Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/6 sah. 20—24
  • Mylakatly gepleşmek gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mylakatly gepleşmek gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nädip mylakatly gepleşmeli?
  • «Dymmagyň we geplemegiň öz wagty bar»
  • Mähirli bolmak gowy gatnaşyga ýardam edýär
  • Dogan-uýalary ýakymly sözler bilen ruhlandyralyň
  • Maşgalada mylakatly gepleşiň
  • Ýürekden gowy zatlary aýdyň
  • Ýürekden bagyşlaň
  • Diliňizi abatlyk üçin ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Gaharyňy saklap, «ýamanlyga ýeňdirme»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Gepleýşiňiz bilen görelde boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/6 sah. 20—24

Mylakatly gepleşmek gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär

«Sözüňiz... ýakymly bolsun» (KOL. 4:6).

1, 2. Bir doganyň mylakatly gepleşmegi nähili gowy netije berdi?

BIR dogan şeýle gürrüň berýär: «Men öýden-öýe wagyz edenimde bir adama duşdum, onuň gahardan ýaňa dodaklary titräp, sandyrap başlady. Men Mukaddes Ýazgylaryň esasynda sypaýyçylyk bilen gürrüňdeşlik etjek bolanymda, ol beter gahar-gazaba mündi. Onuň aýaly we çagalary hem goşulyp üstüme gygyrdy, şonda men gitmelidigimi duýdum. Men olaryň öýüne gowy niýet bilen gelip, gowy niýet bilen hem gidýändigimi aýtdym. Men olara gitmezden öň Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlardaky söýgi, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk ýaly häsiýetler barada okap berdim.

2 Başga bir güni men köçäniň beýleki tarapyndaky öýlere baranymda, şol maşgalanyň öýüniň öňündäki basgançakda oturanyny gördüm. Olar meni ýanyna çagyrdy. Men: «Indi näme diýerlerkä?» diýip pikir etdim. Ol adamyň elinde sowuk suwly küýze bardy we maňa suw içmegi hödürledi. Ol gödeklik edenine ötünç sorap, Hudaýa güýçli iman edýändigim üçin öwdi. Biz mähirli hoşlaşdyk».

3. Näme üçin adamlar gaharlananda, özüňe erk etmeli?

3 Şu günler aladadan doly dünýäde, wagyz edende gaharjaň adamlara duş gelýäris. Şonda biz «ýumşaklyk, saýhallylyk bilen» gepleşmeli (1 Pet. 3:15, 16). Ýokarda agzalan dogan adamyň gaharyna gahar bilen jogap beren bolsa, ol öňküsindenem beter gahar-gazaba münerdi. Şonuň üçin doganyň özüne erk edip, mylakatly gepleşmegi gowy netije berdi.

Nädip mylakatly gepleşmeli?

4. Näme üçin ýakymly sözlemeli?

4 Biz imandaşlarymyz we başga adamlar, hatda maşgala agzalarymyz bilen gepleşende, Pawlus resulyň: «Sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» diýen maslahatyna eýermeli (Kol. 4:6). Gowy gatnaşygy we agzybirligi saklamak üçin ýakymly sözlemeli.

5. Gowy gepleşmek näme? Mysal getiriň.

5 Gowy gepleşmek bu, esasanam, gaharyň gelende bar pikiriňi we duýguňy aýtmagy aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda gahary saklap bilmezlik kemçilik hasaplanýar (Süleýmanyň tymsallary 29:11-i okaň). Ähli adamlaryň içinde «iň ýumşak adam» bolan Musa pygamber ysraýyl halky pitne turzanda, gahary gelip, Hudaýy şöhratlandyrmaýar. Musa duýgusyny açyk aýdýar, ýöne bu Ýehowa ýaramaýar. Musanyň ysraýyllylara 40 ýyl ýolbaşçylyk edendigine garamazdan, Ýehowa oňa Wada edilen diýara girmäge rugsat bermeýär (San. 12:3; 20:10, 12; Zeb. 106:32).

6. Paýhasly gepleşmek näme?

6 Mukaddes Ýazgylarda gepleşende dilimizi saklap, paýhasly bolmak maslahat berilýär. «Söz köplüginde ýazyk azlyk edýän däldir; agzyny jylawlaýan bolsa akyllydyr» (Sül. tym. 10:19; 17:27). Paýhasly bolmak öz pikiriňi hiç haçan aýtmaly däldigini aňlatmaýar. Ýakymly sözlemek bu biriniň ýüregine ýara salmagy däl-de, şypa bermegi aňladýar (Süleýmanyň tymsallary 12:18; 18:21-nji aýatlary okaň).

«Dymmagyň we geplemegiň öz wagty bar»

7. Biz nähili gepleşmeli däl we näme üçin?

7 Işdeşlerimiz we wagyzda nätanyş adamlar bilen gepleşende mylakatly hem-de sabyrly bolşumyz ýaly ýygnakda-da, öýde-de şeýle bolmaly. Soňuny saýman gahar-gazaba münmek, hem özümiziň, hem adamlaryň ruhy, duýgy taýdan we jan saglygyna zyýan ýetirýär (Sül. tym. 18:6, 7). Erbet duýgulara, ýagny bikämilligimize erk etmeli. Sögünç, biriniň üstünden gülmek, ýigrenç we gahar-gazap bu ýaramaz häsiýetler (Kol. 3:8; Ýakup 1:20). Şeýle häsiýetler adamlar we Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy bozýar. Isa: «Öz doganyna nähak gaharlanan kişi hökümine sezewar bolar; kim öz doganyna «Raka» diýse, mejlisiň hökümine sezewar bolar, kim-de «Samsyk» diýse, dowzahyň oduna sezewar bolar» diýdi (Mat. 5:22).

8. Biz öýke-kinämizi haçan we nädip aýtmaly?

8 Gowy gürrüňdeşlige ýardam edýän käbir maslahatlara seredeliň. Eger dogan saňa garşy bir zat diýse ýa-da etse, şol barada çendenaşa biynjalyk etmän ýazygyny geç we ýüregiňdäki ýigrenji aýyr (Sül. tym. 19:11). Kimdir biri gaharyňy getirse, gaharyňy saklap, bu meseläni çözmek üçin ädimler ätmeli. Pawlus resul: «Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn» diýdi. Eger bir zat biynjalyk etse, amatly wagtda dogan ýa-da uýa bilen mähirli gürleş (Efesliler 4:26, 27, 31, 32-nji aýatlary okaň). Öýke-kinäň barada doganyň bilen açyk gepleş, ýöne maksadyň onuň bilen ýaraşmak bolsun (Lew. 19:17; Mat. 18:15).

9. Näme üçin biri bilen düşünişmezden öň köşeşmeli?

9 Elbetde, sen gepleşmek üçin amatly wagt tapmaly. Sebäbi «Dymmagyň we geplemegiň öz wagty bar» (Wag. 3:1, 7). Galyberse-de, «dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr» (Sül. tym. 15:28). Bu bir mesele barada gepleşmek üçin biraz garaşmalydygyny görkezýär. Sebäbi köşeşmän düşünişjek bolanyňda, ýagdaý has kynlaşmagy mümkin, ýöne kän garaşmak hem paýhasly bolmaz.

Mähirli bolmak gowy gatnaşyga ýardam edýär

10. Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga ýagşy işler nädip kömek edýär?

10 Mylakatly we gowy gepleşmek parahat gatnaşykda bolmaga kömek edýär. Biz adamlar bilen gowy gepleşsek, olar bilen gatnaşygymyz gowulanar. Mümkin boldugundan adamlara kömek etmek, ýürekden sowgat bermek, olary myhman almak ýaly ýagşy işler gowy gatnaşyga ýol açýar. Bu adamyň «başyna közler guýup» onuň häsiýetini gowulandyrar we onuň bilen açyk gepleşmek aňsat bolar (Rim. 12:20, 21).

11. Ýakup nädip Esawyň ýüregini ýumşatdy we netijede näme boldy?

11 Ýakup pygamber muňa gowy düşünýärdi. Ol ekiz dogany Esawyň oňa gaty gahar edýändigi üçin öldürer öýdüp ondan gaçypdy. Ençeme ýyl geçensoň Ýakup yzyna dolanýar. Esaw 400 adamy bilen ony garşy almaga çykýar. Ýakup Ýehowa doga edip kömek soraýar. Soňra ol Esawa mallaryndan uly sowgat ýollaýar. Ol sowgat berip, Esawyň ýüregini ýumşadýar. Esaw Ýakup bilen duşuşanda, onuň öňünden ylgap çykyp gujaklaýar (Gel. çyk. 27:41—44; 32:6, 11, 13—15; 33:4, 10).

Dogan-uýalary ýakymly sözler bilen ruhlandyralyň

12. Näme üçin biz dogan-uýalara ýakymly sözler aýtmaly?

12 Mesihçiler adamlara däl-de, Hudaýa gulluk edýärler. Elbetde biz adamlary hem razy etmek isleýäris. Biziň ýagşy sözlerimiz dogan-uýalaryň ýüküni ýeňledip biler. Berk tankyt etmek bilen käbirleriň ýüküni has agyrlaşdyrarys, käbirlerini bolsa, Ýehowany razy edip bolmaýar diýip şübhelendireris. Şol sebäpli geliň, «eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyp» dogan-uýalary ýürekden ruhlandyralyň (Efes. 4:29).

13. Ýaşulular a) maslahat berende b) hat ýazanda nämäni unutmaly däl?

13 Esasanam, ýaşulular özüni süri bilen «mylakatly» alyp barmaly (1 Sel. 2:7, 8). Ýaşulular özüne garşy bolanlara-da «ýumşaklyk bilen» maslahat bermeli (2 Tim. 2:24, 25). Şeýle-de ýaşulular başga ýaşulular maslahatyna ýa-da filiala hat ýazanda mylakatly bolmaly. Olar Matta 7:12-de aýdylyşy ýaly ýumşak hem sypaýy bolmaly.

Maşgalada mylakatly gepleşiň

14. Pawlus resul ärlere nähili maslahat berdi we näme üçin?

14 Biz aýdýan sözlerimiziň, ýüz keşbimiziň we hereketimiziň adamlara güýçli täsir edýändigine kembaha garaýarys. Meselem, käbir ärler aýdýan sözleriniň aýalyna gaty agyr degýändigine doly düşünmeýär. Bir uýa şeýle diýýär: «Ärim gaharlanyp, üstüme gygyranda, men gaty gorkýaryn». Gödek sözler erkek adama garanyňda, aýal maşgala güýçli täsir edýär we köp wagtlap onuň ýadyndan çykmaýar (Luka 2:19). Bu esasanam, aýalyny söýüp, onuň sylamagyny isleýän adamlar üçin wajyp. Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň» (Kol. 3:19).

15. Ärleriň özüni aýaly bilen näme üçin ýumşak alyp barmalydygyny mysal arkaly düşündiriň.

15 Bir tejribeli maşgalaly dogan ärleriň aýaly bilen «ejiz gap» kimin özüni ýumşak alyp barmalydygyny mysal arkaly düşündirýär. Ol şeýle diýýär: «Biz gymmat bahaly, ejiz gaby elimizde saklanda, ony gaty gysmaly ýa-da döwmeli däl. Biz onuň döwügini bejeräýende-de, onuň çatlan ýeri görnüp durar. Ärler aýalyna gödek söz aýtsa, göwnüne deger. Şeýdip, olaryň arasy bozulyp biler» (1 Petrus 3:7-ni okaň).

16. Aýal maşgalasyny nädip dikip bilýär?

16 Ärleri hem başga adamlaryň şol sanda aýalynyň aýdýan sözleri ruhlandyryp ýa-da lapyny keç edip biler. Äriň «bil baglaýan» «paýhasly aýaly» özüniň duýgusyny göz öňünde tutmagyny isleýşi ýaly, äriniňkini hem göz öňünde tutýar (Sül. tym. 19:14; 31:11). Hakykatdanam, aýal öz maşgalasyna gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär. «Akyldar aýal öýüni dikýändir, akmak aýal bolsa öz eli bilen sökýändir» (Sül. tym. 14:1).

17. a) Çagalar ata-eneleri bilen özüni nähili alyp barmaly? b) Ata-eneler we ýaşulular çagalar bilen özüni nähili alyp barmaly we näme üçin?

17 Ata-eneler we çagalar hem biri-biri bilen mylakatly gepleşmeli (Mat. 15:4). Çagalar bilen gepleşende ünsli bolsak, olary «ynjytmarys» we «gaharlandyrmarys» (Kol. 3:21; Efes. 6:4). Hatda ata-eneler we ýaşulular çagalary käýemeli bolanda, olary sylamaly. Şonda olaryň maslahatyny çagalara kabul etmek we Hudaý bilen gatnaşygyny saklamak aňsat bolýar. Çagalar özüni dereksiz duýmaz ýaly, özümizi olara hiç hili kömek edip bolmaýan ýaly alyp barmaly däl. Çagalaryň ähli berlen maslahatlar ýadynda galmasa-da, ata-enesiniň we ýaşulularyň olar bilen nähili gepleşendigini unutmaýarlar.

Ýürekden gowy zatlary aýdyň

18. Biz erbet pikirleri we duýgulary nädip aýryp bileris?

18 Gaharyňy saklamak bu diňe daşyňdan rahat bolmagy aňlatmaýar. Biziň maksadymyz diňe bir gahary saklamak däl. Içiň ot alyp duran mahaly, daşyňdan rahat görünmek kyn bolýar. Bu şol bir wagtyň özünde maşynyň gazyna we tormozyna basmak ýalydyr. Şeýle edilse, maşyna agram salnyp, zyýan ýetirilýär. Biz gaharymyzy içimizde saklasak, iň soňy ýarylarys. Ýehowa doga edip kömek sorasaň, ýüregiňdäki gahar ýazylar. Goý, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly pikiriňi we ýüregiňi islegine görä, täzelesin (Rimliler 12:2; Efesliler 4:23, 24-nji aýatlary okaň).

19. Gaharymyzy ýatyrmaga nähili ädimler kömek edýär?

19 Gaharyňy ýatyrmak üçin käbir ädimleri ätmeli. Sen gaharyň gelýändigini duýsaň, köşeşýänçäň şol ýerden gitmeli (Sül. tym. 17:14). Biri seniň bilen gaharly gepläp başlasa, ýumşak jogap berer ýaly tagalla et. «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandygyny; gaty söz bolsa gazaby oýarýandygyny» unutma (Sül. tym. 15:1). Içýakgyç we gödek sözler ýumşak äheňde aýdylsa-da, bu oduň üstüne nebit döken ýalydyr (Sül. tym. 26:21). Özüňe erk etmeli ýagdaýa düşeniňde, «geplemekde assa, gaharlanmakda assa» bol (Ýakup 1:19). Erbet däl-de gowy zatlary aýdar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhuny dile (Ýakup 1:19).

Ýürekden bagyşlaň

20, 21. Adamlary bagyşlamaga näme kömek eder we biz näme üçin bagyşlamaly?

20 Gynansak-da, hiç birimiz dilimizi doly jylawlap bilmeýäris (Ýakup 3:2). Dogan-garyndaşlar we ýygnakdaky eziz dogan-uýalar edýän tagallalaryna garamazdan, käte oýlanman gepläp, göwnümize degip biler. Derrew öýkelemän, sabyrlylyk bilen olaryň näme üçin şeýle diýendigi we hereket edendigi barada oýlanmaly (Wagyzçy 7:8, 9-njy aýatlary okaň). Belki olar ýarawsyzdyr ýa-da olaryň gorkusy, kynçylygy ýa aladasy bardyr?

21 Elbetde bu zatlar gahar-gazaba münmegi aňlatmaýar. Ýöne biz adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutsak, olaryň näme üçin şeýle diýenine we edenine düşünip, bagyşlamaly dälmi näme? Biziň ählimiz adamlaryň göwnüne degýändigimiz sebäpli, olaryň bagyşlajakdygyna umyt edýäris (Wag. 7:21, 22). Isanyň aýtmagyna görä, Hudaý bizi bagyşlar ýaly, özümiz hem bagyşlamaly (Mat. 6:14, 15; 18:21, 22, 35). Şonuň üçin biz maşgalada we ýygnakda «kämil birligiň bagy bolan söýgini» saklamak üçin derrew ötünç soramaly we bagyşlamaly (Kol. 3:14).

22. Näme üçin mylakatly gepleşer ýaly tagalla etmeli?

22 Gazaply dünýäniň soňy golaýlaşdygyça şatlygymyzy we agzybirligimizi saklamak kyn bolýar. Biz Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýersek, erbet zatlaryň deregine gowy zatlary aýdarys. Şeýle-de biz maşgaladaky we ýygnakdaky agzybirlige şatlanarys we adamlara gowy göreldämiz bilen Ýehowanyň «bagtly Hudaýdygyny» tanadarys (1 Tim. 1:11, TD).

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Näme üçin düşünişer ýaly amatly wagt tapmaly?

• Maşgala agzalary näme üçin biri-biri bilen «mylakatly gepleşmeli»?

• Göwne degýän sözleri aýtmaz ýaly, nämeler etmeli?

• Adamlary bagyşlamaga bize näme kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş