Dogrulygy ýürekden söýüň
«Sen dogrulygy söýýärsiň». (ZEB. 45:7)
1. «Dogrulyk ýodalaryndan» ýöremäge bize näme kömek eder?
ÝEHOWA mukaddes ruhy we Sözi arkaly halkyny «dogrulyk ýodalaryndan» ýöredýär (Zeb. 23:3). Emma bize dogry ýoldan ýöremek aňsat däl, çünki biz bikämil. Munuň üçin biz köp tagalla etmeli bolýarys. Bu babatda bize näme kömek eder? Biz Isa ýaly dogrulygy söýmeli (Zebur 45:7-ni okaň).
2. «Dogrulyk ýodalary» nämäni aňladýar?
2 «Dogrulyk ýodalaryndan» ýöremek nämäni aňladýar? Bu Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý etmegi aňladýar. «Dogrulyk» diýip terjime edilen ýewreý we grek sözi «dogruçyllyk, dogry» hem-de ahlak prinsiplerini gyşarnyksyz berjaý etmegi aňladýar. Ýehowa «dogrulygyň mekanydyr», şol sebäpli Onuň gullukçylary dogry ýodalardan ýöremek üçin, Ondan görkezme soraýarlar (Ýerem. 50:7).
3. Hudaýyň dogrulygy barada nädip köp bilim alyp bolar?
3 Biz Hudaýyň dogry kadalaryny ýürekden berjaý etsek, Onuň göwnünden turup bileris (Kan. tag. 32:4). Munuň üçin Mukaddes Ýazgylardan Ýehowa Hudaý barada hemişe bilim almaly. Biz ol barada näçe köp bilsek, şonça-da oňa ýakynlaşarys we onuň dogrulygyna bolan söýgimiz artar (Ýakup 4:8). Şeýle-de durmuşda wajyp karara gelmeli bolanda, biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermeli.
Hudaýyň dogrulygyny agtaryň
4. Hudaýyň dogrulygyny agtarmak üçin näme etmeli?
4 Matta 6:33-i okaň. Hudaýyň dogrulygyny agtarmak üçin Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek ýeterlikli däl. Mukaddes gullugymyzy Ýehowa kabul eder ýaly, biz her gün onuň beýik kadalary boýunça ýaşamaly. Ýehowanyň dogrulygyny agtarýan adamlardan näme talap edilýär? Olar «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýmeli» (Efes. 4:24).
5. Biz nädip göwnüçökgünligi ýeňip bileris?
5 Biz Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşamaga jan etsek-de, käte ýalňyşlarymyz sebäpli ruhdan düşýäris. Göwnüçökgünligi ýeňmäge we dogrulygy söýüp, dogry ýaşamaga näme kömek eder? (Sül. tym. 24:10). Biz «imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden» Ýehowa hemişe doga edip, oňa ýakynlaşmaly (Ýew. 10:19—22). Mesh edilen mesihçi bolsak-da, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsek-de, biziň ählimiz Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, ony Baş Ruhany hökmünde kabul edýäris (Rim. 5:8; Ýew. 4:14—16). Ýahýa resul: «Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir» diýip ýazdy (Ýahýa 1:6, 7). Mukaddes Ýazgylarda biziň günälerimiz hatda «gyrmyzy mata ýaly bolsa-da, olar ak gar ýaly bolar» diýilýär. Ýehowa biziň günälerimizi ýuwmak üçin söýgüli Ogluny töleg hömünde berip, gör, nähili kömek etdi! (Iş. 1:18).
Ruhy ýaraglaryňyzy barlaň
6. Biz näme üçin ruhy ýaraglarymyzy barlap durmaly?
6 Biz «dogrulyk sowudyny» hiç haçan egnimizden çykarmaly däl. Sebäbi ol Hudaýyň beren wajyp ruhy ýaragydyr (Efes. 6:11, 14). Biz özümizi Ýehowa ýaňy-ýakynda bagyş eden bolsak-da ýa-da ençeme ýyldan bäri gulluk edýän bolsak-da, her gün ruhy ýaraglarymyzy barlap durmaly. Näme üçin? Sebäbi Iblis we onuň jynlary ýer ýüzüne zyňyldy (Ylh. 12:7—12). Şeýtan wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münýär we Hudaýyň halkyna güýçli hüjüm edýär. Şonuň üçin biz «dogrulyk sowudynyň» gadyryny bilmeli.
7. Biz «dogrulyk sowudynyň» gadyryny bilsek, özümizi nähili alyp bararys?
7 Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Kämilsizlik sebäpli biziň «ýüregimiz gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýar» (Ýerem. 17:9). Ol bizi hemişe erbet işe iterýär, şonuň üçin ony terbiýelemeli (Gel. çyk. 8:21). Eger biz «dogrulyk sowudynyň» gadyryny bilsek, ony biraz wagtlyk-da egnimizden çykarmarys, ýagny göwnümizi götermek üçin Hudaýyň ýigrenýän işlerine baş goşmarys, hatda ol barada arzuw hem etmeris. Uzakly gün telewizora seredip, gyzyldan gymmat wagtymyzy ýele sowurmarys. Gaýtam, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin jan ederis. Ýaramaz pikirleriň ýesiri bolup, «ýykylsak-da», Ýehowanyň kömegi bilen ýene-de galyp bileris (Süleýmanyň tymsallary 24:16-ny okaň).
8. Bize uly «iman galkany» näme üçin gerek?
8 Biz ruhy ýaraglara degişli uly «iman galkanyny» hem ele almaly. Onuň bilen biz «şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararys» (Efes. 6:16). Ýehowany ýürekden söýüp, iman etsek, dogrulyk etmäge we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek eder. Hawa, Ýehowa söýgimiz artdygyça, şonça-da onuň dogrulygynyň gadyryny bileris. Emma biziň ynsabymyz barada näme diýse bolar? Ol bize dogrulygy söýmäge nädip kömek eder?
Päk ynsaply boluň
9. Päk ynsabyň nähili peýdasy bar?
9 Biz suwda çokundyrylmak bilen Ýehowadan «päk ynsap» bermegi haýyş edýäris (1 Pet. 3:21). Biz Isanyň töleg gurbanyna iman edýäris, şol sebäpli biziň günälerimiz bagyşlanýar we Hudaý bilen dostlykly gatnaşykda bolup bilýäris. Muňa garamazdan, biz ynsabymyzy-da hemişe päk saklamaly. Eger ynsabymyz erbet işler barada duýdursa, oňa hökman gulak asmaly. Şonda ynsabymyzyň kütelmändigini we Ýehowanyň adyl ýollaryndan ýöreýändigimizi görkezeris (1 Tim. 4:2). Emma dogrulygy söýýän adamlar üçin ynsap başga tarapdan-da kömek edip biler.
10, 11. a) Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyza gulak asmagyň wajypdygyny görkezýän wakany gürrüň beriň. b) Dogrulyga bolan söýgi näme üçin şatlyk getirip biler?
10 Erbet iş etsek, ynsabymyz bizi ýazgarmagy ýa-da ezýet bermegi mümkin. Bir ýaş doganymyz dogrulyk ýodasyndan azaşýar. Ol pornografiýa görmäge we neşe çekmäge başlaýar. Ol ýygnak duşuşyklaryna baranda özüni günäli duýýar. Wagyz etmegi hem ikiýüzlülik hasaplaýar. Şol sebäpli ol Hudaýa gulluk etmegini goýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Emma men ynsabymyň ezýet berjekdigini bilmeýärdim. Meniň bu geleňsiz ýaşaýşym dört ýyl dowam etdi». Soňra ol hakykata dolanmak barada oýlanyp başlaýar. Ol Ýehowa dogasyny eşitmez öýdýär, emma şonda-da doga edip, günälerini bagyşlamagy dileýär. Aradan on minut hem geçmänkä, onuň ejesi gelýär we ondan ýygnaga barmagyny haýyş edýär. Ol Patyşalyk zalyna baryp, ýygnak ýaşulysyndan okuw geçmegini haýyş edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol suwda çokundyrylýar we janyny halas edeni üçin Ýehowa şükür edýär.
11 Biz dogry işleri edip, eýsem, köp şatlyk tapmaýarysmy? Dogrulygy söýmegi öwrenip, şoňa görä ýaşasak, gökdäki Atamyza ýaraýan işleri etmekden şatlyk taparys. Göz öňüne getiriň: şeýle bir gün geler, hiç bir adamyň ynsaby ezýet bermez, çünki olar Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerine doly eýerip ýaşarlar. Şol sebäpli, geliň, häzirden dogrulygy ýürekden söýmegi öwreneliň we Ýehowany şatlandyralyň (Sül. tym. 23:15, 16).
12, 13. Biz ynsabymyzy nädip terbiýeläp bileris?
12 Biz ynsabymyzy nädip terbiýeläp bileris? Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okaýan mahalymyz «dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandygyny» unutmalyň (Sül. tym. 15:28). Geliň, işe girmek meselesine seredeliň. Eger girjek işimiz Mukaddes Ýazgylara aç-açan garşy gelýän bolsa, biziň köpümiz ýaýdanman sadyk hem akylly hyzmatkäriň maslahatyna eýereris. Emma iş Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýändigini ýa-da gelmeýändigini açyk bilmesek, onda doga edip, işe degişli prinsiplere seretmelia. Şeýle ýagdaýda başgalaryň hem ynsabyny sylamaly (1 Kor. 10:31—33). Esasanam, Hudaý bilen dostlugymyza etjek täsiri barada oýlanmaly. Eger Ýehowa berk iman edýän bolsak, onda özümize şeýle soragy bereris: «Men bu işe girsem, Ýehowany gynandyrarynmy, ony ynjydarynmy?» (Zeb. 78:40, 41).
13 Biz «Garawul diňi» we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşyklaryna taýýarlananymyzda, oýlanmagyň wajypdygyny unutmaly däl. Biz köplenç soragyň jogabynyň aşagyny çyzyp, derrew indiki abzasa geçýärismi? Şeýle taýýarlyk dogrulyga söýgimizi artdyrmaz, ynsabymyzy duýgur hem etmez. Eger biz dogrulygy söýmegi isleýän bolsak, onda Hudaýyň Sözüni yhlasly okap, çuňňur oýlanmaly. Dogrulygy söýmegi öwrenmegiň aňsat ýoly ýokdur!
Dogrulyga ajygyp-suwsanlar
14. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bize näme isleýär?
14 Ýehowa Hudaý we Isa Mesih biziň mukaddes gullukda bagtly bolmagymyzy isleýär. Bagtly bolmaga näme kömek eder? Elbetde, dogrulyga söýgi! Isa Dagdaky wagzynda: «Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar» diýdi (Mat. 5:6). Bu sözler dogrulygy söýýän adamlar üçin näme aňladýar?
15, 16. Dogrulyga ajygyp-suwsanlar nädip «ganarlar»?
15 Bu dünýäniň hökümdary Şeýtan Iblisdir (1 Ýahýa 5:19). Biz dünýä täzeliklerine seredip, erbetligiň we zorlugyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigine göz ýetirýäris. Adamlaryň biri-birine bolan rehimsizligi päk ýürekli adamlary biynjalyk edýär (Wag. 8:9). Biz Ýehowany söýýäris, şol sebäpli dogrulyga ajygyp-suwsaýan adamlaryň islegini diňe Ýehowanyň kanagatlandyrjakdygyny bilýäris. Hudaýsyz adamlar tizden ýok ediler, şonda dogrulygy söýýänler azgyn adamlardan we olaryň edýän erbet işlerinden ýaňa ejir çekmezler (2 Pet. 2:7, 8). Gör, nähili rahat durmuş bolar!
16 Biz Ýehowanyň gullukçylary we Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde dogrulyga ajygyp-suwsanlaryň ählisiniň «ganjakdygyny» bilýäris. «Dogrulyk höküm sürjek» täze gökde we täze ýerde olaryň ähli islegi doly kanagatlandyrylar (2 Pet. 3:13). Şol sebäpli, geliň, ruhdan düşmäliň, ýagny horluk we zorluk zerarly Şeýtanyň dünýäsinde dogrulygyň ýokdugyna geň galmalyň (Wag. 5:8). Hemmelerden Beýik Ýehowa bolýan zatlara gowy düşünýär we Ol tizden dogrulygy söýýän adamlary azat eder.
Dogrulygy söýmegiň peýdasy
17. Dogrulyga söýgi nähili bereket berýär?
17 Zebur 146:8-de dogrulyk ýodasyndan ýöremegiň getirýän peýdasy barada aýdylýar. Mezmurçy: «Reb dogrulary söýýändir» diýip nagma aýtdy. Göz öňüne getiriň! Älemiň Hökümdary dogrulygy söýýänleri söýýändir! Biz Patyşalygyň işlerini birinji orunda goýsak, söýgüden doly Ýehowa Hudaýymyz biziň maddy zerurlyklarymyzyň aladasyny eder (Zebur 37:25; Süleýmanyň tymsallary 10:3-i okaň). Gelejekde bolsa, bütin ýer ýüzi dogrulygy söýýän adamlara miras berler (Sül. tym. 13:22). Hudaýyň halky dogry iş edýär, şonuň üçin olar ýer ýüzünde owadan Jennetde şadyýan we ebedi ýaşar. Hatda häzir hem Hudaýyň dogrulygyny söýýän adamlar kalbynda rahatlyk duýýar, bu bolsa maşgalanyň we ýygnagyň agzybir bolmagyna ýardam edýär (Flp. 4:6, 7).
18. Ýehowanyň gününe garaşyp, biz näme etmeli?
18 Biz Ýehowanyň uly gününe garaşyp, onuň dogrulygyny agtarmagy dowam etmeli (Sef. 2:2, 3). Şol sebäpli, geliň, Ýehowa Hudaýyň adyl ýollaryny ýürekden söýeliň! Munuň üçin ýüregimizi goraýan «dogrulyk sowudyny» egnimizden çykarmaly däl. Şeýle-de ynsabymyzy päk saklamaly, çünki bu bizi-de, Hudaýyň ýüregini-de şatlandyrar (Sül. tym. 27:11).
19. Biz nämäni ýüregimize düwmeli we indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
19 Ýehowa «ýürekden bil baglaýan adamlary goldamak üçin ýer ýüzüne ser salýar» (2 Tar. 16:9). Bu sözler durnuksyzlygyň, zorlugyň we zalymlygyň gitdigiçe artýan döwründe, dogrulyk edýän adamlara nähili teselli berýär! Hawa, biziň dogry işlerimiz Hudaýdan daşlaşan adamlara geň bolup görünmegi mümkin. Emma biz Ýehowanyň dogrulygyna berk ýapyşyp, köp peýda alýarys (Iş. 48:17; 1 Pet. 4:4). Geliň, dogrulygy ýürekden söýüp, şoňa görä ýaşamagy ýüregimize düweliň! Ýöne bu erbetligi ýigrenmegi hem aňladýar. Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
a Iş meselesi bilen bagly prinsiplere «Hudaýyň söýgüsi» kitabynda seredilýär (bap 15, abz. 14—17).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Dogrulygy söýsek näme üçin töleg gurbanyna iman etmeli?
• «Dogrulyk sowudyny» näme üçin egnimizden çykarmaly däl?
• Biz nädip ynsabymyzy terbiýeläp bileris?