15-NJI SAPAK
Ýehowa barada bilim almagyňy näme üçin dowam etmeli?
1. Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam etmegiň nähili peýdasy bar?
Siz Mukaddes Ýazgylardaky esasy taglymatlary öwrenip, Ýehowa ýakynlaşan bolsaňyz gerek. Ýöne siz Oňa bolan söýgiňizi mundan beýläk hem artdyrmaga çalyşmaly (1 Petrus 2:2). Siz Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiňizi dowam etseňiz, ebedi ýaşaýşy miras alyp bilersiňiz. Ýahýa 17:3; Ýahuda 21-i okaň.
Siz Allatagala barada näçe köp bilim alsaňyz, şonça-da Oňa bolan imanyňyz berkär. Iman bolsa, size Hudaýyň göwnünden turmaga ýardam eder (Ýewreýler 11:1, 6). Iman günäleriňiziň geçilmegi üçin toba etmäge we durmuşyňyzda gerekli özgerişler etmäge höweslendirer. Resullaryň işleri 3:19, 20-nji aýatlary okaň.
2. Hudaý barada alan bilimiňiz başgalara nädip kömek eder?
Ýehowanyň dosty bolmak isleýändigiňizi Oňa dogada aýdyň
Elbetde, siz öwrenen zatlaryňyzy başgalara gürrüň bermek isleýänsiňiz. Sebäbi biziň ählimiz gowy habarlary aýtmagy halaýarys. Siz Hudaý barada bilim almagyňyzy dowam etseňiz, dini ynançlaryňyzy Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündirip bilersiňiz. Rimliler 10:13—15-nji aýatlary okaň.
Köp adamlar hoş habary ilki bilen dostlaryna we dogan-garyndaşlaryna gürrüň berýärler. Ynanýan zatlaryňyzy sypaýyçylyk bilen düşündiriň. Adamlaryň ynanýan dininiň nädogrydygyny paş etmegiň deregine, olara Hudaýyň wadalaryny gürrüň beriň. Siz adamlara sözleriňiziň däl-de, özüňizi alyp barşyňyzyň güýçli täsir edýändigini unutmaň. 2 Timoteos 2:24, 25-nji aýatlary okaň.
3. Hudaý bilen dostlugyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?
Hudaýyň Sözüni öwrenmeklik size ruhy taýdan ösmäge kömek eder. Wagtyň geçmegi bilen, siz Ýehowanyň ýakyn dosty bolarsyňyz. Şeýdip, siz Onuň maşgalasynyň agzasy bolup bilersiňiz. 2 Korintoslylar 6:18-i okaň.
4. Ruhy taýdan ösmäge ýene-de näme kömek edip biler?
Siz ruhy taýdan ösmek isleseňiz, Ýehowa barada bilim almagyňyzy dowam ediň (Ýewreýler 5:13, 14). Munuň üçin Ýehowanyň Şaýatlaryndan «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby arkaly okuw geçmeklerini haýyş ediň. Hudaýyň Sözüni näçe köp öwrenseňiz, siziň durmuşyňyz şonça-da manyly we asuda bolar. Zebur 1:1—3; 73:27, 28-nji aýatlary okaň.
Hoş habar bagtly Hudaý Ýehowadan gelendir. Eger siz Hudaýyň halkyna goşulsaňyz, Oňa has-da ýakynlaşyp bilersiňiz (Ýewreýler 10:24, 25). Ýehowanyň göwnünden turmak üçin tagalla etseňiz, hakyky ýaşaýşa, ýagny ebedi ýaşaýşa ýetip bilersiňiz. Hudaý bilen dostlugyňyzy berkidiň! Bu siziň durmuşyňyzda iň gymmatly zatdyr. 1 Timoteos 1:11; 6:19-y okaň.