-
«Päk aýal»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
7, 8. a) Nagomy Bowazyň eden ýagşylygy kimdendir öýtdi we näme üçin? b) Rut gaýyn enesine wepaly söýgüsini ýene-de nädip görkezdi?
7 Rut bilen Nagomy Bowazyň eden ýagşylygy barada gürrüň edýär. Nagomy oňa ýene-de: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn!» diýdi (Rut 2:20). Nagomy Bowazyň eden ýagşylygynyň Ýehowadandygyny bilýär. Sebäbi Ýehowa gullukçylyryny jomart bolmaga höweslendirýär we olara eden ýagşylygy üçin bereket berjekdigini wada berýärb (Süleýmanyň tymsallary 19:17-ni oka).
-
-
«Päk aýal»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
11, 12. a) Nagomy Bowaz «hossarymyz» diýende Hudaýyň haýsy kanunyny göz öňünde tutdy? b) Rut gaýyn enesiniň beren maslahatyna nähili garady?
11 Rut ilkinji gezek Bowaz barada gürrüň berende, Nagomy oňa: «Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýýär (Rut 2:20). Nagomy näme diýjek bolduka? Hudaýyň ysraýyllylara beren kanunynda kyn ýagdaýa düşen maşgalalar barada aýdylýardy. Çagasy bolmazdan öň, dul galan aýal ýoldaşynyň ady ýitýändigi we nesliniň galmaýandygy üçin hasam göwnüçökgün bolýardy. Hudaýyň kanunyna görä, ýogalan adamyň nesli dowam edip, onuň maşgalasynyň aladasyny etmek we mülküne eýe çykmak üçin dogany onuň dul galan aýalyna öýlenip bilýärdic (Kan. tag. 25:5—7).
-
-
«Päk aýal»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
b Nagomy Ýehowanyň diňe bir dirilere däl, eýsem ölülere-de ýagşylyk edýändigini aýdýar. Nagomynyň ýoldaşy we iki ogly aýrylypdy. Rutuň bolsa ýoldaşy aradan çykypdy. Olaryň üçüsi hem bu iki aýalyň ýakyn hossarydy. Nagomy bilen Ruta edilen ýagşylyk, olaryň hossarlaryna edilen ýalydy.
c Dul aýala, ilki, ýoldaşynyň dogany, bolmasa ýakyn garyndaşlarynyň biri öýlenip, mülküne eýe bolup bilýärdi (San. 27:5—11).
-