Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 13 sah. 130—140
  • «Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň»
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUHY WE AHLAK TAÝDAN ARASSA BOLMAK
  • BEDEN TAÝDAN ARASSA BOLMAK
  • DOGRY DYNÇ ALMAK
  • MEKDEPDÄKI KYNÇYLYKLAR
  • IŞ WE GATNAŞÝANLARYMYZ
  • AGZYBIR ÝAŞAÝARYS
  • Hudaý arassa adamlary söýýär
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Peýdaly dynç alyş güýç berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 13 sah. 130—140

13-NJI BAP

«Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň»

HUDAÝYŇ gullukçylary özüni alyp barşy, aýdýan sözleri bilen Ýehowany şöhratlandyrmaly. Pawlus resul şeýle diýdi: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de, ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (1 Kor. 10:31). Munuň üçin biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli (Kol. 3:10). Biz Hudaýyň saýlan halky bolanymyz üçin, ondan görelde almaly (Efes. 5:1, 2).

2 Petrus resul munuň wajypdygyny nygtap, mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Hudaýy tanamaýan döwrüňiz eýeren höwesleriňizi goýup, gulak asýan çagalar ýaly boluň. Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň. „Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin“ diýip ýazylgy» (1 Pet. 1:14—16). Ysraýyllar ýaly mesihçiler hem mukaddes bolmaly. Olar şu dünýäniň erbet işlerinden gaça durup, özlerini päk saklamaly. Şonda olar Ýehowa ýürekden wepaly bolarlar (2 Mus. 20:5).

3 Mukaddes bolmak üçin Hudaýyň Sözündäki kada-kanunlar, prinsipler boýunça ýaşamaly (2 Tim. 3:16). Biz Mukaddes Kitapdan Ýehowa we onuň islegi, garaýşy, niýeti barada öwrenýäris we oňa ýakynlaşýarys. Şeýle-de biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmalydygyna we ähli zatdan öňürti Ýehowanyň islegini etmelidigine düşünýäris (Mat. 6:33; Rim. 12:2). Munuň üçin bolsa «täze häsiýetleri geýinmeli» (Efes. 4:22—24).

RUHY WE AHLAK TAÝDAN ARASSA BOLMAK

4 Ýehowanyň kada-kanunlaryna görä ýaşamak hemişe aňsat bolmaýar, sebäbi Şeýtan bizi Hudaýdan daşlaşdyrjak bolýar. Şeýle-de biz hapa dünýäde ýaşaýarys, üstesine-de günäli höweslerimiz bilen göreşmeli bolýarys. Hudaýa beren sözümize görä ýaşamak üçin her gün göreşýäris. Mukaddes Kitapda synaglara ýa-da garşylyklara duş geljekdigimiz aýdylýar. Biz Hudaýy razy edip ýaşamak üçin görgi görmeli bolýarys (2 Tim. 3:12). Synaglarda, yzarlamalarda Ýehowa üçin görgi görýändigimizi unutmasak, şatlygymyzy ýitirmeris (1 Pet. 3:14—16; 4:12, 14—16).

5 Isa kämil bolsa-da, ejir çekip, Hudaýa gulak asmagy öwrendi. Ol hijem Şeýtanyň täsirine düşmeýärdi we şu dünýäniň hiç bir zadyna gyzmaýardy (Mat. 4:1—11; Ýah. 6:15). Hudaýyň tabşyryklaryny bozmak hakda pikir hem etmeýärdi. Adamlar ony ýigrense-de, hemişe Ýehowa gulak asyp ýaşaýardy. Ölmeziniň öň ýany Isa şägirtlerine adamlaryň olary hem ýigrenjekdigini aýtdy. Şondan bäri Isanyň şägirtleri köp kynçylyklara duş gelýärler. Ýöne olar Isa ýaly mert bolup, dünýäni ýeňýärler (Ýah. 15:19; 16:33; 17:16).

6 Bizem şu dünýäniň işlerine goşulmaz ýaly, Halypamyz Isanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly. Şeýle-de biz dünýäniň syýasy işlerine, dawalaryna goşulmaly däl we azgyn adamlaryň täsirine garşy durmaly. Biz Ýakup 1:21-däki: «Haram işlerden, erbet ýoldan uzakda duruň we ýüregiňize guýlan sözi pesgöwünli kabul ediň, sebäbi ol sizi halas eder» diýen maslahata gulak asmaly. Mukaddes Kitaby okasak, ýygnaklara gatnaşsak, Hudaýyň Sözüni ýüregimize we aňymyza guýarys hem-de dünýäniň teklip edýän zatlary barada pikirem etmeris. Ýakup şägirt: «Siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar» diýdi (Ýak. 4:4). Şonuň üçin Mukaddes Kitapda Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak we dünýäniň hiç bir zadyna goşulmazlyk berk duýdurylýar.

7 Hudaýyň Sözünde ahlaksyz hem-de azgyn işlerden gaça durmalydygy aýdylýar. Efesliler 5:3-de şeýle diýilýär: «Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn, sebäbi şeýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir». Şonuň üçin biz ahlaksyz, azgyn, ýigrenji zatlar hakda pikir etmeli däl, olaryň gürrüňini hem etmeli däl. Şeýdip, Ýehowanyň arassa we ýokary ahlak kadalaryna görä ýaşamak isleýändigimizi görkezýäris.

BEDEN TAÝDAN ARASSA BOLMAK

8 Mesihçiler diňe bir ruhy we ahlak taýdan däl-de, beden taýdan hem arassa bolmalydygyna düşünýärler. Gadymy döwürde Ýehowa ysraýyllara düşelgesini arassa saklamagy tabşyrypdy. Biz hem arassa bolmaly, sebäbi Ýehowa «aramyzda ýigrenji zady görmek» islemeýär (5 Mus. 23:14).

9 Hudaýyň Sözünde mukaddesligiň beden taýdan arassaçylyk bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Mysal üçin, Pawlus resul: «Eziz doganlar... bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalalyň, Hudaýdan gorkup, has-da mukaddes bolalyň» diýip ýazdy (2 Kor. 7:1). Şol sebäpli ählimiz wagtly-wagtynda suwa düşmeli, egin-eşiklerimizi ýuwmaly. Biz haýsy ýurtda ýaşasak-da, özümizem, çagalarymyzam arassa bolar ýaly sabyn bilen suw tapyp bileris.

10 Hoş habary wagyz edýändigimiz üçin, ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň köpüsi bizi gowy tanaýar. Öýümiz, howlymyz arassa bolsa, goňşularymyz Hudaýyň halky barada gowy pikirde bolar. Arassaçylygy öýdäkileriň hemmesi hem saklamaly. Doganlar öýi hem-de daş-töweregi arassa, tertipli bolar ýaly gözegçilik edip durmaly. Arassa öý, ähli zady ýerbe-ýer duran howly dessine adamyň gözüne ilýär. Şeýdip, doganlar diňe bir ýygnagyň aladasyny etmän, hojalygyny hem gowy dolandyrýarlar (1 Tim. 3:4, 12). Uýalaryň hem öz borçlary bar, olar öýüň işlerini etmeli (Tit. 2:4, 5). Çagalar bolsa üst-başyny, otagyny arassa hem tertipli saklamaly. Şeýdip, bütin maşgala täze dünýäde-de arassaçylygy saklamagy häzirden öwrener.

11 Şu günler köp dogan-uýalaryň ulagy bar. Käbir ýerlerde ýygnaga, wagza gitmek üçin hökman ulag gerek bolýar. Şonuň üçin olar ulagyny hemişe arassa we abat saklamaly. Öýümiz we ulagymyz Ýehowanyň halkynyň arassa hem mukaddesdigini görkezmeli. Şeýle-de wagza äkidýän Mukaddes Kitabymyz we sumkamyz arassa hem-de tertipli bolmaly.

12 Daş keşbimizden we egin-eşigimizden Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygymyz görünmeli. Biz wezipeli adamlaryň ýanyna gelşiksiz ýa-da öý eşiginde barmaýarys. Şonuň üçin wagza çykanymyzda-da, ýygnakda çykyş edenimizde-de salykatly geýineris. Daş keşbimiz we geýnişimiz bilen adamlaryň Ýehowa sežde etmegine gowy ýa erbet täsir edip bileris. Şol sebäpli gelşiksiz ýa-da adamlary büdretjek egin-eşikleri geýmeli däl (Mik. 6:8; 1 Kor. 10:31—33; 1 Tim. 2:9, 10). Wagyzda, ýygnaklarda, etrap hem-de welaýat kongreslerinde arassa we salykatly geýinmäge jan etmeli. Şeýdip, biz Ýehowany şöhratlandyrarys.

Hudaýyň gullukçylary özüni alyp barşy, aýdýan sözleri bilen Ýehowany şöhratlandyrmaly

13 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň Baş edarasyna ýa-da filialyna baranymyzda-da, arassa we salykatly geýinmeli. «Beýtel» sözi «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar. Şol sebäpli biz ol ýere baranymyzda, ýygnaklardaky ýaly geýinmeli we özümizi edepli alyp barmaly.

14 Diňe bir wagyzda ýa ýygnakda däl, başga wagtam daş keşbimiz, egin-eşigimiz salykatly bolmaly. Şeýle sorag hakda oýlanyp bileris: «Şu eşigimde wagyz etmäge utanarynmy?»

DOGRY DYNÇ ALMAK

15 Sagdyn we gujur-gaýratly bolmak üçin wagtly-wagtynda dynç almaly. Bir gezek Isa şägirtlerine: «Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň» diýdi (Mar. 6:31). Dogry dynç alsak, wagtymyzy hoş geçireris, ýadawlygymyz çykyp, höwes bilen işläris.

16 Şu günler dynç almak üçin çykarylýan, döredilýän zatlaryň hetdi-hasaby ýok. Şol sebäpli mesihçiler dogry dynç almak üçin paýhasly bolmaly. Elbetde, biz dynç almaly, ýöne ol durmuşda esasy zat bolmaly däl. Mukaddes Kitapda «soňky günlerde» adamlaryň «Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýjekdigi» aýdylýar (2 Tim. 3:1, 4). Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak isleýän adam dynç alşyň her bir görnüşini dogry hasaplamaz, olary paýhasly saýlar.

17 I asyrda keýpi-sapany söýýän adamlar kändi. Şol sebäpli mesihçiler erbetlige höweslendirýän dynç alyşlardan gaça durmaly bolýardylar. Rim sirklerinde adamlaryň ejir çekişine tomaşa edip, lezzet alýardylar. Teatrlarda adamlaryň göwnüni götermek üçin zorluk-sütemli, gandöküşikli we ahlaksyz sahnalar görkezilýärdi. Emma mesihçiler şol ýerlere barmaýardylar. Şu günlerem şeýle erbet zatlar köp görkezilýär, adamlar ondan lezzet alýar. Şol sebäpli «her bir ädimimize ünsli bolup», şeýle dynç alyşlardan gaça durmaly (Efes. 5:15, 16; Zeb. 11:5). Dynç alşyň käbir görnüşleri erbet bolmasa-da, gatnaşýan adamlar erbet täsir edip bilýär (1 Pet. 4:1—4).

18 Mesihçilere wagtyny hoş geçirip, gowy dynç almak üçin köp mümkinçilikler bar. Köp mesihçiler Mukaddes Kitapda we edebiýatlarymyzda berilýän maslahatlara eýerip, dynç alşyň dogry görnüşini saýlaýarlar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

19 Käwagt mesihçiler birki maşgala bolup biriniň öýünde oturýarlar. Käbir dogan-uýalar bolsa toýa ýa-da oturylyşyga çagyrylýar (Ýah. 2:2). Myhman çagyran adam şol ýerde bolýan zatlara jogap bermeli. Esasanam, has köp adam ýygnanyşanda seresaply bolmaly. Käbirleri şeýle oturyşyklarda özüni has arkaýyn duýup, mesihçilere ýaraşmaýan hereketleri edýärler, çendenaşa iýip-içýärler, hatda erbet işlere baş goşýarlar. Şol sebäpli mesihçiler paýhasly bolup, köp adam çagyrmaýarlar, uzak wagtlap oturmaýarlar. Eger oturyşykda spirtli içgiler goýulsa, onda çägiňi bilmeli (Flp. 4:5). Eger oturylyşyk birek-biregi ruhlandyrmak üçin gurnalsa, onda iýip-içgä kän üns berilmez.

20 Biziň ählimiz myhmansöýer bolmak isleýäris (1 Pet. 4:9). Biz myhmançylyga ýa-da oturylyşyga diňe tanyş-bilişlerimizi däl-de, ýagdaýy pes dogan-uýalary hem çagyrmaly (Luka 14:12—14). Eger bizi myhmançylyga çagyrsalar, Markus 12:31-däki maslahata eýermeli. Özümizi edepli alyp barsak, dogan-uýalaryň edýän ýagşylygynyň gadyryny bileris.

21 Adamyň «iýip-içip, edýän işini ýürekden halamagy» Hudaýyň sowgady. Adamlar şol zatlaryň her birinden lezzet alýarlar (Nes. 3:12, 13). Eger dynç alşymyz bilen Hudaýy şöhratlandyrsak, myhmançylyga çagyranam, çagyrylanlaram ruhlanar, şol günden gowy ýatlamalar galar.

MEKDEPDÄKI KYNÇYLYKLAR

22 Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalary mekdepde orta bilim alyp, gowy okamagy we ýazmagy öwrenýärler. Mekdepde geçilýän käbir sapaklar ýaşlara ruhy maksatlaryna ýetmäge-de kömek edip bilýär. Olar mekdepde okaýan döwri «Beýik Ýaradany ýatlap», ruhy işleri birinji orunda goýmaga jan edýärler (Nes. 12:1).

23 Senem okuwçy bolsaň, zerur bolmasa, deň-duşlaryň bilen gatnaşmajak bol (2 Tim. 3:1, 2). Ýehowa bizi goramak üçin köp zat berýär, sen şol zatlar arkaly dünýäniň täsirine garşy durup bilersiň (Zeb. 23:4; 91:1, 2). Özüňi goramak üçin, Ýehowanyň berýän maslahatlaryna eýerip ýaşa (Zeb. 23:5).

24 Mesihçi ýaşlaryň köpüsi şu dünýäniň işlerine goşulmaz ýaly, mekdepden daşary geçirilýän çärelere gatnaşmaýarlar. Köpler geň galsalar-da, olar mugallymlaryny hem-de klasdaşlaryny däl-de, Hudaýy razy etmek isleýärler. Şeýle ýaşlar Mukaddes Kitabyň esasynda terbiýelenen ynsabyna görä ýaşap, bäsdeşligi, milletparazlygy öňe sürýän işlerden gaça durýarlar (Gal. 5:19, 26). Ýaşlar, siz ene-ataňyzyň Mukaddes Kitapdan berýän maslahatlaryna gulak assaňyz we dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşap bilersiňiz.

IŞ WE GATNAŞÝANLARYMYZ

25 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, maşgalabaşylar maşgalasyny eklemek üçin işlemeli bolýarlar (1 Tim. 5:8). Ýöne olar işini däl-de, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaga jan edýärler (Mat. 6:33; Rim. 11:13). Olar Hudaýa bil baglap, bar zadyna kaýyl bolýarlar. Şeýdip, baýlygyň ugrunda hars urmaýarlar we köp belany başyndan sowýarlar (1 Tim. 6:6—10).

26 Mesihçiler nähili işde işleseler-de, hemişe Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä ýaşamaga jan etmeli. Biz özümizi eklemeli bolsak-da, Hudaýyň prinsiplerine ýa-da hökümetiň kanunyna garşy gelýän işleri etmeýäris (Rim. 13:1, 2; 1 Kor. 6:9, 10). Şeýle-de erbet adamlar bilen gatnaşmagyň howpludygyna düşünýäris. Biz Mesihiň esgerleri, şonuň üçin Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän, bitaraplygy bozmaga iterýän we Hudaý bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän söwda-satyk işlerine goşulmaýarys (Işa. 2:4; 2 Tim. 2:4). Mundan başga-da, Hudaýyň duşmany «Beýik Wawilon» bilen asla iş salyşmaýarys (Ylh. 18:2, 4; 2 Kor. 6:14—17).

27 Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys, şonuň üçin ýygnak geçýän ýerlerimizde öz bähbidimiz üçin söwda-satyk ýa-da şoňa meňzeş işleri etmeýäris. Biz ýygnaklarda we kongreslerde Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys. Ýehowa barada bilim alyp, birek-biregi «ruhlandyrýarys» (Rim. 1:11, 12; Ýew. 10:24, 25). Şonuň üçin şeýle duşuşyklara baranymyzda Ýehowa bilen dostlugymyzy berkidýän gürrüňleri etmeli.

AGZYBIR ÝAŞAÝARYS

28 Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adam «parahatlygy saklap, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan etmeli» (Efes. 4:1—3). Her bir dogan-uýa öz bähbidini gözlemän, adamlara ýagşylyk etmek üçin tagalla etmeli (1 Sel. 5:15). Sizem ýygnaklara baranyňyzda, muňa göz ýetirensiňiz. Biziň ählimiz milletimize, dilimize, medeniýetimize, baý ýa garypdygymyza, bilim derejämize garamazdan, Hudaýyň şol bir kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys. Daş-töwerekdäki adamlar Ýehowanyň halkynyň agzybirligine haýran galýar (1 Pet. 2:12).

29 Mukaddes Kitapda nämäniň agzybir edýändigi hakda şeýle diýilýär: «Siz bir umyt üçin çagyryldyňyz, şonuň üçin beden birdir, ruh birdir, Halypamyz birdir, iman birdir, suwa çümdüriliş hem birdir, hemmeleriň Atasy we Hudaýy birdir. Hudaý hemmeleriň üstünden höküm sürýär, hemmeleri ulanýar we hemmelere güýç berýär» (Efes. 4:4—6). Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak üçin Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny we başga-da köp hakykatlary öwrenip, ählimiz bir pikirde bolmaly. Dogrudan-da, Ýehowa halkynyň agzybir bolmagy üçin, arassa dil berýär (Sep. 3:9).

30 Mesihçiler ýygnagyndaky agzybirlik we parahatlyk Ýehowa gulluk edýän adamlaryň ählisini ruhlandyrýar. Şu günler biz Ýehowanyň: «Men seni... agyldaky goýun kimin bir ýere toplaryn» diýen wadasynyň ýerine ýetýändigini görýäris (Mik. 2:12). Biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, agzybirligi hem-de parahatlygy saklamaga jan edýäris.

31 Hudaýyň saýlan halkyna goşulan adamlar örän bagtly! Ýehowanyň adyny götermek üçin islendik zatdan geçeniňe degýär. Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýsak, onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan ederis we ol hakda adamlara wagyz ederis (2 Kor. 3:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş