Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr20 Maý sah. 1—8
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
  • Sözbaşylar
  • Maý 4—10
  • Maý 11—17
  • Maý 18—24
  • Maý 25—31
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
mwbr20 Maý sah. 1—8

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Maý 4—10

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 36, 37

«Ýusup göripligiň pidasy boldy»

w14 1/8 sah. 12, 13

«Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin»

Mukaddes Kitapda: «Kakalarynyň Ýusuby has gowy görýändigini bilip, doganlary Ýusuby ýigrenýärdiler we gödek gürleşýärdiler» diýilýär (1 Musa 37:4). Agalarynyň Ýusuba bolan ýigrenjine düşünse bolýardy, emma olar ýüreklerine gahar-gazabyň kök urmagyna ýol berdiler (Nakyllar 14:30; 27:4). Kimdir birine üns berlip, sylag-hormat goýlanda, sizem göriplik edipdiňizmi? Ýusubyň doganlaryny ýada salyň! Olar göriplik edip, ökündirjek günäli işlere baş goşdular. Ýusubyň doganlarynyň mysaly mesihçilere «şatlanýanlar bilen şatlanmagyň» wajypdygyna düşünmäge kömek edýär (Rimliler 12:15).

Elbetde, Ýusup doganlarynyň ýigrenjini duýan bolmaly. Ol doganlary görmez ýaly, owadan donuny gizleýärdimi? Mümkin, ol şeýle etmek isländir. Ýöne kakasy Ýakup oňa ynanýandygy we söýýändigi üçin şol dony sowgat edipdi. Ýusup-da kakasynyň ynamyny ödemek isleýärdi; şonuň üçin ol sowgat berlen dony geýýärdi. Bizem Ýusupdan köp zatlary öwrenip bilýäris. Gökdäki Atamyz adamlary hiç wagt ala tutmasa-da, käte wepaly gullukçylaryny beýlekilerden has aýratynlandyryp, ýalkaýar. Şonuň üçin Ýehowa olaryň zalym hem-de ahlaksyz adamlardan tapawutlanar ýaly, elinde baryny etmegini isleýär. Ýusubyň owadan donuny hakyky mesihçileriň özüni alyp barşyna meňzetse bolýar; olar şu dünýäniň adamlaryndan düýbünden tapawutlanýarlar. Şol sebäpli-de adamlar käte bize göriplik edip, ýigrenýärler (1 Petrus 4:4). Ýöne mesihçi hak Alla gulluk edýändigini gizlemelimi? Elbetde, ýok. Sebäbi Ýusubam owadan eşigini gizlemändi (Luka 11:33).

w14 1/8 sah. 13, abz. 2—4

«Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin»

Ýusubyň gören düýşi Hudaýdandy. Bu düýş pygamberlikdi we Ýehowa ony Ýusubyň başgalara gürrüň bermegini isleýärdi. Başgaça aýdanymyzda, soňrak ähli pygamberleriň Hudaýyň kesir halkyna onuň habaryny hem-de çykarjak hökümini ýetirişi ýaly, Ýusubam pygamberlik etdi.

Ýusup sypaýyçylyk bilen doganlaryna: «Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin» diýdi. Ýusubyň doganlary düýşüň ýorgudyna düşünip, gaharlandylar. Şonda olar: «Näme, üstümizden patyşa bolup, agalyk etjek bolýaňmy?» diýdiler. Soňra näme bolandygy hakda şeýle diýilýär: «Gören düýşi we aýdan zatlary üçin, olar Ýusuby has-da ýigrendiler». Ýusubyň ikinji gezekki gören düýşi kakasyna-da, doganlaryna-da ýaramady. Aýatlarda şeýle diýilýär: «Şonda kakasy oňa käýäp: „Düýşüňe nähili düşünmeli? Näme, indi menem, ejeňem, doganlaryňam öňüňde iki bükülip, tagzym etmeli bolarysmy?“ diýdi». Ýöne Ýakup oglunyň sözleri barada oýlanan bolmaly. Mümkin, ol Ýehowanyň Ýusup arkaly gürländigi hakda pikirlenendir (1 Musa 37:6, 8, 10, 11).

Ýusup adamlaryň eşidesi gelmeýän, hatda yzarlama eltýän pygamberlik habaryny aýdan Ýehowanyň ilkinji hem-de soňky gullukçysy däldi. Şeýle habary yglan eden gullukçylaryň biri Isady. Ol öz şägirtlerine: «Meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar» diýdi (Ýahýa 15:20). Ähli ýaşdaky mesihçiler berk imanly we batyrgaý ýaş Ýusupdan köp zat öwrenip bilerler.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Edom»

Edom

Edom (manysy: gyzyl), edomlylar.

Ýakubyň ekiz taýy Ysawyň ikinji ady ýa-da lakamy Edomdy (1Ms 36:1). Ysaw Edom adyny nowbaharlyk hakyny gyzyl çorba satany üçin alypdy (1Ms 25:30—34). Şeýle-de ol çym gyzyl bolup doglupdy (1Ms 25:25) we onuň soňabaka dörän nesliniň ýaşan ýeriniň köp bölegi şol reňkdedi.

it «Alada»

Alada

Çopan ýa-da padyman sürini bakmagy boýnuna alanda, ony gorap, aladasyny edip, jogap berýändigini görkezýär. Ol hojaýynyna mal-garalary aç-suwsuz saklamajakdygyna, olary ogurlatmajakdygyna söz berýär. Eger-de bir zat bolaýsa, öwezini doljakdygyny aýdýar. Ýöne çopana bagly bolmadyk käbir ýagdaýlarda ol şol jogapkärçiliginden boşadylýar. Meselem, ýyrtyjy haýwanlar sürä topulyp mallary iýende, ol jogapkärçilik çekmeýärdi. Emma subutnama hökmünde çopan hojaýynyna ölen haýwanyň maslygyny görkezmelidi. Süriniň eýesi hem şol subutnama esasynda çopany günäsiz diýip hasaplamalydy.

Kimdir birine mal-mülk, hatda maşgala agzalary ynanylanda hem şu düzgün ýöreýärdi. Mysal üçin, iň uly dogany özünden kiçi dogan-uýalaryny goramakda jogapkärdi. Şol sebäpli Ruben iň ulusy bolany üçin, Ýusubyň jany hakda aladalanyp, beýleki doganlaryna ony öldürmezligi aýtdy. Bu waka 1 Musa 37:18—30-njy aýatlarda ýazylan: «Ruben: „Ýok, öldürmäliň... Ýusubyň ganyna galmaň... öldürmäň“ diýdi. Ol Ýusuby halas edip, kakasyna sag-aman gowşurjak bolýardy». Ruben Ýusubyň satylandygyny bilende, «dady-perýat edip, ýakasyny ýyrtdy». Soňra ol: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy. Ruben Ýusubyň ýitendigi üçin kakasyna hasap bermelidigine düşünýärdi. Jogapkärçilikden gaçmak üçin, doganlary Ýusuby wagşy haýwan öldüren ýaly edip, onuň donuny geçiniň ganyna bulap, subutnama hökmünde Ýakuba getirip berdiler. Ýakup hem olaryň kakalary we tiräniň kazysy hökmünde Ýusubyň gana bulanan dony esasynda Rubeni günäsiz hasaplady. Ol Ýusup dogrudanam öldi diýen netijä geldi (1Ms 37:31—33).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w02 15/10 sah. 30, 31

«Mesihçiler gabanjaň bolmalymy?»

Hakyky dine uýýan adamlar Hudaýa ýaraýan gabanjaňlyk bildirmeli. Biz öz hak-hukuklarymyz ýa-da at-abraýymyz hakda çendenaşa alada galsak, Hudaý üçin bildirýän gabanjaňlygymyz ünsümizi Ýehowa gönükdirmäge kömek edýär. Şeýle häsiýet Hudaý baradaky hakykaty wagyz edip biler ýaly mümkinçilik tapmaga hem-de onuň kada-kanunlary, halky hakda aýtmaga höweslendirýär.

Uzak wagtly gulluk edýän Akiko diýen bir uýa gan goýbertmeýändigi üçin Şaýatlary ýazgarýan gaharjaň aýala duşýar. Akiko sylaşykly gürläp, Hudaýyň Sözüni goraýar, şeýle-de lukmançylykda gan goýbertmek bilen käbir keselleriň we kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny düşündirýär. Uýamyz güýçli hyjuw bilen Ýehowa hakda gürrüň bermegini dowam etdi, gürrüňiň soňunda ýaňky aýalyň Hudaýa onçakly bir güýçli iman etmeýändigini bildi. Akiko aýala subutnamalary we mysallary getirip, ýaradylan zatlaryň Hudaýa iman etmäge kömek edýändigini aýtdy. Onuň dogumlylyk bilen hakykaty goramagy aýalyň nädogry garaýşyny diňe bir düzetmän, onuň Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlamagyna sebäp boldy. Şol aýal indi Ýehowany şöhratlandyrýar.

Ýerlikli gabanjaňlyk ýa-da hakyky dine bolan yhlaslylyk bizi dinimiz hakda işde, mekdepde, dükanda ýa-da dynç alyşda gürrüň bermäge we ony goramaga höweslendirýär. Midori diýen uýa işleýän ýerinde öz dini hakda gürrüň bermegi ýüregine düwdi. Onuň 40 ýaşly aýal işdeşi Ýehowanyň Şaýatlary bilen asla gatnaşmak islemeýändigini aýdýar. Birnäçe wagtdan ýaňky aýal gyzynyň häsiýetiniň erbetleşip barýandygy üçin alada edýändigini aýdýar. Şonda Midori oňa «Ýaşlaryň sowallary — Peýdaly maslahatlar» diýen kitaby görkezip, gyzy bilen okuw geçip başlamagy teklip edýär. Midori ýaňky aýalyň gyzy bilen okuw geçende, onuň özem ýanynda oturýardy. Şeýle-de Midori işdeşine «Ýehowanyň Şaýatlary: adyna görä hereket edýän gurama» atly wideony görkezmegi ýüregine düwýär. Şondan soň aýalyň Şaýatlar baradaky nädogry garaýşy üýtgedi. Gören zatlaryna haýran galyp: «Meniň Ýehowanyň Şaýady bolasym gelýär» diýdi we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady.

Hudaýa ýaraýan gabanjaňlygy ýygnakda-da görkezmeli. Şu häsiýet mähirli we aladaçyl bolmaga höweslendirýär; imandaşlarymyza zyýan ýetirýän garaýyşlar hem-de gep-gybat ýaly ýaramaz täsire garşy durmaga kömek edýär. Gabanjaň bolsak, günä eden adama temmi beren ýygnak ýaşulularyny goldamak aňsat bolýar (1 Korinfliler 5:11—13; 1 Timoteos 5:20). Pawlus resul Korinfdäki dogan-uýalara özüniň nähili gabanjaňlyk bildirendigi hakda şeýle ýazdy: «Men sizi Hudaýyň gabanyşy ýaly gabanýaryn, sebäbi men sizi päk gyz kimin äre, ýagny Mesihe gelin edip bermegi söz berdim» (2 Korinfliler 11:2). Edil şonuň ýaly, bizem şeýle gabanjaňlygy bildirsek, Mukaddes Kitapdaky hakykaty, şeýle-de ýygnagyň ruhy hem-de ahlak taýdan arassalygyny goramak üçin elimizde baryny ederis.

Görşümiz ýaly, ýagşy niýet bilen bildirilýän, ýagny Hudaýa ýaraýan gabanjaňlyk başgalara-da gowy täsir edýär. Şeýle häsiýet şu günler mesihçileriň görkezmeli häsiýetleriniň biri bolmaly; şeýle gabanjaňlyk Ýehowa hem ýaraýar (Ýahýa 2:17).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

g17.5 sah. 6

«TEBIGY BETBAGTÇYLYK ÜÇIN NIÝETLENEN SUMKAŇYZ TAÝÝARMY?»

Halas ediş edaralary her bir öýde iň zerur zatlaryň bolmalydygyny we her ýyl ony täzeläp durmalydygyny duýdurýar. Elbetde, haýsy zatlaryň taýyn durmagy siziň ýaşaýan ýeriňize hem-de ýagdaýlaryňyza bagly bolýar. Goşmaça maglumat üçin ýerli halas ediş edaralaryna ýüz tutsa bolýar.

Her adam üçin azyndan 10 litr suw we uzak wagtlap durýan üç gün iýmäge ýetýän iýmit taýynlap goýmak maslahat berilýär.

Käbir maşgalalar tebigy betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkasyna şu zatlary salyp goýýarlar: ýapynja, ýyly eşik we berk köwüş, fonar, habarlaşmak üçin serişde we batareýa, ilkinji kömek üçin niýetlenen däri-derman hem-de jürlewük, gap-gaç ugrundan käbir zatlar, pyçak we öl bolmaýan otluçöp, agzyňy ýapmak üçin maska, skoç we çatma ýasar ýaly galyň klýonka, diş çotka, sabyn, el süpürgiç, hajathana kagyzy, çagalar, garrylar hem-de maýyplar üçin gerek bolan zatlar, dermanlar we käbir wajyp resmi kagyzlar üçin suw geçmeýän guty ýa-da başga zat, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň hem-de tiz kömek edaralaryň telefon belgileri, şeýle-de ýygnanyşmaly ýeriň salgysy we şol ýeriň kartasy, pul hem-de kartlar, öýüň hem-de ulagyň açarynyň göçürmesi, çagalar üçin kagyz, ruçka, galam, kitap, Mukaddes Kitap.

Maý 11—17

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 38, 39

«Ýehowa Ýusuby hemişe goldaýardy»

w14 1/11 sah. 12, abz. 4, 5

«Men nädip beýle erbet iş edeýin?!»

«Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre eltdiler. Faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany Potifar Ýusuby olardan satyn aldy» (1 Musa 39:1). Aýatdaky şu sözlerden ýaş Ýusubyň ýene bir gezek gul hökmünde satylyp, nähili kemsitmeleri başdan geçirendigini görse bolýar. Oňa adam hökmünde däl-de, zat hökmünde garadylar. Göz öňüne getiriň, Ýusup Müsür emeldary bolan täze hojaýynynyň yzyna düşüp, goh-galmagally köçelerden hem bazarlardan geçip, täze öýüne tarap barýar.

Ýusubyň täze öýi öňki öýüne asla meňzemeýärdi. Ol goýun bakýan, göçüp-gonup ýaşaýan çarwa maşgalada önüp-ösüp, çadyrlarda ýaşaýardy. Potifar ýaly baý müsürliler bolsa, kaşaň we reňklenen jaýlarda ýaşaýardylar. Arheologlaryň aýtmagyna görä, gadymy müsürliler diwarly, gür ýaprakly baglary, gamşa meňzeş ösümlik, lotos güli we başga-da suw ösümlikleri bolan howdanlary gowy görýärdiler. Käbir öýler bolsa, baglygyň ortarasynda ýerleşip, onda salkyn şemaldan lezzet alar ýaly eýwanlar, öýüň howasy çalşar ýaly uly-uly aýnalar, köp otaglar, uly aşhana we gullar üçin otaglar bardy.

w14 1/11 sah. 14, 15

«Men nädip beýle erbet iş edeýin?!»

Biz Ýusubyň günlerinde Müsürdäki türmeleriniň nähili bolandygy barada biraz bilýäris. Arheologlar gazuw-agtaryş işini geçirende ýerzeminli we gözenekli uly gala meňzeş harabaçylygyň üstünden bardylar. Ýusup düşen zyndanyny «çukura» meňzedipdi; diýmek, onuň ýatan zyndany garaňky we gorkunçdy (1 Musa 40:15, çykgyt). Zebur kitabyndan Ýusubyň zyndanda gaty kösenendigini bilse bolýar: «Aýagyna zynjyr bagladylar, boýnuna demir halka saldylar» (Zebur 105:17, 18). Käwagt müsürliler tussaglaryň ellerini arkasyna mäkäm zynjyrlap, boýnuna demir halka dakýardylar. Ýusup hiç hili günä etmese-de, şeýle rehimsizliklere çydamaly bolandyr.

Has beteri-de, Ýusup ol ýere az wagtlyk düşmändi. Mukaddes Kitapda onuň türmede galandygy aýdylýar. Ol birnäçe ýyllap şol gorkunç ýerde galdy. Ýusup zyndandan çykaryn diýip pikirem eden däldir. Günler, hepdeler, aýlar, ýyllar yzly-yzyna geçýärdi. Ýusuba göwnüçökgünlige düşmän, umytda bolmaga näme kömek etdikä?

Mukaddes Kitapda: «Ýehowa wepaly söýgüsi bilen Ýusuby zyndanda-da goldaýardy» diýilýär (1 Musa 39:21). Türme-de, zynjyrlar-da, garaňky çukur-da, Ýehowanyň gullukçylaryny onuň wepaly söýgüsinden aýryp bilmez (Rimliler 8:38, 39). Ýusubyň doga edip, gökdäki Atasyna ýüregini döküp, kalbynda parahatlyk duýandygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Sebäbi ol «her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» (2 Korinfliler 1:3, 4; Filipililer 4:6, 7). Ýehowa Ýusuby ýene-de nädip goldaýardy? Aýatlarda Hudaýyň kömegi bilen «Ýusubyň zyndanyň başlygynyň hormatyny gazanandygy» aýdylýar.

w14 1/11 sah. 15, abz. 2

«Men nädip beýle erbet iş edeýin?!»

Mukaddes Kitapda: «Ýehowa wepaly söýgüsi bilen Ýusuby zyndanda-da goldaýardy» diýilýär (1 Musa 39:21). Türme-de, zynjyrlar-da, garaňky çukur-da, Ýehowanyň gullukçylaryny onuň wepaly söýgüsinden aýryp bilmez (Rimliler 8:38, 39). Ýusubyň doga edip, gökdäki Atasyna ýüregini döküp, kalbynda parahatlyk duýandygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Sebäbi ol «her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» (2 Korinfliler 1:3, 4; Filipililer 4:6, 7). Ýehowa Ýusuby ýene-de nädip goldaýardy? Aýatlarda Hudaýyň kömegi bilen «Ýusubyň zyndanyň başlygynyň hormatyny gazanandygy» aýdylýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Onan»

Onan

Onan (düýp manysy: dörediji güýç; hereket ediji güýç-kuwwat).

Ýahudanyň kenganlynyň gyzy Şugadan bolan ikinji ogly (1Ms 38:2—4; 1Tr 2:3). Onanyň çagasyz agasy Er günä edendigi üçin Ýehowa ony ölüme höküm etdi; Ýahuda ogly Onana agasynyň neslini dowam etdirmek üçin gelnejesi Tamara öýlenmelidigini aýtdy. Eger ogul dogulaýsa, çaga Onanyňky däl-de, Eriň nowbahar ogly hasaplanyp, mirasdüşer bolardy. Mirasdüşer dogulmasa, bar miras Onana galardy. Onan Tamar bilen jynsy gatnaşyk edende erkeklik «tohumyny ýere dökerdi». Onuň bu hereketi masturbasiýa hasaplanmaýardy. Mukaddes Kitapda «ol doganynyň aýalyna ýanaşsa-da, çaga galdyrmajak bolup, tohumyny ýere dökerdi» diýilýär. Ol öz tohumlygynyň Tamaryň ýatgysyna düşmegine bilgeşleýin ýol bermedi. Diňe bir tohumyny ýere dökendigi üçin däl-de, kakasyna gulak asmandygy, diňe özüni bilýändigi hem-de nika babatdaky şol wagtky düzgüne garşy günä edendigi üçin özem perzentsiz galdy, Ýehowa hem ony ölüme höküm etdi (1Ms 38:6—10; 46:12; 4Ms 26:19).

w04 15/1 sah. 30, abz. 4, 5

Okyjylaryň sowallary

Ýahuda ogly Şela gelni Tamary alyp bermän nädogry etdi. Şeýle-de ol ahlaksyz aýaldyr öýdüp, Tamar bilen ýatdy. Ýahudanyň durmuş gurmadyk aýal bilen jynsy gatnaşyk etmegi Hudaýyň nika babatdaky tabşyrygyna garşy gelýärdi (1 Musa 2:24). Aslynda, Ýahuda ahlaksyz aýal bilen ýatmady, gaýtam ol ogly Şelanyň ornuna ölen ogullarynyň neslini dowam edip, kanuny mirasdüşeriň kakasy boldy.

Tamar barada aýtsak bolsa, onuň bu hereketi ahlaksyzlyk hasaplanmaýardy. Onuň ekiz ogullaryna nikasyz doglan çagalar hökmünde garamaýardylar. Bowaz garyndaşynyň neslini dowam etdirmek üçin Ruta öýlenende, Beýtullahamyň ýaşululary Bowazy patalap: «Ýehowa şu gelniňden nesil bersin! Seniň öýüň Ýahuda bilen Tamaryň ogly Pereziň öýi ýaly bolsun!» diýip, Tamaryň ogly Perez barada gowy sözleri aýtdylar (Rut 4:12). Pereziň ady Isa Mesihiň nesil daragtynda hem bar (Matta 1:1—3; Luka 3:23—33).

Maý 18—24

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 40, 41

«Ýehowa Ýusuby halas edýär»

w15 1/2 sah. 14, abz. 4, 5

«Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!»

Şerapçy Ýusuby ýatdan çykarsa-da, Ýehowa ony ýatdan çykarmady. Bir gije Alla faraona iki sany ýatdan çykmajak düýş görkezdi. Birinji düýşünde faraon Nil derýasyndan ýedi sany semiz we ýedi sany gorkunç, hor sygryň çykanyny gördi. Hor sygyrlar semiz sygyrlary lak-luk atdylar. Ikinji düýşünde bolsa, faraon bir baldakdan gowy, dykyz däneli ýedi sümmüliň çykanyny gördi. Soňra gurap, süllerip giden ýedi sümmüliň çykanyny gördi we ýaňky gury sümmüller gowy we dykyz däneli ýedi sümmüli ýuwutdy. Irden faraon biynjalyklanyp, bir ýerde oturyp bilmedi we ähli jadygöýlerini we akyldarlaryny çagyryp, gören düýşlerini gürrüň berdi. Emma olar düýşi ýorup bilmediler (1 Musa 41:1—8). Elbetde, olaryň düýşi näme üçin ýorup bilmändikleri barada anyk maglumat ýok. Belki, olaryň pikiri deň gelen däldir ýa-da aljyrandyrlar. Şonda faraon düýşüniň näme aňladýandygyny bilip bilmändigi üçin lapykeç boldy.

Birdenem, şerapçynyň ýadyna Ýusup düşdi. Şonda şerapçynyň ynsaby kösedi we faraona iki ýyl mundan öň zyndandaka, bir ýaş ýigidiň özüniň we çörekçiniň düýşüni dogry ýorup berendigini aýtdy. Faraon şol bada Ýusuby zyndandan çykaryp getirmegi buýurdy (1 Musa 41:9—13).

w15 1/2 sah. 14, 15

«Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!»

Ýehowa kiçigöwünli we wepaly adamlary söýýär; şol sebäpli Ýusuba çörekçiniň hem-de şerapçynyň düýşüniň ýorgudyny bilmäge ukyp berdi. Ýusup faraonyň iki düýşüniň manysynyň birdigini aýtdy. Ýehowa düýşi iki gezek görkezmek bilen şol habaryň «hökman amala aşjakdygyny» aýtjak boldy. Semiz sygyrlar we gowy sümmüller Müsürde ýedi ýyl bolçulygyň boljakdygyny aňladýardy. Olardan soň çykan hor sygyr bilen guran sümmül bolsa, ýedi ýyl açlygy aňladýardy. Şol ýedi ýyl açlyk döwri ýedi ýyl bolçulykdan soň bolmalydy. Açlyk şeýle bir güýçli bolmalydy welin, Müsürde bolçulyk bolmadyk ýaly bolar (1 Musa 41:25—32).

w15 1/2 sah. 15, abz. 3

«Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!»

Faraon sözünde durdy. Ol Ýusuba nepis matadan tikilen lybas geýdirdi. Boýnuna altyn zynjyr dakyp, öz elindäki möhürli ýüzügini Ýusuba berdi; şeýle-de şa arabasyny berip, tutuş Müsüre aýlanyp çykmaga we halky açlykdan çykarmak üçin aýdan teklibini amala aşyrmagyna ygtyýar berdi (1 Musa 41:42—44). Şeýdip, Ýusubyň durmuşy bir günüň içinde düýbünden üýtgedi. Ol tussaglykdan çykyp, faraondan soň ikinji adam boldy. Berk imanly Ýusubyň Ýehowa üçin çeken azaby ýerine düşdi. Alla wepaly gullukçysynyň birnäçe ýyllaryň dowamynda adalatsyzlyga çydap ýaşandygyny görüpdi. Şonuň üçinem Hudaý Ýusubyň kynçylyklaryny öz wagtynda hem-de dogry ýol bilen çözdi. Ýehowa Ýusuba ýetirilen zyýany diňe bir düzetmän, geljekki ysraýyl halkyny açlykdan halas etdi. Ýehowanyň ýene nämeler edendigi barada indiki makalada bileris.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w15 1/11 sah. 9, abz. 1—3

Şuny bilýäňizmi?

Ýusup faraonyň huzuryna gelmezden öň, näme üçin saç-sakgalyny syrdy?

1 Musa kitabyna görä, faraon gorkunç düýşlerini ýordurmak üçin ýewreý ýigidi zyndandan çaltrak getirmeklerini buýurýar. Ýusup birnäçe ýyllap zyndanda otyrdy. Faraon Ýusuba tizräk gelmelidigini buýursa-da, ol saç-sakgalyny syryp, soň köşge bardy (1 Musa 39:20—23; 41:1, 14). Şu maglumat onçakly wajyp bolmasa-da, mundan Ýusubyň müsürlileriň adatlaryny gowy bilendigi görünýär.

Ençeme gadymy halklarda bolşy ýaly, ýewreý erkeklerem sakgal ösdürýärdiler. Bir ensiklopediýada aýdylyşyna görä, «Gündogar halklaryň içinde diňe müsürliler sakgal ösdürmegi halamaýardylar» (McClintock and Strong’s Cyclopedia of Biblical, Theological, and Ecclesiastical Literature).

Diňe sakgalyny syrmalydymy? «Mukaddes Kitaba arheologik syn» atly žurnalda müsürlileriň adatyna görä, adam faraonyň huzuryna barjak bolanda, ybadathana girjek ýaly taýýarlyk görüp, daş-keşbine timar bermelidi. Şonuň üçinem Ýusup faraonyň ýanyna diňe bir sakgalyny däl-de, saçyny we tutuş bedenini syryp barmalydy.

w09 15/11 sah. 28, abz. 14

Hudaýyň halky özüni edepli alyp barýar

14 Gadymy döwürde hudaýhon ata-eneler çagalaryna edepli bolmagy öwredýärdi. Gelip çykyş 22:7-ni okap, Ybraýym bilen ogly Yshagyň biri-birine mähirli ýüzlenişine üns beriň. Ýusubyň hem özüni alyp barşyndan kakasy bilen ejesinden gowy terbiýe alandygy görünýär. Ol hatda türmede-de tussaglar bilen mylakatly gepleşýär (Gel. çyk. 40:8, 14). Faraon bilen gepleşende bolsa, onuň ýokary wezipeli adamlara hormat bilen ýüzlenip bilýändigi görünýär (Gel. çyk. 41:16, 33, 34).

Maý 25—31

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 42, 43

«Ýusup özüne erk etdi»

w15 1/5 sah. 13, abz. 5

«Men näme, Hudaýmy?»

Ýusubyň näme edendigine seredeliň. Ol doganlaryny gören badyna tanady. Doganlary Ýusubyň öňünde baş egenlerinde, onuň ýaşlygynda gören düýşi ýadyna düşdi. Mukaddes Kitapda «Ýusubyň... gören düýşlerini ýatlandygy» aýdylýar. Ýehowa doganlarynyň Ýusubyň öňünde tagzym etjekdiklerini pygamberlik edipdi. Ine-de, olar Ýusubyň öňünde baş egip durlar! (1 Musa 37:2, 5—9; 42:7, 9). Ýusup özüni nähili alyp barar? Ol doganlaryny gujaklarmy? Ýa-da ar alar?

w15 1/5 sah. 14, abz. 1

«Men näme, Hudaýmy?»

Elbetde, biz Ýusubyň ýagdaýyna düşmeris. Şeýle-de bolsa, şu günler köp maşgalalarda bölünişik hem-de düşünişmezlik bolýar. Şeýle ýagdaýda biz günäli ýüregimize gulak asyp, gaharymyza ýol berip bileris. Şonda Ýusubyň göreldesine eýersek, has paýhasly hereket ederis we Ýehowanyň kynçylygy dogry ýol bilen çözmegimize garaşýandygyna düşüneris (Nakyllar 14:12). Maşgalada agzybirligi saklamak wajyp, ýöne Ýehowa we onuň Ogly Isa bilen dostlugymyzy berk saklamagyň wajypdygyny ýatdan çykarmalyň! (Matta 10:37).

w15 1/5 sah. 14, abz. 2

«Men näme, Hudaýmy?»

Ýusup doganlarynyň ýüreginde nähili niýetiniň bardygyny biljek bolup, olary köp gezek synady. Ol doganlary bilen dilmaç arkaly gepleşip, özüni gödek alyp bardy we olary içaly diýip aýyplady. Doganlary hem özüni gorajak bolup, maşgalasy, şeýle-de iň kiçi inisiniň bardygy hakda aýtdylar. Ýusup hem tolgunýandygyny bildirtmejek boldy. Onuň inisi hakykatdanam diri eken. Indi Ýusup özüni nähili alyp barmalydygyny bildi. Ol: «Körpäňiz gelmese, hiç ýere gitmersiňiz. Hany göreli, gepiňiz çynmyka?!» diýdi. Ýusup olaryň iň kiçi inisini görmek isleýändigini aýtdy. Birnäçe günden soň, Ýusup doganlarynyň birini ýesir alyp galyp, beýlekilerini Benýamini getirmekleri üçin ugratdy (1 Musa 42:9—20).

it «Ýusup»

Ýusup

Ýagdaýyň kynlaşýandygyny görüp, Ýusubyň agalary birnäçe ýyl mundan öň inisini gulçulyga satandyklary üçin Hudaý bize göz görkezýär diýdiler. Olar Ýusuby henizem tanamandyklary üçin onuň ýanynda özleriniň eden günäsi hakda gürrüň edip durdular. Doganlarynyň çyndanam toba edýändiklerini eşidip, Ýusup şeýle bir tolgundy welin, olaryň ýanyndan gaýdyp aglady. Yzyna dolanyp gelenden soň, Şimgonyň el-aýagyny daňdyryp, kiçi inilerini getirýänçäler ony goýbermejekdigini aýtdy (1Ms 42:21—24).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Ruben»

Ruben

Rubeniň gowy häsiýetleriniň bardygy inilerine Ýusuby öldürtmän suwsuz guýa taşladandygyndan görünýär. Ol doganlaryndan gizlinlikde yzyna dolanyp, Ýusuby halas etjek bolupdy (1Ms 37:18—30). 20 ýyldan köp wagt geçenden soň, Müsürde Ýusup doganlaryna içaly diýip töhmet atdy. Şonda olar öz aralarynda Ýusuba ýamanlyk edendikleri üçin Hudaý jeza berýär diýip durkalar, Ruben dildüwşüge gatnaşmandygyny ýatlatdy (1Ms 42:9—14, 21, 22). Şeýle-de Ýakup Benýamini Müsüre goýbermejek bolanda, Ruben jogapkärçiligi öz üstüne alyp, Benýamine derek iki ogluny orta goýup: «Eger Benýamini yzyna getirmesem, iki oglumy öldüräý» diýdi (1Ms 42:37).

w04 15/1 sah. 29, abz. 1

1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler — II

43:32. Ýewreýler bilen bir saçakdan çörek iýmegi müsürliler näme üçin haram hasaplaýardy? Munuň esasy sebäbi öňden galan dini ters düşünje ýa-da milletparazlyk. Şeýle-de müsürliler çopanlary ýigrenýärdiler (1 Musa 46:34). Näme üçin? Sebäbi olar çopanlara iň pes derejeli, garamaýak halk hökmünde garaýardylar. Ýa-da Müsürde gowy, mes toprakly ýerler az bolandygy üçin, olar sürüleri üçin öri meýdanlary gözleýänleri halamaýardylar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş