Ýaşlar, Ýehowa gulluk etmegi saýlaň
«Şu gün kime gulluk etjegiňizi saýlaň» (ÝEŞUW 24:15).
1, 2. Hristian dünýäsinde Ýazgylara garşy gelýän çokundyrylyşyň nähili görnüşleri bar?
B. E. II asyrynyň ahyrynda Tertullian atly dini taglymatçy: «[Çagalar] Mesihi tanamaga ukyply bolanda mesihçi bolmaly» diýip ýazdy. Ol öz döwründäki, imandan dänen mesihçilerde adat bolan bäbekleriň çokundyrylmagyna garşydy. Tertulliana hem-de Mukaddes Ýazgylara garşy çykyp, buthananyň atasy Awgustinus bäbekleri çokundyrmak, olary ilkinji günäden azat edýär, çokundyrylmadyklar bolsa, dowzah otda ýanar diýip yglan etdi. Bu taglymat tiz ýaýrady we ýaňy doglan çagalary çokundyrmaga başladylar.
2 Hristianlaryň esasy buthanalarynyň köpüsi bäbekleri henize çenli çokundyrýar. Mundan başga-da, bütin taryhyň dowamynda hökümdarlar we hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary «başga milletleri» zor bilen çokundyrýardy. Emma bäbekleri çokundyrmak hem-de uly adamlary zor bilen çokundyrmak Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär.
Şu günler hiç kim Hudaýa bagyş edilen hökmünde dogulmaýar
3, 4. Hakykat ýolunda doglan çagalara Hudaýa özüni meýletin bagyş etmäge näme kömek eder?
3 Mukaddes Ýazgylara görä, eger atasy ýa-da enesi mesihçi bolsa, Hudaý olaryň çagalaryny mukaddes hasaplaýar (1 Korintoslylar 7:14). Eýsem, şeýle çagalary Ýehowa özüni bagyş eden gullukçy diýip bolarmy? Ýok. Emma mesihçi ata-eneleriň çagalaryna berýän terbiýesi we tälimi olary Ýehowa özüni meýletin bagyş etmäge höweslendirer. Akyldar Süleýman patyşa şeýle ýazdy: «Oglum, ataň tabşyryklaryny sakla, eneň öwredenlerini taşlama... Olar ýörän mahalyň saňa ýol görkezer, ýatan mahalyň saňa garawullyk eder, oýanan mahalyň seniň bilen gepleşer... Tabşyryk çyradyr, kanun nurdur we terbiýe käýinçleri ýaşaýyş ýoludyr» (Süleýmanyň tymsallary 6:20—22, 24).
4 Eger ýaşlar mesihçi ata-enesiniň görkezmesine eýerseler, olar üçin gorag bolar. Şeýle-de Süleýman: «Akyldar ogul atasyny şatlandyrýandyr; akylsyz ogul bolsa enesine gaýgydyr», «Oglum, diňle, akyldar bol; ýüregiňi dogry ýola gönükdir» diýip ýazdy (Süleýmanyň tymsallary 10:1; 23:19). Hawa, ata-enäniň terbiýesinden peýda almak üçin, siz, ýaşlar, olaryň maslahatyny, nesihatyny hem-de tälimini kabul etmelisiňiz. Siz, akyldar bolup dogulmadyňyz, ýöne «akyldar bolup» hem-de «ýaşaýyş ýolundan» meýletin ýöräp bilersiňiz.
«Öwüt» näme?
5. Pawlus ata-enelere hem-de çagalara nähili maslahat berdi?
5 Pawlus resul şeýle ýazdy: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr. «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla». Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur. Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň» (Efesliler 6:1—4).
6, 7. «[Ýehowanyň] öwüdi» bilen terbiýelemek näme we bu näme üçin ata-eneler çagalarynyň aňyna zorluk bilen guýýandyr diýmegi aňlatmaýar?
6 Mesihçi ata-eneler çagalaryny «Rebbiň terbiýesi hem öwüdi» bilen terbiýelände, olaryň aňyna zorluk bilen guýýarlar, diýip bolarmy? Elbetde, ýok. Çagalaryny dogry we ahlak taýdan arassa bolmagy öwredýäni üçin, ata-eneleri kim günäkärläp biler? Çagalaryny «Hudaý ýok» diýip, öwredýäni üçin ateistleri hiç kim ýazgarmaýar. Katolik dinine uýýan ata-eneler çagalaryny öz dini boýunça terbiýelemegi borçly hasaplaýar we munuň üçin olary her kim ýazgarmaýar. Şonuň ýaly Ýehowanyň Güwäçilerini çagalaryny Ýehowanyň garaýşyna esaslanan hakykat we ahlak prinsipleri boýunça terbiýelände, olaryň aňyna zorluk bilen guýýar diýip ýazgarmaly däl.
7 «Täze ähtiň teologiki sözlüginde» Efesliler 6:4-däki «öwüt» diýen grek sözi «nädogry pikiri düzetmek we ruhy garaýşy oňatlaşdyrmak» diýmegi aňladýar. Eger-de ýaşlar deň-duşlarynyň täsirine düşüp hem-de hemmäniň edenini etjek bolup, ata-enesiniň aýdanlaryna gulak asmasa näme? Şonda kim günäkär — ata-enemi ýa-da erbet täsirli deň-duşlar? Eger deň-duşlary narkotik ulanmaga, spirtli içgileri içmäge ýa-da ahlaksyzlyk etmäge iterseler, onda çagasynyň pikirini düzedip, bu howply işleriň gowulyga eltmejekdigini düşünmäge kömek edýän ata-enäni ýazgaryp bolarmy?
8. Timoteos nädip «doly ynandy»?
8 Pawlus resul ýaş Timoteosa şeýle diýdi: «Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal. Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýänsiň» (2 Timoteos 3:14, 15). Ejesi we mamasy Timoteosa çagalykdan Mukaddes Ýazgylary öwredip, onuň Hudaýa bolan imanyny berkitdiler (Resullaryň işleri 16:1; 2 Timoteos 1:5). Soňra olaryň özi mesihçi bolanda, Timoteosy mesihçi bolmaga mejbur etmediler, ýöne bu ýoluň dogrudygyna «doly ynanar» ýaly, Mukaddes Ýazgylar esasynda subutnama getirdiler.
Ýehowa seni saýlamaga çagyrýar
9. a) Ýehowa ýaradanlaryny näme bilen sylaglady we näme üçin? b) Hudaýyň ýalňyz Ogly erkinligini nädip ulandy?
9 Ýehowa islegini ýerine ýetirer ýaly, ýaradanlaryny programma boýunça işleýän robot edip ýaradyp bilerdi. Ýöne olaryň özleri saýlap biler ýaly, erkin edip ýaratdy. Biziň Hudaýymyz meýletin tabyn bolmagymyzy isleýär. Ol gartaşan hem-de ýaş gullukçylarynyň söýgi bilen gulluk edýänini görende begenýär. Hudaýyň ýalňyz Ogly onuň islegini söýgi bilen berjaý etmekde ajaýyp görelde galdyrdy, Ýehowa ol barada: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» diýdi (Matta 3:17). Ilkinji ýaradylan Ogul hem Atasyna şeýle diýdi: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zebur 40:8; Ýewreýler 10:9, 10).
10. Ýehowa nähili gullugy kabul edýär?
10 Ýehowa Oglunyň ýolbaşçylygy astynda gulluk edýän gullukçylaryndan islegine tabyn bolar diýip umyt edýär. Mezmurçy pygamberlik edip, şeýle ýazdy: «Seniň gudratyň gününde halkyň mukaddes dabarada meýletin häzir bolar; säheriň bagryndan önen ýaşlyk çygy Seniňkidir» (Zebur 110:3). Ýehowanyň gökdäki hem ýerdäki guramasy söýgi bilen oňa tabyn bolup, islegini berjaý edýär.
11. Hakykatda doglan ýaşlaryň saýlamaga nähili mümkinçiligi bar?
11 Şonuň üçin ýaşlar, ata-eneňizem, ýygnak ýaşulularam mejburlyk bilen suwda çokundyrylmaga itermeýändigine siz düşünmeli. Ýehowa gulluk etmegi siziň özüňiz islemeli. Ýeşuw ysraýyllylara şeýle diýipdi: «Ýehowa birkemsiz we wepaly gulluk ediň... Şu gün kime gulluk etjegiňizi saýlaň» (Ýeşuw 24:14—22). Şonuň ýaly sizem Ýehowa özüňizi bagyş edip, onuň islegini berjaý etmegi özüňiz saýlamaly.
Jogapkär bolmaga taýyn bol
12. a) Ata-eneler çagalaryny terbiýeleseler-de, olar üçin näme edip bilmeýär? b) Ýaşlar Ýehowanyň öňünde saýlamaga haçan jogapkär?
12 Wagtyň geçmegi bilen, ýaşlar, siz wepaly ata-eneňiziň goragynda bolmarsyňyz (1 Korintoslylar 7:14). Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir» (Ýakup 4:17). Ata-eneler çagalary üçin Hudaýa gulluk edip bilmez we şonuň ýaly çagalaram ata-enesi üçin Hudaýa gulluk edip bilmez (Ezekiýel 18:20). Ýaşlar, siz Ýehowa we onuň niýeti barada bilim aldyňyzmy? Öwrenýän zatlaryňyza düşüner ýaly we Hudaý bilen ýakyn gatnaşyk saklar ýaly ýaşa ýetdiňizmi? Eger şeýle bolsa, Hudaý siziň gulluk etmek karara gelip biljekdigiňizi dogry saýmazmy?
13. Suwda çokundyrylmadyk ýaşlar özüne nähili sowallar bermeli?
13 Sen mesihçi ata-enäniň terbiýesini alan, ýygnaklara gatnaşýan hem-de Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýän suwda çokundyrylmadyk wagyzçymyň? Onda şu sowallara dogruçyllyk bilen jogap ber: Men bulary näme üçin edýärin? Ata-enemiň mejbur edýäni üçin ýygnak duşuşyklaryna gatnap, wagyz edýänmi ýa-da Ýehowany razy etmek üçin edýänmi? Sen «Hudaýyň halaýan oňat, kämil islegini aňlap» bildiňmi? (Rimliler 12:2).
Suwda çokundyrylmagy näme üçin gaýra goýmaly däl?
14. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar suwda çokundyrylmagy sebäpsiz gaýra goýmaly däldigini görkezýär?
14 «Meniň [suwda] çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» Hebeşleriň weziri bu soragy Filipus atly hoş habarça Isanyň Mesihdigine göz ýetirensoň berdi. Emma weziriň gaýra goýman mesihçiler ýygnagynyň agzasy hökmünde Ýehowa açyk güwälik eder ýaly Ýazgylara esaslanan bilimi bardy. Ol mundan uly şatlyk aldy (Resullaryň işleri 8:26—39). Şeýle-de Lidiýa atly bir aýal «Pawlusyň aýdýanlaryna üns berdi», çünki onuň ýüregine Hudaý guýupdy we ol gaýra goýman öý-içerisi bilen «[suwda] çokundyryldy» (Resullaryň işleri 16:14, 15). Galyberse-de, Filipi şäherinde Pawlus bilen Silas türmeçä «Rebbiň sözüni aýtdylar» we ol «derrew öý-içerisi bilen [suwda] çokundyryldy» (Resullaryň işleri 16:25—34). Şonuň üçin eger senem Ýehowa we onuň niýeti barada esasy bilimiň bar bolup, ak ýürekden oňa gulluk etmegi isleýän bolsaň, doganlaryň arasynda gowy abraýyň bolup, ýygnaklara yzygiderli gatnap, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýän bolsaň, onda sen suwda çokundyrylmagy näme üçin gaýra goýmaly?
15, 16. a) Nähili nädogry pikirler sebäpli ýaşlaryň käbiri suwda çokundyrylmagy gaýra goýýar? b) Hudaýa özüňi bagyş edip, suwda çokundyrylmak ýaşlary nädip gorar?
15 Belki, sen bir günä iş ederin öýdüp, bu wajyp ädimi ätmekden gorkýansyň? Şeýle bolsa, şu barada oýlan: Sen, haýsy-da bolsa bir gün heläkçilige uçraryn diýip, sürüjilik şahadatnamasyny almakdan boýun gaçyrarmyň? Elbetde, ýok! Eger sen suwda çokundyrylmaga taýyn bolsaň, onda gaýra goýma. Aslynda, sen Ýehowa özüňi bagyş edip, onuň islegini ýerine ýetirmäge söz berseň, onda bar güýjüň bilen günä işleri etmezligi ýüregiňe düwersiň (Filipililer 4:13). Çagalar, suwda çokundyrylmagy gaýra goýmak bilen jogapkärlikden gaçaryn öýtmäň. Sen jogapkärligi almaga ukyply ýaşa ýeteňde, suwda çokundyrylsaňam, çokundyrylmasaňam Ýehowanyň öňünde jogap berersiň (Rimliler 14:11, 12).
16 Dürli ýurtlarda ýaşaýan Ýehowanyň ýaş Güwäçileriniň köpüsi suwda çokundyrylmaga gelen netijesi kän kömek edendigini aýdýarlar. Günbatar Ýewropada ýaşaýan 23 ýaşly bir Güwäçiniň mysalyna seredeliň. Ol 13 ýaşynda suwda çokundyrylany üçin «ýaşlyk höweslerinden gaçmaga» kömek edendigini aýdýar (2 Timoteos 2:22). Heniz 13 ýaşyna ýetmänkä, ol doly wagtly pioner bolmagy ýüregine düwüpdi. Häzir ol Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallarynyň birinde şatlyk bilen gulluk edýär. Ýehowa gulluk etmegi saýlaýan ýaşlaryň hemmesine, şol sanda saňa-da uly bereket garaşýar.
17. Durmuşyň haýsy ýagdaýynda «Rebbiň isleginiň nämedigine düşünmek» wajyp?
17 Hudaýa özümizi bagyş edip, suwda çokundyrylmak bilen durmuşymyzyň ähli ýagdaýynda Ýehowanyň islegini göz öňünde tutup başlaýarys. Şeýle-de Hudaýa özüňi bagyş etmek «pursatdan peýdalanmalydygymyzy» aňladýar. Muny nädip edip bileris? Wagtymyzy biderek işlere däl-de, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek, ýygnaklara yzygiderli gatnaşmak we «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» yhlasly wagyz etmek üçin sarp edip bileris (Efesliler 5:15—17; Matta 24:14). Ýehowa özümizi bagyş edip, onuň islegini berjaý etmäge bolan islegimiz, durmuşymyzyň ähli ýagdaýyna, şol sanda dynç alýan wagtymyz, iýmek-içmekde, aýdym-saz diňlänimizde gowy täsir eder. Eýsem, ebedi şatlyk berjek dynç alşy saýlasaň gowy bolmazmy? Ýehowanyň müňlerçe şadyýan ýaş Güwäçileri «Rebbiň islegine» garşy gelmeýän şatlanmak üçin köp ýoluň bardygyny aýdýarlar (Efesliler 5:17—19).
«Biz siziň bilen gitjek»
18. Ýaşlar özüne nähili sowal bermeli?
18 B. e. öň 1513-nji ýyldan b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe çenli, Ýehowa ýer ýüzünde oňa sežde edip, güwälik eder ýaly guramaçylykly halk saýlapdy (Işaýa 43:12). Ýaş ysraýyllylar bolsa, şol halkyň agzasy bolup dogulýardy. Soňra Pentikost güni Ýehowa ýer ýüzünde täze «millet», «Öz adyna bir halk» ruhy Ysraýyly döretdi (1 Petrus 2:9, 10; Resullaryň işleri 15:14; Galatýalylar 6:16). Pawlus resul Mesihiň «Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halky» tämizländigini aýdýar (Titus 2:14). Ýaşlar, siz bu halky aňsat tanap bilersiňiz. Şu günler kim Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşap, «wepaly dogruçyl halk» hökmünde Ýehowanyň wepaly Güwäçisi bolup, adamzadyň ýeke-täk umydy bolan Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärkä? (Işaýa 26:2—4). Hristian dünýäsiniň buthanalarynyň we başga dinleriň edýän işlerine serediň we Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň gullukçylary üçin berilýän talaplary bilen deňeşdirip görüň.
19. Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar nämä göz ýetirdiler?
19 Bütin dünýäde millionlarça adamlar, şol sanda ýaşlaryň köpüsi şol «dogruçyl halkyň» Ýehowanyň mesh edilen Güwäçileriniň galyndysydygyna göz ýetirdiler. Olar ruhy Ysraýyla: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýýär (Zakarýa 8:23). Biz ýaşlaryň Hudaýyň halkynyň arasynda bolup, «ýaşaýşy saýlajakdygyna», ýagny Ýehowanyň täze dünýäsinde ebedi ýaşaýşy saýlajakdygyna umyt edýäris we olar üçin doga edýäris (Kanunyň gaýtalanyşy 30:15—20; 2 Petrus 3:11—13).
Gaýtalamak üçin sowallar
• «Öwüt» näme?
• Ýehowa nähili gullugy kabul edýär?
• Mesihçi maşgalada terbiýelenýän ähli ýaşlaryň näme saýlamaga mümkinçiligi bar?
• Suwda çokundyrylmagy näme üçin sebäpsiz gaýra goýmaly däl?