Sen hem mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýaňmy?
Dykgat ediň... hiç kim zynahorlyk etmesin, mukaddes zatlaryň gadryny bilmeýän bolmasyn. (ÝEWREÝLER 12:15, 16, TD)
1. Hudaýyň gullukçylary nähili düşünjä eýermeýärler?
MUKADDES zatlara bütin dünýäde gitdigiçe az üns berilýär. Fransuz sosiology Edgar Moran şeýle diýýär: «Ahlak kadalarynyň esaslanýan zatlary, ýagny Hudaý, tebigat, watan, taryh we sagdyn düşünje barada indi aç-açan şübhelenýärler... Adamlar halan gymmatlyklaryny özleri saýlaýarlar». Hawa, muňa «dünýäniň ruhy» ýa-da «söz diňlemeýän adamlarda şindi işleýän ruh» sebäpkär (1 Korintoslylar 2:12; Efesliler 2:2). Ýöne Ýehowa özüni bagş edip, onuň hökümdarlygyna meýletin tabyn bolýan adamlar beýle gadyr bilmez däl (Rimliler 12:1, 2). Hudaýyň gullukçylary Ýehowa edýän seždesinde mukaddesligiň örän wajypdygyna oňat düşünýärler. Biziň durmuşymyzda nämeler mukaddes hasaplanmaly? Şu makalada Hudaýyň gullukçylarynyň mukaddes hasaplaýan bäş zadyna seredip geçeris. Indiki makalada bolsa, ýygnaklarymyzyň mukaddesligi hakda gürrüň ederis. Eýsem, «mukaddes» sözi nämäni aňladýar?
2, 3. a) Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň mukaddesligi nähili bellenýär? b) Biz Ýehowanyň adyny nädip mukaddes hasaplaýarys?
2 Ýewreý dilinde ýazylan Mukaddes Ýazgylarda «mukaddes» sözi aýry tutulmagy aňladýar. Hudaýa edilýän seždede bolsa, adaty ulanyşdan aýry tutulýan zat — «mukaddes» hasaplanýar. Ýehowa sözüň doly manysynda mukaddes. Oňa «Mukaddes» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 9:10; 30:3). Gadymy Ysraýylda baş ruhany sellesine altynyň bir bölegini dakynypdyr. Şol altyn bölegiň ýüzünde «Mukaddeslik Ýehowanyňkydyr» diýen ýazgy bardy (Çykyş 28:36, 37). Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşyna görä, Ýehowanyň gökdäki tagtynyň daşynda duran kerubiler we seraflar: «Ýehowa mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir» diýip, yglan edýärler (Işaýa 6:2, 3; Ylham 4:6—8). Olaryň şol sözi gaýtalap aýtmagy, Ýehowanyň iň ýokary derejede mukaddes, arassa hem päkdigini görkezýär. Hakykatdan-da, Ýehowa Hudaý ähli mukaddesligiň Gözbaşy.
3 Ýehowanyň ady hem mukaddes. Mezmurçy: «Olar Seniň uly we gorkunç adyňa sena eder; ol mukaddesdir» diýip, joşgunly aýdýar (Zebur 99:3). Isa pygamber bolsa: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýip, doga etmegi öwretdi (Matta 6:9). Şeýle-de Isanyň ýerdäki ejesi Merýem: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär, çünki Gudraty Güýçli maňa uly işler etdi. Onuň ady mukaddesdir» diýdi (Luka 1:46, 49). Biz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde, onuň adyny mukaddes hasaplaýarys hem-de onuň mukaddes adyna ysnat getirjek zatlardan gaça durýarys. Onsoňam, biz mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýarys, ýagny onuň mukaddes hasaplaýan zatlaryny biz hem mukaddes hasaplaýarys (Amos 5:14, 15).
Isa näme üçin çuňňur hormat goýýarys?
4. Injilde Isa näme üçin «Mukaddes» diýilýär?
4 Mukaddes Ýehowa Hudaýyň «ýalňyz ogly» Isa mukaddes ýaradyldy (Ýahýa 1:14; Koloseliler 1:15; Ýewreýler 1:1—3). Şol sebäpli, oňa «Hudaýyň Mukaddesi» diýilýär (Ýahýa 6:69, çykgyt). Hatda onuň jany gökden ýere geçirilende-de, mukaddesligini saklady, sebäbi Merýem Isany mukaddes ruhuň kömegi bilen dogurdy. Perişde oňa şeýle diýdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner... doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler» (Luka 1:35). Iýerusalimli mesihçiler Ýehowa doga edenlerinde, Hudaýyň Ogluna iki sapar «mukaddes Guluň Isa» diýdiler (Resullaryň işleri 4:27, 30).
5. Isa ýer ýüzünde nähili mukaddes ýumşy bitirmelidi we onuň gany näme üçin gymmatly?
5 Isa ýer ýüzünde mukaddes ýumşy bitirmelidi. Isa b. e. 29-njy ýylynda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasynda Baş Ruhany bolup bellendi (Luka 3:21, 22; Ýewreýler 7:26; 8:1, 2). Şeýle-de ol gurbanlyk hökmünde ölmelidi. Onuň dökülen gany arkaly töleg berlip, günäli adamlar halas edilmelidi (Matta 20:28; Ýewreýler 9:14). Ine, şol sebäpli-de, biz Isanyň ganyny mukaddes hem «gymmatly» hasaplaýarys (1 Petrus 1:19).
6. Biz Isa Mesihe nähili garamaly we näme üçin?
6 Patyşamyz hem Baş Ruhanymyz Isa Mesihe çuňňur hormat goýmalydygyny görkezip, Pawlus resul şeýle ýazdy: «Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi» (Filipililer 2:9—11). Şeýlelikde, Ýolbaşçymyz, höküm sürýän Patyşamyz hem-de mesihçiler ýygnagynyň Başy Isa Mesihe şatlyk bilen tabyn bolup, mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýandygymyzy görkezýäris (Matta 23:10; Koloseliler 1:18).
7. Isa Mesihe tabynlygymyzy nädip görkezýäris?
7 Isa Mesihe tabyn bolmaklyk, Hudaýyň halkynyň arasynda ýolbaşçylygy öz üstüne alýan doganlara mynasyp hormat goýmagy aňladýar. Ýolbaşçylyk maslahatyna girýän mesh edilen mesihçileriň we olaryň filiallarda, welaýatlarda, etraplarda we ýygnaklarda bellän gözegçileriniň ýerine ýetirýän wezipesini mukaddes jogapkärçilik hasaplamaly. Şoňa görä-de, biz şol düzgüne çuňňur hormat goýmaly we tabyn bolmaly (Ýewreýler 13:7, 17).
Mukaddes halk
8, 9. a) Ysraýyllylar haýsy manyda mukaddes halkdy? b) Ýehowa ysraýyllylara mukaddesligiň wajypdygyny nädip düşündirdi?
8 Ýehowa Ysraýyl halky bilen äht baglaşdy. Şol äht arkaly Ysraýyl halky aýratyn derejä mynasyp boldy. Olar mukaddes boldy, ýagny aýratyn bir halk boldy. Ýehowa olara şeýle diýdi: «Meniň öňümde mukaddes boluň, çünki men, Ýehowa, mukaddesdirin. Meniňki bolar ýaly, sizi beýleki halklardan aýryp aldym» (Lewililer 19:2; 20:26, TD).
9 Ysraýyl halky döredilen mahaly, Ýehowa olara mukaddesligiň wajypdygyny düşündirdi. Hatda olar on tabşyryk berlen daga hem degmeli däldiler, ýogsam, olara ölüm jezasy beriljekdi. Şol sebäpli belli bir manyda Sina dagy hem mukaddes hasaplanypdyr (Çykyş 19:12, 23). Ruhanylyk, çadyr we onuň içindäki zatlar hem mukaddes hasaplanypdyr (Çykyş 30:26—30). Eýsem, mesihçiler ýygnagy hakda näme aýtsa bolar?
10, 11. Mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna näme üçin mukaddes diýse bolar we bu «başga goýunlara» nähili täsir edýär?
10 Ýehowa üçin mesh edilen mesihçileriň ýygnagy hem mukaddes (1 Korintoslylar 1:2). Aslynda, mesh edilen mesihçileriň ýer ýüzünde islendik döwürde ýaşan topary mukaddes ybadathana meňzedilýär. Ýöne olar Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyny düzmeýär. Ýehowa şol ybadathanada mukaddes ruhy arkaly ýaşaýar. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär. Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz» (Efesliler 2:21, 22; 1 Petrus 2:5, 9).
11 Soňra Pawlus resul mesh edilen mesihçilere şeýle sözleri ýazýar: «Siz Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, Hudaýyň Ruhunyň sizde ýaşaýandygyny bilmeýärmisiňiz?... Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir; ine, şol ybadathana sizsiňiz» (1 Korintoslylar 3:16, 17). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly mesh edilen mesihçileriň arasynda «mekan tutup gezýär» (2 Korintoslylar 6:16). Ýehowa sadyk hyzmatkärine hemişe ýol görkezýär (Matta 24:45—47). «Başga goýunlar» hem «ybadathana» topary bilen hyzmatdaşlygyň gadyryny bilýär (Ýahýa 10:16; Matta 25:37—40).
Mesihçileriň durmuşyndaky mukaddes zatlar
12. Biziň durmuşymyzda nämeler mukaddes we näme üçin?
12 Elbetde, ýygnagyň mesh edilen agzalarynyň we olaryň ýoldaşlarynyň durmuşy bilen baglanyşykly köp zatlar hem mukaddes hasaplanýar. Ýehowa bilen gatnaşygymyz mukaddesdir (1 Taryhlar 28:9; Zebur 36:7). Şeýle gatnaşyk örän gymmatly, şol sebäpden biz hiç kime we hiç bir zada Ýehowa Hudaý bilen gatnaşygymyzy bozmaga ýol bermeris (2 Taryhlar 15:2; Ýakup 4:7, 8). Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy saklamak üçin doga etmek örän wajyp. Daniýel pygamber üçin doga şeýle bir mukaddesdi, hatda janyna howp abansa-da, ol Ýehowa doga etmek adatyny goýmandyr (Daniýel 6:7—11). «Mukaddesleriň [ýagny mesh edilen mesihçileriň] dogasy» ybadathanada sežde etmek üçin ulanylan buhura meňzedilýär (Ylham 5:8; 8:3, 4; Lewililer 16:12, 13). Şeýle meňzetme doganyň mukaddesligini belläp geçýär. Älemiň hökümdary bilen gatnaşyk saklamak uly hormat ahyryn! Ine, şol sebäpli-de, doga biziň durmuşymyzda mukaddes hasaplanýar!
13. Nähili güýç mukaddes we onuň biziň durmuşymyza täsir etmegi üçin näme etmeli?
13 Mesh edilen mesihçileriň we olaryň ýoldaşlarynyň durmuşynda mukaddes ruh hem hökman mukaddes hasaplanýar. Ol ruh Ýehowanyň hereketdäki güýji. Ol hemişe mukaddes Hudaýyň islegine laýyklykda hereket eýdär, şonuň üçinem oňa «Mukaddes Ruh» ýa-da «Mukaddeslik Ruhy» diýilýär (Ýahýa 14:26; Rimliler 1:4). Ýehowa mukaddes ruhy bilen gullukçylaryna hoş habary wagyz etmäge güýç berýär (Resullaryň işleri 1:8; 4:31). Ýehowa ruhuny ten höweslerine däl-de,«Özüne boýun bolanlara» hem-de «Ruha görä gezýänlere» berýär (Resullaryň işleri 5:32; Galatýalylar 5:16, 25; Rimliler 8:5—8). Şol gudratly güýç mesihçilere «Ruhuň miwesini», ýagny ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge hem-de «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmäge» kömek edýär (Galatýalylar 5:22, 23; 2 Petrus 3:11). Eger-de mukaddes ruh biziň üçin hem mukaddes bolsa, onda biz ony gamgyn etjek ýa-da durmuşymyza täsir etmäge päsgel berjek işleri etmekden gaça durarys (Efesliler 4:30).
14. Mesh edilen mesihçiler nähili mümkinçiligi mukaddes hasaplaýar hem-de başga goýunlara-da şeýle mümkinçiligi nädip berýär?
14 Mukaddes Ýehowa Hudaýyň adyny götermek we onuň Güwäçisi bolmak mümkinçiligini hem mukaddes hasaplamaly (Işaýa 43:10—12, 15). Ýehowa mesh edilen mesihçilere «Täze Ähtiň gullukçylary» bolmak ukybyny berdi (2 Korintoslylar 3:5, 6). Meselem, olara «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz etmek hem-de «bütin milletleri şägirt etmek» tabşyryldy (Matta 24:14; 28:19, 20). Olar şol tabşyrygy gyşarnyksyz ýerine ýetirýärler. Netijede, millionlarça adamlar hoş habary kabul edip, şeýle diýýärler: «Eý halaýyk, biz siz bilen gitjek, sebäbi Hudaý siziň bilen diýip eşitdik» (Zakarýa 8:23, TD). Şol adamlar «Hudaýymyzyň [mesh edilen] gullukçylaryna» ruhy manyda «daýhanlar» hem «bagbanlar» hökmünde şatlyk bilen hyzmat edýärler. Şeýdip, başga goýunlar mesh edilen mesihçilere bütin dünýäde gullugyny ýerine ýetirmäge uly kömek edýärler (Işaýa 61:5, 6, TD).
15. Pawlus resul nähili işi mukaddes hasaplapdyr we biz hem näme üçin şeýle pikirde bolmaly?
15 Mysal üçin, Pawlus resul wagyz etmegi hem mukaddes hasaplapdyr. Ol özi barada şeýle ýazýar: «Hudaýyň Hoş Habary ugrunda ruhanylyk kärini ýerine ýetirmegim, milletlere Mesih Isanyň hyzmatkäri bolmagym üçin berildi» (Rimliler 15:16). Korintoslylara ýazan hatynda bolsa, Pawlus gullugyna genji-hazyna diýýär (2 Korintoslylar 4:1, 7). Wagyz etmek bilen, biz adamlara «Hudaýyň [mukaddes, TD] sözlerini» ýetirýäris (1 Petrus 4:11). Şeýlelikde, biz mesh edilen mesihçi ýa-da başga goýun bolsak-da, wagyz etmek işini mukaddes hasaplaýarys.
«Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň»
16. Biz «mukaddes zatlaryň gadyryny bilmeýän» adam bolmaz ýaly näme etmeli?
16 Pawlus resul imandaşlaryny «mukaddes zatlaryň gadyryny bilmezlikden» ägä bolmagy ýatlatdy. Şeýle-de olara «mukaddes bolmak üçin tagalla etmegi» maslahat berip, soňra «dykgat ediň... bir ajy kök gögerip, sizi ynjalyksyz etmesin, köp adamlar munuň bilen hapalanmasyn» diýdi (Ýewreýler 12:14—16). «Ajy kök» mesihçiler ýygnagynda edilýän işleri tankytlaýan käbir adamlary aňladýar. Meselem, olar nikanyň mukaddesligi we ahlak taýdan arassalyk meselesinde Ýehowa bilen razylaşmaýarlar (1 Selanikliler 4:3—7; Ýewreýler 13:4). Belki olar imandan dänen we «hakykatdan azaşan» adamlaryň düşünjelerine, ýagny «ýaramaz, boş sözlerine» gulak gabardýandyrlar ýa-da şony ýaýradýandyrlar (2 Timoteos 2:16—18).
17. Mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garamak üçin mesh edilen mesihçiler näme sebäpden hemişe tagalla etmeli?
17 Mesh edilen doganlaryna Pawlus resul şeýle sözleri ýazdy: «Eý söýgüli doganlar... her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň» (2 Korintoslylar 7:1). Şu sözler «asmandan gelen çakylyga şärik bolan» mesh edilen mesihçileriň durmuşynda mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garamak üçin hemişe tagalla etmelidigini görkezýär (Ýewreýler 3:1). Şoňa meňzeşlikde, Petrus resul ruhda doglan doganlara şeýle diýdi: «Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman, eýsem sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň» (1 Petrus 1:14, 15).
18, 19. a) «Uly märekäniň» agzalary mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýandygyny nädip görkezýärler? b) Biz indiki makalada mesihçiler üçin haýsy mukaddes zada serederis?
18 «Agyr muşakgatdan» diri geçjek «uly märekäniň» agzalary hakda näme aýtsa bolar? Olar hem mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garamaly. Ylham kitabynyň aýtmagyna görä, olar Hudaýyň ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlusynda «gije-gündiz [mukaddes, TD] hyzmat edýärler». Olar Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, göçme manyda «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler» (Ylham 7:9, 14, 15). Şonuň üçin Ýehowa hem olary arassa hasaplaýar. Indi olar hem özlerini «her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdirýärler».
19 Ýehowa sežde etmek we Onuň Sözüni öwrenmek üçin yzygiderli duşuşmak mesh edilen mesihçileriň we olaryň ýoldaşlarynyň durmuşynda wajyp orun tutýar. Ýehowa halkynyň ýygnaklaryny hem mukaddes hasaplaýar. Şu meselede mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garamak näme üçin wajypdygy hakda indiki makalada serederis.
Gaýtalamak üçin
• Ýehowanyň gullukçylary dünýädäki nähili düşünjelere eýermeýärler?
• Näme üçin ähli mukaddesligiň Gözbaşy Ýehowa diýse bolar?
• Mesihiň mukaddesligine hormat goýýandygymyzy nädip görkezýäris?
• Biz nämeleri mukaddes hasaplamaly?