Hudaýyň Sözünden lezzet alyň
«KEÝPI diňe Rebbiň kanunynda» bolan we «gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýän» adam bagtlydyr (Zeb. 1:1, 2). Siz hem Hudaýyň Sözüni okap lezzet alýarmysyňyz? Has köp lezzet alar ýaly, siz näme edip bilersiňiz?
Ýehowany diňläň
Siz diňe bir okamak bilen çäklenmän, okaýan zatlaryňyzy göz öňüne getiriň. Meselem, Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji baplaryny okap, Ýehowanyň ýer ýüzüni ynsanyň ýaşamagy üçin taýýarlaýşyny göz öňüne getirjek boluň. Ynha, Hudaý öz Ussa Ogluna ynsany ýaratmagyň wagty gelendigini aýdýar. Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy pitne turuzýar, Hudaý olara höküm çykaryp, Jennetden kowýar (Gel. çyk. 1—3 bap.). Gökden bir ses gelip, adamlar üçin janyny gurban etmäge iberilen Isa Mesihiň Hudaýyň söýgüli Ogludygyny habar berýär. Bu wakany tolgundyryjy äheňde okaň (Mat. 3:16, 17). Ýahýa resul Ýehowanyň: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýenini eşidende, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Ylh. 21:5). Dogrudan-da, Hudaýyň Sözüni okamak lezzet berýär!
Mukaddes Ýazgylary okamagyňyzy dowam etseňiz, siz Ýehowanyň beýik we Gudratygüýçli Hudaýdygyna has gowy göz ýetirersiňiz. Şeýle-de siz rehimdar we söýgüden doly Hudaýy tanap, Onuň bilen dostlaşasyňyz geler. Eger kiçigöwünlilik bilen islegini berjaý etmäge çalyşsak, Ol bize kömek eder we ähli işlerde üstünlik gazanmagy öwreder (Ýeş. 1:8; Zeb. 8:1; Iş. 41:10).
Mukaddes Ýazgylary okamaga näçe köp wagt sarp etseňiz, şonça-da köp lezzet alarsyňyz, çünki Hudaýyň islegi barada bilimiňiz artar. Emma alýan lezzetiňiz munuň bilen çäklenmez. Siz biynjalyk edýän meseläňiz barada Mukaddes Ýazgylardan paýhasly maslahatlar taparsyňyz. Şonda siz mezmurçy ýaly: «Seniň şaýatlyklaryň ajaýyp, munuň üçin men olary saklaýaryn» diýersiňiz (Zeb. 119:129). Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler siziň pikiriňiziň we islegiňiziň Hudaýyň kadalaryna gabat gelmegine kömek eder (Iş. 55:8, 9).
Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalar bizi erbetlikden goraýar we dogry ýoly görkezýär. Biz Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, Ýehowa Atamyzyň ten höweslerine ýol berýän adamyň kynçylyklara uçrajakdygyny bilýändigine göz ýetirýäris. Hudaý biziň ýokary ahlak kadalaryny äsgermezçilik edip, erbet ýagdaýa düşmegimizi islemeýär. Ol biziň aladamyzy edýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Biz Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowanyň biziň Hudaýymyzdygyna we gökdäki Atamyzdygyna has gowy düşünip başlaýarys. Bu biziň üçin uly hormatdyr.
Mukaddes Ýazgylary her gün okaň
Mezmurçynyň aýtmagyna görä, Hudaýyň Sözüni her gün okaýan adamyň «ähli işi rowaçlanar» (Zeb. 1:3). Hawa, biziň ählimiz bikämil we Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarys. Üstesine-de, Iblis bizi «ýuwutjak» bolýar. Emma muňa garamazdan, biz Hudaýyň Sözüni okap, ony durmuşymyzda ulansak, Ýehowa bilen dostlugymyza täsir edýän ähli işlerde üstünlik gazanarys.
Şeýtanyň dünýäsi bize güýçli täsir edýär. Şol sebäpli Ýaradyjymyzyň pikirine düşünmek üçin her gün birazajyk wagt sarp etsek, ruhy taýdan berkäris. Imany üçin türmede oturan doganlarymyzyň käbirinde gazetden gyrkylyp alnan birnäçe aýatlar bardy. Olar bu aýatlary ýat tutýardylar we olaryň üstünde oýlanýardylar. Ýehowa olaryň tagallasyny patalady, çünki olar Mukaddes Ýazgylary bilmek üçin elinde baryny etdiler (Mat. 5:3). Emma biziň köpümiziň ýagdaýymyz düýbünden tapawutlanýar. Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylardan her gün bir aýady ýüzleý okasak, üýtgeşik bir zat bolar öýtmeli däl. Biz nämäniň has wajypdygyna düşünip, Mukaddes Ýazgylary her gün okamak üçin wagt tapsak, oýlansak we bilen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, diňe şonda bereket alyp bileris.
Elbetde, käte biziň iň gowy niýetimiz hem amala aşmaýar. Ýöne biz şonda-da wajyp zatlara wagt tapýarys. Meselem, biz birnäçe günläp suw içmän ýaşap bilmejekdigimizi bilýäris. Şonuň üçin nähili ýagdaýa duşsak-da, hakykat suwy bilen öz teşneligimizi gandyrmak üçin wagt sarp etmeli (Res. iş. 17:11).
Hudaýyň Sözüni doly okaň
Siz Mukaddes Ýazgylary doly okadyňyzmy? Käbir adamlar Gelip çykyşdan tä Ylham kitabyna çenli okamagy örän kyn görýärler. Şol sebäpli köp adamlar Mukaddes Ýazgylary doly okamagy maksat edinip, Injil kitabyndan başladylar. Näme üçin? Belki-de, Mesih Isanyň yzyna eýermek isleýändikleri üçin, olara Injil kitabyndan okap başlamak aňsat bolandyr. Ýa-da Injil kitabynyň uly bolmandygy üçindir; ol Mukaddes Ýazgylaryň takmynan dörtden bir bölegini tutýar. Olar 27 kitaby okap bolandan soň, 39 kitapdan ybarat bolan Töwrady we Pygamberler Ýazgylaryny höwes bilen okap başladylar. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamagy endik edindiler. Olar Injil kitabyny gaýta-gaýta okap, bu endigini taşlamadylar. Siz hem Hudaýyň Sözüni her gün okamagy ömürlik endik ediniň!
Mümkin, siziň maşgalaňyzda ýa-da ýygnagyňyzda okap bilmeýän adam bardyr. Belki, siz oňa Mukaddes Ýazgylary bilelikde yzygiderli okamagy teklip edersiňiz. Bu size-de, oňa-da peýdaly bolar. Sebäbi ol eşiden zatlary barada oýlanyp, durmuşynda ulanar (Ylh. 1:3).
Biraz wagtdan siz Mukaddes Ýazgylary belli bir tertip boýunça okamak islärsiňiz. Şeýle meýilnama Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň arasyndaky baglanyşygy görmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylaryň köpüsinde parallel aýatlar getirilýär. Bu aýatlar käbir taryhy aýratynlyklara we birmeňzeş wakalara has gowy düşünmäge ýardam edýär. Olar size käbir mezmurlaryň we resullaryň hatlarynyň näme üçin ýazylandygyny bilmäge kömek eder. Mukaddes Ýazgylaryň «Ýazgylara düşünmek» atly ensiklopediýasy birnäçe dillerde terjime edildi. Bu ensiklopediýada Mukaddes Ýazgylardaky adamlar, ýerler we häsiýetler barada köp peýdaly maglumat berilýär. Tablisalar Mukaddes Ýazgylardaky haýsy pygamberlikleriň ýerine ýetendigini, haýsy patyşalaryň döwründe haýsy pygamberleriň ýaşandygyny we Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň takmynan haçan bolandygyny bilmäge kömek eder.
Siz okan zatlaryňyz barada oýlansaňyz, Hudaýyň halkynyň arasynda bolan käbir zatlaryň sebäbini gowy bilersiňiz. Siz Ýehowanyň halky bilen özüni näme üçin şeýle ýa-da başgaça alyp barandygyna düşünersiňiz. Ýehowanyň häkimiýetleriň, halklaryň we aýratyn adamlaryň eden hereketlerine nähili baha berendigini bilersiňiz. Bu size Hudaýyň pikirine gowy düşünmäge kömek eder.
Mukaddes Ýazgylardaky wakalary göz öňüne getirip okasaňyz, has gyzykly bolar. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ýurtlaryň kartasy arkaly geografik ýerleri we olaryň aralyklaryny bilse bolar. Meselem, ysraýyllylar Gyzyl deňziň niresinden geçdiler? Wada edilen diýaryň tutýan meýdany nähilidi? Isa ýer ýüzünde gulluk edende näçeräk ýol ýöredi? Pawlus resul missioner gullugynda nähili ýerlerde syýahat etdi? Siz karta we geografik ýerler arkaly käbir jikme-jiklikleri bilersiňiz. Bu bolsa siziň okuwyňyzy has täsirli eder. Şeýle kartalary nireden tapsa bolar? Olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesinde» bar. «Ýazgylara düşünmek» ensiklopediýasynda-da 70-e golaý karta bar, onuň I tomunyň soňunda indeks hem ýerleşdirilen. Başga kartalary bolsa, edebiýatlaryň indeksi boýunça tapsa bolar. Eger bu esbaplar sizde bolmasa, onda «Garawul diňinde» çap edilýän kartalary ulanyp bilersiňiz.
Dawut patyşa Ýehowany şöhratlandyryp, şeýle nagma aýtdy: «Pikirleriň meniň üçin nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp!» (Zeb. 139:17). Pawlus resul: «Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanama nuruny bermek üçin biziň ýüregimizi ýagtylandyrdy» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy (2 Kor. 4:6). Dawut patyşa bilen Pawlus resul dürli döwürlerde ýaşapdylar. Emma olaryň ikisi-de Hudaýyň Sözünden lezzet alýardylar. Ýehowanyň Sözüni okamaga wagt sarp etseňiz, siz hem lezzet alarsyňyz.