Mukaddes Ýazgylar okuwy has gyzykly we peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
Biz Mukaddes Ýazgylar okuwy has gyzykly we peýdaly bolar ýaly näme edip bileris? Geliň, Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny has gowy geçirer ýaly, üç esasy ädime gysgaça seredeliň.
1 DOGA EDIŇ. Birinji ädim — doga etmeli (Zeb. 42:8). Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar okuwy Hudaýa sežde etmekdir. Şonuň üçin okan zatlarymyzy aňymyz we ýüregimiz bilen doly kabul eder ýaly, Ýehowadan kömek we mukaddes ruh dilemeli (Luka 11:13). Köp ýyldan bäri missioner bolup gulluk edýän Barbara uýa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okamazdan öň hemişe doga edýärin. Şondan soň men Ýehowanyň meniň bilendigini we okuw geçýändigimi halaýandygyny duýýaryn». Okuw geçmezden öň doga etsek, bolelin ruhy iýmiti kabul eder ýaly, Ýehowa aňymyzy we ýüregimizi açar.
2 OÝLANYŇ. Käbir dogan-uýalar wagtynyň azlygy sebäpli, Mukaddes Ýazgylary ýüzleý okaýarlar. Emma olar şeýtmek bilen, Mukaddes Ýazgylar okuwyndan köp peýdaly zatlary tapyp bilmeýär. Ýehowa 50 ýyldan gowrak gulluk edýän Karlos dogan okuwy has peýdaly bolar ýaly, oýlanmaga wagt tapmagyň wajypdygyna düşündi. Ol şeýle diýýär: «Indi men Mukaddes Ýazgylardan günde öňkimden bir sahypa az, ýagny her gün iki sahypa ýaly okaýaryn. Soňra okan zatlarymdan wajyp sapak edinmek üçin köpräk oýlanýaryn» (Zeb. 77:12). Oýlanmaga wagt tapsak, bilimimizi artdyrarys we Hudaýyň islegine has gowy düşüneris (Kol. 1:9—11).
3 ULANYŇ. Biz edýän zadymyzyň peýdalydygyna göz ýetirsek, işimiz rowaç bolýar. Muňa Mukaddes Ýazgylar okuwy hem degişli. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okaýan ýaş dogan Gabriýel şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylar okuwy maňa gündeki meseleleri çözmäge we adamlara höwes bilen kömek etmäge ýardam edýär. Men ähli okan zatlarymy durmuşymda ulanmaga jan edýärin» (Kan. tag. 11:18; Ýeşuw 1:8). Dogrudan-da, Hudaýyň bilimi çuňdur, şol sebäpli biz ony özleşdirip, durmuşymyzda ulanyp bilýäris (Sül. tym. 2:1—5).
NETIJE. Akyldarlygyň gözbaşy bolan Ýehowadan bilim almak biziň üçin uly hormatdyr! (Rim. 11:33). Şonuň üçin indiki sapar Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, ilki bilen, Ýehowa doga edip, ýüregiňizi we aňyňyzy açmagy hem-de mukaddes ruhy bermegi haýyş ediň. Okan zatlaryňyz barada oýlanmaga wagt tapyň. Şeýle-de bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Siz şu wajyp ädimleri ätseňiz, Mukaddes Ýazgylar okuwy has gyzykly we peýdaly bolar.