Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 6 sah. 53—61
  • Biz näme üçin garraýarys we ölýäris?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz näme üçin garraýarys we ölýäris?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MEKIR MAKSAT
  • MEKIR MAKSADYŇ AMALA AŞYŞY
  • GÜNÄNIŇ WE ÖLÜMIŇ ÝAÝRAÝŞY
  • ŞEÝTANYŇ HILELERINDEN ÄGÄ BOL!
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 6 sah. 53—61

6-njy bap

Biz näme üçin garraýarys we ölýäris?

1. Alymlaryň, ynsan ömrüne degişli bilmeýän zady näme?

ALYMLAR ynsanyň näme üçin garraýandygyny we ölýändigini bilmeýärler. Syn edeniňde, ten öýjükleriniň gaýta-gaýta täzelenmegi togtamaly däl, biz bolsa ebedi ýaşaýmaly ýaly görünýär. «Gistologiýanyň esaslary» («Hyojun Soshikigaku») atly kitapda şeýle diýilýär: «Ten öýjükleriniň garramagy bilen ynsanyň garrap ölmeginiň arasyndaky baglanyşyk — bu bir üsti açylmadyk uly syrdyr». Köp alymlaryň pikirine görä, muňa ynsan ömrüniň «tebigy, dogabitdi» çäkliligi sebäpkär. Seniň pikiriňçe, olar mamlamy?

2. Käbirleri ömrüni uzaltjak bolup näme etdiler?

2 Adamlar elmydama uzak ýaşamagyň arzuwyndadylar, hatda baky ýaşamaga-da dyrjaşýardylar. B. e. öň IV asyrdan başlap, hamala baky ýaşaýyş berýän dermanlar Hytaýyň barly adamlarynda gyzyklanma döredýärdi. Soňabaka käbir hytaý imperatorlary, simapdan ýasalan, «ýaşaýyş içgisini» içip öldüler. Ölüm — ýaşaýşyň soňy däldir diýýänler, ýeriň ähli künjeginde duş gelýär. Buddistler, induistler, musulmanlar we başgalar ölümden soň ýaşamak arzuwyny ýüreklerinde besleýärler. Hristian dünýäsinde hem köp adamlar ölümiň aňyrsyndaky gökdäki eşrete garaşýarlar.

3. a) Adamlar näme üçin ebedi ýaşamak isleýärler? b) Ölüm barada nähili soraglary aýdyňlaşdyrmak gerek?

3 Ölümden soňky bagtly ýaşaýyş baradaky oýlamalar, adamlaryň ebedi ýaşasy gelýändiklerine güwälik edýär. Hudaýyň bize beren ebedilik düşünjesine degişli, Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Olaryň ýüreginde ebediligi goýdy» (Wagyzçy 3:11, TD). Hudaý ilkinji ynsanlary, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga ukyply edip ýaratdy (Barlyk 2:16, 17). Onda, adamlar näme üçin ölýärlerkä? Ölüm nädip dünýä girdikä? Hudaý baradaky bilim bu soraglary aýdyňlaşdyrýar (Zebur 119:105).

MEKIR MAKSAT

4. Isanyň aýtmagyna görä, ynsanlaryň ölümine sebäpkär bolan jenaýatçy kim?

4 Jenaýatçy eden jenaýatyny ýaşyrjak bolýar. Milliardlarça adamlaryň ölümine sebäp bolan jenaýatyň sebäpkäri hem edil şonuň ýaly. Ol ynsan ölümini syr perdesi bilen örtmek üçin elinde baryny edýär. Bir gezek Isa Mesih, Onuň ölümini isleýänler bilen gürrüňleşende, bu jenaýatçynyň adyny tutdy: «Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy; hakykatda durmaýardy, çünki onda hakykat ýok» (Ýahýa 8:31, 40, 44).

5. a) Netijede Şeýtan Iblis bolan şahsyýet nireden gelip çykdy? b) «Şeýtan» we «Iblis» sözleri näme aňladýar?

5 Hawa, Iblis — mekir «ganhor». Mukaddes Ýazgylar onuň, ynsan ýüregindäki erbetlik däl-de, diri şahsyýetdigini aýdýar (Matta 4:1—11). Adyl perişde edip ýaradylan hem bolsa, ol «hakykatda durmaýardy». Iblis hem Şeýtan diýip, ol örän ýerlikli atlandyryldy! (Ylham 12:9). «Şeýtan», ýagny «duşman» diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, ol Ýehowa garşy çykdy. Ýalan sözläp Hudaýy ýamanlandygy üçin bolsa, bu jenaýatça «Iblis», ýagny «töhmetçi» diýen at berildi.

6. Şeýtan näme üçin Hudaýa garşy çykdy?

6 Şeýtany, Hudaýa garşy çykmaga näme itekledikä? Açgözlük. Ol, açgözlükden ýaňa, adamlaryň Hudaýa bagyşlaýan seždesine göz gyzdyrýardy. Hak boýunça, sežde diňe Ýaradyjynyňky bolsa-da, Iblis, ony eýelemek arzuwyndan el çekmedi. (Ezekiýel 28:12—19 bilen deňeşdir.) Gaýtam, Şeýtan bolan perişde, bu jylawlanmadyk höwesini öz içinde artdyryp, günäniň üstünden bardy (Ýakup 1:14, 15).

7. a) Adamlar näme sebäpden ölýärler? b) Günä näme?

7 Şeýlelik bilen, biz, adamlaryň ölümine kimiň günäkärdigini anykladyk. Ýöne adamlar näme sebäpden ölýärlerkä? Mukaddes Ýazgylar: «Ölümiň tikeni günädir» diýýär (1 Korintoslylar 15:56). Eýsem, günä näme? Bu sözüň manysyna düşünmek üçin, Mukaddes Ýazgylaryň ilki ýazylan dillerinde onuň näme aňladýandygyna seredeliň. «Günä etmek» diýip terjime edilýän ýewreý hem-de grek işlikleri, aslynda, «sowa geçmegi», ýa-da nyşana degmezligi aňladýar. Ýogsa-da, hiç birimiziň degip bilmeýän nyşanamyz nämekä? Bu nyşana — Hudaýa birkemsiz gulak asmaklykdyr. Ýöne, dünýäde günä nädip peýda boldy?

MEKIR MAKSADYŇ AMALA AŞYŞY

8. Adamlaryň seždesini eýelemek üçin Şeýtan näme etdi?

8 Şeýtan, göýäki, bütin adamzadyň üstünden höküm sürüp, hemme adamlaryň oňa sežde etmegine getirjek ýeser maksady oýlap düzdi. Ol ilkinji ynsan jübütini, Adam-ata bilen How-enäni Hudaýa garşy günä etmäge yrmakçy boldy. Ýehowa biziň ilkinji ene-atamyza ebedi ýaşaýşa alyp barýan bilimi beripdi. Olar Ýaradyjynyň örän mähirlidigini bilýärdiler, çünki Ol olary ajaýyp Aden bagynda ýerleşdiripdi. Onsoňam, özüne kömekçi hökmünde bir gözel zenany Hudaýdan sowgat alanda, Adam-ata gökdäki Atasynyň mährini has-da oňat duýupdy (Barlyk 1:26, 29; 2:7—9, 18—23). Ilkinji ynsanlaryň gelejegi Hudaýa gulak asyşlaryna baglydy.

9. Hudaý ilkinji ynsana nähili tabşyryk berdi we näme üçin bu tabşyryk agyr däl diýse bolar?

9 Hudaý Adam-ata: «Bagyň her agajyndan gaýgysyz iýiber; ýöne welin ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan iýme; çünki ondan iýen günüň hökman ölersiň» diýip tabşyrdy (Barlyk 2:16, 17). Ýaradyjy hökmünde, Ýehowa öz ýaradan zatlaryna ahlak kadalaryny berip, ýamanlykdyr ýagşylygyň nämedigini kesgitlemäge haklydy. Bu tabşyryk agyr däldi, çünki Adam-ata bilen How-ene bagyň başga agaçlarynyň miwelerinden arkaýyn iýip bilýärdiler. Olar özbaşyna, islän ahlak kadalaryny goýmagyň deregine, bu tabşyrygy berjaý edip, Ýehowanyň adalatly hökümdarlygyna minnetdar bolup bilerdiler.

10. a) Şeýtan, adamlary öz tarapyna çekmek üçin, olaryň ýanyna nädip geldi? b) Şeýtan Ýehowany nämede aýyplady? ç) Şeýtanyň Hudaýy aýyplamagy hakda sen näme pikir edýärsiň?

10 Iblis ilkinji ynsanlary Hudaýdan daşlaşdyrmakçy boldy. Olary öz tarapyna çekmek üçin, Şeýtan ýalan sözledi. Gurjakçynyň gurjagy oýnadyşy kimin, Iblis ýylany ulanyp How-eneden sorady: «Dogrudan, Hudaý size: Bagyň hiç bir agajyndan iýmäň diýdimi?» How-ene Hudaýyň tabşyrygyna salgylananda, Şeýtan: «Elbetde ölmersiňiz» diýdi. Onsoň, Ýehowany ýaman niýetde aýyplap, şeýle diýdi: «Çünki Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» (Barlyk 3:1—5). Şeýtan, muny aýtmak bilen, Hudaý olardan bir ýagşylyg-a gizleýär diýjek bolýardy. Akýürekli, söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa gönükdirilen, gör, nähili nejis töhmet!

11. Adam-ata bilen How-ene nädip Şeýtanyň ýaranlary boldular?

11 How-ene agaja ýene bir gezek bakdy — indi onuň miweleri göze has ýakymly görünýärdi. Ol miweden aldy-da iýdi. Soňra onuň äri hem, öz islegi boýunça, bu gulak asmazlyga goşulyp, Hudaýa garşy günä etdi (Barlyk 3:6). How-ene aldanan hem bolsa, ol hem-de onuň äri, Şeýtanyň adamzat üstünden agalyk sürmek niýetini goldadylar. Şeýdip olar onuň ýaranlary boldular (Rimliler 6:16; 1 Timoteos 2:14).

12. Adamlaryň Hudaýa garşy çykmagynyň soňy nähili boldy?

12 Adam-ata bilen How-ene eden etmişleriniň temmisini almalydylar. Olar Hudaý ýaly bolmadylar, hiç bir üýtgeşik bilim hem edinmediler. Tersine, olar utanjyndan ýaňa gizlendiler. Ýehowa Adam-atany jogaba çekip, şu hökümi çykardy: «Topraga öwrülýänçäň, maňlaý deriň bilen çörek iýersiň; çünki ondan alyndyň; çünki topraksyň, we topraga öwrülersiň» (Barlyk 3:19). Ilkinji ene-atamyz ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajynyň miwesinden iýen «güni» Hudaýyň hökümine sezewar boldular we Onuň üçin öldi hasabyna geçdiler. Olar Jennetden kowulyp, ölüme gidýän ýola düşdüler.

GÜNÄNIŇ WE ÖLÜMIŇ ÝAÝRAÝŞY

13. Nädip günä bütin adamzada ýaýrady?

13 Gürrüňsiz, Şeýtan adamlary özüne sežde etdirmekde üstünlik gazandy. Emma, sežde edijileriniň janyny diri saklamaga onuň güýji ýokdur. Adam-ata bilen How-ene günä edenlerinden soň, geljekki nesillerine kämilligi miras berip bilmediler. Edil daş ýüzünde oýulyp ýazylan ýazgy kimin günä ilkinji ene-atamyzyň ganynda yz goýdy. Şonuň üçin olar, diňe kämilsiz çagalary dogrup bilýärdiler. Adam-ata bilen How-enäniň çagalary, günä edilenden soň doglanlygy sebäpli, günä bilen ölümi miras aldylar (Zebur 51:5; Rimliler 5:12).

14. a) Özlerini günäsiz saýýan adamlar kime meňzeýärler? b) Ysraýyllylaryň günälidigi olara nädip görkezildi?

14 Şu günler bolsa, köp adamlar özlerini günäli hasaplanok. Dünýäniň käbir ýerlerinde, miras alnan günä barada asla bilenoklaram. Emma, bu ýagdaý, günäniň ýokdugyny tassyklamaýar. Ýüzi kirli bir oglanjyk özüni arassa saýyp biler, emma aýna seretse — nähilidigine göz ýetirer. Gadymky ysraýyllylar Hudaýyň Kanunyny Musa arkaly alanlarynda, ýaňky oglanjyga meňzeýärdiler. Kanun, günäniň bardygyny äşgär etdi. Resul Pawlus muny şeýle düşündirýär: «Kanun ara düşmedik bolsa, günäni tanamazdym» (Rimliler 7:7—12). Özüni aýnada synlaýan oglanjyk kimin, ysraýyllylar hem Kanuna seredip, Ýehowanyň öňünde arassa däldiklerine göz ýetirip bilýärdiler.

15. Hudaýyň Sözüniň aýnasyna seretsek, biz näme göreris?

15 Hudaýyň Sözüniň aýnasyna seredip, ondaky kadalara üns bersek, öz kämilsizligimizi görüp bileris (Ýakup 1:23—25). Meselem, Matta 22:37—40-da, Isa Mesihiň öz şägirtlerine, Hudaýy hem-de ýakynyňy söýmek barada aýdanlaryna üns ber. Gynansakda, adamlar, köplenç muny ünsden düşürýärler! Hudaýy we ýakynyny söýmän ýaşap ýörenler, hatda, wyždanyň ezýet bermesini hem duýanoklar (Luka 10:29—37).

ŞEÝTANYŇ HILELERINDEN ÄGÄ BOL!

16. Şeýtanyň hileleriniň pidasy bolmaz ýaly, biz näme etmeli we näme üçin bu aňsat däl?

16 Şeýtan bizi bilgeşleýin günä etmäge höweslendirjek bolýar (1 Ýahýa 3:8). Onuň hileleriniň pidasy bolmaz ýaly çäre barmyka? Hawa, bar, ýöne munuň üçin günäli höwesler bilen göreşmeli bolar. Bu aňsat däl, sebäbi hemmämizde günä etmäge örän güýçli dogabitdi meýil bar (Efesliler 2:3). Pawlus bu meýil bilen göreşýärdi. Näme üçin? Sebäbi onuň içinde günä ýaşaýardy. Hudaýyň berekellasyny gazanjak bolsak, bizem dogabitdi günäli höweslerimiz bilen göreşmelidiris (Rimliler 7:14—24; 2 Korintoslylar 5:10).

17. Günäli meýillerimiz bilen göreşi näme kynlaşdyrýar?

17 Günä bilen göreşmek bize ýeňil düşmez, sebäbi Şeýtan bizi mydama aldap, Hudaýyň kanunlaryny bozdurjak bolýar (1 Petrus 5:8). Pawlus, mesihçi imandaşlary barada aladalanyp, şeýle diýdi: «Ýylanyň How-enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn» (2 Korintoslylar 11:3). Şeýtan bu günem şeýle hileleri ulanýar. Ýehowanyň ýagşylygy we Onuň tabşyryklaryna gulak asmagyň peýdasy barada bizde şübhe döretjek bolýar. Dogabitdi günäli meýillerimizi ulanyp, Iblis bizi tekepbirlik, açgözlülik, duşmançylyk we betgümanlyk ýolundan ýöretmäge çalyşýar.

18. Şeýtan bizi günäli ýaşaýşa höweslendirmek üçin dünýäni nädip ulanýar?

18 Iblisiň bize garşy ulanýan serişdeleriniň biri — onuň golastyndaky dünýä (1 Ýahýa 5:19). Seresap bolmasak, bu dünýäniň ahlaksyz we ynsapsyz adamlary, bizi, günäli ýaşaýşa höweslendirip, Hudaýyň ahlak kadalaryny bozdurjak bolarlar (1 Petrus 4:3—5). Köpüsi Hudaýyň kanunlaryny äsgermeýärler, hatda wyždanynyň duýduryşlaryny-da bilmezlige salyp, ony duýgusyz edýärler (Rimliler 2:14, 15; 1 Timoteos 4:1, 2). Käbirleri, hatda bikämil ynsabynyň çatmadyk işlerini soňabaka edip başlaýarlar (Rimliler 1:24—32; Efesliler 4:17—19).

19. Ahlak taýdan arassa ýaşamak näme üçin ýeterlik däl?

19 Bu dünýäde ahlak taýdan arassa ýaşamagyň özi hem az zat däl. Ýöne, Ýaradyjymyzy razy etmek üçin ýeterlik däldir. Biz Hudaýa iman etmeli we Onuň öňünde jogapkärçilik duýmaly (Ýewreýler 11:6). «Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir» diýip, Ýakup şägirt ýazdy (Ýakup 4:17). Hawa, Hudaýy we Onuň tabşyryklaryny bilmezlige salýan adam, günä edýär.

20. Şeýtan saňa dogry ýaşamaga nädip päsgel berip biler, emma şeýle hüjüme garşy durmaga näme kömek eder?

20 Ähtimal, Şeýtan adamlaryň üsti bilen, saňa, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge we Hudaý barada bilim almaga päsgelçilikler döreder. Şeýle ýagdaýyň, saňa, dogry ýaşamaga böwet bolmajagyna biz çyn ýürekden umyt edýäris (Ýahýa 16:2). Isanyň gulluk eden döwründe köp başlyklar Oňa iman etselerem, il-günüň gözünden düşmekden gorkup, muny gizleýärdiler (Ýahýa 12:42, 43). Şeýtan rehim etmän, Hudaý baradaky bilime ymtylýan her kesi gorkuzjak bolýar. Emma, sen, Ýehowanyň eden ähli ajaýyp işlerini ýadyňda saklamalysyň we hormatlamalysyň. Kim bilýär, belki şonda garşydaşlaryň hem düşünüp, munuň gadyryny bilerler.

21. Dünýäni we öz günäli höweslerimizi nädip ýeňip bileris?

21 Kämilsizlikden gutulýançak biz günä edip ýöreris (1 Ýahýa 1:8). Emma, muňa garamazdan, bu göreşde biz ýeke däldiris. Hawa, melgun Şeýtan Iblise garşy alyp barýan bu göreşimizde ýeňiji bolup bileris (Rimliler 5:21). Isa, ýerdäki gullugynyň ahyrynda, öz şägirtlerini şeýle sözler bilen berkitdi: «Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» (Ýahýa 16:33). Hudaýyň kömegi bilen, hatda, bikämil adamlar hem dünýäni ýeňip bilerler. «Hudaýa boýun bolup, Iblise garşy durýanlaryň» üstünden Şeýtanyň hiç bir ygtyýary ýokdur (Ýakup 4:7; 1 Ioanna 5:18). Bizi günä bilen ölümiň zulumyndan boşatmak üçin Hudaýyň näme edendigini soňra göreris.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Şeýtan Iblis kim?

Adamlar näme üçin garraýarlar we ölýärler?

Günä näme?

Şeýtan nähili usullar bilen, Hudaýa garşy bilgeşleýin günä etdirjek bolýar?

[54-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş