Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/10 sah. 20—24
  • Ynsabyňyza gulak asyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ynsabyňyza gulak asyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ynsap»
  • Ynsap nädip duýdurýar?
  • Ynsabyňyzy terbiýeläň
  • Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Siz ynsabyňyzy terbiýeleýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/10 sah. 20—24

Ynsabyňyza gulak asyň

«Milletler häsiýetlerine görä [Hudaýyň] kanunyna laýyk işleri berjaý edýär» (RIMLILER 2:14).

1, 2. a) Adamlaryň köpüsi başgalaryň bähbidi üçin näme etmäge taýyn? b) Mukaddes Ýazgylarda ýagşylyk barada nähili mysallar bar?

ÝIGRIMI ýaşly ýigit ýerasty otly duralgasynda duran mahaly, garaguşy tutup, demir ýoluň üstüne ýykylýar. Bir adam muny görüp, gyzlaryny gyra çekýär-de, özi demir ýola bökýär. Ol ýaş ýigidi demir ýol sepleminiň aralygyna çekip, göwresi bilen ony ýapýar. Otly olaryň ýanyna gelip, batly ses bilen saklandy. Käbir adamlar oňa gahryman diýerdiler, ýöne ol: «Biz dogry iş etmeli. Men muny şöhrat gazanmak üçin däl-de, ýagşylyk üçin etdim» diýdi.

2 Mümkin, siz adamlara kömek etmek üçin janyny howp astyna salan adamlardan, kimdir birini tanaýansyňyz. Ikinji Jahan urşunda köp adamlar tanamaýanlaryny halas etmek üçin olary gizlediler. Şeýle-de Sisiliýadan uzakda bolmadyk, Maltanyň kenarynyň golaýynda Pawlus resul bilen 275 adamyň gämi heläkçiligine uçranyny ýatlalyň. Ýerli ilat ýat adamlara kömek edip, «adatdan daşary ynsanperwerlik görkezdi» (Resullaryň işleri 27:27—28:2). Sürgün edilen ysraýylly gyzjagaz janyny howp astyna salmasa-da, ony ýesir eden siriýaly adamyň sagalmagyna ak ýürekden kömek edendigi barada näme diýse bolar? (4 Patyşalar 5:1—4). Şeýle-de Isanyň oňat samariýaly adam baradaky tymsaly hakynda oýlanalyň. Ruhany we lewili öz milletinden bolan çalajan ýatan ýehudyly adama kömek etmediler. Samariýaly adam bolsa, oňa elinden gelen kömegini etdi. Bu tymsal asyrlar boýy köp ýurtlardaky adamlaryň ýüregine çuňňur täsir edýär (Luka 10:29—37).

3, 4. Adamlaryň ýagşylyk edýändigi sebäpli ewolýusion taglymat barada näme diýse bolar?

3 Dogrudan-da, biz «kyn pursatlarda» ýaşaýarys, çünki köp adamlar «zalym we ýagşylyga duşman» (2 Timoteos 3:1—3). Muňa garamazdan, biz adamlaryň başgalara we özümize ýagşylyk edýändigine üns berendiris. Janyňy howp astyna salyp, adamlara kömek etmeklik şeýle giňden ýaýran welin, oňa käbir adamlar «adamkärçilik» diýýärler.

4 Janyňy howp astyna salyp, ynsanlara kömek etmeklik häsiýeti ähli jynsdaky we medeniýetdäki adamlarda bar. Muňa ynsan «gazaply kanun» boýunça ösýär, ýagny «güýçlüler diri galýar» diýen düşünjä garşy gelýär. ABŞ-yň döwlet meýilnamasyna ýolbaşçylyk edýän, adamyň genomasyny (DNK-ny) düşündirýän genetik Frensis Kollinz şeýle diýýär: «Altruizm (ak ýürekden ýagşylyk etmek) ewolýusionistler üçin uly kynçylyk döredýär... Käbir özüni bilýän aýratyn genleriň ebedileşdirilmegine altruizm diýip bolmaýar. Käbir adamlar öz toparyna degişli bolmadyk we hiç hili höwesi deň gelmeýän adamlar üçin öz janyny gurban edýär... Bu Darwiniň taglymaty bilen düşündirip bolmajak ýaly görünýär».

«Ynsap»

5. Köplenç adamlarda nämäni görýäris?

5 Professor Kollinz altruizmiň bir aýratynlygyna üns berýär we şeýle diýýär: «Ynsap hiç hili ýagşylyga garaşmazdan, bizi adamlara kömek etmäge höweslendirýär»a. Mümkin, bu bize Pawlus resulyň ynsap barada aýdan sözlerini ýatladýandyr. Ol şeýle diýdi: «Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä [her gezek, TD] kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr. Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir» (Rimliler 2:14, 15).

6. Näme üçin ähli adamlar Ýaradyjynyň öňünde jogapkär?

6 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda Hudaýyň öňünde adamlaryň jogapkärdigini aýdýar. Sebäbi Hudaýyň bardygy hem-de häsiýetleri daş-töwerekdäki ýaradylan zatlardan bilinýär. Bu «dünýä döredilenden bäri görülýär» (Rimliler 1:18—20; Zebur 19:1—4). Emma köp adamlar Ýarydyjyny äsgermezlik edip, özüni ahlaksyz alyp barýarlar. Adamlar Hudaýyň dogrulygyna ynanmaly we edýän erbetliklerine toba etmeli. Bu Hudaýyň islegidir (Rimliler 1:22—2:6). Toba etmäge ýehudylarda ähli esas bardy, çünki Hudaý olara Musa arkaly kanun beripdi. Emma «Hudaýyň sözi ynanylmadyk» halklar-da, Hudaýyň bardygyna ynanmaly (Rimliler 2:8—13; 3:2).

7, 8. a) Adalatlyk duýgusy näme üçin ähli adamlarda bar, mundan nähili netijä gelip bolýar?

7 Ynsanlara ýagşyny we ýamany bilmek ukyby berlendigi sebäpli, her bir adam Hudaýyň bardygyna ynanmaly we şoňa görä ýaşamaly. Adamyň adalatlyga bolan duýgusy, onuň ynsabynyň bardygyny görkezýär. Bir mysala seredeliň. Hiňňildik uçmak üçin birnäçe çaga nobata durýar. Şol wagt bir çaga nobata durman, öňe geçýär. Çagalaryň köpüsi muňa: «Beýle etmek bolmaýar!» diýerler. Näme üçin çagalar düşünmeseler-de, adalatlyk duýgusyny bildirendikleri barada oýlandyňyzmy? Olaryň eden herekedi ynsabynyň bardygyny görkezýär. Pawlus resul şeýle diýýär: «Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä [her gezek, TD] kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr». Pawlus bu ýerde «käwagt» diýen sözi ulanman, «her gezek» sözüni ulanyp, olaryň muny ýygy-ýygydan edýändigini görkezýär. Diýmek, «milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa», olar Hudaýyň kanunlary boýunça ynsaplaryna görä ýaşaýarlar.

8 Ýurtlaryň köpüsinde ahlaklylyk düşünjesi bar. Kembridž uniwersitetiniň professory «zulum, adam öldürmek, haýynlyk etmek, ýalan sözlemek, gartaşanlara, çagalara we ejizlere ýagşylyk etmeklik ýaly ahlak kadalarynyň babyllylarda, müsürlilerde, greklilerde bolşy ýaly, Awstraliýanyň we Amerikanyň ýerli ilatynda-da bardygyny aýdýar. Professor Kollinz şeýle diýýär: «Ähli milletlerde ýagşylyk we ýamanlyk baradaky düşünje bar ýaly görýärin». Bu bize Rimliler 2:14-däki sözleri ýatlatmaýarmy?

Ynsap nädip duýdurýar?

9. Ynsap näme we ol bize nädip öňünden duýdurýar?

9 Mukaddes Ýazgylara görä, ynsap edýän herekediňe baha bermek ukybydyr. Ynsap size etjek herekediňiziň dogry ýa nädogry boljakdygyny duýdurýar. Pawlus resul ynsaby barada: «Ynsabym hem aýdýanlaryma Mukaddes Ruhda güwä geçýär» diýdi (Rimliler 9:1). Meselem, ynsap ahlak meselede belli bir karara gelmänkäň, öňünden duýduryp bilýär. Ynsap size etjek hereketiňize baha bermäge we ony edenden soň nähili duýguda boljakdygyňyzy bilmäge kömek edýär.

10. Ynsap köplenç nädip duýdurýar?

10 Ynsap köplenç bir herekedi edensoň duýdurýar. Dawut Saul patyşadan gaçyp ýörkä, amatly pursat dörän mahaly Hudaýyň bellän patyşasyna hormat goýman, gelşiksiz iş etdi. Şondan soň «Dawut ýüreginde agyry duýdy» (1  Patyşalar 24:1—5; Zebur 32:3, 5). Bu ýerde «ynsap» sözi ulanylmasa-da, Dawudyň ynsaby ezýet berendigi üçin ýüreginde agyry duýýar. Şonuň ýaly biziň ählimize-de ynsabymyz ezýet berýär. Biz bir zat edenimizden soň, ynsabymyz ezýet berip ynjalyksyzlanýarys. Meselem, käbir adamlar salgyt tölemändigi üçin, ynsabynyň ezýet berýändigi sebäpli bergisini üzýär. Käbir adamlaryň ynsaby bolsa, ýanýoldaşyna biwepalyk edendigini boýun almaga kömek edýär (Ýewreýler 13:4). Biz ynsabymyza görä ýaşasak, kalbymyzda rahatlyk we kanagatlylyk duýarys.

11. Diňe ynsabyňyza görä hereket etmek näme üçin howply? Mysal getiriň.

11 Diňe ynsabyňa görä hereket edip bolýarmy? Ynsabyňa gulak asmak gowy, ýöne ol bizi aldap bilýär. Hawa, «içki adamymyz» bizi aldap biler (2 Korintoslylar 4:16). Bir mysala seredeliň. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň wepaly mesihçisi «iman we güýç bilen doly bolan Stefanus» barada gürrüň berilýär. Ýehudylar Stefanusy Iýerusalimden çykaryp, daşlap ölürýärler. Saul (soňra Pawlus resul bolan) olaryň ýanynda durup, Stefanusyň «öldürilmegini unady». Şol ýehudylar edýän işiniň dogrudygyna şeýle bir ynanýardylar welin, olara ynsaby-da ezýet bermeýärdi. Saul hem edil şolar ýalydy, sebäbi ol «Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salyp» yzarlaýardy. Diýmek, Saulyň ynsaby ony aldaýardy (Resullaryň işleri 6:8; 7:57—8:1; 9:1).

12. Ynsabymyza näme täsir edip biler?

12 Saulyň ynsabyna näme täsir etdi? Ýakyn gatnaşýan adamlar onuň ynsabyna täsir eden bolmaly. Meselem, biziň köpümiz telefonda biri bilen gepleşenimizde, onuň sesini kakasynyňka meňzedendiris. Belki, oňa kakasynyň ses äheňi miras geçendir. Ýöne oňa kakasynyň gepleýşi hem täsir eden bolmagy mümkin. Şonuň ýaly, Saula-da Isany ýigrenen we onuň taglymatyna garşy çykan ýehudylar bilen ýakyn gatnaşygy täsir eden bolmaly (Ýahýa 11:47—50; 18:14; Resullaryň işleri 5:27, 28, 33). Bilşimiz ýaly, Saulyň ynsabyna ýoldaşlary täsir edýär.

13. Ynsabymyza daş-töwerekdäki adamlar nädip täsir edýär?

13 Medeniýetiň we ýaşaýan ýeriň dile hem sözleýşe täsir edişi ýaly, ynsaba-da täsir edip biler (Matta 26:73). Gadymy Aşurda hem şeýle boldy. Olar söweşjeňligi bilen tanalýardy. Ninewiýanyň diwarlarynda ýesirleri gynaýşy barada çekilen suratlar, muny subut edýär (Nahum 2:11, 12; 3:1). Ýunusyň günlerinde ninewiýalylar «sag elini çep elinden tapawutlandyryp bilmeýärdi». Olar Hudaýa nämäniň ýarap we ýaramaýandygyny bilmeýärdiler. Ninewiýada önüp-ösen adama, onuň ýaşaýjylarynyň nähili täsir edip biljekdigi hakynda oýlanyp görüň! (Ýunus 3:4, 5; 4:11). Edil şonuň ýaly, şu günler adamyň ynsabyna daş-töweregindäki adamlaryň garaýşy täsir edip biler.

Ynsabyňyzy terbiýeläň

14. Ynsabymyzyň bardygy barada Barlyk 1:27-de näme aýdylýar?

14 Ýehowa Adam ata bilen How enä ynsaby sowgat berdi. Biz hem muny olardan miras aldyk. Barlyk 1:27-de ynsan Hudaýyň suratynda ýaradyldy diýilýär. Bu daşky keşbimiz bilen Hudaýa meňzeýändigimizi aňlatmaýar, çünki ol ruhdur, biz bolsa tende ýaradyldyk. Hudaýyň suratynda ýaradyldyk diýilmeginiň sebäbi, bizde Onuň häsiýetleri we şol sanda ynsap bar. Bu ynsabymyza ynanar ýaly, ony terbiýeläp bolýandygyny subut edýär. Şonuň üçin Ýaradyjy barada köp bilim almaly we oňa ýakynlaşmaly.

15. Biz näme üçin Atamyz barada bilim almaly?

15 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa ähli ynsanlaryň Atasy diýilýär (Işaýa 64:8). Gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän ähli wepaly mesihçiler Hudaýa Ata diýip ýüzlenip bilerler (Matta 6:9). Bizde Atamyza ýakynlaşmak, Onuň garaýşyny we gymmat saýýan zatlaryny öwrenmek islegi bolmaly (Ýakup 4:8). Emma köp adamlarda şeýle isleg ýok. Olar Isanyň günlerindäki ýehudylara meňzeýärler. Isa olara şeýle diýdi: «Ýöne siz ne Onuň sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. Onuň sözi sizde galmaýar» (Ýahýa 5:37, 38). Biz hakykatdan Hudaýyň sesini eşitmesek-de, Onuň Sözüni okap, pikirlerini bilýäris we Onuňky ýaly duýguda bolup, Oňa meňzeýäris.

16. Ýusup bilen bolan waka ynsabymyzy terbiýelemek we oňa gulak asmagyň wajypdygyny nädip görkezýär?

16 Potifaryň öýünde Ýusup bilen bolan waka muny subut edýär. Patifaryň aýaly Ýusuby azdyrjak bolýar. Şol günler-de Mukaddes Ýazgylar we On tabşyryk ýokdy; muňa garamazdan, Ýusup: «Men bu uly ýamanlygy nähili edeýin we Hudaý ýanynda günäkär bolaýyn?» diýdi (Barlyk 39:9). Ol muny ýöne bir maşgalasyna ýaranmak üçin etmedi, sebäbi ol maşgalasyndan uzakda ýaşaýardy. Ilki bilen, ol Hudaýa ýaranmak isleýärdi. Ýusup Hudaýyň nika baradaky kanunyny, ýagny adamyň bir aýal alyp we onuň bilen «bir beden» bolmalydygyny bilýärdi. Şeýle-de Abimelek Rebekanyň durmuşa çykan aýaldygyny bilende, oňa nähili täsir edendigini Ýusup bilýärdi. Abimelek Rebeka öýlenmegiň nädogrydygyna we halkyny günä eltjekdigine düşünýär. Bagtymyza ähli zat gowulyk bilen gutardy. Ýehowa zyna bolan garaýşyny görkezip, bereket berdi. Bu waka Ýusuba miras geçen ynsabyny berkidip, ahlaksyzlygy ret etmäge kömek etdi (Barlyk 2:24; 12:17—19; 20:1—18; 26:7—14).

17. Ýusubyňka garanyňda bize näme üçin Atamyzdan görelde almak aňsat?

17 Şu günler biziň ýagdaýymyz Ýusubyňka garanyňda gowy. Sebäbi bizde Mukaddes Ýazgylaryň ähli kitaplary bar, ondan Hudaýyň pikirlerini, duýgularyny we oňa nämäniň ýarap hem-de ýaramaýandygyny bilse bolýar. Mukaddes Ýazgylary näçe köp öwrensek, şonça-da Hudaýa ýakynlaşarys we oňa meňzäris. Şeýtmek bilen, biziň ynsabymyz Atamyzyň pikirini görkezip biler. Ynsabymyz barha Hudaýyň islegine laýyk geler (Efesliler 5:1—5).

18. Geçmişimize garamazdan, ynsabymyza ynanyp bolar ýaly, ony nädip terbiýeläp bileris?

18 Ynsabymyza daş-töwerekdäki adamlar nädip täsir edýär? Bize garyndaşlarymyzyň garaýşy, hereketi we önüp-ösen ýerimiziň adamlary täsir edip bilýär. Daş-töwerekdäki adamlar «gepleýşimize» täsir edişi ýaly, ynsabymyzy hem gowşadyp biler. Elbetde, biz geçmişi üýtgedip bilmeýäris, emma ynsabymyza gowy täsir edýän dost-ýarlary saýlap bileris. Atamyzdan köp ýyldan bäri görelde almaga çalyşýan wepaly mesihçiler bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmaklyk wajyp. Munuň üçin ýygnak duşuşyklary we ondan öň hem soň mesihçiler bilen pikir alyşmaga ajaýyp mümkinçilikler bar. Biz dogan-uýalarymyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan pikirlerine we garaýşyna, şeýle-de Hudaýyň garaýşyna laýyk gelýän ynsabyna nädip gulak asýandygyna üns berip bileris. Wagtyň geçmegi bilen, ynsabymyzy Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä terbiýeläp bileris, bu bize Hudaýa meňzemäge kömek eder. Ynsabymyzy Atamyzyň prinsiplerine laýyk getirip, dogan-uýalaryň gowy göreldesine eýersek, şonda ynsabymyza has ynamly bolarys we oňa höwes bilen gulak asarys (Işaýa 30:21).

19. Ynsap bilen bagly ýene-de nähili soraglara seretmek wajyp?

19 Käbir adamlar ynsabyna gulak asmak üçin göreşýärler. Indiki makalada mesihçileriň duşýan käbir ýagdaýlaryna serederis. Şol mysallar barada oýlanyp, biz ynsabyň ähmiýetine has aýdyň düşüneris we näme üçin her bir adamyň ynsabynyň tapawutlanýandygyny hem-de nädip ynsabymyza has gowy gulak asyp bolýandygyny bileris (Ýewreýler 6:11, 12).

a Bu babatda Garward uniwersitetiniň astronomiýa boýunça professory Ouen Gingriç şeýle ýazýar: «Altruizm sebäpli sorag döremegi mümkin, oňa... haýwanlaryň dünýäsini barlag geçirip, ylmy taýdan jogap berip bolmaýar. Has ynamly jogaby başga pudakdan gözlemeli. Bu Hudaýyň adamlara beren häsiýetleri, şol sanda, ynsap bilen bagly».

Siz näme öwrendiňiz?

• Ýagşyny we ýamany bilmeklik ýa-da ynsap näme üçin ähli adamlarda bar?

• Näme üçin hemişe diňe ynsabyňa görä hereket etmekden seresap bolmaly?

• Nädip ynsabymyzy terbiýeläp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş