Okyjylaryň sowallary
Bir aýat bilen baglanyşykly soragym bolsa ýa-da şahsy meselede maslahat gerek bolsa, näme etmeli?
Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlarda her birimize paýhasy we düşünjäni «gizlin hazyna» kimin gözlemek maslahat berilýär. Bu bize bir aýat bilen baglanyşykly soragymyza jogap tapmaga ýa-da şahsy meseläni çözmäge tagalla etmelidigini görkezýär. Muny nädip edip bileris?
«Wagyz mekdebinde okalyň» (rusça) kitabynyň 33—38-nji sahypalarynda «Nädip gözleg geçirmeli?» diýen bap bar. Şonda soraglarymyza «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän edebiýatlary arkaly nädip jogap tapmalydygy düşündirilýär (Mat. 24:45). 36-njy sahypada «Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlarynyň indeksini»a nädip ulanyp bolýandygy düşündirilýär. Indeksde temalaryň we aýatlaryň spisogy bar. Eger biziň Mukaddes Ýazgylardaky aýat bilen baglanyşykly soragymyz bolsa, şol indeksdäki söz ýa-da aýat boýunça gözleg geçirip bileris. Ondan soragymyza jogap berýän makalanyň ýa-da kitabyň salgysyny tapyp bolýar. «Gizlin hazynany» gözlemek üçin wagt we tagalla gerekdigini unutma. Şonuň ýaly soragyňa jogap gözläniňde hem sabyrly bol.
Elbetde, käbir temalara ýa-da aýatlara edebiýatlarymyzda seredilmeýär. Käte edebiýatlarda seni gyzyklandyrýan aýat barada aýdylsa-da, soragyňa jogap tapmazlygyň mümkin. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky käbir wakalar jikme-jik düşündirilmeýär, şol sebäpli sende sorag döräp biler. Eger edebiýatlarda soragymyza jogap tapmasak, onda çaklama etmeli däl. Ýogsam, biz «Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolarys» (1 Tim. 1:4; 2 Tim. 2:23; Titus 3:9). Edebiýatlarda soraglaryň jogaby düşündirilmedik bolsa, filialdaky we baş edarada gulluk edýän doganlar her bir soraga jogap bermeýärler. Emma biz Mukaddes Ýazgylarda bagtly ýaşamak üçin ýeterlikli maslahat berilýändigine ynanyp bileris. Bir zada düşünmesek, Hudaýa bil baglap bileris («Ýehowa ýakynlaş» (rusça) atly kitabyň 185, 186-njy sahypalaryna seret).
Eger-de wajyp meseläni nädip çözmelidigini gözläp tapmasaň, näme etmeli? Ýetişen mesihçilere we ýygnagyň ýaşulularyna ýüz tutup bilersiň. Sebäbi olar Mukaddes Ýazgylary gowy bilýär we ençeme ýyl bäri Ýehowa gulluk edýär. Olar seni we ýagdaýyňy gowy bilýändigi üçin, şahsy meseläňi çözmäge kömek edip biler. Şeýle-de sen Ýehowa dogada ähli biynjalyk edýän zatlar barada aýdyp, ýüregiňi dökmegi unutma. Hudaýdan mukaddes ruh arkaly görkezme bermegini dileseň, ol paýhas hem düşünje berer (Sül. tym. 2:6; Luka 11:13).
a Makalada agzalýan şu we beýleki edebiýatlary «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndan» (rusça) okap bilersiň.