Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/3 sah. 10—14
  • Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Atanyň ady bilen suwda çokundyrylmak
  • Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmak
  • Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmak
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Seniň suwda çokundyrylmagyň näme aňladýar?
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Suwa çümdürilmek näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/3 sah. 10—14

Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

«Gidiň-de... şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň». (MAT. 28:19)

1, 2. a) B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimde nähili waka boldy? b) Näme üçin köp adamlar suwda çokundyryldy?

IÝERUSALIMDE aýak basara ýer ýokdy. Sebäbi b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni wajyp baýramçylyk geçirilýärdi, ony bellemäge dürli ýurtdan adamlar gelipdi. Ýöne şol güni täsin bir waka bolýar. Petrus resul märekäniň öňünde ruhlandyryjy sözler bilen çykyş edip, bolan wakanyň sebäbini düşündirýär. Onuň sözüni ýürekden kabul eden üç müňe golaý ýehudylar we ýehudy dinine geçenler toba edip, suwda çokundyrylýarlar. Şeýdip, olar täze dörän mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolýar (Res. iş. 2:41). Şeýle köp mähelläni suwda çokundyrmak üçin Iýerusalimiň howuzlarynda we howdanlarynda nähili başagaýlyk bolandyr!

2 Bu adamlary suwda çokundyrylmaga näme höweslendirdi? Şol gün «zarply ýeliň öwsüşi ýaly gökden bir şuwwuldy turdy». Isanyň 120-ä golaý şägirdi jaýyň ýokarky gatynda otyrka, mukaddes ruhdan doldular. Şonda hudaýhon erkekdir aýallar bir ýere ýygnanypdy. Adamlar şägirtleriň «başga dillerde gürlänini» eşidip, haýran galdylar. Petrusyň Isanyň ölümi barada aýdan sözlerini diňlände, olaryň «ýüreklerinde sanjy döredi». Şonda olar: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. Petrus şeýle jogap berdi: «Toba ediň... Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň; ine şeýdip, Mukaddes Ruh sylagyny alarsyňyz» (Res. iş. 2:1—4, 36—38).

3. Pentikost güni toba eden ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar näme etmelidi?

3 Petrusyň gürrüňini diňlän ýehudylaryň we ýehudy dinine geçen adamlaryň dini düşünjeleri barada oýlanyp görüň. Olar Ýehowany öz Hudaýy hasaplaýardylar. Şeýle-de olar Mukaddes Ýazgylar arkaly mukaddes ruhuň Hudaýyň güýjüdigini, ony ýaradylyşda we ondan soň hem ulanandygyny bilýärdiler (Gel. çyk. 1:2; Kaz. 14:5, 6; 1 Sam. 10:6; Zeb. 33:6). Emma muny bilmek ýeterlik däldi. Olar Isany Hudaýyň iberen Halasgäri, ýagny Mesihdigine düşünip, kabul etmelidiler. Şol sebäpli Petrus olara «Isa Mesihiň adyna çokundyrylmagyň» wajypdygyny aýtdy. Mundan birnäçe gün öň, direlen Isa Petrusa we beýleki şägirtlerine adamlary «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» diýip tabşyryk beripdi (Mat. 28:19, 20). Bu tabşyryk I asyrdaky ýaly şu günlerem ähmiýetli. Näme üçin?

Atanyň ady bilen suwda çokundyrylmak

4. Adamlar Ýehowa bilen dostlaşmak üçin öň näme etmelidiler, ýöne Ol indi näme isleýär?

4 Ýokarda aýdylyşyna görä, Petrusyň sözlerini kabul eden adamlaryň Ýehowa sežde edip, Onuň bilen dostlukly gatnaşygy bardy. Hudaýyň kanunyny berjaý etmek üçin, olar başga ýurtdan ýörite Iýerusalime geldiler (Res. iş. 2:5—11). Emma Hudaý indi adamlar bilen başgaça gatnaşyga ýol açdy. Ol ýehudylary inkär etdi; Hudaýy razy etmek üçin, indi Musanyň kanunyny ýerine ýetirmek gerek däldi (Mat. 21:43; Kol. 2:14). Adamlar Ýehowa bilen dostlaşmak üçin başga bir zat etmelidi.

5, 6. I asyrdaky ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar Hudaýa ýakynlaşmak üçin näme etmelidi?

5 Emma bu Ýaradyjy Ýehowadan ýüz öwürmegi aňlatmaýar (Res. iş. 4:24). Hawa, Petrusyň sözüne seslenen adamlar Ýehowany diňe bir hoşniýetli Ata hökmünde kabul etmeli däldiler. Hudaý olary halas etmek üçin Mesihi iberdi. Ýehowa hatda Oglunyň ölümine sebäp bolan adamlary bagyşlamaga taýyndy. Petrus olara şeýle ýüzlendi: «Bütin Ysraýyl öýi siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin». Dogrudan-da, bu adamlarda Hudaýa minnetdar bolmaga köp sebäp bardy, çünki Ol ähli adamlara Özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi (Res. iş. 2:32—36).

6 Görşümiz ýaly, ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar Ýehowa bilen dostlaşmak üçin, Onuň Isa arkaly gutulyş berendigine ynanmalydylar. Sen indi olaryň näme üçin toba etmelidigine düşünensiň. Olar Isany inkär etdiler, hatda käbiri ony öldürmäge-de gatnaşdy. Diýmek, ähli ýehudylar onuň ölümine günäkärdi. Şol sebäpli olar «resullaryň täliminde we üleşiginde... erjellik etmelidigine» düşünýärdi (Res. iş. 2:42). Olar «Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşyp» bilerdiler (Ýew. 4:16).

7. Häzir suwda çokundyrylýan adamlaryň köpüsi öňler Hudaýa nähili garaýardy?

7 Şu günler dürli dini düşünjeli millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Ýehowa barada hakykaty bildiler (Iş. 2:2, 3). Olaryň käbiri ateist, käbiri deistdia, emma häzir olar Ýaradyjynyň bardygyna we Onuň bilen dostlaşyp bolýandygyna ynanýarlar. Käbir adamlar bolsa, üç ýüzli Hudaýa we başga-da heýkellere sežde edýärdiler. Häzir olar Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyny bilýärler we Onuň adyny tutup ýüzlenýärler. Şol sebäpli olar Isanyň tabşyrygyna laýyklykda, Atanyň ady bilen suwda çokundyrylýarlar.

8. Adam atanyň günäsi barada bilmeýän adamlar Ata hakynda nämä düşünmeli?

8 Olar Adam atadan günäni miras alandygyny hem bildiler (Rim. 5:12). Bu hakykat olar üçin täzelikdi. Şeýle adamlary keselini bilmeýän ynsana meňzetse bolýar. Ol käte agyryny duýýar, emma keseli anyklanylmasa, özüni sagdyn hasaplaýar, ýöne bu hakykatdan şeýle däl (1 Korintoslylar 4:4-i deňeşdiriň). Eger ol keselini anyklasa näme? Gowy bejergi almak üçin, ol keseli barada has peýdaly maglumat alsa, paýhasly bolmazmy? Şonuň ýaly-da, köp adamlar günäniň miras geçendigini bilip, Mukaddes Ýazgylardan «keselini anykladylar» we Hudaýyň «bejergisini» almalydygyna düşündiler. Hawa, Atasyndan daşlaşan adamlaryň ählisi «bejergi» almak üçin, Oňa dolanmaly (Efes. 4:17—19).

9. Ýehowa biziň bilen dostlaşmak üçin näme etdi?

9 Eger sen özüňi Ýehowa Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan mesihçi bolsaň, Onuň bilen dost bolmakdan gowy zadyň ýokdugyny bilýänsiň. Sen Ýehowanyň söýgüli Atadygyna minnetdarlyk bildirýänsiň (Rimliler 5:8-i okaň). Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy günä etseler-de, onuň nesilleri, şol sanda biziň bilen hem dostlaşmak üçin, ilki Hudaý elini uzatdy. Öz eziz Oglunyň ejir çekip ölmegini görmek Hudaýa agyr bolsa-da, adamlar bilen dostlaşmak üçin onuň ölmegine ýol berdi. Bu saňa Hudaýyň häkimiýetini kabul edip, onuň tabşyryklaryny söýgi bilen berjaý etmäge höweslendirmezmi? Eger şeýle etmedik bolsaň, onda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmak barada oýlanyp bilersiň.

Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmak

10, 11. a) Sen näme üçin Isa borçlusyň? b) Isanyň töleg gurbany saňa nähili täsir edýär?

10 Petrusyň märekä aýdan sözleri barada ýene-de bir sapar oýlanyp göreliň. Ol Isany kabul etmek üçin «Ogluň... ady bilen» suwda çokundyrylmagyň wajypdygyny belläp geçdi. Bu näme üçin şu günler hem wajypka? Biz Ýaradyjy bilen dostlaşmak isleýän bolsak, Isany kabul edip, onuň ady bilen suwda çokundyrylmaly, bu Ogluň tutýan ornuna düşünýändigimizi görkezýär. Isa pürsde çüýlenip, ýehudylary Kanunyň gargyşyndan halas etdi, emma onuň ölümi has köp peýda getirdi (Gal. 3:14). Onuň beren töleg gurbany ähli adamzat üçin gerekdi (Efes. 2:15, 16; Kol. 1:20; 1 Ýahýa 2:1, 2). Şol sebäpli Isa sögünje, adalatsyzlyga çydap, görgi gördi we öldürildi. Sen töleg gurbanyna minnetdarlygyňy nädip bildirip bilersiň? 1912-nji ýylda «Titanik» gämisinde syýahat edýän on iki ýaşly oglanjygy göz öňüne getiriň. Bu gämi ullakan buz bölegine urlup, gark bolýar. Oglan halas ediş gaýygyna münjek bolýar, ýöne ol adamdan doludy. Gaýykdaky bir adam oglanjygy görýär. Ol aýaly bilen hoşlaşyp, oglana öz ýerini berýär. Oglanjygyň ýerine sen bolsaň, özüňi nähili duýardyň? Elbetde, sen ol adama minnetdar bolardyň! Hakykatdan-da, bir oglan şeýle wakany başdan geçirdi. Belki-de, sen onuň ýagdaýyna düşünýänsiňb. Emma Isa seniň üçin has köp zat etdi. Ol seniň soňsuz ýaşaýşa gowuşmagyň üçin, janyny gurban etdi.

11 Hudaýyň Oglunyň eden zatlary saňa nähili täsir edýär? (Korintoslylar 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Elbetde, sen oňa çuňňur minnetdar bolarsyň. Bu saňa özüňi Hudaýa bagyş etmäge we özüň üçin däl-de, seniň ugruňda Ölen üçin ýaşamaga höweslendirer. Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmak Isany «Ýaşaýyş Başlygy» hökmünde kabul etmegi aňladýar we seniň üçin eden zatlaryna düşünýändigiňi görkezýär (Res. iş. 3:15; 5:31). Eger Ýaradyjy bilen dostlukly gatnaşygyň bolmasa, seniň umydyň hakyky bolmaz. Isa Mesihiň döken ganyna iman edip, suwda çokundyrylsaň, Ata bilen dostlaşyp bilersiň (Efes. 2:12, 13). Pawlus resul şeýle diýdi: «Bir wagtlar erbet işler üçin pikiriňizde Hudaýa ýat hem duşman bolan sizi-de, indi Mesih Öz ynsanlyk bedeniniň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyrdy... Hudaý sizi mukaddes, çirksiz we müýnsiz edip Öz öňünde goýdy» (Kol. 1:21—23).

12, 13. a) Biri göwnüňe degende, Ogluň ady bilen suwda çokundyrylanlygyň saňa nähili täsir etmeli? b) Isanyň ady bilen suwda çokundyrylan mesihçiniň nähili borjy bar?

12 Sen Ogluň ady bilen suwda çokundyrylsaň-da, günälidigiňe gowy düşünýänsiň. Muny özüňe her gün ýatladyp dursaň, peýdaly bolar. Meselem, kimdir biri seniň göwnüňe degse, hem özüňiň, hem onuň günälidigini ýatlaýarmyň? Hudaýyň sizi bagyşlamagy üçin, siz biri-biriňizi bagyşlamalysyňyz (Mar. 11:25). Isa munuň wajyplygyny şeýle mysal arkaly düşündirdi: hojaýyn on müň talant (60 million dinar) borçly hyzmatkärini bagyşlaýar, emma hyzmatkär özüne ýüz dinar borçly ýoldaşyny bagyşlap bilmeýär. Isa şeýle netije çykarýar: doganynyň ýazyklaryny bagyşlamaýan adamy Ýehowa-da bagyşlamaýar (Mat. 18:23—35). Hawa, Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmak Isanyň häkimiýetine boýun bolmagy, onuň göreldesine, taglymatyna eýermegi we adamlary ak ýürekden bagyşlamagy aňladýar (1 Pet. 2:21; 1 Ýahýa 2:6).

13 Bikämil adam Isanyň göreldesine doly eýerip bilmeýär, emma özüňi Hudaýa ak ýürekden bagyş edip, onuň göreldesine eýermek isleýändigiňi görkezip bilersiň. Munuň üçin köne ýaradylyşy egniňizden çykaryp, täze ýaradylyşy geýmegi dowam etmeli (Efesliler 4:20—24-nji aýatlary okaň). Sen dostuňa hormat goýsaň, onuň gowy häsiýetlerine eýermek islärsiň, şonuň ýaly-da, Mesihden öwrenip, onuň göreldesine eýermäge çalşarsyň.

14. Isany gökdäki Patyşa hökmünde kabul edýändigimizi nädip görkezip bileris?

14 Sen Ogluň ady bilen suwda çokundyrylyp, onuň manysyna düşünýändigiňi başga-da bir ýol bilen görkezip bilersiň. «Hudaý bar zady Onuň (Isanyň) aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi» (Efes. 1:22). Diýmek, sen Isanyň özüni Ýehowa bagyş eden adamlara berýän görkezmesine tabyn bolmaly. Mesih bikämil adamlar, esasanam, ýaşuly edip bellenen ruhy taýdan berk doganlar arkaly ýygnaga ýolbaşçylyk edýär. Bu doganlar «mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedenini abatlaýarlar» (Efes. 4:11, 12). Bikämil adam ýalňyşsa-da, gökdäki Patyşalygyň Patyşasy hökmünde Isa ähli zady öz wagtynda düzeder. Sen muňa ynanýarmyň?

15. Sen suwda çokundyrylsaň nähili bereketler alarsyň?

15 Ýöne käbiri özüni Ýehowa bagyş etmeýär we suwda çokundyrylmaýar. Eger sen özüňi Hudaýa bagyş etmedik bolsaň, onda ýokarda aýdylanlary göz öňüne tutup, Ogly kabul etseň we onuň eden işlerine minnetdar bolsaň, paýhasly bolmazmy? Ogluň ady bilen suwda çokundyrylsaň, bu saňa köp bereket berer (Ýahýa 10:9—11-nji aýatlary okaň).

Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmak

16, 17. Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

16 Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar? Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Pentikost güni Petrusyň sözüni diňlän adamlar mukaddes ruhuň nämedigini bilýärdiler. Olar şol gün hem Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly eden gudratyny gördüler. Sebäbi Petrus hem «Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä başga dillerde gürläp başlan» adamlaryň biridi (Res. iş. 2:4, 8). «Ady bilen» diýlende, hökman bir adamyň ýa şahsyýetiň ady göz öňünde tutulmaýar. Meselem, döwlet işgärleri «hökümetiň ady bilen» hereket edýärler. Olarda hökümetden ygtyýar bar. Ýöne hökümet adam ýa şahsyýet däl. Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylýan adam hem mukaddes ruhuň şahsyýet däl-de, Ýehowanyň hereketdäki güýjüdigine ynanýar. Ol suwda çokundyrylyp, Hudaý mukaddes ruhy arkaly niýetini amala aşyrýandygyna düşünýändigini görkezýär.

17 Sen Hudaýyň Sözüni öwrenip, mukaddes ruhuň nämedigine düşündiňmi? Sen onuň mukaddes ruh arkaly ýazylandygyny bilensiň (2 Tim. 3:16). Ruhy taýdan ösüp, «Gökdäki Atamyzyň Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berýändigine» gowy düşünip başlansyň (Luka 11:13). Mukaddes ruh seniň durmuşyňa-da täsir edýän bolsa gerek. Eger mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmadyk bolsaň, onda sen hem Isanyň wada edişi ýaly, Atamyzyň berjek mukaddes ruhuny alyp bilersiň.

18. Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylan adamlar nähili bereketler alýar?

18 Şu günler hem Ýehowa mesihçiler ýygnagyna mukaddes ruhy arkaly görkezme berip, ýolbaşçylyk edýär. Mukaddes ruh biziň gündelik işlerimize-de kömek edýär. Eger biz mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylan bolsak, onda onuň durmuşymyza täsir etmegine ýol berip, görkezmesine minnetdarlyk bilen eýermeli. Ýöne käbir adamlar: «Özümi Ýehowa bagyş etsem, şoňa görä ýaşamak üçin men näme etmeli we mukaddes ruh maňa nädip kömek eder?» diýip soramagy mümkin. Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

a «Deizm, XVII-XVIII asyrlarda ýaýran dini-filosofik taglymat bolup, ol dünýäni ilki ýaradan hudaý bolsa-da, soň tebigatyň ösüşine hudaý gatyşmaýar diýen pelsepäni ündeýär» (Türkmen diliniň sözlügi).

b 1981-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň (iňl.) 3—8-nji sahypalaryna serediň.

Ýadyňyzdamy?

• Atanyň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

• Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

• Sen Atanyň we Ogluň ady bilen suwda çokundyrylmagyň manysyna düşünýändigiňi nädip görkezip bilersiň?

• Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş