zekady bermeseler-de, olara Kanun boýunça temmi berilmeýärdi. Emma Ýehowanyň bu Kanunyna halk gulak asmasa, ruhanylar we lewiler horluk çekýärdi. Şeýle ýagdaý Nehemýanyň döwründe bolupdy. Şonda lewiler meýdanda işlemeli boldular we ruhanylyk borjuny ýerine ýetirip bilmediler (Nehemýa 13:10-y okaň)b. Diňe halk Ýehowanyň Kanunyna gulak asan ýagdaýynda, lewiler maddy zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilerdiler. Ruhanylar we lewiler üçin Ýehowanyň görkezmesine eýermek we olaryň aladasyny etjekdigine ynanmak wajypdy.
Ýehowany öz paýy hasaplan lewiler
8. Lewili Asaf näme üçin biynjalyk bolupdyr?
8 Lewi taýpasy Ýehowany öz paýy hasaplapdyr. Emma käbir lewiler «Ýehowa meniň paýymdyr» diýmek bilen, Hudaýa wepalydygyny we Oňa bil baglaýandygygyny görkezýärdi (Ýerem. ag. 3:24). Mukaddes Ýazgylarda sazanda we aýdymçy bolan bir lewiniň Ýehowany öz paýy hasaplandygy barada aýdylýar. Belki-de, ol Asafdyr ýa-da onuň maşgalasyndan biri bolan bolmagy-da mümkin. Ol Dawut patyşanyň döwründe lewileriň baş aýdymçysy (horuň ýolbaşçysy) bolupdyr (1 Tar. 6:31—43). Biz 73-nji mezmurda Asafyň erbet adamlaryň gowy ýaşaýşyna gözi gidendigi barada okaýarys. Ol hatda: «Men, elbetde, biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum» diýipdir. Asaf Ýehowanyň tabşyran ýumşunyň örän möhümdigini ýatdan çykaran bolmaly. Ol Ýehowanyň öz paýydygyny unudypdyr. Ol tä «Hudaýyň mukaddes mekanyna girýänçä» biynjalyk bolupdyr (Zeb. 73:2, 3, 12, 13, 16, 17).
9, 10. Näme üçin Asaf Hudaý «meniň ebedi paýymdyr» diýdi?
9 Asaf Hudaýyň çadyrynda pikirini özgerdip başlaýar. Mümkin, siziň bilen-de şeýle ýagdaý bolandyr. Belki-de, siz Ýehowa gulluk etmegiň ajaýypdygyny ýatdan çykaryp, baýlyk toplamak barada oýlanyp başlansyňyz. Ýöne Mukaddes Ýazgylary okasaňyz we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşsaňyz, siz ýene-de Ýehowanyň pikiri barada oýlanyp bilersiňiz. Asaf erbet adamlaryň ahyrynyň näme bilen tamamlanjakdygyna düşündi. Ol Ýehowanyň gullukçysy hökmünde nähili gymmatly zatlarynyň bardygy barada oýlandy. Şeýle-de Ýehowa onuň sag elinden tutup, oňa ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy. Ol Ýehowa: «Ýer ýüzünde Senden özgäni islemeýärin» diýdi (Zeb. 73:23, 25). Soňra ol Ýehowa özüniň paýy bolandygyny aýtdy (Zebur 73:26-ny okaň). Asaf: «Süňňüm, ýüregim ereýär — diýdi. Soňra sözüni dowam edip — Hudaý... meniň ebedi paýymdyr» diýip ýazdy. Ol Ýehowanyň ony ebedi dosty hem wepaly gullukçysy hökmünde unutmajakdygyny bildi (Wag. 7:1). Elbetde, bu sözler Asafa teselli berendir. Ol şeýle nagma aýtdy: «Maňa... Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr. Seniň ähli işleriňi yglan etmek üçin men Reb Hudaýy özüme pena edindim» (Zeb. 73:28).
10 Görşümiz ýaly, Asaf lewi hökmünde alan maddy zatlaryny däl-de, Ýehowany özüniň paýy edinendigini aýtdy. Ol, esasan hem, Ýehowa gulluk edişi we özüniň Hemmelerden Beýik bilen dostlukly gatnaşygy barada ýazdy (Ýakup 2:21,23). Asaf Ýehowanyň dosty bolmak üçin, Oňa iman edip, bil baglamagyny dowam etdi. Eger ol Ýehowa gulak assa, bagtly gelejek bilen sylaglanjakdygyna ynanmalydy. Siz hem Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanyp bilersiňiz.
11. Ýeremiýa Ýehowadan näme sorady we Ýehowa oňa näme jogap berdi?
11 Lewi taýpasyndan bolan Ýeremiýa pygamber hem: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi. Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ol Iýerusalimiň golaýynda lewilere degişli Anatot şäherinde ýaşaýardy (Ýerem. 1:1). Ýeremiýa Ýehowadan erbet adamlaryň gowy ýaşaýandygynyň, ýagşy adamlaryň bolsa ejir çekýändiginiň sebäbini sorady (Ýerem. 12:1). Ol Iýerusalim bilen Ýahudada bolýan zatlary görende Ýehowa nägilelik bildirdi. Ýeremiýa Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny bilýärdi. Ýehowa Ýeremiýanyň soragyna jogap berip, oňa heläk ediji habary aýtmagy tabşyrdy. Soňra Ol aýdanlaryny berjaý etdi. Ýehowa gulak asan adamlary halas etdi, duýduryşyna üns bermedik zalym adamlary bolsa ýok etdi (Ýerem. 21:9).
12, 13. a) Näme üçin Ýeremiýa: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi we onuň garaýşy nähilidi? b) Ysraýylyň ähli taýpalarynda nähili garaýyş bolmalydy?
12 Ýeremiýa dogduk mekanynyň boşap, haraba öwrülendigini görende, özüni garaňkylykda ýören ýaly duýdy. Ol Ýehowa meni «gabyrda ýatan ölüler kimin etdi» diýdi (Ýerem. ag. 1:1, 16; 3:6). Ýeremiýa ysraýyllylary gökdäki Atasyna dolanmaga çagyrsa-da, olar erbet ýolundan dönmediler. Şol sebäpli Ýehowa Iýerusalim bilen Ýahudany ýok etdi. Ýeremiýa dogrulyk etse-de, bu zatlar onuň ýüregini paralady. Emma ol gamgyn halda-da: «Biz ýok bolmadyk» diýdi. Ýeremiýa Ýehowanyň merhemetiniň «her gün irden täzelenýändigi» barada aýtdy. Soňra ol: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi. Diýmek, onda aýratyn gymmatly zat bardy, ýagny ol Ýehowanyň pygamberi bolup hyzmat edýärdi (Ýeremiýanyň agysy 3:22—24-nji aýatlary okaň)c.
13 Ysraýyllylaryň dogduk mekany 70 ýyllap harabaçylykda boşap galmalydy (Ýerem. 25:11). Emma Ýeremiýanyň «Meniň paýym Ýehowadyr» diýen sözleri Ýehowa bil baglaýandygyny görkezýärdi. Bu oňa «garaşmaga», ýagny Ýehowanyň gelerine sabyrly bolmaga kömek etdi. Ysraýylyň ähli taýpalary alan mirasyny ýitirdiler, indi olar Ýeremiýanyňky ýaly garaýyşda bolmalydylar. Olaryň ýeke-täk umydy Ýehowady. 70 ýyl geçenden soň, olara dogduk mekanyna dolanmaga we ol ýerde Ýehowa sežde etmäge mümkinçilik berildi (2 Tar. 36:20—23).
Ýehowany paýy hasaplan başga adamlar
14, 15. Lewilerden başga ýene kim Ýehowany öz paýy hasaplapdyr? Näme üçin?
14 Asaf-da, Ýeremiýa-da lewi taýpasyndandy. Ýehowa gulluk etmek hormaty diňe lewilere berlipmidi? Ýok! Ysraýylyň geljekki patyşasy Dawut Hudaýa «diriler ýurdunda meniň nesibäm (paýym, TD) Sensiň» diýdi (Zebur 142:1, 5-nji aýatlary okaň). Dawut bu sözleri ýazanda, Ysraýylda-da däldi, öýünde-de. Ol gowakda duşmanlaryndan gizlenýärdi. Dawut iki sapar gowakda duşmanlaryndan gizlenipdi: bir sapar Adullamyň golaýynda, ikinji sapar En-Gedi çölünde. Mümkin, ol şonda 142-nji mezmury ýazan bolmaly.
15 Şonda Dawut Saul patyşadan gizlenýärdi. Saul Dawudy öldürmekçidi. Dawut bolsa ondan gaçyp, kyn günlerini gowakda geçirdi (1 Sam. 22:1, 4). Belki-de, Dawut janymyň gamyny etjek dostum ýokdur öýdendir (Zeb. 142:4). Şonda Dawut Hudaýdan kömek sorapdyr.
16, 17. a) Dawut näme üçin özüni ýeke duýýar? b) Dawut kimiň kömegine bil baglaýar?
16 Dawut 142-nji mezmury ýazmanka baş ruhany Ahimelege näme bolandygyny bilen bolmaly. Ahimeleg Dawuda kömek edýär, çünki onuň Sauldan gaçyp ýörendigini bilmeýär. Bahyl Saul patyşa Ahimelegi we onuň öý-içerisini öldürýär (1 Sam. 22:11, 18, 19). Şonda Dawut olaryň ölümine özüni günäkär duýup, kömek eden ruhanyny öldüren ýaly bolýar. Dawudyň ýerine siz bolan bolsaňyz, özüňizi günäkär duýarmydyňyz? Emma Saulyň Dawudy henizem yzarlap ýörmegi ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar.
17 Ahimeleg bilen bolan wakadan soň, Dawudy patyşalyga mesh eden Samuel pygamber aradan çykýar (1 Sam. 25:1). Şonda Dawut özüni has-da ýeke duýýar. Emma ol Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýardy. Ol lewili bolmasa-da, aýratyn bir ýumuş üçin mesh edilipdi. Ol Hudaýyň halkynyň patyşasy bolmalydy (1 Sam. 16:1, 13). Dawut Ýehowa ýüregini döküp, oňa bil baglamagyny dowam etdi. Siz hem Ýehowany öz paýyňyz hasaplap we Oňa bil baglap, gullukda iň gowy zadyňyzy berip bilersiňiz.
18. Gadymy döwürde ýaşan gullukçylar Ýehowany öz paýydygyny nädip görkezipdirler?
18 Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylary haýsy manyda Ýehowany öz paýy hasaplapdyrlar? Olaryň ählisine Hudaý tarapyn aýratyn ýumuş tabşyrylypdy. Şeýle-de olar Ýehowanyň alada edýändigine ynanýardylar. Lewiler-de, başga taýpadaky adamlar-da Dawut ýaly Hudaýy öz paýy hasaplap bilýärdiler. Biz Ýehowany öz paýymyz hasaplap bilerismi? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
a Ýehowanyň ruhanylaryň aladasyny edendigi barada köpräk bilmek üçin «Ýazgylara düşünmek» kitabynyň II tomuna serediň (sah. 684, iňl.).
b Nehemýa 13:10 Men lewilere degişli paýynyň olara berilmeýändigini bildim. Şonuň üçin gullugy ýerine ýetirýän lewiler we aýdymçylar melleklerinde işlemäge gitdiler.
c Ýeremiýanyň agysy 3:22 Ýehowanyň wepaly söýgüsi arkaly biz ýok bolmadyk, çünki Onuň merhemeti tükeniksizdir. 23 Olar her gün irden täzelenýär. Wepalylygy ebedidir. 24 Meniň kalbym diýýär: «Meniň paýym Ýehowadyr, şol sebäpli Oňa sabyrlylyk bilen garaşaryn».
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowa haýsy manyda lewileriň paýydy?
• Asaf, Ýeremiýa we Dawut Ýehowany öz paýy edinendigini nädip görkezdiler?
• Hudaý paýyňyz bolar ýaly siz näme etmeli?
[8-nji sahypadaky sitata]
Lewilere ýerden miras berilmese-de, olaryň paýy Ýehowady. Olara has gymmatly, ýagny ruhanylyk hyzmaty tabşyrylypdy
[7-nji sahypadaky surat]
Ýehowa nädip ruhanylaryň we lewileriň paýy boldy?
[9-njy sahypadaky surat]
Asafa Ýehowany hemişe öz paýy hasaplamaga näme kömek etdi?