Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/14 sah. 2
  • Ýehowa meni nähili adam hasaplaýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa meni nähili adam hasaplaýar?
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitaby aýna ýaly ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • «Başky söýgiňi» sakla
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge hiç zat päsgel bermesin!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Men näme üçin daş keşbim barada aladalanýaryn?
    Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 7/14 sah. 2

Ýehowa meni nähili adam hasaplaýar?

1. Mukaddes Ýazgylary näme üçin aýna meňzetse bolýar?

1 Sen günde näçe gezek aýna seredýärsiň? Biziň köpümiz her gün aýna seredýäris, çünki bu bize daş-keşbimizdäki kemçilikleri görmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylary aýna meňzetse bolýar. Biz Hudaýyň Sözüni okap, Ýehowanyň ýüregimizi görşi ýaly öz içki dünýämizi, ýagny nähili adamdygymyzy görüp bilýäris (1 Şam. 16:7; Ýakup 1:22—24). Hudaýyň Sözi «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýär» (Ýew. 4:12). Biz Mukaddes Ýazgylary her gün okap oýlansak, wagyz etmek ukyplarymyzy artdyryp bileris (Zeb. 1:1—3)

2. Mukaddes Ýazgylar özümizi barlamaga nädip kömek edýär?

2 Mukaddes Ýazgylary aýna kimin ulanyň. Biz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň mysallary barada okap, Ýehowa nähili häsiýetleriň ýaraýandygyny bilýäris. Meselem, Dawut pygamber Hudaýyň adyna wepalydygyny görkezdi (1 Şam. 17:45, 46). Işaýa kyn döwürde mertlik bilen wagyz etmäge razy boldy (Iş. 6:4—8). Isa gökdäki Atasyny çuňňur söýýändigi üçin gullugyny agyr ýük hasaplaman, gaýtam, ondan şatlyk we kanagat tapýardy (Ýahýa 4:34). I asyrda ýaşan mesihçiler hem Ýehowa bil baglap, hoş habary yhlasly wagyz etmegi we synaglarda berk durmagy ýüreklerine düwdüler (Res. iş. 5:41, 42; 2 Kor. 4:1; 2 Tim. 4:17). Biz şeýle mysallar barada oýlansak, özümize dogry garaýyşda bolup, mukaddes gullugymyzyň hilini gowulandyrmaga kömek eder.

3. Biz näme üçin kemçiliklerimizi haýal etmän düzetmeli?

3 Kemçilikleriňizi düzediň. Elbetde, biz aýna seredip kemçiliklerimizi görübem olary düzetmesek, paýhasly bolmaz. Biz özümize dogry garaýyşda bolup, kemçiliklerimizi düzedip biler ýaly Ýehowadan kömek soramaly (Zeb. 139:23, 24; Luka 11:13). Biz wagtyň az galandygy we ýaşaýşyň kynlaşýandygy sebäpli kemçiliklerimizi haýal etmän, derrew düzetmeli (1 Kor. 7:29; 1 Tim. 4:16).

4. Adam Hudaýyň Sözüne ýakyndan seredip, özündäki kemçilikleri düzetmäge jan etse, bu oňa nähili täsir eder?

4 Adamyň daş-keşbinden onuň içki dünýäsi has wajyp, çünki Ýehowa adamyň ýüregini görýär (1 Pet. 3:3, 4). Adam Hudaýyň Sözüne ýakyndan seredip, özündäki kemçilikleri düzetmäge jan etse, bu oňa nähili täsir eder? Ol «huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar» (Ýakup 1:25). Şeýtsek, biz bagtly bolarys we Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezeris (2 Kor. 3:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş