Okamaklyga üns beriň
DÜNÝÄDE her alty adamdan biri okap bilmeýär. Munuň esasy sebäbi adamlaryň köpüsiniň mekdepde okamaga mümkinçiligi ýok. Okap bilýänler bolsa, az okaýarlar. Emma çap edilen edebiýatlary okamaklyk size dürli ýurtlara «syýahat» etmäge, ol ýerdäki adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Siz olaryň durmuşyndan peýdaly zatlary bilersiňiz we ýüze çykýan kynçylyklara hötde gelmegi öwrenersiňiz.
Çagaňyza okap berýän zatlaryňyz olara gowy adam bolmaga kömek eder
Eger ýaşlar gowy okap bilse, onda olar mekdepde berilýän bilimden köp peýda alyp bilerler. Okamak ukyby olara gelejekde özüni eklemek üçin iş tapmaga we kär saýlamaga kömek eder. Gowy okap bilýän öý hojalykçy aýallar maşgalasyny naharlamagyň, öý-içersiniň arassaçylygynyň hem-de saglygynyň aladasyny has gowy edip bilýärler. Okap bilýän eneler çagalarynyň pikirlenmek ukybynyň ösmegine kömek edip bilýärler.
Okamagyň iň uly peýdasy — «Hudaýy tanamaga» mümkinçilik berýär (Sül. tym. 2:5). Hudaýa gulluk edenimizde, okamagyň peýdasy örän köpdür. Ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar okalýar. Üstünlikli wagyz etmegimiz hem, köplenç, okaýşymyza bagly bolýar. Ýygnak duşuşyklaryna we wagza taýýarlyk görmek üçin hem okamak gerek. Diýmek, biziň ruhy taýdan ösüşimiz okamak bilen berk baglanyşykly.
Mümkinçilikden peýdalanyň
Okamak ruhy taýdan ösmegiňize täsir eder
Hudaýy tanap başlan käbir adamlaryň orta bilimi-de ýok. Olar ruhy taýdan ösmek üçin okamagy öwrenmeli. Käbirine bolsa, has gowy okap biler ýaly kömek etmeli. Şeýle ýagdaýda doganlar okamagy öwredýän kurslary gurnamaga çalyşýarlar. Bu kurslar eýýäm müňlerçe adamlara kömek etdi. Gowy okamak örän wajypdyr. Şol sebäpli käbir ýygnaklarda Wagyz mekdebi duşuşygynda okamak sapagyna aýratyn üns berilýär. Siziň ýygnagyňyzda şeýle kurslar bolmasa-da, her gün sesli okasaňyz we Wagyz mekdebine yzygiderli baryp, oňa gatnaşsaňyz, okamakda has ökdeleşersiňiz.
Gynansak-da, telewizor, gülküli kitaplar we başga-da köp zatlar adamlaryň okamaga bolan höwesini gaçyrdy. Telewizora köp seredip, az okaýan adam gowy okamagy öwrenmez we oýlanmak, aýdyň pikirlenmek hem-de öz garaýşyny düşündirmek ukybyny ösdürip bilmez.
«Sadyk hem akylly hyzmatkär» Mukaddes Ýazgylary düşündirýän edebiýatlary çap edýär. Biz bu edebiýatlar arkaly ruhy iýmiti bolluk bilen alýarys (Mat. 24:45; 1 Kor. 2:12, 13). Şeýle-de olar bize dünýäde bolýan wakalary we olaryň sebäbini düşündirýär; tebigat bilen tanyşdyrýar, kynçylyklara hötde gelmegi öwredýär. Olarda, esasanam, Hudaýy razy etmek üçin nädip gulluk etmelidigi düşündirilýär. Şeýle peýdaly edebiýatlary okasaňyz, size ruhy taýdan ösmäge kömek eder.
Elbetde, gowy okamak ukybyny ösdürmek ýeterlikli däl. Bu ukyby dogry ulanmaly. Biz gözümiziň gören zadyny iýmeýşimiz ýaly, duş gelen zady hem okamaly däl. Biz bedene ýokumly bolmadyk we zyýanly zady iýerismi? Elbetde, iýmeris! Şonuň ýaly, biz aňymyzy we ýüregimizi hapalajak zatlary okamarys ýa-da olara asla göz aýlamarys. Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler bize okamaly zadymyzy saýlamaga kömek edýär. Näme okajakdygymyz barada belli bir karara gelmezimizden öň, şu aýatlary ýada salmaly: Wagyz kitaby 12:12, 13; Efesliler 4:22—24; 5:3, 4; Filipililer 4:8; Koloseliler 2:8; 1 Ýahýa 2:15—17; 2 Ýahýa 10.
Dogry niýet bilen okaň
Dogry niýet bilen okamagyň wajypdygyny Injil kitabyndan aýdyň görse bolýar. Meselem, Mattanyň hoş habaryna görä, Mukaddes Ýazgylary gowy bilýän dini ýolbaşçylar Isa hilegärlik bilen sorag berdiler. Ýöne Isa olara Ýazgylara görä jogap bermezinden öň, «Mukaddes Kanunda okamadyňyzmy?» we «Sözi asla okamadyňyzmy?» diýip sorady (Mat. 12:3, 5; 19:4; 21:16, 42; 22:31). Görşümiz ýaly, eger biz nädogry niýet bilen okasak, dogry netijä gelip bilmeris ýa-da esasy pikirden ünsümiz sowlar. Fariseýler Ýazgylary okap, olar arkaly ebedi ýaşaýşa ýeteris öýdýärdiler. Emma Isanyň aýtmagyna görä, Hudaýy söýmeýän we Onuň gutulyş üçin hödürleýän zatlaryny inkär edýän adam ebedi ýaşaýşa gowşup bilmez (Ýahýa 5:39—43). Fariseýler diňe özüni bilýärdi, şonuň üçin olar ýalňyş karara gelýärdiler.
Ýehowa bolan söýgimiz bizi Mukaddes Ýazgylary okamaga höweslendirýär. Şeýle söýgi Hudaýyň niýetini bilmäge höwes döredýär, çünki söýgi «hakykata şatlanýandyr» (1 Kor. 13:6). Ähtimal, öň biziň okamaga höwesimiz bolan däldir. Emma indi Ýehowany «bütin düşünjämiz bilen söýüp», ony aň-düşünjämiz bilen tanamak üçin jan edýäris (Mat. 22:37). Söýgi bilesigelijiligi oýarýar, bilesigelijilik bolsa öwrenmäge höweslendirýär.
Çalt okamaga çalşyň
Okamak — tanamak ýa-da bilmek bilen berk baglanyşykly. Siz bu setirleri okaýarkaňyz, tanyş sözleri görüp, olaryň manysyny ýadyňyza salýansyňyz. Gözýetimiňizi giňeltmek üçin çalt okamaga çalyşmaly. Okanyňyzda her bir söze üns bermän, birbada birnäçe söze göz aýlamaga çalşyň. Muny özleşdireniňizden soň, okan zadyňyza gowy düşünip başlandygyňyzy duýarsyňyz.
Maşgala bolup okamak agzybirligi berkidýär
Emma çuň manyly edebiýatlary okanyňyzda başga usullary ulanjak boluň. Ýazgylary okamak babatda Ýehowa Ýeşuwa şeýle maslahat berdi: «Bu kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Ony sesli oka» (Ýeş. 1:8, TD). Adam, köplenç, oýlananynda, öz-özi bilen gepleşýär. Şol sebäpli «sesli okamak» diýen ýewreý jümlesi «oýlanmak» diýip hem terjime edilýär (Zeb. 63:6; 77:12; 143:5). Adam oýlanýarka, çuňňur pikirlenýär; ol howlukmaýar. Hudaýyň Sözüni oýlanyp okasak, ol aňymyza we ýüregimize güýçli täsir eder. Mukaddes Ýazgylarda pygamberlikler, maslahatlar, tymsallar, poeziýa eserleri, Hudaýyň hökümleriniň yglan edilişi, Ýehowanyň niýetleri barada jikme-jik habarlar we durmuşda bolan birnäçe wakalar bar. Bularyň ählisi Ýehowanyň ýolunda ýöremek isleýän adamlar üçin gymmatlydyr. Mukaddes Ýazgylary aňymyzda we ýüregimizde güýçli täsir galdyrar ýaly edip okamak, gör, nähili peýdaly!
Ünsüňizi jemlemegi öwreniň
Labyzly okamagy öwreniň
Mukaddes Ýazgylardaky her bir wakany okanyňyzda, özüňizi oňa gatnaşýan ýaly duýuň. Ondaky adamlary göz öňüne getirip, olaryň duýgularyny duýjak boluň. Meselem, 1 Şamuweliň 17-nji babynda Dawut hem Jalut bilen bolan wakany okanymyzda, olary göz öňüne getirmek kyn däl. Hatda Müsürden çykyş we Lewiler kitabyndaky çadyryň gurluşy hem-de ruhanylyk borçlarynyň tabşyrylyşy baradaky jikme-jik habarlary okanymyzda, çadyryň ölçegini, onuň içindäki zatlary hem-de olaryň nämeden ýasalandygyny, buhuryň ýakymly ysyny, gowrulan dänäniň ysyny hem-de mallaryň gurban berlişini göz öňüne getirip okasak gyzykly bolardy. Hawa, ruhanylar gullugyny uly hormat bilen berjaý edendirler! (Luka 1:8—10). Wakalary göz öňüne getirip okasak, bu bize olaryň manysyna gowy düşünip, ýatda saklamaga kömek eder.
Eger ünsli okamasaňyz, pikiriňiz başga zada sowlar. Gözüňiz hata seretse-de, başga zat barada pikirlenmegiňiz mümkin. Daş-töweregiňizde aýdym-saz eşidilýärmi? Telewizoryň sesi gelýärmi? Öýdäkiler gepleşýärmi? Mümkin bolsa, hiç zadyň päsgel bermejek ýerinde okaň. Emma şeýle ýagdaýlarda-da, ünsüň sowulmagy mümkin. Belki, siz uzak güni işli geçirip, indi isleseňiz-islemeseňiz, bolan zatlary pikiriňizden aýryp bilýän dälsiňiz. Elbetde, günüň dowamynda bolan zatlar hakynda oýlanmak wajyp, ýöne muny okaýan wagtymyz etsek nädogry bolar. Mümkin, siz okamak üçin ünsüňizi jemlänsiňiz, hatda doga-da edensiňiz. Ýöne pikiriňiz şonda-da başga ýana sowulsa, gynanmaň. Ünsüňizi jemlemek üçin ýene-de synanyşyň. Wagtyň geçmegi bilen, siz has ünsli okap başlarsyňyz.
Siz düşnüksiz söze duş geleniňizde näme edýärsiňiz? Käte şeýle sözleriň manysy okaýan makalaňyzda düşündirilýär ýa-da ara alyp maslahatlaşylýar. Ýa-da oňa makalanyň başga ýerleri düşünmäge kömek eder. Eger şonda-da düşünmeseňiz, sözlüge serediň ýa-da ony başga birinden soramak üçin bellik ediň. Bu size söz baýlygyňyzy köpeltmäge we okan zadyňyza gowy düşünmäge kömek eder.
Köpçüligiň öňünde okamak
Köpçüligiň öňünde okaň
Pawlus resul Timoteosa «okamak... bilen meşgul bol» diýende, esasan, köpçüligiň öňünde okamagy göz öňünde tutdy (1 Tim. 4:13). Köpçüligiň öňünde okanyňda diňe bir ýazylanlary okamak ýeterlikli däl. Okaýan adam sözleriň manysyna we olar arkaly näme diýiljek bolýandygyna düşünmeli. Diňe şonda ol pikirleri we gerekli duýgulary berip biler. Bu gowy taýýarlygy we türgenleşigi talap edýär. Şonuň üçin-de Pawlus şeýle maslahat berdi: «Ýygnaga okamak... bilen meşgul bol». Siz bu babatda Wagyz mekdebinde peýdaly tälim alyp bilersiňiz.
Okamaga wagt tapyň
«Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir; alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr» (Sül. tym. 21:5). Okamak islegini göz öňünde tutsak, onda bu sözler örän ýerlikli! «Bolçulyga» ýetmek üçin «işeňňir» bolsak, okamaga sarp etjek wagtymyzy başga işler eýelemez.
Siz haçan okaýarsyňyz? Siziň pikiriňizçe, irden okamak gowumy ýa-da günüň dowamynda okasaňyz gowy düşünýärsiňiz? Okamak üçin her gün 15-20 minut sarp etseňiz, köp zat okap bolýandygyna göz ýetirersiňiz. Şonuň üçin yzygiderli okamak gerek.
Ýehowa näme üçin ajaýyp niýetlerini kitaba ýazdyrdy? Sebäbi bu kitap arkaly adamlar gerekli maslahatlary tapyp bilýärler. Bu olara Ýehowanyň eden gudratly işleri barada oýlanmaga, çagalaryna gürrüň bermäge we Hudaýyň işlerini unutmazlyga mümkinçilik berýär (Zeb. 78:5—7). Biz Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygymyzy bildirmek üçin, onuň ýaşaýyş berýän Sözüni okamaga wagt sarp etmeli.