Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 20—24
  • «Ruh... Hudaýyň çuň pikirlerini barlaýandyr»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ruh... Hudaýyň çuň pikirlerini barlaýandyr»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Birinji asyrda
  • Döwrüň soňunda
  • Mukaddes ruhuň kömeginden peýdalanyň
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • «Hudaýyň çuň pikirlerini» barlamak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Mukaddes ruh ýüregimizde... ynam döredýär»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 20—24

«Ruh... Hudaýyň çuň pikirlerini barlaýandyr»

«Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr». (1 KOR. 2:10)

1. 1 Korintoslylar 2:10-da mukaddes ruh barada näme diýilýär we nähili soraglar ýüze çykýar?

BIZ Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine çäksiz minnetdar! Injilde mukaddes ruh barada «Göwünlik Beriji (kömekçi, TD)», «sylag», «güwä geçýär» we «töwella edýär» diýilýär (Ýahýa 14:16; Res. iş. 2:38; Rim. 8:16, 26, 27). Pawlus resul mukaddes ruhuň başga-da bir wajyp iş edýändigini aýtdy: «Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr» (1 Kor. 2:10). Dogrudan-da, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly hakykata çuňňur düşünmäge kömek edýär. Mukaddes ruh kömek etmedik bolsa, Ýehowanyň niýetine düşünermidik? (1 Korintoslylar 2:9—12-nji aýatlary okaň). Emma şonda-da şeýle soraglar ýüze çykýar: Ruh nädip Hudaýyň «çuň pikirlerini barlaýar»? Bu pikirleri Ýehowa I asyrda kim arkaly açdy? Şu günler mukaddes ruh çuň pikirleri kim arkaly we nädip açýar?

2. Mukaddes ruh nähili iki ýol bilen kömek edýär?

2 Isa mukaddes ruhuň iki ýol bilen kömek edýändigini aýtdy. Ol ölüminiň öň ýanynda resullaryna şeýle diýdi: «Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi (kömekçisi, TD) Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar» (Ýahýa 14:26). Görşümiz ýaly, mukaddes ruh mesihçilere ähli zady öwredýär, ýagny öň bilmeýän zatlaryny düşündirýär. Şeýle-de olaryň öwrenen zatlaryny ýadyna salmaga we dogry ulanmaga kömek edýär.

Birinji asyrda

3. Isanyň haýsy sözleri «Hudaýyň çuň pikirleriniň» kem-kemden açylýandygyny görkezýär?

3 Isa-da şägirtlerine ençeme täze hakykatlary öwretdi. Emma olaryň öwrenmeli zatlary entek köpdi. Isa resullaryna: «Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz. Emma Ol, Hakykat Ruhy gelende, size bütin hakykata tarap ýol görkezer» diýdi (Ýahýa 16:12, 13). Şeýlelikde, Isa mukaddes ruhuň hakykaty kem-kemden çuňňur düşündirjekdigini aýtdy.

4. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruh nämäni öwretdi we ýada saldy?

4 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Atanyň «hakykat ruhy» Iýerusalimde ýygnanan 120 şägirde indi. Muňa köp adamlar şaýat boldy (Res. iş. 1:4, 5, 15; 2:1—4). Şägirtler «Hudaýyň uly işlerini» dürli dillerde gürrüň berip başladylar. Bu bir täze açyşlykdy (Res. iş. 2:5—11). Mukaddes ruhuň injegi barada Ýowel pygamberlik edipdi (Ýowel 2:28—32). Bu pygamberligiň ýerine ýetişini adamlar öz gözi bilen gördüler we Petrus resul onuň manysyny düşündirdi (Resullaryň işleri 2:14—18-nji aýatlary okaň). Şeýlelikde, mukaddes ruh gadymy döwürde aýdylan pygamberligiň şägirtlerde ýerine ýetýändigini Petrusyň düşünmegine kömek etdi. Şeýle-de mukaddes ruh Petrusa diňe bir Ýoweliň sözlerini däl-de, Dawudyň iki mezmuryny hem ýadyna saldy (Zeb. 16:8—11; 110:1; Res. iş. 2:25—28, 34, 35). Ýygnanan adamlaryň ählisi Hudaýyň çuň pikirlerini gördüler we eşitdiler.

5, 6. a) B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, täze äht bilen bagly nähili soraglar ýüze çykdy? b) Bu soraglar kim arkaly orta atyldy we nädip çözüldi?

5 I asyrdaky mesihçiler köp zatlary aýdyň düşünmelidiler. Meselem, Pentikost gününde güýje giren täze äht barada çözülmeli soraglar bardy. Bu täze ähte diňe ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar girýärmi? Oňa özge milletler hem girip, mukaddes ruh bilen mesh edilip bilermi? (Res. iş. 10:45). Başga milletler sünnet edilip, Musanyň kanuny boýunça ýaşamalymy? (Res. iş. 15:1, 5). Bular örän wajyp soraglar. Bu çuň pikirlere düşünmek üçin Ýehowanyň ruhy gerekdi. Emma ol kim arkaly aýan bolar?

6 Bu soraglary jogapkär doganlar orta atdy. Petrus, Pawlus we Barnabas ýolbaşçylyk maslahatyna gatnaşyp, Ýehowanyň başga milletlere-de nazar salandygyny aýtdy (Res. iş. 15:7—12). Ýolbaşçylyk maslahaty bu meseläni Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabyna salgylanyp, mukaddes ruhuň kömegi bilen, belli bir karara geldiler. Soňra gelnen karary ähli ýygnaklara hat arkaly ýetirdiler (Resullaryň işleri 15:25—30; 16:4, 5-nji aýatlary okaň; Efes. 3:5, 6).

7. Çuň pikirler nädip açyldy?

7 Başga meseleler bolsa, Ýahýanyň, Petrusyň, Ýakubyň we Pawlusyň ylhamlanan hatlary arkaly aýdyňlaşdyryldy. Ýöne Injil kitaby ýazylyp gutarylandan soň, pygamberlikler we gudratlar arkaly aýan bolýan bilim bes edildi (1 Kor. 13:8). Indi mukaddes ruh öwredip, ýada salarmyka? Ol mesihçilere Hudaýyň çuň pikirlerini barlamaga kömek edermi? Pygamberliklere görä, bu hökman bolar.

Döwrüň soňunda

8, 9. Döwrüň soňunda ruhy düşünje babatda «parlajaklar» kim?

8 Döwrüň soňy barada perişde şeýle pygamberlik etdi: «Düşünýänler asman kimin ýalpyldap, köpleri dogrulyga getirýän ýyldyzlar kimin ebedi, baky we ähli wagtda parlar... hakyky bilim artar» (Dan. 12:3, 4). Düşünjek we parlajak adamlar kim? Isa muny «Haşal ot tymsalynda» görkezdi. Ol «döwrüň soňy» barada şeýle diýdi: «Dogry adamlar gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar» (Mat. 13:39, 43). Isa bu tymsaly düşündirende «dogry adamlaryň» «Patyşalygynyň ogullarydygyny», ýagny mesh edilen mesihçilerdigini aýtdy (Mat. 13:38).

9 Mesh edilen mesihçileriň ählisi «parlarmy»? Hawa. Sebäbi olaryň ählisi wagyz edýär, şägirt taýýarlaýar we ýygnak duşuşyklarynda biri-birini ruhlandyrýarlar. Mesh edilen mesihçiler bu babatda görelde görkezýärler (Zak. 8:23). Emma çuň pikirler döwrüň soňunda açyldy. Sebäbi Daniýel pygamber onuň soňky günlere çenli «möhürlenendigini» aýtdy (Dan. 12:9). Mukaddes ruh bu çuň pikirleri nädip we kim arkaly açmaly?

10. a) Soňky günlerde mukaddes ruh çuň hakykaty kim arkaly açýar? b) Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasy baradaky hakykatyň aýan bolşuny düşündiriň.

10 Biziň günlerimizde ruhy zatlaryň aýdyňlaşmaly wagty gelende, mukaddes ruh Bütindünýä baş edaradaky «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» wekillerine çuň hakykata düşünmäge kömek edýär (Mat. 24:45; 1 Kor. 2:13). Ýolbaşçylyk maslahaty bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýar (Res. iş. 15:6). Soňra olar aýan bolan zatlary hemmeleriň bilmegi üçin çap edýärler (Mat. 10:27). Wagtyň geçmegi bilen, zerurlyk bolsa bu meseleler ýene-de düşündirilýär («Mukaddes ruh ruhy ybadathananyň manysyny düşündirýär» diýen çarçuwa serediň).

Mukaddes ruhuň kömeginden peýdalanyň

11. Şu günler mesihçiler Hudaýyň çuň pikirlerini barlamak üçin mukaddes ruhuň kömeginden nädip peýdalanýarlar?

11 Wepaly mesihçileriň ählisi-de Hudaýyň çuň pikirlerini barlamak üçin mukaddes ruhuň kömeginden peýdalanyp bilýär. I asyrdaky mesihçiler ýaly mukaddes ruh bize-de okan zadymyza düşünmäge, ony ýada salmaga we durmuşda ulanmaga kömek edýär (Luka 12:11, 12). Sadyk hyzmatkäriň çap edýän edebiýatlaryndaky çuň ruhy hakykata düşünmek üçin ýokary bilimli bolmak hökman däl (Res. iş. 4:13). Onda Hudaýyň çuň pikirlerine gowy düşünmek üçin näme edip bileris? Geliň, birnäçe maslahata seredeliň.

12. Biz mukaddes ruhy haçan dilemeli?

12 Mukaddes ruhy diläň. Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty okamakçy bolsak, ilki bilen, doga edip, mukaddes ruhuň kömegini dilemeli. Biz bu maslahata ýeke bolsak-da, wagtymyz az bolsa-da eýermeli. Şeýle kiçigöwünlilik bilen edilen doga gökdäki Atamyzyň ýüregini begendirýär. Isanyň aýdyşy ýaly, Ýehowa ýürekden dileg edýänleriň ählisine mukaddes ruhuny berer (Luka 11:13).

13, 14. Ýygnaga taýýarlansak Hudaýyň çuň pikirlerine düşünmäge nädip kömek eder?

13 Ýygnaga taýýarlanyň. Sadyk hyzmatkär bize «wagtly-wagtynda nahar paýlarymyzy» berýär. Bu «hyzmatkär» Mukaddes Ýazgylara esaslanan makalalary ýazýar, haçan we haýsy makalanyň geçilmelidigini aýdyp, ýygnak duşuşyklarynyň tertibini belleýär. Degerli sebäplere görä, käbir makalalary biz ýygnakda geçýäris (1 Pet. 2:17; Kol. 4:16; Ýahuda 3). Berlen görkezmä eýersek, biz mukaddes ruh bilen hyzmatdaşlyk edýändigimizi görkezýäris (Ylh. 2:29).

14 Ýygnaga taýýarlananymyzda, makaladaky her bir aýady Mukaddes Ýazgylardan açyp okap, onuň tema bilen baglanyşygyna düşünjek bolmaly. Şeýle endik kem-kemden Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmäge kömek eder (Res. iş. 17:11, 12). Okan aýatlarymyzy soňra mukaddes ruh ýadymyza salmaga kömek eder. Şeýle-de eger biz aýady Mukaddes Ýazgylardan okasak, onda gerek wagty ony tapyp hem bileris.

15. Biz näme üçin berilýän ruhy iýmitiň ählisini özleşdirmeli we munuň üçin näme edip bileris?

15 Ruhy iýmitiň ählisini okaň. Käbir makalalar ýygnakda geçilmeýär, emma olar hem peýdaly. Sebäbi makalalar we başga-da edebiýatlar biziň üçin niýetlenip ýazylýar. Häzirki hysyrdyly döwürde biz köplenç birine ýa-da bir zada garaşyp, nobata durmaly bolýarys. Şeýle ýagdaýda okamadyk ýa-da biraz okan makalamyzy ýanymyzda götersek, olary okamaga mümkinçilik dörär. Käbir dogan-uýalar ýolda ýa-da maşynda barýarka edebiýatlaryň ses ýazgylaryny diňläp, ruhy iýmitiň ählisini özleşdirýärler. Şeýle makalalar giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilse-de, olar çuňňur barlag geçirilip ýazylýar we bize hakykata çuňňur düşünip, gadyryny bilmäge kömek edýär (Hab. 2:2).

16. Ýüze çykan soraglary belläp almak we olaryň jogabyny gözlemek näme üçin peýdaly?

16 Oýlanyň. Mukaddes Ýazgylary ýa-da oňa esaslanan edebiýatlary okanyňyzda oýlanmaga wagt tapyň. Ünsli okasaňyz, sorag ýüze çykmagy mümkin. Olary belläp alyň-da, amatly wagty jogabyny tapmaga çalşyň. Bizi gyzyklandyrýan sowalyň jogabyny gözlesek, hakykata çuňňur düşünip başlaýarys. Olar hazynamyzyň bir bölegi bolup, zerur wagty ony «çykaryp» bileris (Mat. 13:52).

17. Siz maşgala ýa-da şahsy okuwyny nähili geçirýärsiňiz?

17 Maşgala okuwyny geçiriň. Ýolbaşçylyk maslahaty her hepdede bir gün agşam ýa başga bir wagt şahsy ýa-da maşgala okuwyny geçirmegi maslahat berýär. Ýygnak duşuşyklarynyň tertibiniň üýtgemegi şu maslahata eýermäge mümkinçilik döretdi. Maşgala okuwynda siz nämelere seredip bilersiňiz? Käbir dogan-uýalar Hudaýyň Sözüni okap, ýüze çykan soraglaryň jogabyny tapýarlar we Mukaddes Ýazgylaryna gysgaça bellik edýärler. Köp maşgalalar bolsa geçilen makalany maşgalasynda nädip ulanyp bolýandygy barada oýlanýarlar. Käbir maşgalabaşylar tema saýlanda maşgalasynyň zerurlygyny göz öňünde tutýarlar ýa-da maşgala agzalarynyň haýyş eden temasy, soraglary esasynda geçýärler. Wagtyň geçmegi bilen, siz başga-da temalaryň üstünde durup bilersiňiza.

18. Biz näme üçin Hudaýyň Sözündäki çuň hakykaty öwrenmekden el çekmeli däl?

18 Isa mukaddes ruhuň kömekçi hökmünde hereket edýändigini aýtdy. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözündäki çuň hakykaty öwrenmekden el çekmeli däl. Bu hakykatlar «Hudaýy tanamaga» kömek edýär we biz şeýle gymmatly bilimi agtarmaga jan etmeli (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlary okaň). Olar bize «Hudaýyň özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny» has köp açýar. Biz Ýehowanyň Sözüni köpräk bilmek üçin tagalla edýäris. Şol sebäpli mukaddes ruh bize «ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlamaga» kömek edýär (1 Kor. 2:9, 10).

a 2008-nji ýylyň oktýabrynda çykan «Hudaýa gullugymyza» (sah. 8) serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Mukaddes ruh «Hudaýyň çuň pikirlerini» barlamaga haýsy iki ýol bilen kömek edýär?

• Mukaddes ruh çuň hakykatlary I asyrda kim arkaly aýan etdi?

• Şu günler mukaddes ruh käbir hakykatlary nädip düşündirýär?

• Sen mukaddes ruhuň kömeginden nädip peýdalanyp bilersiň?

[22 sahypadaky çarçuwa]

Mukaddes ruh ruhy ybadathananyň manysyny düşündirýär

I asyrda Hudaýyň ençeme çuň pikirleri aýan boldy. Meselem, mukaddes çadyryň we soňra gurlan ybadathanalaryň has beýik ruhy ybadathanany aňladýandygy düşündirildi. Pawlus resul oňa «ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyry» diýýär (Ýew. 8:2). Bu beýik ruhy ybadathana Isa Mesihiň töleg gurbany we ruhanylygy arkaly Hudaýa ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.

Bu «hakyky çadyr» b. e. 29-njy ýylynda Isanyň suwda çokundyrylmagy we Ýehowanyň ony kämil gurban hökmünde kabul etmegi bilen guruldy (Ýew. 10:5—10). Isa ölüp, direlenden soň, ruhy ybadathananyň Iň mukaddes jaýyna girip, «Hudaýyň öňünde» beren gurbanynyň bahasyny hödürledi (Ýew. 9:11, 12, 24).

Pawlus resul başga bir hatynda mesh edilen mesihçilerden Ýehowa üçin «bir mukaddes ybadathana... örülýär» diýýär (Efes. 2:20—22). Bu ybadathana ýewreýlere ýazylan hatdaky «hakyky çadyry» aňladýarmy? Ýehowanyň gullukçylary ençeme ýyllap şeýle pikir edýärdi. Göräýmäge, mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň gökdäki ybadathanasynyň «daşlary» bolmak üçin ýer ýüzünde taýýarlanylýardy (1 Pet. 2:5).

Emma 1970-nji ýyllaryň başynda sadyk hyzmatkäriň jogapkär agzalary Pawlusyň Efeslilere ýazan hatynda agzap geçen ybadathanasynyň Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasy däldigine düşünip başladylar. Eger-de «hakyky çadyr» gökdäki ýaşaýyş üçin direlen mesh edilen mesihçiler bolsa, onda çadyr «Rebbiň barlygynda» boljak direlişden soň gurulmalydy (1 Sel. 4:15—17). Ýöne çadyr hakda Pawlus: «Bu-da (bu çadyr-da, TD) häzirki zaman üçin bir mysal» diýdi (Ýew. 9:9).

Sadyk hyzmatkär şu we beýleki aýatlary dykgatly deňeşdirip, ruhy ybadathananyň häzir gurulmaýandygyna we mesh edilen mesihçileriň ybadathananyň ýer ýüzünde taýýarlanýan «daşlary» däldigine düşündiler. Mesh edilen mesihçiler ruhy ybadathananyň howlusynda we Mukaddes jaýda gulluk edip, Hudaýa her gün «öwgi gurbanlaryny» berýärler (Ýew. 13:15).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş