Eýýup çydamly we aýypsyz adam
«Meniň Eýýup bendäme ýagşy üns berdiňmi? Onuň ýaly adam dünýäde ýokdur; ol aýypsyz hem adyl, ýamanlykdan gaça durup, Hudaýdan gorkýar» (EÝÝUP 1:8, MKS).
1, 2. a) Eýýup nähili betbagtçylyklara duçar bolýar? b) Betbagtçylyga uçramazyndan öň Eýýubyň durmuşy nähilidi?
OL ABRAÝLY, sagdyn, barly we bagtly maşgalaly adam hökmünde tanalýardy. Ýöne yzly-yzyna bolan üç sany betbagtçylyk sebäpli, onuň durmuşy düýpgöter üýtgedi. Ol ilki bilen bütin baýlygyndan birden mahrum boldy. Güýçli tupanyň turmagy sebäpli, onuň ähli çagalary öldi. Soňra onuň bütin tenine yzaly ýaralar çykyp, onuň saglygyna zyýan ýetirdi. Mümkin, siz bu adamyň Eýýupdygyny duýansyňyz. Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň biri, hatda onuň ady bilen atlandyrylan(Eýýup 1, 2-nji baplar).
2 Eýýup: «Wah, men öňki geçen aýlarymdaky ýaly bolsadym» diýip gynanýardy (Eýýup 3:3; 29:2). Betbagtçylyklar başyňa düşende, öňki gowy günlerini kim ýatlamaz? Eýýup gowy adamdy, şonuň üçin onuň durmuşynda hiç hili betbagtçylyk bolmajak ýalydy. Abraýly adamlar ony hormatlaýardylar we maslahat soraýardylar (Eýýup 29:5—11). Eýýup baý bolsa-da, ol puly durmuşynda iň wajyp orunda goýmaýardy (Eýýup 31:24, 25, 28). Ol mätäçlik çekýän dul hatynlara we ýetimlere kömek edýärdi (Eýýup 29:12—16). Şeýle-de ol aýalyna wepalydy (Eýýup 31:1, 9, 11).
3. Ýehowanyň Eýýup baradaky pikiri nähilidi?
3 Eýýup Hudaýa sežde edýäni üçin aýypsyzdy. Ýehowa ol barada şeýle diýdi: «Onuň ýaly adam dünýäde ýokdur; ol aýypsyz hem adyl, ýamanlykdan gaça durup, Hudaýdan gorkýar » (Eýýup 1:1, 8, MKS). Ýöne betbagtçylyk şeýle aýypsyz adamyň hem rahat durmuşyny bozdy. Ol bar gazanan zadyndan mahrum boldy. Onuň ruhy berkligi jebir-jepa, gynanç we sustupeslik bilen synaldy.
4. Näme üçin Eýýubyň synagyna üns bermeli?
4 Elbetde, Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda diňe bir Eýýup betbagtçylyklara duçar bolmandy. Köp mesihçilerem Eýýup ýaly betbagtçylyklary başyndan geçirýärler. Şonuň üçin geliň, şu iki soraga seredeliň: betbagtçylyklara uçranymyzda, Eýýubyň başyndan geçiren synaglary barada oýlansak, bize nädip kömek edip biler? Eýýubyň mysalyndan horluk çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirmegi biz nädip öwrenip bileris?
Wepalylyk baradaky jedelli mesele we aýypsyzlygyň synalmagy
5. Şeýtanyň aýtmagyna görä, Eýýup näme üçin Ýehowa gulluk edýärdi?
5 Eýýup bilen bolan waka özboluşly bir waka. Eýýubyň ýürekden Hudaýa gulluk edýändigini Iblis şübhä goýdy. Eýýup mundan habarsyzdy. Gökde bir gezek perişdeler ýygnandylar. Şonda Ýehowa Eýýubyň ajaýyp häsiýetleri barada aýdanda, Şeýtan oňa: «Sen oňa, öýüne, onuň ähli zadynyň töwerek-daşyna haýat etmediňmi?» diýdi. Şeýle diýmek bilen Şetan Eýýup we Hudaýyň ähli gullukçylary nebsi üçin gulluk edýändigini aýtdy. Ol Ýehowa: «Eliňi uzat-da, onuň ähli zadyna degip gör, seniň ýüzüňe gargar?» diýdi (Eýýup 1:8—11, MKS).
6. Şeýtan nähili wajyp meseläni orta atdy?
6 Şeýdip, wajyp mesele orta atyldy. Şeýtan Ýehowanyň nädip hökümdarlyk edýändigini şübhä goýdy. Hudaý adamzadyň üstünden söýgi bilen hökümdarlyk edip bilýärmi? Ýa-da Şeýtanyň aýdyşy ýaly, adamlar hemişe öz nebsine çaparlarmy? Ýehowa Eýýubyň aýypsyzlygyna hem wepalylygyna ynanyp, kazyýetiň nusgalyk kararyny döretmek üçin Şeýtana ony synamaga ýol berdi. Şonuň üçin Şeýtanyň özi Eýýuba yzly-yzyna betbagtçylyklar indirdi. Şeýtan ilkinji indiren betbagtçylygyndan soň, maksadyna ýetip bilmän, Eýýuby agyr kesele duçar etdi. Iblis: «Derä deri, jany üçin bolsa, adam hemme zadyny berer» diýdi (Eýýup 2:4).
7. Şu günler Hudaýyň gullukçylary Eýýup ýaly nähili synaglary başdan geçirýärler?
7 Şu günler mesihçiler köplenç Eýýup ýaly horluk çekmeseler-de, olar dürli synaglara duş gelip ejir çekýärler. Köpüsi yzarlanýarlar ýa-da maşgala kynçylyklaryna duş gelýärler. Pul ýetmezçiligi ýa-da ýarawsyzlyk adamy güýçden gaçyrýar. Käbir adamlar bolsa imany üçin janyndan geçýärler. Ýöne biz ähli betbagtçylyklary Şeýtandandyr öýtmeli däl. Dogrusyny aýdanyňda, köp kynçylyklar biziň edýän ýalňyşlyklarymyz ýa-da nesil yzarlaýan keselimiz sebäpli bolýar (Galatýalylar 6:7). Şeýle-de biziň ählimiziň garramagymyz ýa-da tebigy betbagtçylyga uçramagymyz mümkin. Ýehowa gullukçylaryny şu günler betbagtçylyklardan gudrat arkaly halas etmeýändigi barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylan (Wagyzçy 9:11).
8. Şeýtan biziň ejir çekmegimiz üçin nähili synaglary ulanýar?
8 Şeýtan biziň imanymyzy gowşatmak üçin dürli synaglara duçar edýär. Petrus resul ten ejizliginden ejir çekip «tenimde tiken... meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi» diýdi (2 Korintoslylar 12:7). Onuň aýpsyzlygyny we şatlygyny ýitirmek üçin näsaglygy, ýagny gözüňi kütelmegi ýa-da başga kynçylyklary Şeýtanyň ulanyp biljekdigine düşünýärdi (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Şeýtan şu günler hem Hudaýyň gullukçylaryny maşgala agzalarynyň, klasdaşlarynyň şeýle-de hökümet üsti bilen yzarlaýar.
9. Betbagtçylyklara we yzarlamalara duş gelenimizde, biz näme üçin geň galmaly däl?
9 Biz nädip kynçylyklara döz gelip bileris? Biz olara Ýehowa söýgimizi we onuň hökümdarlygyna tabyn bolýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik döreýän ýaly seretmeli (Ýakup 1:2—4). Dürli kynçylyklara duş gelenimizde, Hudaýa wepaly bolmagyň wajypdygyna düşünmegimiz, ruhy taýdan üýtgewsiz bolmaga kömek eder. Petrus resul mesihçilere: «Eý söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän» diýdi (1 Petrus 4:12). Pawlus resulam şeýle düşündirdi: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» (2 Timoteos 3:12). Şeýtan Eýýubyň aýypsyzlygyny şübhä goýşy ýaly, şu günlerem Ýehowanyň Güwäçileriniň aýypsyzlygyny şübhä goýar. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Şeýtan soňky günler Hudaýyň halkyna hüjümini hasda artdyrýar (Ylham 12:9, 17).
Düşünişmezlik we nädogry maslahat
10. Eýýup nähili ýagdaýa düşdi?
10 Eýubyň düşen agyr ýagdaýyna, mümkin, biz hiç haçan düşmerisem. Ol betbagtçylyklara näme üçin sezewar bolandygyna düşünmeýärdi. Eýýup ýalňyşyp, şeýle netijä geldi: «Ýehowanyň Özi berdi, Özi hem aldy» (Eýýup 1:21). Şeýtan megerem, Eýýuby betbagtçylyklaryň bary Hudaýdandyr diýen pikirde bolar ýaly edendir.
11. Eýýubyň başyna inen betbagtçylyklaryna bolan garaýşyny gürrüň beriň.
11 Aýaly Eýýuba Hudaýa garga diýdi, emma ol gargamady, ýöne ruhdan düşdi (Eýýup 2:9, 10). Eýýup erbet adamlaryň ondan has gowy ýaşaýandygyny aýtdy. (Eýýup 21:7—9). Ol: «Hudaý näme üçin meni beýle jezalandyrýar?» diýen bolmaly. Käwagtlar ol özüniň ölümini Hudaýdan diläp: «Wah, gaharyň ýatýança, meni gabyrda gizläp goran bolsadyň, soň wagty gelende ýada salsadyň» diýip nalaýardy (Eýýup 14:13).
12, 13. Üç sany dostunyň aýdan sözleri Eýýuba nähili täsir etdi?
12 Eýýubyň üç dosty hamala «duýgudaşlyk bildirmek we teselli bermek üçin» ýanyna gelen bolup, «içýakgyç teselli berijiler» boldular (Eýýup 2:11, 16:2). Eýýup dostlaryna kynçylyklaryny aýdyp, ýüregini dökesi gelýärdi. Emma olar ony has beter göwünçökgünlige düşürip, derdine dert goşdular (Eýýup 19:2; 26:2).
13 Eýýubyň: «Bar betbagtçylyklar meniň başyma iner ýaly, men näme etdim?» diýip, öz-özüne beren soragy düşünikli. Dostlarynyň düşündirişi düýpgöter nädogrydy. Olar Eýýup eden agyr günäleri üçin horluk çekýändir öýdýärdiler. Onuň Elifaz dosty: «Günäsiz adam heläk bolupmydy? Men erbetligi sürenleriň we ýamanlygy ekenleriň, şony hem orýandygyny gördüm» diýýär (Eýýup 4:7, 8).
14. Näme üçin kynçylyklaryň döremegi, hemişe özümizi alyp barşymyza bagly däl?
14 Ruhda ekmän tende eksek, elbetde, kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin (Galatýalylar 6:7, 8). Ýöne Şeýtanyň dünýäsinde kynçylyklaryň döremegine diňe bir özümizi alyp barşymyz bagly däl. Gowy adamlar bela-beterlere uçramaýarlar diýmek nädogry. «Ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan» Isa Mesih pürsde ejir çekip öldi. Ýene-de ejir çekip ölenleriň biri Ýakup resuldy (Ýewreýler 7:26; Resullaryň işleri 12:1, 2). Elifazyň we iki dostunyň nädogry garaýşy, Eýýuba abraýyny goramaga we özüni aklamaga mejbur etdi. Dostlary erjellik bilen ony günä edenligi sebäpli ejir çekýär diýip, Eýýubyň Hudaý baradaky adalatly garaýşyna täsir eden bolmaly (Eýýup 34:5; 35:2).
Betbagtçylyga uçranyňda berilýän kömek
15. Ejir çekenimizde, näme barada pikirlenmek peýdaly?
15 Eýýup bilen bolan wakadan biz nähili sapak edinip bileris? Biziň başymyza inýän betbagtçylyk, hassalyk ýa-da yzarlamalar adalatsyz ýaly duýulýar. Bize käbir adamlaryň aladasy ýok ýaly bolup görünýär (Zebur 73:3—12). Käwagt biz özümize şeýle soraglary berip durmaly: Hudaýa bolan söýgim hiç zada garamazdan, oňa gulluk etmäge höweslendirýärmi? «Gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly» Ýehowa mümkinçilik döretmäge mende uly isleg barmy? (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Matta 22:37). Kimdir biriniň pikirlenmän aýdan sözleri, gökdäki Atamyz barada bizi şübhelendirmeli däl. Bir ötüşen keselden ejir çekýän uýamyz şeýle diýýär: «Ýehowa nämä ýol berse-de, hemme zadyň gowy boljakdygyny men bilýärin. Onuň maňa artykmaç güýç berjekdigine ynanýaryn. Ol hemişe meniň ynamymy ödeýär».
16. Mukaddes Ýazgylar agyr synaga düşen doganlara nähili kömek edýär?
16 Eýýuba garanyňda biz Şeýtanyň hilelerine gowy düşünýäris. Sebäbi «biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris» (2 Korintoslylar 2:11). Galyberse-de, bizde akylyň hazynasy bolan Mukaddes Ýazgylar kitaby bar. Onda dürli kynçylyklary ýeňen erkek adamlaryň we aýallaryň ençeme mysallary bar. Köp horluk çeken Pawlus resul: «Näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» diýdi (Rimliler 15:4). Ýewropada Ikinji Jahan urşy döwründe bir doganymyz imany üçin türmä basyldy. Şol wagt ol üç günlük çörek paýyny Mukaddes Ýazgylara çalyşdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şeýle alyş-çalyş meniň üçin uly sowgatdy! Men aç bolsam-da, ruhy taýdan aç däldim. Kyn günlerimizde Mukaddes Ýazgylar maňa we başga doganlara ruhdan düşmez ýaly kömek etdi. Şol kitaby men şu günlere çenli sakladym».
17. Synaglara döz gelmäge Ýehowa bize nädip kömek edýär?
17 Mukaddes Ýazgylar diňe bir göwünlik bermän, oňa esaslanýan edebiýatlarda kynçylyklary ýeňmäge gowy maslahatlaram berilýär. Eger-de sen «Garawul diňiniň indeksinden» seniň ýagdaýyňa düşen doganlaryň mysallaryny gözleseň taparsyň (1 Petrus 5:9). Şeýle-de duýgudaşlyk bildirýän ýaşululara ýa-da ruhy taýdan ýetişen doganlara ýagdaýyňy gürrüň berip bilersiň. Ýehowanyň mukaddes ruhuny we kömegini sorap, doga etmek örän wajyp. Şeýtanyň «ýumruklamagyna» garşy durmak üçin Pawlus resul näme etdikä? Ol Hudaýyň berýän güýjüne bil baglamagy öwrendi (2 Korintoslylar 12:9, 10). Ol: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýdi (Filipililer 4:13).
18. Imandaşlar ruhlandyrmak üçin nädip kömek edýärler?
18 Peýdaly kömek hemişe-de bar, şonuň üçin hemişe ondan peýdalan. Süleýmanyň tymsallary 24:10-da şeýle diýilýär: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr». Sary garynjanyň agaçdan ýasalan öýi ýykyp bilşi ýaly, sustupeslik hem mesihçiniň aýypsyzlygyny gowşadyp biler. Biziň ruhdan düşmezligimiz üçin Ýehowa imandaşlarymyz arkaly kömek berýär. Isanyň tussag edilen gijesi bir perişde görnüp, ony güýçlendirdi (Luka 22:43). Pawlusy tussag edip, Rim şäherine alyp barýarkalar, doganlar ony Appius Forumynyň we Üç Myhmanhananyň ýanynda garşylanlarynda, ol «Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy» (Resullaryň işleri 28:15). Germaniýaly ýaş uýamyz Rawensbrýuk konslagere düşende, gorkusyny ýeňmäge näme kömek edendigi henize çenli onuň ýadynda. Ol: «Bir uýa meni derrew tapyp, mähirli garşylady. Başga bir wepaly uýa maňa garaşyk edip, ruhy enem ýaly boldy».
«Sadyk gal»
19. Şeýtana garşy durmaga Eýýuba näme kömek etdi?
19 Ýehowa Eýýup barada «aýypsyz, adalatly» adam diýdi (Eýýup 2:3). Eýýup näme üçin horluk çekýändigine düşünmän ruhdan düşse-de, ol aýypsyzlygyny saklamakda şübhelenmeýärdi. Ol aýypsyzlygynyň hatyrasyna ähli zady ret edip: «Ölýänçäm aýypsyzlygymy saklaryn» diýdi (Eýýup 27:5).
20. Näme üçin çydamlylyk gerek?
20 Şeýle dogumlylyk dürli ýagdaýlarda: synag, yzarlama ýa-da betbagtçylyklarda aýypsyz galmaga kömek eder. Isa Mesih Izmirdäki ýygnaga şeýle ýazdy: «Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat [kynçylyklar, betbagtçylyklar we yzarlamalar] çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin» (Ylham 2:10).
21, 22. Uzak wagtlap betbagtçylyga duçar bolanymyzda, nämäni bilsek teselli tapyp bileris?
21 Şeýtanyň hökümdarlyk edýän dünýäsinde biziň çydamlylygymyz we aýypsyzlygymyz synalýar. Isa bolsa ajaýyp gelejegi wada berýär, şonuň üçin biz hiç bir zatdan gorkmaly däl. Biziň üçin sadyk galmak örän wajyp. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Wagtlaýyn... muşakgata» garanyňda şöhrat [Ýehowanyň wada eden sylagy] ebedi we agramlydyr». (2 Korintoslylar 4:17, 18, TD). Hatda Eýýubyň betbagtçylygy onuň bagtly we şatlykly günleri bilen deňäniňde az wagt boldy (Eýýup 42:16).
22 Käwagt synaglar gutarmajak ýaly, horluklar bolsa çekip çydap bolmajak ýaly görünýär. Indiki makalada Eýýubyň mysalyndan nädip çydamly bolmalydygyny öwrenip bileris. Şeýle-de betbagtçylyga uçran doganlarymyzy nädip güýçlendirip bolýandygyny bileris.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Şeýtan Eýýubyň aýypsyzlygy babatda nähili wajyp meseläni orta atdy?
• Başymyza inýän betbagtçylyklara, bela-beterlere näme üçin biz geň galmaly däl?
• Ýehowa bize synaglara döz gelmäge nädip kömek edýär?