Okyjylaryň sowallary
Aýalym bilen hakykaty bilmänkäk, çaga edinmek üçin ekstrakorporal tohumlandyrma edipdik. Biziň tohumlandyrylan düwünçegimiziň (embrionyň) ählisi ulanylmandy, olaryň käbiri doňdurylyp, saklanylypdy. Indi, biz olary saklamalymy ýa-da ýok etmeli?
Bu ekstrakorporal tohumlandyrma (EKT) etjek bolýan är-aýallar üçin ahlak taýdan çözmeli wajyp meseleleriň biridir. Her bir är-aýal bu mesele babatda karara gelende, Ýehowanyň öňünde jogapkär bolýar. Kömekçi reproduktiw enjamlarynyň nämedigine seretsek, bu meseläni çözmäge kömek eder.
1978-nji ýylda Angliýada ýaşaýan bir aýal ilkinji gezek emeli usul bilen tohumlandyrylan çagany dünýä indirdi. Şol aýalyň ýatgy turbalarynyň ýapykdygy sebäpli, erkek tohumy (sperma) jyns öýjükler bilen birleşip bilmän, ol aýal göwreli bolup bilmeýärdi. Lukmanlar aýalyň ýetişen jyns öýjügini hirurgik usul bilen alyp, gaba salyp ýanýoldaşynyň spermasy bilen tohumlandyrdylar. Soňra embriony iýmitlendiriş sredasyna geçirip, ösdürdiler we aýalyň ýatgysyna geçirdiler. Embrion ýatgyda uýgunlaşdy we şol aýal gyz dogurdy. Şeýle usula we onuň başga-da görnüşlerine ekstrakorporal tohumlandyrylma (EKT) diýilýär.
EKT her ýurtda her hili edilýär. Adatça, aýalyň jyns öýjükleri köpeler ýaly, oňa birnäçe hepdeläp güýçli täsir edýän dermanlar berilýär. Äri bolsa masturbasiýa arkaly täze spermasyny alyp bermeli. Laboratoriýada jyns öýjügini hem-de arassalanan spermany birleşdirýärler. Jyns öýjükleriň köpüsi tohumlandyrylyp, bölünip başlanýar we soňra embrionlar emele gelýär. Bir-iki günden ýatgyda uýgunlaşyp we ösüp biljek sagdyn embrionlary şikesli embrionlardan saýgarar ýaly dykgatly barlaýarlar. Üçülenji gün aýal göwreli bolup biler ýaly, onuň ýatgysyna bir däl-de, iki ýa-da üç ýaramly embriony geçirýärler. Embrionlaryň biri ýa-da birnäçesi ýatgyda uýgunlaşsa, aýal göwreli bolup, wagty gelende çaga dogrup bilýär.
Ýatga geçirilmedik, kän sagdyn däl ýa-da şikesli embrionlary näme edýärler? Eger olary şeýle ýagdaýda galdyrsaň, tizden ölýär. Şonuň üçin galan embrionlary azot ergininde doňdurýarlar. Näme üçin? Eger birinji sapar aýal göwreli bolmasa, jyns öýjügini tohumlandyrmak üçin täzeden pul tölemez ýaly, galan embrionlary ulansa bolýar. Emma şeýle ýagdaýda ahlak meselesi barada sorag ýüze çykýar. Ýokarda agzalan är-aýalyň «doňdurylan embrionlary näme etmeli?» diýen soragyny köp maşgalalar hem berýärler. Belki, indi olar çaga edinmek islemeýändir. Ýa-da olaryň ýaşy geçendir, pul ýetmezçiligi we başga sebäpleri bardyr. Mümkin, olar ekiz, üçem we ondan köp çaga dogurmakdan gorkýandyra. Şeýle-de ýanýoldaşynyň aýrylmagy ýa biriniň, ýa ikisiniňem täzeden maşgala gurmagy ýagdaýy kynlaşdyryp biler. Üstesine-de, doňdurylan embrionlary saklamak üçin är-aýal birnäçe ýyllap pul tölemeli bolýar.
2008-nji ýylda bir baş embriolog «Nýu-Ýork taýms» gazetinde şol usuly ulanan adamlaryň köpüsi galan embrionlar barada ýürekden alada edýändigini belläp geçdi. Makalada şeýle diýilýär: «Ýurduň ähli hassahanalarynda azyndan 400 müň embrion doňdurylan we olaryň sany gün-günden köpelýär... Embrionlar dogry saklanylsa, olar birnäçe ýyl ýaşaýar, emma eredilende, hemmesi diri galmaýar». Bu fakt käbir mesihçileri çynlakaý oýlandyrýar. Näme üçin?
Mesihçi är-aýal EKT bilen bagly meseläni çözende, başga bir ýagdaý barada hem oýlanmaly. Mesihçi örän agyr ýagdaýdaky we wentilýator arkaly emeli usul bilen dem alyp ýaşaýan ýakyny barada karara gelmeli bolýar. Mesihçiler Müsürden çykyş 20:13-e we Zebur 36:9-a eýerip, ýaşaýşy gymmat saýýarlar we medisina bejergilerini alýarlar. 1974-nji ýylyň 8-nji maýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynda şeýle diýilýär: «Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşamak isleýän adamlar ýaşaýşy Hudaýyň mukaddes saýýandygyna hormat goýýarlar, ynsabyna görä we hökümetiň kanunlaryna gulak asyp, hiç haçan bilgeşleýin biriniň janyna kast etmeýärler». Käbir ýagdaýlarda diňe ýaşamaga kömek edýän enjamlar arkaly ýakynymyzy goldap bilýäris. Maşgala agzalary (döwlet kanuny rugsat berse) ýakynlarynyň ýaşaýşyny emeli usul bilen goldamalymy ýa-da goldamaly däldigini çözmeli bolýar.
Elbetde, bu ýagdaý EKT edip, embrionlaryny saklaýan är-aýallaryň ýagdaýyndan tapawutlanýar. Emma olara bir zat, ýagny embrionlary azotly doňduryjy kameradan çykaryp, eretmeklik teklip edilmegi mümkin. Embrionlar emeli usul bilen saklanýan doňduryjy kameradan çykarylandan soň zaýalanyp ölýär. Bu meselede är-aýalyň özi karara gelýär (Gal. 6:7).
Çaga edinmek umydy bilen EKT eden är-aýal doňdurylan embrionlaryň galanyny saklap, gelejekde olary çaga edinmek üçin ulanasy geler. Käbir är-aýal bolsa doňdurylan embriona diňe emeli usul bilen saklanylýan hökmünde garap, ony ýok edesi geler. Mesihçiler bu meseläni Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözýär we Hudaýyň öňünde jogapkär. Olaryň islegi ynsabyna ezýet bermeli däl we başgalaryň hem ynsabyny göz öňünde tutmaly (1 Tim. 1:19).
Mesihçiler bu meseläni Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözýär we Hudaýyň öňünde jogapkär
Reproduktiw endokrinologiýa ugrundan bir spesialist şeýle diýýär: «Är-aýalyň köpüsi (doňdurylan) embrionlar barada karara gelmeli bolanda, jogapkärçiligi duýup, näme etjegini bilmeýärler. Olaryň pikiriçe, bu meseläniň gowy çözgüdi ýok».
EKT etjek bolýan mesihçiler, onuň ýetirip biljek zyýanyny göz öňünde tutmaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» (Sül. tym. 22:3).
Bile ýaşaşýan erkek adam bilen aýal Mukaddes Ýazgylary öwrenip, suwda çokundyrylmak üçin nikalaşmak isleýär. Emma erkek adam ýurtda kanuna görä, resmileşdirilip ýaşamaýandygy üçin hökümet oňa nikalaşmaga rugsat bermeýär. Olar «Wepalylyk hakynda ynanç hata» gol çekip, suwda çokundyrylyp bilermi?
Bu meseläniň çözgüdi ýaly bolup görünse-de, Mukaddes Ýazgylara dogry gelmeýär. Muňa düşünmek üçin geliň, ilki bilen, «Wepalylyk hakynda ynanç hatyň» nämedigini we ony haçan doldurmalydygyny bileliň.
«Wepalylyk hakynda ynanç hata» şu aşakdaky sebäplere görä, kanun tarapyndan nikalaşyp bilmeýän är-aýal şaýatlaryň öňünde gol çekýärler. Olar bu resminamany dolduranda, biri-birine wepaly bolmaga we mümkin boldugyndan nikasyny resmileşdirmäge Hudaýyň öňünde wada berýärler hem-de adamlara-da güwä geçýärler. Şondan soň ýygnakdaky dogan-uýalar olaryň nikasyny resmileşdirilen hasaplaýarlar.
«Wepalylyk hakynda ynanç haty» haçan doldurylýar? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, ilki bilen, Ýehowanyň nika we aýrylyşmaga nähili garaýandygyna düşünmeli. Ýehowa maşgalany döretdi we oňa örän çynlakaý garaýar. Hudaýyň Ogly Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Mat. 19:5, 6; Gel. çyk. 2:22—24). Şeýle-de Isa pygamber: «Kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen goýberip-de, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýdi (Mat. 19:9). Mukaddes Ýazgylara görä, diňe «zyna» ýa-da jynsy ahlaksyzlyk sebäpli aýrylyşmak bolýar. Mysal üçin, äri başga biri bilen jynsy gatnaşyk etse, aýaly ondan aýrylyşmaly ýa-da aýrylyşmaly däldigini özi çözýär. Eger aýaly aýrylyşsa, başga birine durmuşa çykyp bilýär.
Geçmişde käbir ýurtlaryň esasy dini Mukaddes Ýazgylardaky aýrylyşmak barada aýdylýan zatlary kabul etmeýärdi. Dini ýolbaşçylar aýrylyşmak hemişe nädogry diýip öwredýärdi. Isanyň aýtmagyna görä, aýrylyşmaga sebäp bolsa-da, dini ýolbaşçylar käbir ýurtlaryň döwlet kanunlaryna şeýle bir güýçli täsir edip, aýrylyşmaga rugsat bermeýärdi. Başga ýurtlarda bolsa, kanun aýrylyşmaga rugsat berse-de, aýrylyşmak örän kyn. Şol sebäpli muňa köp ýyl gerek bolýar. Şol ýerlerde esasy din ýa-da hökümet adamlara Hudaýyň rugsat eden zadyny etmegi gadagan edýär (Res. iş. 11:17).
Meselem, är-aýal ýaşaýan ýurdunda aýrylyşyp bilmeýär ýa-da olara aýrylyşmak kyn bolýar. Eger olar öňki ýanýoldaşy bilen aýrylyşmak üçin elinde baryny edip, Mukaddes Ýazgylara görä, täzeden durmuş gursa, «Wepalylyk hakynda ynanç haty» dolduryp biler. Şeýle ýurtlar üçin Ýehowanyň aladaçyl guramasy bu resminamany taýýarlaýar. Bu dokument aýrylyşyp bolýan ýa-da aýrylyşmak gymmat we kyn bolýan ýurtlarda doldurylmaýar.
Käbir adamlar aýrylyşyp bolýan ýurtda ýaşasa-da, aýrylyşmak bilen bagly kynçylykdan gaçmak üçin «Wepalylyk hakynda ynanç haty» doldurmakçy bolýar. Emma şeýtmek nädogry.
Geliň, ýokardaky soragda agzalan ýagdaýa seredeliň. Erkek bilen aýal bile ýaşaşyp, nikasyny resmileşdirmek isleýär. Olaryň ikisi-de öň durmuş gurmadyk. Mukaddes Ýazgylara görä, olaryň ikisi hem nikalaşyp bilýär, sebäbi kanun boýunça-da, aýrylyşmak bilen bagly hiç hili kynçylygy ýok. Şol sebäpli olar «Wepalylyk hakynda ynanç hatyny» dolduryp bilmeýär. Adam ýurtda kanuna görä, resmileşdirilmän ýaşaýandygy sebäpli, hökümet olara nikasyny resmileşdirmäge rugsat bermeýär (köp ýurtlarda hökümet erkek adam ýa-da aýal maşgala ýa olaryň ikisi-de ýurtda kanuna görä resmileşdirilmän ýaşasa-da, nikalaşmaga rugsat berýär). Bu adam bilen aýal näme edip biler? Olar başga ýurda gidip, nikasyny resmileşdirip biler. Ýa-da adam ýurtda kanuna görä resmileşdirilip ýaşamak üçin etmeli zatlaryny etse, hatda ýaşaýan ýurdunda-da nikalaşyp biler.
Şeýle adam we aýal Hudaýyň kanunyna-da, kaýsara-da gulak asmak üçin özgerişler etmeli (Mar. 12:17; Rim. 13:1). Olar nikasyny resmileşdirenden soň, suwda çokundyrylyp biler (Ýew. 13:4).
a Eger düwünçek nädogry ösüp ýa-da ýatga geçirilen embrionlaryň birnäçesi ösüp başlasa näme? Göwreliligi bilgeşleýin kesmek, çaga aýyrtmak ýalydyr. EKT arkaly göwreli bolup, ekiz, üçem ýa-da ondan köp çaga galsa, wagtyndan öň dogurmak we güýçli gan akma ýaly kynçylyklar döreýär. Göwresinde birnäçe çagasy galan aýal olaryň birini «saýlap», galanlaryny öldürmegi mümkin. Şeýdip, bilgeşleýin çaga aýyrtmak, adam öldürmek hasaplanýar (Müs. çyk. 21:22, 23; Zeb. 139:16).