Sen aýypsyzlygyňy saklarmyň?
«Ölýänçäm, aýypsyzlygymdan aýrylmaryn!» (EÝÝUP 27:5).
1, 2. Biz nähili «gurluşyk işine» gatnaşmaly we nähili soraglara serederis?
AÝDALY, sen jaýyň proýektini gözden geçirýärsiň. Sen onuň gowy oýlanyp düzülendigine haýran galýarsyň. Bu jaýda maşgalaň bilen ýaşamagyň nähili ajaýyp boljakdygy barada sen höwes bilen oýlanýarsyň. Emma sen jaý gurmasaň, onda ýaşamasaň we soňra ony gowy ýagdaýda saklamasaň, bu proýekt hem-de ony durmuşa geçirmek barada oýlanýanlygyň peýdasy bolmaz.
2 Şonuň ýaly-da, bizem aýypsyzlygyň wajyp häsiýetdigine, onuň bize we biziň üçin gadyrdan adamlara nähili uly peýda getirýändigine düşünýäris. Eger biz aýypsyzlygymyzy abatlamasak, ony goldamasak, onda ol barada edýän gowy pikirlerimizden peýda bolmaz. Şu günler gurluşyk işi köp çykdajy talap edýär (Luka 14:28, 29). Aýypsyzlygy abatlamak üçinem köp wagt we tagalla gerek, ýöne eden tagallamyz oňa degýär. Geliň, üç soraga seredeliň: aýypsyzlygy saklamak näme? Biz nädip mesihi aýypsyzlygymyzy saklap bileris? Aýypsyzlygyny wagtlaýynça ýitiren adamlar näme etmeli?
Aýypsyzlygy saklamak näme?
3, 4. a) Bize aýypsyzlygy saklamaga Ýehowa nädip kömek edýär? b) Isanyň göreldesine eýerip, biz nädip aýypsyzlygy saklap bileris?
3 Geçen makalada aýdylyşy ýaly, Ýehowa bize aýypsyzlygy saklamaga ýa-da saklamazlyga özümize çözmäge mümkinçilik berdi. Bagtymyza, ol bizi goldaýar. Ol bize bu gymmatly häsiýeti abatlamagy öwredýär we öwredenleri boýunça ýaşamaga mukaddes ruhuny bolluk bilen berýär (Luka 11:13). Şeýle-de ol aýypsyz adamlary ruhy taýdan goraýar (Sül. tym. 2:7, 8).
4 Ýehowa bize aýypsyzlygy saklamagy nädip öwredýär? Ilki bilen, ol kämil derejede gulak asan Ogly Isa Mesihi ýer ýüzüne iberdi. Ol «ölüme-de boýun egdi» (Flp. 2:8). Isa ähli zatda, hatda iň agyr kynçylyklarda-da gökdäki Atasyna tabyn boldy. Isa Ýehowa: «Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi (Luka 22:42). Biziň her birimiz özümize şeýle sowal bermeli: «Menem şeýdip gulak asýarynmy?» Biz gulak asmak bilen, dogry niýetimizi saklap, aýypsyz galýarys. Geliň, durmuşda gulak asmaly wajyp pudaklaryň birnäçesine seredeliň.
5, 6. a) Hatda hiç kim görmese-de, aýypsyzlygy saklamagyň örän wajypdygyny Dawut nädip belläp geçdi? b) Mesihçiler ýeke galanda, aýypsyzlyga howp salýan nähili synaglara uçraýarlar?
5 Bizi hiç kim görmeýän ýaly bolup görünse-de, Ýehowa gulak asmaly. Mezmurçy Dawut ýanymyzda hiç kim bolmanda-da aýypsyzlygy saklamagyň örän wajypdygyny belläp geçdi. (Zebur 101:2-ni okaň.) Dawut patyşa bolandygy üçin, ol hemişe diýen ýaly hemmäniň gözüniň öňündedi. Ol köplenç ýüzlerçe, hatda müňlerçe adamlaryň öňünde durmaly bolýardy. (Zebur 26:12-ni deňeşdiriň.) Şeýle ýagdaýlarda onuň aýypsyzlygy örän ähmiýetlidi, sebäbi patyşa halka gowy görelde bolmalydy (Kanun. 17:18, 19). Emma Dawut hatda «öýde», ýeke özi galan wagtynda-da aýypsyz gezmelidigine düşündi. Eýsem, biz barada näme diýse bolar?
6 Biz Zebur 101:3-de Dawudyň şeýle sözlerini okaýarys: «Erbet zady gözümiň öňünde tutmaryn». Şu günler bizde esasanam, hiç kim görmeýän wagty gözümiziň öňünde, «erbet zatlary» goýmaga mümkinçilik kän. Köp adamlar üçin Internete girmeklik synag bolýar. Şübheli we hatda açyk pornografiýa materialy görmek örän aňsat. Emma şeýle etmek bilen, biz ýokarda agzalan sözleri Dawuda ylham bilen ýazdyran Hudaýa gulak asýandygymyzy görkezerismi? Pornografiýa örän zyýanly, çünki ol ahlaksyz höwesleri oýarýar, wyždany küteldýär, nikany bozýar we oňa biraz ýantaşan adamlaryň ählisiniň mertebesini kemsidýär (Sül. tym. 4:23; 2 Kor. 7:1; 1 Sel. 4:3—5).
7. Bize ýeke galanda Mukaddes Ýazgylardaky haýsy duýduryş aýypsyzlygy saklamaga kömek edýär?
7 Aslynda, Ýehowanyň gullukçylarynyň hiç biri-de ýeke galmaýar. Gökdäki Atamyz söýgi bilen olara syn edýär. (Zebur 11:4-i okaň.) Seniň günäli höweslerden gaça durýandygyňy görüp, Ýehowa gör nähili begenýändir! Şeýtmek bilen, sen Isanyň Matta 5:28-däki aýdan duýduryşyna eýerýärsiň. Günä eltýän zatlary görmezligi berk ýüregiňe düw! Pornografiýany görmek ýa-da okamak ýaly ahlaksyz işleri edip, gymmatly aýypsyzlygy ret etmek dogry bolarmy?
8, 9. a) Daniýel we onuň üç ýoldaşy aýypsyzlyk babatda nähili synaga uçradylar? b) Şu günler ýaş mesihçiler Ýehowany we imandaşlaryny nädip begendirýärler?
8 Biz Ýehowa gulak asyp, imansyzlaryň arasynda-da aýypsyzlygy saklap bileris. Daniýel we onuň üç ýoldaşyny ýada salalyň. Olary ýetginjek mahaly Babyla ýesir edip äkitdiler. Ol ýerde Ýehowa barada hiç zat bilmeýän imansyzlaryň arasynda bu dört ýehudyny Hudaýyň Kanunyndaky gadagan edilen iýmiti iýmäge mejbur edýärler. Bu ýetginjekler özüni aňsatlyk bilen aklap bilerdiler. Olary ne ata-enesi, ne ruhanylar, ne-de uly ýaşly ýehudylar görýärdi. Olaryň özüni nähili alyp barandygyny kim bilerdi? Elbetde Ýehowa. Şol sebäpli olar abanýan hüjüme we howpa garamazdan, oňa berk tabyn boldular (Dan. 1:3—9).
9 Ýehowanyň ýaş Güwäçileri bütin dünýäde özüni şeýle alyp barýarlar, ýagny olar Hudaýyň mesihçiler üçin beren kadalaryny berjaý edip, ýaşdaşlarynyň ýaramaz täsirine düşmeýärler. Siz, ýaş oglan-gyzlar narkotigi, zorlugy, paýyş sözleri, ahlaksyzlygy we başga-da ýaramaz işleri inkär edende, Ýehowa tabyn bolýarsyňyz. Şeýdip, siz aýypsyzlygy saklaýarsyňyz. Bu size peýda getirer, Ýehowany we imandaşlaryňyzy bolsa begendirer! (Zeb. 110:3).
10. a) Ýaş oglan-gyzlaryň käbiri ahlaksyzlyk barada nädogry düşünip, nädip aýypsyzlygyndan el çekdiler? b) Aýypsyzlygy saklamaga bolan höwes bizi ahlaksyzlyk howpundan nädip goraýar?
10 Başga jynsdaky adam bilen gatnaşyk edende-de, Hudaýa gulak asmaly. Biz Hudaýyň Sözünde aklaksyzlygyň gadagan edilýändigini bilýäris. Emma Hudaýa gulak asmaga bolan höwes, aňsatlyk bilen başyna gidenlige geçip biler. Meselem, ýaş oglan-gyzlaryň käbiri oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy ahlaksyzlyk we özara masturbasiýa (keýp almak üçin jyns organlaryny sypap jyns duýgyny oýarmak) bilen meşgullandylar, olar bu «jyns gatnaşygy» aňlatmaýar diýip, özüni aklaýarlar. Bu oglan-gyzlar Mukaddes Ýazgylarda «ahlaksyzlyk» diýlende, şeýle işleriň ählisi göz öňünde tutulyp, munuň üçin ýygnakdan çykarylýandygyny unudýarlar ýa-da ony bilgeşleýin inkär edýärlera. Iň erbedi-de, olar aýypsyzlyk barada asla pikirem etmeýärler. Biz aýypsyzlygy saklamaga jan edýäris, şol sebäpli bahana gözlemeýäris. Temmiden gaçyp bileris öýdüp, biz günä işleri etjek bolmaýarys. Biziň üçin esasy zat, haýsydyr bir nädogry hereket üçin aljak temmimiz däl-de, eýsem, Ýehowa ýaranmak wajypdyr. Biz Ýehowanyň ýüregine erbet täsir edip biljek ähli zatdan gaça durmaga çalyşýarys. Günä ýakynlaşmaga pikir etmegiň deregine, biz ondan we «ahlaksyzlykdan gaçýarys» (1 Kor. 6:18). Şeýdip, biz hakyky aýypsyz adamdygymyzy görkezeris.
Aýypsyzlygy nädip goldamaly?
11. Gulak asmaklygy görkezýän her bir hereket näme üçin wajyp? Mysal getiriň.
11 Gulak asyp, biz aýypsyzlygy abatlaýarys ýa-da ony «gurýarys». Bu ýoldan ýöräp bolsa, biz ony goldaýarys. Gulak asyp, bir gezek dogry hereket etsek, bu ujypsyz ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma wagtyň geçmegi bilen şeýle hereketler gitdigiçe artar. Muny näme bilen deňeşdirip bolýar? Bir kerpiç az bolup görünmegi mümkin, ýöne ençeme kerpiçden jaý gurup bolýar. Şonuň ýaly-da, eger biz hemişe gulak asýandygymyzy iş ýüzünde görkezsek, onda aýypsyzlygy goldaýarys (Luka 16:10).
12. Erbet we adalatsyz herekete çydap, Dawut aýypsyzlyk barada nähili görelde galdyrdy?
12 Biziň aýypsyzlygymyz, aýratynam, kynçylyklara duşanymyzda, biz bilen erbet gatnaşyk edenlerinde ýa-da adalatsyzlyga uçranymyzda görünýär. Dawudyň mysalyna seredeliň. Ýaş wagty ol Ýehowanyň hökümdarlygyny görkezýän Saul patyşa tarapyndan yzarlama sezewar boldy. Emma bu patyşa Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolup, Hudaýyň razylygyny gazanan Dawuda güýçli göripçilik edýär. Ýöne Saul şondan soňam birnäçe wagt hökümdarlyk etdi we goşuny arkaly Dawudy yzarlady. Ençeme ýyllap Ýehowa bu adalatsyzlyga ýol berdi. Dawudyň Hudaýa gahary geldimi? Ol çydamagyň peýdasy ýok diýdimi? Elbetde ýok. Ol Saulyň Hudaý tarapyn mesh edilen wezipesine çuňňur hormat goýup, mümkinçilik bolan ýagdaýynda-da, özi üçin ar almady (1 Pat. 24:2—7).
13. Eger biri göwnümize degse, aýypsyzlygymyzy nädip saklap bileris?
13 Dawudyň mysaly oýlanmaga mejbur edýär! Biz bikämil adamlardan ybarat bolan bütindünýä ýygnagyna degişli bolandygymyz sebäpli, olaryň her biri biziň göwnümize degip biler. Olaryň islendigi imandan dänmegi mümkin. Elbetde, şu günler Ýehowanyň halkyny bütinleý azdyryp bolmaýan wagtda ýaşamak uly bereketdir (Iş. 54:17). Muňa garamazdan, eger biri biziň ynamymyzy ödemese ýa-da göwnümize degse näme ederis? Imandaşymyza öýkeläp, ýüregimizi zäherlemäge ýol bersek, aýypsyzlygymyzy howp astyna salarys. Eger biz Hudaýdan gaty görüp ýa-da hakykaty taşlasak, başgalaryň hereketi bizi aklap bilmez (Zeb. 119:165). Synaglara çydamaklyk bize aýypsyzlygy saklamaga kömek edýär.
14. Guramadaky düzedişlere we taglymatlara girizilen takyklyga aýypsyz adamlar nähili seslenýärler?
14 Şeýle-de biz tankytlamakdan we igenjeňlikden gaça durmak bilen aýypsyzlygymyzy goldap bileris. Ebetde, bu biziň Ýehowa wepalylygymyzy subut edýär. Aýratynam, şu günler ol öz halkyna bol bereket berýär. Heniz hiç wagt arassa sežde şu günki ýaly beýgelmändi (Iş. 2:2—4). Ýazgylardaky aýatlara ýa-da tertip-düzgüne düzediş girizilende, biz ony kabul etmeli. Biz ruhy nuruň gitdigiçe parlaýandygynyň subutnamalaryny görmäge örän şat (Sül. tym. 4:18). Eger bize girizilen düzedişleri kabul etmek kyn bolsa, onda Ýehowadan kömek dilemeli. Şol bir wagtyň özünde biz Hudaýa gulak asyp, aýypsyzlygy saklamaly.
Eger biri aýypsyzlygyny ýitirse näme?
15. Bizi diňe kim aýypsyzlykdan mahrum edip biler?
15 Bu wajyp sorag, şeýle dälmi? Geçen makaladan bilşimiz ýaly, aýypsyzlyk — örän ähmiýetli häsiýet. Bu häsiýetsiz biz Ýehowa bilen dost bolup bilmeris we hakyky umydymyz bolmaz. Ýadyňda bolsun, Älemde diňe bir şahsyýet seni aýypsyzlykdan mahrum edip biler, ol hem seniň özüň. Muňa Eýýup gowy düşünýärdi. Ol şeýle diýdi: «Ölýänçäm, aýypsyzlygymdan aýrylmaryn!» (Eýýup 27:5). Eger sen Ýehowa wepaly galmagy ýüregiňe düwüp, onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolsaň, onda sen aýypsyzlygyňy ýitirmersiň (Ýakup 4:8).
16, 17. a) Agyr günä eden adam näme etmeli däl? b) Ol näme etmeli?
16 Muňa garamazdan, käbir adamlar aýypsyzlygyny saklamaýarlar. Olar agyr günä etmegi endik edýärler. Şeýle ýagdaý resullaryň döwründe-de bolupdy. Eger senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, bu çykgynsyz ýagdaýa düşendigiňi aňladýarmy? Ýok aňlatmaýar. Onda näme etmeli? Ilkibaşda, näme etmeli däldigine seredeli. Adatça, adamlar eden günäsini ata-enesinden, imandaşlaryndan ýa-da ýaşululardan gizleýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» (Sül. tym. 28:13). Günäsini gizlejek bolýan adam uly ýalňyşlyk goýberýär, çünki Hudaýdan hiç zady gizläp bolmaýar. (Ýewreýler 4:13-i okaň.) Käbirler hatda ikiýüzlülik edip ýaşaýarlar: olar özüni Ýehowa gulluk edýän ýaly görkezip, özleri bolsa günäli ýoldan ýöreýärler. Şeýle adamlara aýypsyzlygyny saklaýanlar diýip bolmaz. Agyr günäsini gizleýän adamlaryň seždesi Ýehowa ýaramaýar. Galyberse-de, olaryň ikiýüzlüligi onuň gaharyny getirýär (Sül. tym. 21:27; Iş. 1:11—16).
17 Mesihçi agyr günä edende, onuň näme etmelidigi örän aýdyň. Ruhy kömegi ýygnagyň ýaşulularyndan agtarmaly. Ruhy taýdan syrkawlara kömek etmek üçin, Ýehowa olaryň öňünden aladasyny etdi. (Ýakup 5:14-i okaň.) Ruhy syrkawlykdan sagalmak üçin, mümkin bolan terbiýe we düzediş çärelerinden gorkmaklyga ýol berme. Ölüm howply keselden ejir çekýän pähimli adam sanjymyň ýa-da hatda operasiýanyň diňe agyrylydygy üçin, olardan boýun gaçyrarmy? (Ýew. 12:11).
18, 19. a) Aýypsyzlygy ýene-de gazanmagyň mümkindigini Dawudyň mysaly nähili görkezýär? b) Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
18 Ruhy taýdan doly sagalmaga umyt barmyka? Ýitirilen aýypsyzlygy ýene-de gazanyp bolýarmy? Geliň, ýene-de Dawudyň mysalyna seredeliň. Ol agyr günä etdi: ol kesekiniň aýalyna açgözlük bilen garady, soňra onuň bilen zyna etdi we hiç hili ýazyk etmedik ärini öldürtdi. Şol wagt Dawuda aýypsyz adam diýip bolmazdy. Emma onuň ýagdaýy çykgynsyzmydy? Dawut berk çäre görülmäge mynasypdy we bu oňa berildi. Ýöne soňra onuň ak ýürekden toba edendigi üçin, Ýehowa oňa rehimdarlyk bildirdi. Dawut mundan sapak edinip, ýene-de aýypsyz adam boldy, ol Hudaýa gulak asyp, onuň ýolundan ýöremegini dowam etdi. Dawudyň mysalyndan Süleýmanyň tymsallary 24:16-daky sözleriň haklygy görünýär: «Çünki dogry adam ýedi gezek ýykylsa-da, galýandyr». Netijede näme boldy? Dawut ölenden soň, Ýehowanyň Süleýmana aýdan sözlerine üns beriň. (3 Patyşalar 9:4-okaň.)b Hudaý Dawudyň aýypsyzlygy saklaýan adamdygyny unutmandy. Hawa, agyr günä eden adam toba etse, Ýehowa ony tämizläp biler (Iş. 1:18).
19 Hawa, söýgi bilen gulak assaň, sen aýypsyz adam bolarsyň. Çydamlylyk görkezip, Ýehowa wepaly gal, eger agyr günä eden bolsaň, onda ak ýürekden toba et. Aýypsyzlyk — görä nähili gymmatly! Goý, her birimiz Dawut ýaly: «Men aýypsyzlykda gezerin» diýmegi ýüregimize düweliň (Zeb. 26:11).
a «Garawul diňi» žurnalynyň 2004-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan sanynyň 13-nji sahypasynyň 15-nji abzasyna serediň.
b 3 Patyşalar 9:4-nji aýat: «Eger sen meniň aýdyşyma görä ähli zady edip, ataň Dawut ýaly öňümde dogruçyl we aýypsyz ýürekli gezseň, meniň kararlarymy hem-de hökümlerimi berjaý edersiň».
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Aýypsyzlygy saklamak näme?
• Sen aýypsyzlygy nädip saklap bilersiň?
• Aýypsyzlygy ýene-de nädip gazanyp bolýar?
[8-nji sahypadaky çarçuwa]
«NÄHILI AJAÝYP HEREKET!»
Bäş aýlyk göwreli bir aýal nätanyş adamyň ýagşylyk we dogruçyllyk edendigine şeýle seslendi. Ol kafe girýär we ol ýerden gidenden soň, birnäçe sagatdan gapjygyny ýitirendigini görýär. Onda 2 000 dollar bardy, bu bolsa onuň hemişeki ýanynda alýan pulundan has köpdi. Ol soňra ýerli gazete beren interwýusynda: «Men gaty gynandym» diýýär. Birnäçe wagtdan gapjygy bir ýaş gelin tapyp, ony gowşurmak üçin eýesini derrew gözläp başlaýar. Ol polisiýa ýüz tutýar we polisiýa işgärleri ýiten zadyň şol göwreli aýalyňkydygyny anyklaýarlar. Gapjygyň eýesi minnetdarlyk bilen: «Nähili ajaýyp hereket!» diýdi. Bu ýaş gelin pullary bermek üçin näme sebäpden şeýle tagalla etdikä? Gazetde onuň Ýehowanyň Güwäçisidigi we «ony terbiýelän diniň dogruçyl bolmagy öwredýändigi» barada aýdylýar.