Ýatkeşligimizi gowulandyralyň
ÝEHOWA HUDAÝ ynsan beýnisini ýatkeşlik ukyby bilen täsin edip ýaratdy. Ony ammara meňzetse bolýar. Onuň içine ýygnan zatlaryňdan näçe alsaň-da, gutarar öýdüp gorkmaly däl. Hudaýyň niýetine görä, beýni ynsanyň ebedi ýaşamagy üçin ýaradyldy (Zeb. 139:14; Ýahýa 17:3).
Ýöne üns beren bolsaňyz, beýnimize giren zatlaryň köpüsi ýatdan çykýar. Biz gerek wagty wajyp maglumaty ýada salmak isleýäris, emma başarmaýarys. Ýatkeşligi gowulandyrmak üçin näme etmeli?
Gyzyklanmak
Gyzyklanmak — ýatkeşligi gowulandyrmak üçin örän wajyp. Eger biz adamlar bilen gyzyklanmagy we daş-töweregimizde bolýan zatlary synlamagy endik edinsek, beýnimiziň has gowy işlemegine ýardam ederis. Şonda biz okan ýa-da eşiden peýdaly zatlarymyzy höwes bilen kabul ederis.
Köplenç, adamlaryň atlaryny ýatda saklamak kyn bolýar. Biz mesihçiler, ähli adamlara: dogan-uýalarymyza, wagyz edýän we iş salyşýan adamlarymyza aýratyn üns bermelidigimizi bilýäris. Biz nädip adamlaryň atlaryny ýatda saklap bileris? Pawlus resul bir ýygnaga ýazan hatynda 26 adamyň adyny agzaýar. Emma Pawlus diňe bir olaryň adyny tutman, eýsem, käbir aýratynlyklaryny hem ýazýar (Rim. 16:3—16). Şu günler aýlanýan gözegçiler her hepdede bir ýygnagy ideg edýärler. Olaryň köpüsi ýygnakdaky dogan-uýalaryň atlaryny gowy ýatda saklaýarlar. Olara näme kömek edýär? Olar kimdir biri bilen ilkinji sapar gürrüňdeş bolanlarynda, birnäçe gezek onuň adyny tutup ýüzlenýärler. Soňra olar adamyň adyny onuň ýüz-keşbi bilen baglanyşdyrjak bolýarlar. Şeýle-de olar wagyzda we günortanlyk naharynda adamlar bilen söhbetdeş bolýarlar. Siz hem biri bilen tanşanyňyzda, onuň adyny ýatda saklap bilermisiňiz? Munuň üçin, ilki bilen, onuň adyny näme sebäpden ýatda saklamalydygyny biliň. Şeýle-de ýokarda agzalan maslahatlara eýeriň.
Okan zatlarymyzy hem ýatda saklamak wajypdyr. Bu babatda gyzyklanmagyň we düşünmekligiň uly ähmiýeti bar. Eger okaýan zadymyz gyzykly bolsa, bu bize ünsli bolmaga kömek edýär. Eger ünsümizi başga zatlara sowsak, okan zadymyzy ýatda saklap bilmeris. Täze öwrenen zatlarymyzy özleşdirmek üçin, olary öňki bilenlerimiz bilen baglanyşdyrmaly. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Okan zatlarymy nähili ýagdaýlarda we nädip ulanyp bilerin? Olary başga adamlara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilerin?» Okan zadymyza düşünmek üçin, ondaky aýry-aýry sözlere däl-de, pikiriň yzygider berlişine üns bermeli. Şeýdip, biz okan zatlarymyzyň manysyna düşüneris we esasy pikirlerini anyklarys. Bu bolsa olary ýatda saklamaga kömek eder.
Gaýtalamak
Alymlar gaýtalamagyň möhümdigini aýdýarlar. Uniwersitetiň professorynyň geçiren barlagyna görä, geçilen zatlary gaýtalamak üçin bir minut wagt sarp edilse, olary ýatda saklamak mümkinçiligi iki esse artýar. Şol sebäpli bir makalany ýa-da onuň bir bölümini okanyňyzdan soň, ýadyňyzda galar ýaly, ondaky esasy pikirleri gaýtalaň. Okan täze maglumatyňyzy öz sözüňiz bilen aýtmaga çalşyň. Eger okap bolanyňyzdan soň derrew gaýtalasaňyz, öwrenen zatlaryňyz uzak wagt ýadyňyzda galar.
Birnäçe gün geçenden soň, bilen zatlaryňyzy kimdir birine gürrüň berip, ýene-de bir gezek gaýtalaň. Muny siz maşgala agzaňyza, dogan-uýalara, işdeşiňize, klasdaşyňyza, goňşyňyza ýa-da wagyz eden adamyňyza aýdyp bilersiňiz. Gürrüň bereniňizde, diňe bir esasy pikirleri däl-de, eýsem, olary tassyklaýan aýatlary hem aýtsaňyz gowy bolar. Şeýdip, siz möhüm pikirleri ýatda saklarsyňyz; bu başga adamlara-da peýda getirer.
Möhüm zatlar barada oýlanmak
Okan zatlarymyzy gaýtalamak we başga adamlara gürrüň bermek ýeterlikli däl. Bilen hakykatymyz barada oýlanmak hem wajyp. Hudaýyň gullukçylary Asaf bilen Dawut hem şeýle edýärdiler. Asaf: «Rebbiň işlerini ýatlaryn, Seniň gadymky mugjyzalaryňy hem ýatlaryn. Seniň ähli işleriň hakda oýlanaryn, Seniň edenleriň hakda pikire giderin» diýdi (Zeb. 77:11, 12). Dawut bolsa: «Gijäniň ähli nobatlarynda Sen barada oýlanaryn... Gadymky günleri ýatlaýaryn; Seniň ähli işleriňe oýlanýaryn» diýip ýazdy (Zeb. 63:6; 143:5). Siz hem şeýle edýärsiňizmi?
Ýehowanyň işleri, häsiýetleri we niýetlerini ýerine ýetirişi barada ünsli hem çuňňur oýlanmak okan zatlarymyzy diňe bir ýatda saklamaga kömek etmeýär. Bu bize wajyp hakykatlary ýüregimizde ornaşdyrmaga we içki dünýämizi täzelemäge ýardam eder. Olar biziň çuň duýgularymyzy aýan eder (Zeb. 119:16).
Hudaýyň ruhunyň kömegi
Mukaddes ruh bize Ýehowanyň işlerini we Isa Mesihiň taglymatlaryny ýatda saklamaga kömek edýär. Isa ýerde ýaşan ömrüniň soňky gijesi şägirtlerine şeýle diýipdi: «Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn. Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar» (Ýahýa 14:25, 26). Matta bilen Ýahýa hem bu sözleri eşidipdi. Mukaddes ruh, dogrudan-da, olara kömek etdimi? Elbetde! Meselem, sekiz ýyldan soň Matta Isanyň ömri barada ilkinji hoş habary ýazdy. Ol Isanyň Dagdaky wagzy, onuň barlygynyň we dünýäniň soňunyň alamatlary barada jikme-jik beýan etdi. Altmyş bäş ýyldan soň bolsa, Ýahýa resul hem hoş habary ýazýar. Ol Isanyň resullary bilen geçiren soňky gijesinde aýdan sözlerini gürrüň berýär. Görşümiz ýaly, Isanyň aýdan sözleri we eden işleri Mattanyň-da, Ýahýanyň-da ýadynda gowy galypdyr. Olara bu möhüm zatlary ýatda saklamaga, esasan, mukaddes ruh kömek etdi, sebäbi Ýehowa şol wakalaryň Mukaddes Ýazgylarda ýazylmagyny isledi.
Şu günler hem mukaddes ruh Hudaýyň gullukçylaryna kömek edýärmi? Elbetde, kömek edýär. Emma mukaddes ruh bize hiç haçan öwrenmedik zadymyzy ýatlatmaz. Ol bize diňe öwrenen wajyp hakykatlarymyzy ýada salmaga kömek edýär (Luka 11:13; 1 Ýahýa 5:14). Soňra ol ýagdaýa görä, «mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň... bize beren buýrugyny ýadymyza salmak üçin... ýatlatma arkaly oýarýar» (2 Pet. 3:1, 2).
«Ýadyňyzdan çykarmaň»
Ýehowa ençeme gezek ysraýyllylara ýüzlenip: «Ýadyňyzdan çykarmaň» diýdi. Emma bu olaryň hiç bir zady ýadyndan çykarmaly däldigini aňlatmaýardy. Eger olar öz bähbidini birinji orunda goýsalar, Ýehowanyň işlerini unudardylar. Şonuň üçin-de olara şeýle tabşyryk berlipdi. Ysraýyllylar Ýehowanyň azatlyga çykaryşyny ýatdan çykarmaly däldiler. Hudaý perişdesini iberip, müsürlileriň nowbaharlaryny öldüripdi; Gyzyl deňzi ikä bölüp, ysraýyllylary gury ýerden geçiripdi; faraony we onuň goşunyny suwa gark edipdi. Şeýle-de ysraýyllylar Hudaýyň Sinaý dagynda beren Kanunyny we çölde ýol görkezip, Wada edilen diýara alyp barşyny ýatdan çykarmaly däldiler. Sebäbi şeýle ýatlamalar olaryň gündelik durmuşyna güýçli täsir etmelidi (Kan. tag. 4:9, 10; 8:10—18; Müs. çyk. 12:24—27; Zeb. 136:15).
Biz hem Ýehowanyň eden işlerini ýatdan çykarmaz ýaly ünsli bolmaly. Kynçylyklar bilen göreşenimizde, biz Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny we Ogly arkaly görkezen söýgüsini unutmaly däl. Isa biziň kämillige gowşup, ebedi ýaşamagymyz üçin janyny gurban etdi (Zeb. 103:2, 8; 106:7, 13; Ýahýa 3:16; Rim. 6:23). Eger biz Mukaddes Ýazgylary her gün okap, ýygnak duşuşyklaryna hem-de wagza yzygiderli gatnaşsak, hakykat biziň ýüregimizde ornaşar.
Mesele wajyp bolsa-da, bolmasa-da, ony çözmeli bolanyňyzda, Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryňyzy ýadyňyza salyň. Goý, olar siziň geljek kararyňyza täsir etsin. Öwrenýän zatlaryňyzy ýatdan çykarmajak boluň. Ýehowadan görkezme diläň. Meselä özüňizçe garap, bikämil ýüregiňize bil baglamagyň deregine, özüňize şeýle sorag beriň: «Men bu meselede Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahaty we prinsipi ulanyp bilerin?» (Sül. tym. 3:5—7; 28:26). Adam hiç haçan okamadyk ýa-da eşitmedik zadyny ýadyna salyp bilmez. Emma siziň Ýehowa bolan söýgiňiz we bilimiňiz artdygyça, mukaddes ruh öwrenen zatlaryňyzy ýadyňyza salmaga kömek eder. Ýehowa bolan söýgiňiz bolsa, bilen zatlaryňyza görä ýaşamaga höweslendirer.