Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr20 Aprel sah. 1—4
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
  • Sözbaşylar
  • Aprel 13—19
  • Aprel 20—26
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Aprel 27—maý 3
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
mwbr20 Aprel sah. 1—4

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Aprel 13—19

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 31

«Ýakup bilen Laban parahatlyk ähtini baglaşdy»

it «Galet»

Galet

Ýakup bilen Laban arasynda dörän dawany parahatlyk bilen çözmek üçin, bir-biri bilen äht baglaşdy. Şol sebäpli Ýakup bir daşy alyp, ýadygärlik edip goýdy. Ol dogan-garyndaşlaryna daş üýşürmegi tabşyrdy. Şol daşlardan oturar ýaly ullakan üýşmek etdiler. Soňra onuň üstünde baglaşylan ähtiň şanyna iýip içdiler. Laban şol daş üýşmege arameýçe (siriýa dilinde) Ýegar-sahadut, Ýakup bolsa Galet diýip at goýdy. Laban: «Daş üýşmegi (ýewreýçe gal) ikimiziň aramyzdaky ähti (ýewreýçe edh) ýatladar» diýdi (1Ms 31:44—48). Daş üýşmegi bilen ýadygärlik daşy şol ýerden geçýän adamlara şaýatlyk bolup durýardy. 49-njy aýatda agzalýan «Garawul diňi» (ýewreýçe mitspah) Ýakup bilen Labanyň özleriniň we maşgalalarynyň arasynda parahatlygyň boljakdygyna söz berendiginiň subutnamasydy (1Ms 31:50—53). Birnäçe ýyllardan soňam daşlary şaýatlyk hökmünde ulanypdyrlar (Ýuş 4:4—7; 24:25—27).

it «Garawul diňi»

Garawul diňi

Ýakup üýşüren daş üýşmegine «Galet» («Şaýatlyk üýşmegi» diýmegi aňladýar) we «Garawul diňi» diýen ady goýdy. Şonda Laban: «Biri-birimizden uzakda bolsak-da, goý, Ýehowa edýän işlerimize gözegçilik etsin» diýdi (1Ms 31:45—49). Şol daş üýşmegi Ýakup bilen Labanyň baglaşan parahatlyk ähtine wepalydyklaryna Ýehowanyň gözegçilik edýändigini aňladýardy.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Maşgala butlary»

Maşgala butlary

Arheologlaryň Mesopotamiýada we goňşy ýurtlarda gazuw-agtaryş işinde tapan tapyndylary maşgalada mirasyň kime galmalydygyny kesgitlemekde maşgala butlarynyň wajyp orny eýeländigini subut edýär. Nuzide tapylan toýundan ýasalan daşlardaky ýazgylara görä, bir adamyň giýewsinde şol maşgala degişli bolan butlar bolsa, onda ol ölen gaýynatasynyň mirasyndan paý almaga hakynyň bardygyny aýdyp, kazyýete ýüz tutup bilýän eken. Şonuň üçinem Rahel kakasynyň butlaryny alan bolmaly. Ol kakasynyň Ýakuby aldandygy üçin muny etmäge hakym bar diýip pikir eden bolmaly (1Ms 31:14—16-njy aýatlary deňeşdiriň). Labanyň maşgala butlaryny tapmak üçin alada galyşyndan we Ýakubyň yzyndan ýetmek üçin, doganlary bilen ýedi günlük ýoly geçendiginden şol butlaryň miras paýlamakda wajyp orun tutandygyny görkezýär (1Ms 31:19—30). Elbetde, Ýakup Raheliň eden işi barada hiç zat bilmeýärdi (1Ms 31:32). Şeýle-de Ýakubyň maşgala butlaryny alyp, Labanyň ogullaryna degişli bolan mirasy aljak bolandygy barada hiç hili subutnama ýok. Ýakup hiç haçan butlara sežde etmeýärdi. Ol şol maşgala butlaryny ýalan taňrylaryň baryny bilelikde Şekemiň golaýyndaky uly agajyň aşagynda gömen bolmaly (1Ms 35:1—4).

w13 15/3 sah. 21, abz. 8

Ýehowa — biziň mesgenimiz

8 Ýakup Harana baranda, ony daýysy Laban gowy garşy alýar. Soňra ol gyzlary Lea bilen Raheli Ýakuba gelinlik edip berýär. Emma Laban Ýakuba adalatsyzlyk edip başlaýar we onuň iş hakyny on sapar üýtgedýär (Gel. çyk. 31:41, 42). Ýakup bu bolýan zatlara döz gelýär, sebäbi ol Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynanýardy. Ýehowa Ýakuby ýalkaýar! Birnäçe wagtdan Hudaý Ýakuba «süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri» bilen Kengana dolanmagy tabşyrýar (Gel. çyk. 30:43). Ýakup Hudaýa çuňňur minnetdarlyk bildirip, şeýle doga edýär: «Men Seniň söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum» (Gel. çyk. 32:10).

Aprel 20—26

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 32, 33

«Siz ak pata almak üçin göreşýärsiňizmi?»

w03 15/8 sah. 25, abz. 3

Hudaýy erjellik bilen gözleýärsiňizmi?

Mukaddes Kitapda Ýehowany erjellik bilen gözlän ençeme adamlaryň göreldesi hakda aýdylýar. Olaryň biri Ýakup; ol adam keşbine giren Hudaýyň perişdesi bilen uzak gije göreşdi. Netijede, Ýakup Ysraýyl (Hudaý bilen göreşen) adyna eýe boldy. Sebäbi ol Hudaý bilen «göreşip», üstünlik gazanmak üçin «güýç sarp etdi» we ahyrynda üstün çykdy. Perişde hem Ýakuby erjelligi üçin patalady (1 Musa 32:24—30, 28-nji aýadyň çykgydy).

it «Agsaklyk»

Agsaklyk

Ýakubyň agsaklygy. Ýakup 97 ýaşyndaka, adam keşbine giren perişde bilen göreşdi. Ol perişdäni tä ak pata berýänçä goýbermedi. Perişde göreşende, Ýakubyň but süňküne elini degirdi we onuň but süňki çykdy. Şeýdip, Ýakup agsap başlady (1Ms 32:24—32; Hoş 12:2—4). Agsaklyk Ýakuba Hudaý (Hudaýyň perişdesi) we adamlar bilen göreşip, üstün çyksa-da, aslynda, Allanyň güýçli perişdesinden üstün çykyp bilmeýändigini ýatladyp durýardy. Hudaýyň islegi we rugsat bermegi bilen, Ýakup perişde bilen göreşip bildi. Şeýdip, Ýakup Hudaýyň ak patasyny diýseň gymmat saýýandygyny subut etdi.

it «Ysraýyl»

Ysraýyl

1. Ýakup 97 ýaşyndaka, Ýehowa oňa Ysraýyl adyny berdi. Ýakup dogany Ysaw bilen duşuşmak üçin gije Ýabok derýasynyň ýalpak ýerinden geçipdi. Şonda ol Hudaýyň perişdesi bilen göreşipdi. Göreşde ýan bermändigi üçin, Ýehowa Ýakubyň adyny Ysraýyl diýip üýtgetdi. Bu Hudaýyň ak pata berendigini aňladýardy. Ýakup göreşiň bolan ýerini Peniýel ýa-da Penuwel diýip atlandyrdy (1Ms 32:22—31; serediň: «ÝAKUP 1»). Soňra Beýtelde Ýehowa Ýakubyň adyny üýtgedendigini tassyklady. Şondan soň Ýakuba ömrüniň ahyryna çenli Ysraýyl diýildi (1Ms 35:10, 15; 50:2; 1Tr 1:34). Mukaddes Kitapda «Ysraýyl» sözi 2 500 gezek duş gelip, şonuň köp bölegi Ýakuba degişli ulanylýar, ýöne köplenç bu söz Ýakubyň neslinden dörän halka aýdylýar (2Ms 5:1, 2).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w10 15/6 sah. 22, abz. 10, 11

Mylakatly gepleşmek gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär

10 Mylakatly we gowy gepleşmek parahat gatnaşykda bolmaga kömek edýär. Biz adamlar bilen gowy gepleşsek, olar bilen gatnaşygymyz  gowulanar. Mümkin boldugyndan, adamlara kömek etmek, ýürekden sowgat bermek, olary myhman almak ýaly ýagşy işler gowy gatnaşyga ýol açýar. Bu adamyň «başyna közler guýup» onuň häsiýetini gowulandyrar we onuň bilen açyk gepleşmek aňsat bolar (Rim. 12:20, 21).

11 Ýakup pygamber muňa gowy düşünýärdi. Ol ekiz dogany Esawyň oňa gaty gahar edýändigi üçin öldürer öýdüp ondan gaçypdy. Ençeme ýyl geçensoň Ýakup yzyna dolanýar. Esaw 400 adamy bilen ony garşy almaga çykýar. Ýakup Ýehowa doga edip kömek soraýar. Soňra ol Esawa mallaryndan uly sowgat ýollaýar. Ol sowgat berip, Esawyň ýüregini ýumşadýar. Esaw Ýakubyň öňünden ylgap çykyp, inisini gujaklaýar (Gel. çyk. 27:41—44; 32:6, 11, 13—15; 33:4, 10).

it «Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr»

Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr

Netijede, Ýakup Peniýelde Ýehowanyň perişdesi bilen göreşip, Ysraýyl adyny aldy we dogany Ysaw bilen ýaraşdy. Şeýdip, Ýakup ilki Sukotda, soňra Şekemde ýaşady. Şekemde ol Hamoryň ogullaryndan bir bölek ýer satyn alyp, çadyryny dikdi (1Ms 32:24—30; 33:1—4, 17—19). «Ýakup şol ýerde gurbanlyk ojagyny gurup, oňa „Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip at goýdy» (1Ms 33:20). Ýakup gurbanlyk ojagyna goýan adynda özüniň täze adyny ulanmak bilen şu ady kabul edip, gymmat saýýandygyny we wada edilen ýurda barmaga kömek eden Hudaýa minnetdardygyny görkezdi. Mukaddes Kitapda gurbanlyk ojagynyň şu ady başga hiç ýerde duş gelmeýär.

Aprel 27—maý 3

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 34, 35

«Erbetler bilen gatnaşmagyň soňy gowulyk bilen gutarmaýar»

w97 1/2 sah. 30, abz. 4

Şekem — dag jülgesindäki şäher

Şäherli ýaş ýigitler wagtal-wagtal we mümkin, şähere ýeke özi gelýän gyz barada nähili pikirde bolup bilerdiler? Dina «şäheriň baştutany Şekemiň gözüne ildi we... Dinany tutup zorlady». Dina näme üçin ahlaksyz kenganlylar bilen gatnaşyp, seresaplylygy elden giderdi? Özüni jorasyz ýeke duýýardymy? Ýa-da ol doganlarynyň käbiri ýaly özdiýenli we kesirdimi? 1 Musa kitabyndaky aýatlarda Ýakup bilen Leýa gyzynyň Şekem şäherine barmagyny dowam etmeginiň olary masgara edip, agyr hasrat getirendigini görse bolýar (1 Musa 34:1—31; 49:5—7; şeýle-de serediň: w85-E 15/6 sah. 31).

lv sah. 102, 103, abz. 14

«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»

14 Dina Şekemi görende, jyns gatnaşygy ederin diýip, pikir hem eden däldir. Emma köp kenganlylaryň jynsy höweslerini kanagatlandyryşy ýaly, Şekem hem şeýle hereket etdi. Indi Dinanyň garşylyk görkezmegi peýdasyzdy, çünki Şekem «ony tutdy, zorlap, namysyna degdi». Soňra Şekem Dinany «söýen» bolmaly, ýöne bu onuň etmişini aklamaýardy (Gelip çykyş 34:1—4-nji aýatlary okaň). Netijede, diňe bir Dina azar çekmedi. Onuň saýlan dostlugy bütin maşgalasyny masgaralap, abraýdan gaçyrdy (Gelip çykyş 34:7, 25—31; Galatýalylar 6:7, 8).

w09 1/9 sah. 21, abz. 1, 2

Göwnüňize degenlerinde

Göwnüne degilen adam gaharyny köşeşdirmek üçin öýkelän adamyndan ar aljak bolýar. Mukaddes Kitapda ysraýyl halkynyň baştutany Ýakubyň ogullary Dinany Şekemiň zorlandygyny bilenlerinde «namys edip, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar» (1 Musa 34:1—7). Ýakubyň iki ogly uýasynyň namysyna degendigi üçin Şekemden we onuň ýakynlaryndan ar aljak bolup dil düwüşdiler. Şimgon bilen Lewi duzak gurup, hiç kime bildirtmän şähere girdiler-de, Şekemi we öýündäki erkekleriň baryny gyrdylar (1 Musa 34:13—27).

Gan döküşiklik bolan ýagdaýy düzetdimi? Ýakup ogullarynyň eden işini bilende, olara käýäp: «Siz meni ýurduň ilatyna, kenganlara hem perizlere duşman edip, başymy agyr derde saldyňyz... Indi olar jemlenişip, üstüme çozarlar-da, meni bütin hojalygym bilen gyrarlar» diýdi (1 Musa 34:30). Hawa, Ýakubyň ogullarynyň ar almagy ýagdaýy düzetmegiň deregine, erbet netije berdi. Ýakubyň maşgalasy gahar-gazaba münen goňşularyndan goranmaly bolandyrlar. Mümkin, şeýle zatlaryň bolmazlygy üçin, Ýehowa Ýakuba Beýtele göçmegi tabşyrýar (1 Musa 35:1, 5).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Debora»

Debora

1. Rebekanyň enekesi. Rebeka Yshaga durmuşa çykmak üçin kakasy Betuweliň öýüni taşlap, Palestina gitmeli bolanda, Debora-da onuň bilen gitdi (1Ms 24:59). Köp ýyllaryň dowamynda Debora Yshagyň öýünde hatda Rebeka ölenden soňam hyzmatkär bolan bolmaly. Yshagyň Rebeka öýleneninden 125 ýyl geçenden soň Debora ýogaldy we Beýtelde uly agajyň aşagynda jaýlandy. Şol agajyň Alon-bakut (manysy: Hasratly dub agajy) diýlip atlandyrylmagy Ýakubyň we onuň maşgalasynyň Deborany gowy görendigini görkezýär (1Ms 35:8).

w17.12 sah. 14

Okyjylaryň sowallary

Gadymy Ysraýylda Mesihiň nowbaharlyk hakynyň bolandygyny görkezýän nesil şejere bardymy?

Biz wagtal-wagtal bu barada gürrüň edýäris. Ol Ýewreýler 12:16-daky sözlere gabat gelýär. Onda Esawyň «mukaddes zatlary hapalandygy» we «nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, ony (Ýakuba) bir tabak nahara» satandygy aýdylýar. Bu sözler Ýakubyň «nowbaharlyk hakyny» almaga mynasyp bolup, Mesihiň nesil şejeresine degişli bolandygyny görkezýär (Mat. 1:2, 16; Luka 3:23, 34).

Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Mesihiň nesil şejeresine degişli bolmak üçin nowbahar ogul bolmak hökman däldi. Geliň, käbir subutnamalara seredeliň:

Ýakubyň (Ysraýyl) Leýadan bolan ilkinji oglunyň ady Rubendi. Soňra Ýakubyň gowy görýän aýalyndan Ýusup dogulýar. Ruben akylsyz hereket edende, onuň nowbaharlyk haky Ýusuba geçýär (Gel. çyk. 29:31—35; 30:22—25; 35:22—26; 49:22—26; 1 Ýyl. 5:1, 2). Muňa garamazdan, Ruben hem, Ýusup hem Mesihiň nesil şejeresine girmeýär. Ol Ýakubyň aýaly Leýanyň dördünji ogly Ýahudanyň neslinden gelýär (Gel. çyk. 49:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş