Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/9 sah. 3—6
  • Gapma-garşylygy görkezýän sözleriň peýdasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gapma-garşylygy görkezýän sözleriň peýdasy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PEÝDASY
  • Mugallymçylyk ukybyňyzy ösdüriň
    Wagyz mekdebi
  • Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Garaňkylykdan çykyň — ýagtylykda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/9 sah. 3—6

Gapma-garşylygy görkezýän sözleriň peýdasy

Siz Isanyň ýer ýüzünde ýaşan iň beýik Mugallym bolandygyna ynanýarsyňyzmy? Onda siz onuň mugallymçylyk tärlerine eýerip, soraglary we mysallary ulanýan bolsaňyz gerek. Eýsem, siz Isanyň köplenç garşylygy görkezýän baglaýjylary hem ulanyşyna üns berdiňizmi?

Gepleşikde garşylygy görkezýän baglaýjylar köp ulanylýar. Belki, siz şeýle baglaýjylary ulanyp gepleýändigiňize üns hem berýän dälsiňiz. Meselem, siz şeýle diýýänsiňiz: «Olar miweleriň hemmesi bişipdir diýýärler welin, onuň içinde gatysy-da bar». Ýa-da: «Ol çagaka çekinjeňdi, ýöne häzir örän alçak».

Şeýle ýagdaýda siz başda bir pikiri aýdýarsyňyz, soňra emma, ýöne, gaýtam, welin, -da, -de ýaly garşylygy görkezýän baglaýjylary ulanýarsyňyz. Belki-de, siz bu baglaýjylary pikiri täsirli etmek ýa-da ony nygtamak üçin ulanýansyňyz. Hawa, baglaýjy sözler adaty gepleşikde ulanylyp, aýdylýan pikire has gowy düşünmäge kömek edýär.

Käbir dillerde ýa-da medeniýetde garşylygy aňladýan baglaýjylar ulanylmasa-da, biz olaryň wajypdygyna düşünsek gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň Sözünde olar örän köp ulanylýar. Meselem, Isa köplenç şeýle baglaýjylar arkaly gepleýärdi. Onuň şu aýdanlaryny ýada salyň: «Men (Kanuny) bozmaga däl-de, olary berjaý etmäge geldim». «Siz: „Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan... adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir. Siz: „Göze - göz, dişe - diş“ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, ýamana garşy durma. Gaýta, kim seniň sag ýaňagyňa ursa, ol ýaňagyňy-da oňa öwür» (Mat. 5:17, 27, 28, 38, 39).

Mukaddes Ýazgylaryň başga kitaplarynda-da şeýle baglaýjylar ulanylýar. Olar aýdylanlara düşünmäge ýa-da haýsy zady öňürti etmelidigini bilmäge kömek edýär. Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda şu gapma-garşylygy görkezýän söze üns beriň: «Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr» (Sül. tym. 22:15; MK, 2012). Süleýman patyşa «ata-eneler çagasyna terbiýe bermeli» diýse-de, düşnükli bolardy. Sebäbi bu dogry hem paýhaslydyr. Emma ol garşylygy aňladýan baglaýjy sözüni ulanyp, pikiri has-da aýdyňlaşdyrýar.

Pawlus resul bolsa şeýle ýazdy: «Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de... ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efes. 6:12). Şu aýatdaky garşylygy görkezýän «-de» baglaýjysy biziň alyp barýan söweşimiziň oýun-oýunjak iş däldigini görkezýär. Dogrudan-da, biz adamlara garşy däl, eýsem zalym ruhlara garşy söweşýäris.

PEÝDASY

Siz Mukaddes Ýazgylaryň Efesliler kitabyna üns berseňiz, Pawlusyň gapma-garşylygy görkezýän başga-da köp baglaýjylary we pikirleri ulanandygyny görersiňiz. Biz olar barada oýlansak, Pawlusyň aýdanlaryna has gowy düşünmäge we näme etmelidigimizi bilmäge kömek eder.

Indiki sahypada garşylygy görkezýän we peýdaly bolup biljek käbir baglaýjylaryň tablisasy berilýär. Olar Efesliler kitabynyň 4-nji we 5-nji baplaryndan alnandyr. Siz olaryň hersini okanyňyzda, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu babatda meniň garaýşym nähili? Şeýle ýagdaýda men özümi nähili alyp barýaryn? Adamlar garşylygy görkezýän sözlemi okanlarynda, meni onuň haýsy bölegine degişli hasaplarlar?» Eger siz öz üstüňizde işlemelidigiňize göz ýetiren bolsaňyz, onda öwrenenleriňizi durmuşda ulanmaga çalşyň. Hawa, gapma-garşylygy görkezýän sözler size kömek eder.

Şeýle-de siz bu tablisany maşgala okuwynda ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Ilkibaşda, maşgalaňyzyň ähli agzalary gapma-garşylygy görkezýän pikirleri okap biler. Soňra biriňiz sözlemiň birinji bölegini aýdyň, galanlaryňyz bolsa, onuň ikinji bölegindäki esasy pikiri ýatdan aýtmaga çalşyň. Bu size maşgala okuwynyň gyzykly geçmegine kömek eder we sözlemiň ikinji bölegini nädip has gowy ýerine ýetirip biljekdigiňizi görkezer. Hawa, gapma-garşylygy görkezýän sözler ýaşlara we gartaşanlara — öýde bolsun ýa başga ýerde bolsun — özüni Hudaýyň gullukçysy ýaly alyp barmaga ýardam eder.

Siz gapma-garşylygy görkezýän sözleriň wajypdygyna näçe çuňňur düşünseňiz, şonça-da olaryň Mukaddes Ýazgylarda näme üçin getirilýändigini gowy bilersiňiz. Şeýle-de olar wagyz gullugynda örän peýdaly bolup biler. Meselem, siz öýden-öýe wagyz edeniňizde, şeýle diýip bilersiňiz: «Köpleriň aýtmagyna görä, adam ölende onuň ruhy çykýar, emma bu babatda Hudaýyň Sözünde näme diýilýändigine üns beriň». Ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Köp adamlar dowzah odunyň bardygyna ynanýarlar, ýöne Mukaddes Ýazgylardan biz nämäni bildik? Siz muňa ynanýarmysyňyz?»

Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda gapma-garşylygy görkezýän ençeme peýdaly sözler bar. Olar bize Hudaýyň ýoly bilen ýöremäge kömek eder. Şeýle-de biz olar arkaly adamlara Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny bilmäge ýardam ederis.

Efeslileriň 4-nji we 5-nji baplarynda ýazylan käbir gapma-garşylykly pikirler

Şu gyzykly tablisany maşgala okuwynda ulanmaga çalşyň!

«Biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileleri... arkaly... eýläk-beýläk iteklenmän,» (4:14)

«eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi» (4:15).

«(Milletler) ýürekleriniň gatylygy zerarly... aň-düşünjeleri garaňkyrady» (4:18, 19).

«Emma siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz. Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz... Onuň ýolunda tälim alansyňyz» (4:20, 21).

«Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän,» (4:28)

«gaýtam... öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin» (4:28).

«Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman,» (4:29)

«gaýtam... abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» (4:29).

«Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn» (5:3).

«Munuň deregine şükür edilsin» (5:4).

«Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz,» (5:8)

«ýöne indi Rebde yşyksyňyz» (5:8).

«Garaňkylygyň miwesiz işlerine gatyşmaň,» (5:11)

«gaýtam olary paş ediň» (5:11).

«Akylsyzlar ýaly däl-de, (5:15)

«akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň» (5:15, 16).

«Hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän,» (5:29)

«gaýtam Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr» (5:29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş