Ýehowanyň Sözi diri
Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler
MEZMURÇY Hudaýa doga bilen ýüzlenip, şeýle sowal berdi: «Seniň merhemetiň gabyrda, dogruçyllygyň harabalykda yglan edilermi?» (Zebur 88:11). Elbetde ýok. Sebäbi ýaşaýyş bolmasa, Ýehowany şöhratlandyryp bilmeris. Durmuşyň esasy maksady — Ýehowany şöhratlandyrmak, biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçinem ýaşaýarys.
Zeburyň üçünji we dördünji bölümine 73—106-njy mezmurlar degişli bolup, Ýaradyjymyzy şöhratlandyrmaga hem-de onuň adyna alkyş aýtmaga ençeme sebäpler görkezilýär. Şu mezmurlar barada oýlansak, «Hudaýyň sözüne» bolan minnetdarlygymyzy artdyrar we Hudaýy öňküdenem köp hem-de has gowy şöhratlandyrmaga höweslendirer (Ýewreýler 4:12). Geliň, ilki bilen Zeburyň üçünji bölümine ünsli seredeliň.
«MAŇA BOLSA HUDAÝA ÝAKYNLAŞMAK GOWUDYR».
(Zerur 73:1—89:52)
Zeburyň üçünji bölümiň ilkinji on bir mezmuryny Asaf ýa-da onuň maşgala agzalarynyň biri ýazan bolmaly. Bu mezmurda Asafyň ýalňyş pikirinden we azaşan ýolundan dänmäge näme kömek edendigi düşündirilýär. Ol dogry netijä gelip: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr» diýdi (Zebur 73:28). 74-nji mezmurda Iýerusalimiň derbi-dagyn edilendigi barada ahmyr çekilendigi aýdylýar. 75—77-nji mezmurlarda Ýehowa adyl Kazy, kiçigöwünli Halasgär we dogalary Eşidýän şahsyýet hökmünde beýan edilýär. 78-nji mezmurda Musa bilen Dawut pygamberiň döwründäki Ysraýylyň geçmişi görkezilýär. 79-njy mezmurda ybadathananyň ýykylandygy barada ýas mukamlarynyň owazlary ýaňlanýar. Indiki mezmurda Hudaýyň halkynyň dikeldilmegi barada doga edilýär. 81-nji mezmurda Ýehowa gulak asmagy nesihat berilýär. 82, 83-nji mezmurlarda erbet kazylaryň we Hudaýyň duşmanlarynyň adyl höküm edilmegi barada dileg edilýär.
«Janym Rebbiň howlularyny küýsäp çaşýar» diýip, Korah ogullarynyň mukamlary ýaňlanýar (Zebur 84:2). 85-nji mezmurda sürgünden dolanyp gelen ysraýyllylaryň Hudaýyň patasyny almak üçin dilegleri ýazylan. Bu mezmurda ten bereketlerden ruhy bereketleriň has wajypdygy nygtalýar. 86-njy mezmurda Dawut Hudaýyň goramagyny we görkezme bermegini dileýär. 87-nji mezmurda Sion we onda doglanlar barada labyzly nagma aýdylýar. 88-nji mezmurda bolsa, olaryň Ýehowa eden dogasy beýan edilýär. 89-njy mezmurda Dawut bilen baglaşylan ähtde Ýehowanyň merhemeti nygtalyp görkezilýär. Bu Süleýman pygamberiň döwründäki dört akyldar adamyň biri bolan Etanyň düzen nagmasy bolmaly (3 Patyşalar 4:31).
Sowallaryň jogaby:
73:9 — Erbet adamlar nädip «agyzlaryny göge dikýärler, dilleri bolsa ýerde gezýär»? Erbet adamlar gökde-de, ýerde-de hiç kimi sylamaýany üçin, Hudaýa dil ýetirýärler. Şeýle-de olar adamlara-da töhmet atýarlar.
74:13, 14 — Ýehowa haçan «deňzi güýji bilen böldi, läheňleriň başlaryny suwda döwdi. Aždarhanyň başlaryny owratdy»? Müsüriň patyşasy Faraona «Niliň kenarynda süýnüp ýatan äpet, gorkunç deňiz aždarhasy» diýip at berlipdi (Ezekiýel 29:3). Lewiafan sözi Faraonyň güýçli goşunyny aňladýan bolmaly. Başlaryny owratdy diýen jümle bolsa, Ýehowanyň Ysraýyly Müsür gulçulygyndan azat edip, Faraony we onuň goşunyny derbi-dagyn edendäki ýeňşi suratlandyrýar.
75:4, 5, 10 — «Şah» diýen söz näme aňladýar? Haýwanlaryň şahy olaryň güýçli ýaragy. Şonuň üçin «şah» sözi göçme manyda güýji we kuwwaty aňladýar. Ýehowa öz halkyny beýgeltmek üçin olaryň şahyny dikelder, «erbetleriň ähli şahlaryny çapar». «Şahlarymyzy ýokary galdyrmakdan», ýagny ulumsylykdan ýa-da özümizi ýokary tutmakdan gaça durmaly diýip, bize duýduryş berilýär. Ýehowanyň «dikeldýändigi» sebäpli, ýygnakdaky islendik ýumuş Ýehowa tarapyndan berilýär (Zebur 75:7).
76:10 — «Ynsan gazaby» nädip Ýehowa sena getirip biler? Ýehowa biziň peýdamyz üçin gullukçysy hökmünde bize garşy bolýan adamlaryň gazabyna ýol berýär. Islendik kynçylykdan köp zady öwrenýäris. Ýehowa terbiýelemek üçin diňe döz gelip biljek horluklara ýol berýär (1 Petrus 5:10). «Artyp galan gazaplar bilen [Hudaý] özüni guşaýar». Eger biz horluk çekip ölsek näme? Bu-da Ýehowa sena getirip biler, sebäbi biziň wepaly galanymyzy gören adamlar Hudaýy şöhratlandyryp başlar.
78:24, 25 — Näme üçin manna «gökleriň gallasy» we «perişdeleriň çöregi» diýilýär? Bu jümleleriň hiç biri-de perişdeleriň iýmitidigini aňlatmaýar. Mannanyň gökden ýagandygy üçin oňa «gökleriň gallasy» diýilýär (Zebur 105:40). Perişdeler gökde ýaşaýar we mannany gökde ýaşaýan Hudaýyň bereni sebäpli, oňa «perişdeleriň çöregi» diýilýär (Zebur 11:4). Onsoňam, Ýehowa perişdeler arkaly ysraýyllylary manna bilen üpjün eden bolmagy mümkin.
82:1, 6 — «Taňrylar» we «hemmeden Beýigiň ogullary» kimler? Iki jümle-de Ysraýyldaky kazylary aňladýar. Bu ýerlikli, sebäbi olar Hudaýyň wekilleri hem-de onuň ynanylan adamlary hökmünde gulluk edýärdi (Ýahýa 10:33—36).
83:2 — «Baş galdyrýar» diýen jümle nämäni görkezýär? Bu güýç bilen hereketi aňladyp, köplenç birine garşy durmaga, uruşmaga we ezmäge taýýarlygy görkezýär.
Biziň üçin sapak:
73:2—5, 18—20, 25, 28. Biz erbetleriň mesligine bahyllyk etmeli däl we olaryň ýolundan ýöremeli däl. Erbetleriň «aýaklary sürçek ýerdedir». Olar hökman «harabalyga gaçar». Galyberse-de, erbetler bikämil hökümetiň goly astynda ýaşaýandygy üçin, biz bary-bir olary köki bilen sogrup bilmeris. Eger Asaf ýaly bizem paýhasly bolup «Hudaýa ýakynlaşsak» we onuň bilen dostlukly gatnaşykdan şatlansak, erbet işlere garşy durup bileris.
73:3, 6, 8, 27. Biz bahyllyk etmekden, tekepbirlikden, duşmançylykly gülmekden we badyhowalyk bilen geplemekden [kezzaplykdan, TD] gaça durmaly. Hatda bu häsiýetler peýda getirjek ýaly bolup görünse-de etmeli däl.
73:15—17. Bizi garjaşykly pikir basanda-da, olary hemmelere aýtmaly däl. «Men şeýle [olar ýaly, TD] geplärin» diýen sözler hiç kimi abatlamaz. Biz şeýle ýagdaýda arkaýyn oýlanyp, biynžalyk edýän pikirlerimiz barada imandaşlarymyz bilen maslahatlaşyp çözmeli (Süleýmanyň tymsallary 18:1).
73:21—24. Erbetler oňat ýaşaýandyr öýtmek, ýüregiňi zalym edip, akylsyz haýwan ýaly edip biler. Sebäbi beýle garaýyş göçgünli bolup, duýga esaslanýar. Emma biz Ýehowanyň maslahatyna eýermeli we onuň «sag elimizden tutup», goldajakdygyna doly ynanmaly. Şeýle-de Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolsak, ol bizi «şöhrata ýetirer».
77:6. Ruhy hakykat barada ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezmek üçin, ony birin-birin çintgäp öwrenmeli hem-de oýlanmaga wagt sarp etmeli. Şol sebäpli ýeke galyp, oýlanmaga wagt tapmak gör, nähili wajyp!
79:9. Ýehowa biziň dogalarymyzy, ylaýta-da, şöhratly adynyň hatyrasy üçin eşidýär.
81:13, 16. Ýehowanyň aýdanlaryna gulak assak we onuň ýoly bilen ýöresek, bol bereket alarys (Süleýmanyň tymsallary 10:22).
82:2, 5. Adalatsyzlyk «ýeriň ähli binalaryny titredýär». Şeýle-de adalatsyz işler durnukly jemgyýeti bozýar.
84:1—4, 10—12. Mezmurçylar Ýehowa sežde edilýän ýere hormat goýýar we olaryň gulluga hormatly garaýşy bize görelde bolup hyzmat edýär.
86:5. Biz, Ýehowanyň «geçirimlidigi» üçin minnetdar bolup bileris! Ol günäsine toba edýän her adama merhemet bildirmek üçin esas gözleýär.
87:5, 6. Ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşajak adamlar, gökde ýaşamak üçin direlenleriň adyny bilermi? Bu aýatlar bilip boljakdygyny görkezýär.
88:13, 14. Ýehowa biziň hakykatdan wepalydygymyzy bilmek maksady bilen, käbir kynçylyk barada edýän dogamyza wagtynda jogap bermeýän ýaly bolup görünmegi mümkin.
«OŇA ŞÜKÜR EDIŇ, ADYNA ALKYŞ AÝDYŇ»
Mezmuryň dördünji bölümi Ýehowany şöhratlandyrmaga dürli sebäpleriň bardygyny görkezýär. 90-njy mezmurda Musa «bütin döwürleriň Patyşasy» bilen adamyň gysga ömrüniň tapawudyny görkezýär (1 Timoteos 1:17). Zebur 91:2-ä laýyklykda, Musa Ýehowany «pena we gala», ýagny howpsuzlygyň Çeşmesi saýýar. Indiki birnäçe mezmurda Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri, belent düşünjesi we gudratly işleri beýan edilýär. Üç sany mezmurda «Reb höküm sürýär» diýen sözler bilen başlanýar (Zebur 93:1; 97:1; 99:1). Mezmurçy Ýehowa Ýaradyjymyz diýmek bilen, «Oňa şükür edip, adyna alkyş aýtmaga» çagyrýar (Zebur 100:4).
Ýehowadan gorkýan ýolbaşçy işini nädip dolandyrmaly? Bu soraga 101-nji mezmury ýazan Dawut patyşa jogap berýär. Mezmurdaky indiki sözler Ýehowanyň «pukaranyň dogasyna garap, olaryň dogasyny äsgermezlik etmeýändigini» görkezýär (Zebur 102:17). 103-nji mezmurdaky sözler Ýehowanyň merhemetine we rehimdarlygyna üns berilýär. Mezmurçy Ýehowanyň ýer ýüzündäki eden işlerini agzap: «Ýa Reb, Seniň işleriň nähili köp! Sen olaryň ählisini akyldarlyk bilen etdiň» diýip, begençli gygyrdy (Zebur 104:24). Zeburyň dördünji bölüminiň soňky iki mezmurynda Ýehowanyň ajaýyp işleri üçin oňa alkyş aýdylýar (Zebur 105:2, 5; 106:7, 22).
Sowallaryň jogaby:
91:1, 2 — «Beýigiň gizlin ýeri» nämäni aňladýar we biz ol ýerde nädip «mesgen tutup» bileris? Bu göçme manyda ruhy howpsuz, ýagny ruhy taýdan zyýan berýän zatlardan goraýan ýer. Bu gizlin ýeri Hudaýa bil baglamaýan adamlar bilmeýär. Biz Ýehowany penamyz we galamyz hasaplasak, Bütin älemiň hökümdary hökmünde şöhratlandyrsak hem-de Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etsek, Ony özümize mesgen tutup bileris. Biz özümizi ruhy taýdan howpsuz duýýarys, çünki Ýehowanyň kömek etmäge hemişe taýyndygyny bilýäris (Zebur 90:1).
92:12 — Näme üçin dogry adam «hurma agajy kimin gögerýär»? Hurma agajy örän köp miwe berýär. Dogry adam hurma agajy ýaly diýilmeginiň sebäbi, ol Ýehowany razy edýär we gowy işleri bilen «oňat miwe» berýär (Matta 7:17—20).
Biziň üçin sapak:
90:7, 8, 13, 14. Biziň günälerimiz hak Hudaý bilen gatnaşygymyza hemişe zeper ýetirýär. «Gizlin günälerimizi» ondan ýaşyryp bilmeris. Emma çyn ýürekden toba edip, erbet işlerimizden dänsek, Ýehowany razy edip bileris we ol «merhemeti bilen bizi doýrar».
90:10, 12. Biz ömrümiziň gysgalygy sebäpli, «günlerimizi sanamaly». Nädip? Munuň üçin «hikmetli ýürek edinmeli», ýagny galan ömrümizi biderek zada sarp etmän, akyldar bolup, Ýehowany razy etjek bolmaly. Biz ruhy zatlary birinji orunda goýmaly hem-de wagtymyzy paýhasly sarp etmeli (Efesliler 5:15, 16; Filipililer 1:10).
90:17. «Ellerimiziň işini berkit» we wagyz etmek üçin edýän tagallalarymyza bereket ber diýip, Ýehowa doga etmek ýerlikli.
92:14, 15. Gartaşan dogan-uýalarymyz Hudaýyň Sözüni hyjuwly öwrenýärler hem-de Ýehowanyň halky bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarlar. Olar «suwly we ter», ýagny ruhy taýdan berk hem-de ýygnagyň gymmatly agzalary hasaplanýar.
94:19. «Içimizdäki aladalar» nähili bolsa-da, Mukaddes Ýazgylardaky «teselli» sözleri okap, olar barada oýlansak rahatlyk taparys.
95:7, 8. Ýazgylardaky maslahatlara gulak asyp, ünsli bolsak we olary yhlas bilen ýerine ýetirsek ýüregimizi gatatmarys (Ýewreýler 3:7, 8).
106:36, 37. Bu aýatlar butlara sežde etmegiň jynlara gurban bermek bilen baglanyşygyny görkezýär. Şonuň üçin buta sežde edýän adam jynlaryň täsirine düşüp biler. Mukaddes Ýazgylar: «Özüňizi butlardan goraň» diýýär (1 Ýahýa 5:21).
«Rebbe sena ediň!»
Zeburyň dördünji bölüminiň üçünji mezmurynyň soňunda şeýle öwüt berilýär: «Rebbe sena ediň!» Şu sözler bilen dördünji bölüm başlanýar (Zebur 104:35; 105:45; 106:1, 48). Aslynda, «Rebbe sena ediň!» diýen jümle Zeburyň dördünji bölüminde ençeme gezek duş gelýär.
Elbetde, bizde Ýehowany şöhratlandyrmak üçin sebäp kän. Biz 73—106-njy mezmurlar barada oýlanyp, gökdäki Atamyza çyn ýürekden minnetdarlygymyzy artdyryp bileris. Ýehowanyň biziň üçin eden işleri we gelejekde etjek işleri barada oýlananymyzda, eýsem, «Rebbe sena etmäge» yhlas döremezmi?