Hakykaty bilesiňiz gelýärmi?
NÄME barada hakykaty? Adamlary köpden bäri biynjalyk edýän sowallar baradaky hakykaty. Belki, sizem özüňize şeýle wajyp sowallary berensiňiz:
Hudaý biziň aladamyzy edýärmi?
Uruşlar we horluklar haçan gutarar?
Adam ölende, oňa näme bolýar?
Aradan çykan adamlara umyt barmy?
Hudaý eşider ýaly nädip doga etmeli?
Bagtly bolmak üçin näme etmeli?
Siziň pikiriňizçe, şu sowallaryň jogabyny nireden tapyp bolar? Eger adamlardan sorasaňyz, dürli-dürli jogap alarsyňyz. Akyldar we hormat goýulýan adamlardan sorasaňyz-da, olaryň berýän jogaplary biri-birine garşy geler. Sowallaryň jogaby şol wagt dogry bolup görünse-de, wagtyň geçmegi bilen kanagatlandyrmaýar.
Muňa garamazdan, dogry jogap berýän bir kitap bar. Ol hakykaty gürrüň berýän kitapdyr. Isa pygamber Hudaýa doga edende, şeýle diýdi: «Seniň sözüň hakykatdyr» (Ýahýa 17:17). Şu günler biz bu Sözi Mukaddes Ýazgylar hökmünde bilýäris. Siz indiki sahypalary okasaňyz, Mukaddes Ýazgylaryň ýokardaky sowallara aýdyň we dogry jogap berýändigine göz ýetirersiňiz.
Hudaý biziň aladamyzy edýärmi?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Biz zalym we adalatsyz dünýäde ýaşaýarys. Köp dinler biziň çekýän horluklarymyz Hudaýdan diýip öwredýär.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Hudaý hiç haçan hiç kime ýamanlyk etmeýär. Eýýup 34:10-da: «Hak Hudaý ýamanlyk, Gudraty güýçli adalatsyzlyk etmez!» diýilýär. Hudaýyň adamlar üçin ajaýyp niýeti bar. Şol sebäpli Isa bize şeýle doga etmegi öwretdi: «Eý göklerdäki Atamyz!.. gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Matta 6:9, 10). Hudaý biz barada şeýle alada edýär welin, hatda islegini amala aşyrar ýaly öz Ogluny-da gaýgyrmady we ony adamlar üçin janyny gurban etmäge iberdi (Ýahýa 3:16).
Şeýle-de Barlyk 1:26—28; Ýakup 1:13 we 1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlara serediň.
Uruşlar we horluklar haçan gutarar?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Uruşlar sebäpli sansyz-sajaksyz adamlar heläk bolýar. Biziň hem her birimiz horluk çekip görendiris.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Hudaý bütin ýer ýüzünde parahatçylygy dikeltjekdigini aýdýar. Onuň hökümdarlygy astynda adamlar «uruşmagy öwrenmezler». Muňa derek, olar «gylyçlaryndan azallar» ýasarlar (Işaýa 2:4). Hudaý ähli adalatsyzlygyň we horlugyň soňuna çykar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle wada berilýär: «Ol (Hudaý) olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar (şu günki adalatsyzlyk we horluklar) aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4).
Şeýle-de Zebur 37:10, 11; 46:9 we Mika 4:1—4-nji aýatlara serediň.
Adam ölende, oňa näme bolýar?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Köp dinleriň öwretmegine görä, adam ölende, ondan bir zat çykyp, nirededir bir ýerde ýaşaýar. Käbir adamlar bolsa ölüler dirilere zyýan ýetirýändir ýa-da Hudaý erbetleri dowzah odunda ebedi jezalandyrýandyr öýdýärler.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Adam ölende ýaşamagyny bes edýär. Süleýman pygamber: «Ölüler... hiç zat bilmeýär» diýip ýazdy (Wagyzçy 9:5). Ölen adamlar hiç zady bilmeýärler we duýmaýarlar, şol sebäpli olar dirilere zyýan ýetirip ýa-da kömek edip bilmeýärler (Zebur 146:3, 4).
Şeýle-de Barlyk 3:19 we Wagyzçy 9:6, 10-njy aýatlara serediň.
Aradan çykan adamlara umyt barmy?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Biziň her birimiziň ýaşasymyz gelýär we ýakyn adamlarymyz bilen şatlanyp ýaşamak isleýäris. Şol sebäpli-de biz aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy küýseýäris.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Aradan çykan adamlaryň köpüsi direler. Isa şeýle wada berdi: «Gabyrdakylar... direler» (Ýahýa 5:28, 29). Hudaýyň ilkibaşdaky niýetine görä, adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamalydylar. Şonuň üçin direlen adamlara ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler. Şeýlelikde, Hudaýa gulak asýan adamlar tut ýaly sagdyn bolarlar we ebedi ýaşarlar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).
Şeýle-de Eýýup 14:14, 15; Luka 7:11—17 we Resullaryň işleri 24:15-e serediň.
Hudaý eşider ýaly nädip doga etmeli?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Ähli dindäki adamlar Hudaýa doga edýärler. Emma köp adamlar dogalarynyň eşidilmeýändigini duýýarlar.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Isa pygamber doga edenimizde, şol bir sözleri gaýtalap durmaly däldigimizi öwretdi. Ol şeýle diýdi: «Doga edeniňizde... boş sözleri gaýtalap durmaň» (Matta 6:7). Eger biz Hudaýyň dogalarymyzy eşitmegini islesek, onda oňa ýaramly doga etmeli. Munuň üçin biz Hudaýyň islegini bilmeli we şoňa görä doga etmeli. 1 Ýahýa 5:14-de şeýle düşündirilýär: «Onuň (Hudaýyň) islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider».
Şeýle-de Zebur 65:2; Ýahýa 14:6, 14 we 1 Ýahýa 3:22-ä serediň.
Bagtly bolmak üçin näme etmeli?
ŞEÝLE SOWAL NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR. Köp adamlar baýlyk, at-abraý ýa-da owadanlyk bagtly eder öýdýärler. Emma olar bu zatlara kowalaşsalar-da, bagtly bolup bilmeýärler.
MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR. Isa pygamber hakyky bagtyň nämä baglydygy barada şeýle diýdi: «Ruhy zerurlyklaryna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:3, TD). Diýmek, biz bagtly bolmak üçin iň wajyp zady — ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmaly, ýagny Hudaý barada hakykaty öwrenmeli we onuň biz babatdaky niýetini bilmeli. Bu hakykaty Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolýar. Hakykaty bilsek, nämäniň wajypdygyna we nämäniň wajyp däldigine düşüneris. Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyna laýyklykda karara gelsek we ýaşasak, durmuşymyz has manyly bolar (Luka 11:28).
Şeýle-de Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6, 13—18 we 1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlara serediň.
Biz ýokarda agzalan alty sowalyň jogabyna gysgaça seretdik. Eýsem, siziň köpräk bilesiňiz gelýärmi? Siz «ruhy zerurlygyňyza düşünýän» bolsaňyz, elbetde, köpräk bilesiňiz gelýändir. Belki, siz şeýle sowallar barada oýlanýansyňyz: «Eger Hudaý biziň aladamyzy edýän bolsa, onda näme üçin ol bütin taryhyň dowamynda ençeme zorluklara we horluklara ýol berdikä? Maşgalany nädip bagtly etmeli?» Mukaddes Ýazgylar şu we beýleki ençeme sowallara doly we kanagatlanarly jogap berýär.
Emma şu günler köp adamlar Mukaddes Ýazgylary okamaýarlar. Sebäbi ony uly we çylşyrymly hasaplaýarlar. Siz Mukaddes Ýazgylaryň berýän jogabyny bilmek isleýärmisiňiz? Bu babatda Ýehowanyň Şaýatlary size höwes bilen kömek eder.
Birinjiden, olar «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby arkaly işli adamlara wajyp sowallara dogry jogap tapmaga kömek edýärler. Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylary öýde mugtuna öwrenmegi hödürleýärler. Siziň golaýyňyzda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlaryndan biri öýüňize gelip ýa-da başga bir amatly ýerde her hepde siziň bilen Mukaddes Ýazgylar barada biraz gürrüň edip biler. Bütin dünýäde millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylary şeýle öwrenip, köp peýda aldylar. Olaryň köpüsi tolgunyp: «Men hakykaty tapdym!» diýýärler.
Hawa, hakykaty tapmakdan gymmatly zat ýok. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bizi yrymdan, başagaýlykdan we lapykeçlikden azat edýär. Bu bize umyt we şatlyk berýär hem-de durmuşymyzy manyly edýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:32).