Awçynyň duzagyndan halas bolmak
«[Ýehowa] seni awçynyň duzagyndan... halas eder» (ZEBUR 91:3).
1. «Guş awçysy» kim we ol näme üçin howply?
ÄHLI mesihçilere adamyň aklyndan has güýçli we mekir duşman howp salýar. Zebur 91:3-de oňa «[guş, TD] awçysy» diýilýär. Ol duşman kim? 1883-nji ýylyň Oguz aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynda oňa Şeýtan Iblis diýlip anyk aýdyldy. Awçynyň guşy duzaga düşürişi ýaly, bu eýmenç duşman Hudaýyň halkyny hilegärlik bilen duzaga düşürmäge jan edýär.
2. Näme üçin Şeýtan guş awçysyna meňzedilýär?
2 Gadymy döwürlerde guşlary ýakymly saýraýşy, owadan perleri, iýmit we gurban bermek üçin tutýardylar. Aslynda guşlar duýgur, gorkak we duzaga aňsat düşemýän jandar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe awçy tutjak guşunyň aýratynlygyna we endiklerine ünsli syn edýärdi. Soňra ony tutmagyň usulyny oýlap tapýar. Mukaddes Ýazgylar Şeýtany guş awçysyna meňzedip, onuň hereketini düşünmäge kömek edýär. Iblis her birimizi synlaýar. Ol biziň endiklerimizi, häsiýetimizi synlap, gizlin ýerde duzak gurup, diriligine tutmaga jan edýär (2 Timoteos 2:26). Biz onuň duzagyna düşsek, Hudaý bilen gatnaşygymyzdan mahrum bolarys. Ahyry bu bizi heläkçilige uçradyp biler. Biz özümizi gorar ýaly, «guş awçynyň» ulanýan dürli hilelerini bilmeli.
3, 4. Şeýtanyň hüjümi haçan arslanyňka we zäherli ýylanyňka meňzeýär?
3 Mezmurçy Şeýtanyň usullaryny aýdyň suratlandyrmak üçin, ýaş arslanyň we zäherli ýylanyň usullaryna meňzedýär (Zebur 91:13). Käwagt Şeýtan Ýehowanyň halkyny hökümiýet arkaly yzarlap, arslan kimin gönüden-göni açyk hüjüm edýär (Zebur 94:20). Şeýle hüjüm sebäpli Ýehowadan diňe käbir adamlar daşlaşýar. Köplenç bu hüjüm Hudaýyň halkyny jebisleşdirýär. Şeýtan nädip zäherli ýylan kimin hüjüm edýär?
4 Iblis adamyňkydan has güýçli aklyny ulanyp, zäherli ýylan kimin gizlin ýerden hileli we gazaply hüjüm edýär. Bu usul bilen Iblis Hudaýyň käbir gullukçylarynyň aňyny zäherledi, olary aldap, Hudaýyň islegini däl-de, öz islegini etdirip, heläkçilige sezewar edýär. Bagtymyza, biz onuň niýetlerinden habarly (2 Korintoslylar 2:11). Geliň, Şeýtanyň guş awçysy ýaly ulanýan dört usulyna seredeliň.
Adamdan gorky
5. Näme üçin «adamdan gorkmak» duzagy howply?
5 «Guş awçysy» adamyň adaty islegini, ýagny başga adamlaryň ony kabul etmegini we hormat goýmagyny isleýändigini gowy bilýär. Iblis hem mesihçilerde şeýle islegiň bardygyny bilip, ondan peýdalanýar. Mysal üçin, ol käbir Hudaýyň gullukçylaryny ruhy taýdan gowşatmak üçin «adamdan gorkmak» duzagyny ulanýar (Süleýmanyň tymsallary 29:25). Hudaýyň gullukçysy adamdan gorkup, Ýehowanyň gadagan eden işini etse ýa-da tabşyrygyny berjaý etmese, ol «guş awçynyň» duzagyna düşýär (Ezekiýel 33:8; Ýakup 4:17).
6 Ýaş mesihçiler «guş awçynyň» duzagyna nädip düşüp biler?
6 Meselem, mekdepde käbir mesihçiler ýaşdaşlarynyň täsirine düşüp, çilim çekip biler. Mesihçi şol gün mekdebe gidende çilim çekmek hakynda pikir hem eden däldir. Emma göz ýumup-açasy salymda, ol saglygyna zyýan ýetirýän we Hudaýa ýaramaýan işi edýär (2 Korintoslylar 7:1). Näme üçin? Mümkin, ol erbet oglanlar bilen dostlaşyp, olar «sylamaz» öýdüp gorkandyr. Ýaşlar, «guş awçynyň» duzagyna düşmäň! Hatda ujypsyz zatda-da oňa ýol bermän, onuň duzagyna diri düşmekden gaça duruň! Mukaddes Ýazgylardaky ýaman ýaranlardan gaça duruň diýen duýduryşa gulak asyň (1 Korintoslylar 15:33).
7. Käbir ata-eneler Şeýtanyň duzagyna düşüp, nädip ruhy taýdan gowşaýarlar?
7 Ata-eneler maşgalasyny maddy taýdaý üpjün edip, Mukaddes Ýazgylardaky borçlary gowy ýerine ýetirýärler (1 Timoteos 5:8). Emma bu babatda Şeýtan mesihçileriň paýhasly bolmazlygyny isleýär. Käwagty başlyk iş wagtyndan artyk işlemegi talap edýär. Olar onuň bilen razylyşyp, ýygnak duşuşyklaryna barmazlygy endik edýärler. Belki olar dogan-uýalar bilen ruhy taýdan iýmitlenmek üçin welaýat kongresleriniň ähli günlerine barmaga işden rugsat soramakdan gorkýandyrlar. Bu duzakdan goranmak üçin «Rebbe... bil baglamaly» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6). Galyberse-de, biziň ählimiz Ýehowanyň maşgalasynyň agzasydyrys we ol biziň aladymyzy etjekdigine wada berýär. Bu bize paýhasly bolmaga kömek eder. Ata-eneler, siz Hudaýyň islegini ýerine ýetirseňiz, Ol siziň we maşgalaňyzyň aladasyny etjekdigine ynanýarmysyňyz? Siz adamlardan gorkup, Iblisiň islegini berjaý etmegine we duzagyna diriligine düşürmäge ýol berermisiňiz? Siziň Hudaýa doga edip, şu soraglar barada oýlanmagyňyzy haýyş edýäris.
Baýlyk duzagy
8. Şeýtan baýlyk duzagyna nädip düşürýär?
8 Şeýtan baýlyk duzagyny-da ulanýar. Bu erbet dünýäniň telekeçiligi köplenç tiz baýamaga höweslendirýär. Hatda Hudaýyň käbir gullukçylary-da munuň aldawyna düşüp biler. Käwagt «siz jan edip zähmet çekiň, köp pul gazanansoň işiňizi ýeňilleşdirip, ýaşaýyşdan lezzet alyň. Soňra pioner bolup hem gulluk edip bolar» diýen sözleri eşidýänsiňiz. Şeýle sözleri dogan-uýalar arkaly baýamak isleýän ýygnakdaky käbir doganlardan hem eşidip bolar. Şeýle «özüne çekiji» teklipler barada çuňňur oýlanyp görüň. Bu Isanyň tymsalyndaky «akmak» baý adamyň pikirine meňzemeýärmi? (Luka 12:16—21).
9. Näme üçin käbir mesihçiler açgözlük bilen zat edinmek duzagyna düşdüler?
9 Şeýtan bu zalym dünýäde adamlary açgözlük bilen zat edinmäge höweslendirýär. Şeýle höwes mesihçileriň durmuşyna aralaşyp sözi bogýar we ony «hasylsyz» edýär (Markus 4:19). Bize Mukaddes Ýazgylarda bar zadymyza kaýyl bolmak maslahat berilýär (1 Timoteos 6:8). Ýöne mesihçileriň köpüsi bu maslahata eýermän, «guş awçynyň» duzagyna düşdüler. Olary baý ýaşamaga tekepbirlik höweslendirmeýärmi? Biz barada näme diýse bolar? Açgözlük bilen zat edinmek islegimiz sebäpli, hakyky seždäni durmuşda ikinji orunda goýmaýarysmy? (Haggaý 1:2—8). Gynansak-da, ykdysady taýdan kyn günlerde mesihçileriň käbiri adatça ýaşamak üçin ruhy taýdan gowşadylar. Şeýle baýlyga bolan höwes «guş awçyny» begendirýär!
Ahlaksyz göwün açma
10. Her bir mesihçi özüne nähili sorag bermeli?
10 «Guş awçy» ýene bir usuly ulanyp, adamyň ýagşyny we ýamany saýgarmak adaty ukybyny gowşadýar. Şu döwürdäki göwün açmalaryň köpüsinde Sodom we Gomorradaky ýaly ahlaksyzlyk höküm sürýär. Telewideniýedäki we gazet-žurnallardaky täzeliklerde adamlaryň göwnünden turmak üçin zorluk barada nygtap aýdylýar. Köplenç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň göwün açmalary adamlaryň «ýagşy bilen ýamany» saýgarma ukybyny gowşadýar (Ýewreýler 5:14). Emma Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly: «Ýagşylyga ýaman, ýamana bolsa ýagşy diýenleriň, waý gününe!» diýen sözlerini unutmalyň (Işaýa 5:20). «Guş awçysy» şeýle ahlaksyz göwün açma arkaly meniň pikirime mekirlik bilen täsir etdimi? Her bir mesihçi özüne şu soragy bermeli (2 Korintoslylar 13:5).
11. «Garawul diňi» žurnalynda teleseriýallar barada nähili duýduryş berildi?
11 Takmynan ýigrimi bäş ýyl mundan öň, «Garawul diňi» žurnaly Hudaýyň gullukçylaryna teleseriýallar barada söýgi bilen duýduryş berdia. Şol žurnalda seriýallaryň biziň ynsabymyza erbet täsir edýändigi barada aýdyldy. «Her bir ahlaksyz herekedi hakyky söýgini tapmak üçin etdim diýip, özlerini aklaýarlar. Meselem, bir ýaş gyz göwreli bolup, jorasyna şeýle gürrüň berýär: «Men Wiktory söýýärin. Galan zadyň meniň üçin parhy ýok... Bu çaga bolsa meniň bar zadym!» Filimdäki ýakymly sazy eşidip, siz indi, şol gyza başgaça garaýarsyňyz. Siz hem Wiktory gowy görýärsiňiz, hem gyza haýpyňyz gelýär. Siz olaryň ýagdaýyna «düşünýärsiňiz». Serýallaryň janköýeri bolan bir uýa şeýle diýýär: «Islendik ahlaksyzlygy aklaýandygyňa geň galýarsyň. Ahlaksyzlygyň erbetdigini aklyň bilen düşünýärsiň, ýöne ýüregiň bilen olaryň tarapynda durýarsyň».
12. Käbir telegepleşikler baradaky duýduryşyň wagtynda berilýändigi nämeden görünýär?
12 Şol makalalar çap edilenden bäri ahlaksyz gepleşikler köp adamlara eleterli boldy. Şeýle gepleşikler köp ýutlarda bütin günüň dowamyndy görkezilýär. Erkekler, aýallar we ýetginjekleriň ençemesi, köplenç şeýle göwün açmalar arkaly aňyny we ýüregini zaýalaýarlar. Biz durmuşda bolýan zatlar telewideniýede görkezilýän ahlaksyzlykdan has erbet diýmek bilen özümizi aldamaly däl. Mesihçiler öýüne asla çagyrmak islemeýän adamlar bilen göwün açmak islärmidiler?
13, 14. Okyjylar käbir telegepleşikleriň zyýanlydygy baradaky makalalara nähili seslendi?
13 «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» duýduryşyna gulak asmaklyk, köp adamlara peýda getirdi (Matta 24:45—47). Käbir adamlar makaladaky Mukaddes Ýazgylara esaslanan ýönekeý maslahatlaryň nähili täsir edendigi hakynda ýazdylarb. Bir uýa şeýle ýazýar: «Men on üç ýyllap teleserillaryň janköýeridim. Men ruhy taýdan gowşamaryn öýtdüm, sebäbi ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, käwagt wagyz edýärdim. Emma seriallar maňa täsir etdi, çünki men dünýewi adamlar ýaly pikir edip başladym. Är özüni gödek alyp barsa ýa-da seni söýmese, onda oňa biwepalyk etse bolýar, sebäbi onuň özi günäkär. Şol üçin men zyna edip, Ýehowa we ýanýoldaşyma garşy günä etdim». Ol uýa ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Ahyrynda ol eden günäsine düşünip, toba etdi we ýygnak agzasy hökmünde kabul edildi. Oňa teleserial baradaky makala Ýehowa ýaramaýan göwün açmalara seretmezligi ýüregine berk düwmäge kömek etdi (Amos 5:14, 15).
14 Serýallaryň täsir edendigi barada ýene-de bir okyjy şeýle diýýär: «Men bu makalalary okap agladym, sebäbi ýüregimiň Ýehowadan daşlaşandygyna düşündim. Men Hudaýa indi seriýallaryň guly bolmajakdygyma söz berdim». Bir uýa makalalar üçin minnetdarlyk bildirýär we teleseriallary gowy görýändigini sebäpli, şeýle diýýär: «Bu meniň Ýehowa bilen gatnaşygyma täsir etdimikä... diýip ynjalyksyzlandym». Men nädip hem şeýle «dost» edinip, hem-de Ýehowanyň dosty bolup bilerin? Eger ýigrimi bäş ýyl mudan öň, şeýle telegepleşikler adamlaryň ýüregini zaýalan bolsa, onda şu günler nähilikä? (2 Timoteos 3:13). Şeýtanyň bir topar ýaramaz ahlaksyz göwün açmalaryny ulanyp, öz duzagyna düşürjek bolýandygyny ýadymyzdan çykarmaly däl. Olara teleseriýallar, zorlukly wideooýunlar we ahlaksyz şekilli aýdymlar degişli.
Agzalalyk
15. Iblis käbir mesihçileri nädip diri tutýar?
15 Şeýtan Ýehowanyň halkynyň agzybirligini bozmak üçin doganlaryň arasynda döreýän agzalalygy ulanýar. Biz Hudaýa nähili gulluk etsek-de, şol duzaga düşüp bileris. Käbir mesihçiler Iblisiň duzagyna «diri düşdüler», sebäbi olar agzalalyga ýol berip, Ýehowanyň halkyna berýän ajaýyp ruhy azybirligini we parahatlygyny bozdular (Zebur 133:1—3).
16. Şeýtan mekirlik bilen nädip agzybirligimizi bozjak bolýar?
16 Şeýtan Birinji Jahan urşunda Ýehowanyň ýerdäki guramasyny ýok etmek üçin gönüden-göni hüjüm etdi, ýöne üstünlik gazanmady (Ylham 11:7—13). Şondan bäri ol agzybirligimizi bozmak üçin mekirlik bilen hereket edýär. Eger agzalylyk sebäpli agzybirligimiz bozulsa, onda «guş awçysyna» bizi tutmak aňsat bolar. Şeýdip, biz mukaddes ruhuň şahsy durmuşymyza we ýygnaga täsir etmegine ýol bermeýäris. Muňa Şeýtan begener, sebäbi ýygnakdaky parahatlyk we agzybirlik bozulyp, wagyz gullugyna päsgel berer (Efesliler 4:27, 30—32).
17. Agzalalyk dörände, ony çözmek üçin näme etmeli?
17 Imandaşyňyz bilen agzalalyk dörän bolsa, näme edip bilersiňiz? Agzalalygyň döremegine her hili sebäp bolup biler, emma bu ony çözmän goýmagy aňlatmaýar (Matta 5:23, 24; 18:15—17). Mukaddes Ýazgylardaky maslahat Hudaýdan we dogrudyr, şol sebäpli olary ulanmak wajypdyr. Olar mydama gowy netije berýär!
18. Agzalalygy çözmäge Ýehowanyň göreldesi nädip kömek eder?
18 Ýehowa «geçirimlik» etmäge taýyn we onda hakyky «geçirimlilik bardyr» (Zebur 86:5; 130:4). Biz Ýehowanyň söýgüli çagalary bolsak, ondan görelde almaly (Efesliler 5:1). Biziň ählimiz günäli we Ýehowanyň geçirimliligine mätäçdiris. Şol sebäpli, eger kimdir birini bagyşlap bilmesek, onda bizde biynjalyklanmaga sebäp bar. Biz Isanyň tymsalyndaky hyzmatkäre meňzäp bileris. Şol hyzmatkäriň hojaýyny onuň uly bergisini bagyşlaýar. Emma hyzmatkär ýoldaşyndan ujypsyz algysyny bagyşlamak islemeýär. Bu barada hyzmatkäriň hojaýyny eşidip, ony tussag edýär. Isa tymsaly gürrüň berip, sözüni şeýle jemleýär: «Siziň hem her biriňiz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň gökdäki Atam hem sizi şeýle eder» (Matta 18:21—35). Isanyň tymsaly we Ýehowanyň bizi ençeme gezek ýürekden bagyşlaýşy barada oýlansak, doganymyz bilen dörän agzalalygy çözmäge kömek eder! (Zebur 19:14).
«Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde» gizlenmek
19, 20. Şu howply döwürde Ýehowanyň «gizlin ýerine» we «kölegesine» nähili garamaly?
19 Biz howply döwürde ýaşaýarys. Ýehowa bizi söýgi bilen goramadyk bolsa, Şeýtan biziň ählimizi ýok ederdi. «Guş awçynyň» duzagyna düşmez ýaly, göçme manydaky «Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde» we «Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutmaly» (Zebur 91:1).
20 Biz Ýehowanyň ýatlatmalaryna we görkezmesine erkinligimize çäk goýýan ýaly däl-de, oňa gorag hökmünde garamaly. Biziň ählimize adamyň aklyndan has güýçli mekir duşman howp salýar. Ýehowanyň söýgi bilen edýän kömegi bolmadyk bolsa, hiç birimiz onuň duzagyndan gutulyp bilmezdik (Zebur 124:7, 8). Geliň, «guş awçynyň» duzagyndan halas bolar ýaly, Ýehowa doga edeliň! (Matta 6:13)
a 1982-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (iňlisçe) 3—7 sahypalaryna serediň.
b 1983-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (iňlisçe) 23-nji sahypasyna serediň.
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin «adamdan gorky» howply duzak?
• Iblis baýlyk duzagyny nädip ulanýar?
• Şeýtan käbir mesihçileri ahlaksyz göwün açma duzagyna nädip düşürdi?
• Iblis agzybirligimizi bozmak üçin nähili duzak gurýar?