Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr22 Sentýabr sah. 1—12
  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
  • Sözbaşylar
  • 5—11 SENTÝABR
  • 12—18 SENTÝABR
  • 19—25 SENTÝABR
  • 26 SENTÝABR—2 OKTÝABR
  • 3—9 OKTÝABR
  • 10—16 OKTÝABR
  • 17—23 OKTÝABR
  • 24—30 OKTÝABR
  • 31 OKTÝABR—6 NOÝABR
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
mwbr22 Sentýabr sah. 1—12

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

5—11 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 9, 10

«Akyldar Hudaý Ýehowa minnetdar bolalyň»

w99 1/7 sah. 30, abz. 6

Hoşal bolup gaýtdy

Şeba ýurdunyň şa aýaly Süleýmany «kyn soraglar bilen synamaga geldi» (1 Patyşalar 10:1). «Kyn soraglar» diýen ýewreý jümlesi «matallar» diýip hem terjime edilýär. Ýöne şa aýaly Süleýman bilen zehin bäsleşigini geçirmedi. Zebur 49:4-de şu söz günä, ölüm we töleg gurbanyna degişli ulanylýar. Şa aýaly Süleýman bilen wajyp zatlar hakda gürleşdi. Şeýdip, dünýäde Süleýman ýaly akyldar adamyň ýokdugyna göz ýetirdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady. Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, patyşanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady» (1 Patyşalar 10:2, 3).

w99 1/11 sah. 20, abz. 6

Jomartlyk bilen beriň

Süleýman patyşanyň akyldarlygy hakda eşiden we ony öz gözi bilen gören Şeba ýurdunyň şa aýaly: «Seniň parasatly sözleriňi diňleýän... hyzmatkärleriň nähili bagtly!» diýdi (1 Patyşalar 10:4—8). Ol Süleýmanyň hyzmatkärlerine aýşy-eşretde ýaşaýandygy üçin bagtly diýjek bolmady. Ýöne olar dogrudan-da köşkde bolelinlikde ýaşaýardylar. Iň wajyby, Süleýmanyň hyzmatkärleri onuň parasatly sözlerini günde eşidip bilýärdiler. Şa aýaly Hudaýyň gullukçylary üçin hem gowy görelde galdyrdy. Biz Ýehowanyň we Ogly Isa Mesihiň akyldarlygyndan köp zatlary öwrenip, bagtly bolup bilýäris!

w99 1/7 sah. 30, 31

Hoşal bolup gaýtdy

Şeba ýurdunyň şa aýalynyň Süleýmanyň akyldarlygyny, ýurdunyň gülläp ösýändigini görüp, «agzy açyldy» (1 Patyşalar 10:4, 5). Käbirleri «agzy açyldy» diýen jümlä «dili tutuldy» diýip hem düşünýär. Bir alym bolsa onuň özünden gidendigini aýdýar. Şa aýaly gören we eşiden zatlaryna haýran galan bolmaly. Ol günde Süleýmanyň paýhasly sözlerini eşidýän hyzmatkärleriň bagtlydygyny aýtdy. Ony tagta çykaran Ýehowany şöhratlandyrdy. Şeýle-de ol Süleýmana gymmatbaha sowgat-serpaýlary we häzirki pul bilen hasaplanyňda, 40 million dollara barabar altyn berdi. Süleýmanam oňa «islän we soran ähli zadyny… birgiden sowgatlary berdi» (1 Patyşalar 10:6—13).

Ruhy dürdäneler

w08 1/11 sah. 22, abz. 4—6

Şuny bilýäňizmi?

Süleýmanyň näçeräk altyny bolupdyr?

Mukaddes Kitapda Tir patyşasy Huramyň Süleýmana 4 tonna altyn iberendigi, Şebanyň şa aýalynyňam şonçarak altyn getirendigi we Oferdenem 15 tonnadan köpräk altyn gelendigi aýdylýar. «Süleýmana her ýyl 666 batman», ýagny 25 tonnadanam köpräk altyn gelerdi (1 Patyşalar 9:14, 28; 10:10, 14). Dogrudanam, Süleýmanda şunça altyn boldumyka? Gadymy döwürde şeýle köp altynyň bolmagy mümkinmi?

Alymlaryň aýtmagyna görä, b. e. öň 2000—1001-nji ýyllarda ýaşap geçen Müsür faraony Tutmos III Karnakdaky Amun-Ra taňrysynyň buthanasyna 13, 5 tonna altyny bagyş edipdir. B. e. öň VIII asyrda Assiriýa patyşasy Tiglatpileser III Tirden 4 tonna barabar altyn salgyt alypdyr. Wawilon patyşasy Sargon II bolsa şonçarak altyny taňrylaryna peşgeş beripdir. Gadymy döwürde Gresiýanyň Pangeýa diýen ýerinden altyn alyp bolýardy. B. e. öň 359—336-njy ýyllarda ýaşap geçen Makedoniýanyň patyşasy Filip II şol ýerden her ýyl 28 tonnadan gowrak altyn alypdyr.

Filip patyşanyň ogly Isgender Zülkarneýn (b. e. öň 336—323) Pars şalygynyň Suza şäherini basyp alanda, 1 180 tonna altyn alypdyr. Tutuş Pars şalygyndan bolsa 7 000 tonna barabar altyn ýygnapdyr. Şu maglumatlardan çen tutsak, Süleýman patyşanyň hazynasynda hem ummasyz altynyň bolandygyna ynansa bolýar.

12—18 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 11, 12

«Ömür ýoldaşyňy ünsli saýla»

w18.07 sah. 18, abz. 7

Siz Ýehowanyň tarapyndamy?

7 Biz Süleýman patyşa bilen bolan wakadan hem köp zatlary öwrenip bileris. Ol ýaş wagty hemişe Ýehowadan görkezme agtarýardy. Hudaý oňa beýik akyldarlyk berýär we Iýerusalimdäki ajaýyp ybadathanany gurmak hormatyny ynanýar. Emma Süleýman Ýehowa bilen dostlugyny ýitirýär (1 Pat. 3:12; 11:1, 2). Hudaýyň Kanunyna görä, «patyşa özüne köp aýal... edinmeli» däldi. Sebäbi bu onuň «ýüreginiň Rebden dönmegine» getirip bilýärdi (Kan. tag. 17:17). Süleýman bu tabşyryga gulak asmady. Onuň 700 sany aýaly we 300 sany gyrnak aýaly bardy (1 Pat. 11:3). Üstesine-de, aýallarynyň köpüsi ysraýylly däldi we ýalan hudaýlara sežde edýärdi. Görşümiz ýaly, Süleýman Hudaýyň özge milletlerden aýal almazlyk barada beren kanunyna hem gulak asmady (Kan. tag. 7:3, 4).

w19.01 sah. 15, abz. 6

Ýüregiňizi goraň

6 Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edýän we diňe özüni bilýän Şeýtan bizi-de özüne meňzedesi gelýär. Ýöne ol pikirimize täsir edip, bizi özi ýaly hereket etmäge mejbur edip bilmeýär. Ol bu ýaman niýetine ýetmek üçin, başga usullary ulanýar. Mysal üçin, ol özüniň azdyran adamlary bilen gatnaşmagymyzy isleýär (1 Ýah. 5:19). Biz pikirimizi, hereketlerimizi «zaýalaýan» ýa-da «bozýan» erbet adamlar bilen gatnaşyk etmeli däldigimizi bilsek-de, Şeýtan olar bilen gatnaşyp, wagtymyzy hoş geçirmekligi saýlarys diýip tama edýär (1 Kor. 15:33, çykgyt). Onuň bu hilesi hatda Süleýman patyşa-da täsir etdi. Ol ýalan taňrylara çokunýan köp gelin-gyzlara öýlendi. Olaram kem-kemden «onuň ýüregini azdyryp», Ýehowadan daşlaşdyrdy (1 Pat. 11:3).

w18.07 sah. 19, abz. 9

Siz Ýehowanyň tarapyndamy?

9 Ýehowa günäli işlere hiç haçan göz ýummaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderdi» diýilýär. Netijede, Süleýman Hudaýyň goldawyndan we merhemetinden mahrum boldy. Mundan başga-da onuň nesli tutuş Ysraýylyň patyşasy bolmak hukugyny ýitirdi we olar köp ýyllaryň dowamynda agyr kynçylyklara duçar boldy (1 Pat. 11:9—13).

Ruhy dürdäneler

w18.06 sah. 14, abz. 1—4

Ol Hudaýyň merhemetini gazanyp bilerdi

Rehabgam goşunyny ýygnap, pitneçilere garşy söweşmekçi bolýar. Emma Ýehowa Şemagýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir» (1 Pat. 12:21—24).

Rehabgama Ýehowa gulak asmak aňsat boldumy? Halk özüniň täze patyşasy hakda näme pikir eder? Rehabgam halka «gamçy bilen jezalandyrjakdygyny» aýdypdy. Indi bolsa ol pitneçilere garşy söweşmekden el çekmelidi (2 Ýyl ýazgylary 13:7-ni deňeşdiriň). Nähili bolaýanda-da, patyşa hem-de onuň goşuny «Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler».

Biz mundan näme öwrenýäris? Hatda käbir adamlar üstümizden gülse-de, Hudaýa hemişe gulak asmak paýhaslydyr. Ýehowa gulak assak, onuň merhemetini gazanarys we patasyny alarys (Kan. tag. 28:2).

Eýsem, Rehabgam Hudaýa gulak asandygy üçin nähili bereket aldy? Ol Ýahuda we Benýamin taýpalarynyň patyşasy bolup galýar we täze şäherleri gurmagy ýüregine düwýär. Şeýle-de ol köp şäherleri harby taýdan «has-da berkidýär» (2 Ýyl. 11:5—12). Iň wajyby bolsa, Rehabgam birnäçe wagtlap Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asýar. Ýarabgamyň ýolbaşçylygynda on taýpaly demirgazyk patyşalygy ýalan taňrylara sežde edip başlandygy üçin, halkyň köp bölegi «Rehabgama goldaw bermek» we hakyky seždäniň tarapyny tutmak üçin Iýerusalime barýar (2 Ýyl. 11:16, 17). Rehabgam Ýehowa gulak asandygy üçin patyşalygy has-da berkeýär.

19—25 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 13, 14

«Baryňyza kaýyl bolýarsyňyzmy?»

w08 15/8 sah. 8, abz. 4

Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun

4 Soňra Ýeroboam hak Hudaýyň pygamberine: «Ýör, öýe baryp naharlanaly, men saňa sowgat berjek» diýdi (3 Pat. 13:7). Indi, pygamber näme eder? Ol Ýehowanyň höküm habaryny aýdansoň, patyşanyň çakylygyny kabul etmelimi? (Zeb. 119:113). Ýa-da patyşa toba eden ýaly görünse-de, çakylykdan ýüz öwürmelimi? Ýeroboam özüniň hoşamaýlygyny gazanan adama gymmat baha sowgat berip bilýärdi. Pygamberiň ýüreginde baýlyga bolan höwes bolsa, onda patyşanyň teklibi oňa uly synag bolardy. Emma Ýehowa oňa: «Çörek iýme, suw içme we baran ýoluň bilen yzyňa dolanma» diýip tabşyrdy. Pygamber Ýeroboama: «Sen hatda öýüň ýarysyny maňa berseň-de, men seniň bilen gitmerin, bu ýerde çörek iýip, suw içmerin» diýip, pert jogap berdi. Pygamber Beýtelden başga ýol bilen gaýtdy (3 Pat. 13:8—10). Biz pygamberiň Hudaýa bolan wepalylygyndan nähili sapak edinip bileris? (Rim. 15:4).

w08 15/8 sah. 11, abz. 15

Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun

15 Biz ýahudaly pygamberiň eden ýalňyşyndan näme öwrenip bileris? Süleýmanyň tymsallary 3:5-de: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» diýilýär. Ýahudaly pygamber öňküsi ýaly Ýehowa bil baglaman, özüne daýandy. Ol ýalňyşyp, janyndan mahrum boldy we Hudaýyň öňünde ýagşy adyny ýitirdi. Gör, nähili täsirli mysal! Bu özüňe göwnüýetijilikden gaça durup, Ýehowa wepaly gulluk etmegi öwredýär.

w08 15/8 sah. 9, abz. 10

Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun

10 Ýahudaly pygamber garry pygamberiň aldandygyna düşünmelidi. Ol özüne şeýle soraglar berip bilerdi: «Ýehowa maňa täze görkezme bermäge näme üçin perişdesini başga adamyň ýanyna iberdi?» Pygamber bu görkezmäni anyklamak üçin Ýehowa ýüzlenip bilerdi. Emma Mukaddes Ýazgylarda onuň Hudaýa doga edip, görkezme sorandygy barada aýdylmaýar. Gaýtam, «ol çörek iýmek we suw içmek üçin onuň (garry pygamberiň) öýüne dolandy». Bu Ýehowa ýaramady. Aldanan pygamber ýene-de Ýahuda gitmek üçin ýola düşende, «ýolda onuň üstüne ýolbars topulyp, ony öldürdi». Pygamberiň durmuşy we gullugy şeýle pajygaly tamamlandy! (3 Pat. 13:19—25).

Ruhy dürdäneler

w10 1/7 sah. 29, abz. 5

Hudaý gowy zady görýär

1 Patyşalar 14:13-den Ýehowanyň bir gowy häsiýetini bilse bolýar. Ol biziň ýüregimizdäki gowy zady görýär. Ol Abyýaryň hem «ýüreginde ýagşy zady görüpdir». Ýehowa Abyýaryň ýekeje gowy häsiýetini tapmak üçin ony ünsli synlan bolmaly. Bir alym Abyýaryň maşgalasyny daşlara, özüni bolsa dürdänä meňzetdi. Abyýar ganhor maşgalada doglanam bolsa, Ýehowa oňa rehim edip hormat bildirdi.

26 SENTÝABR—2 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 15, 16

«Asa ýaly arassa seždäni yhlasly goraň»

w12 15/8 sah. 8, abz. 4

«Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»

Ysraýyl iki patyşalyga bölünip, 20 ýyl geçensoň, Ýahudada ýalan taňrylara sežde edilip başlandy. B. e. öň 977-nji ýylda Asa tagta çykanda, hatda patyşanyň kazylary hem kenganlylaryň hasyl taňrylaryna sežde edýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylaryň Taryhlar kitabynda Asa patyşalyk eden döwründe ol «Hudaýyň öňünde gowy we dogry zatlary etdi» diýilýär. Asa «ýat ýerli gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlady, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykdy» (2 Tar. 14:2, 3). Şeýle-de Asa diniň adyndan tebigy däl jynsy gatnaşyk edýän, ýagny «ybadathanada jelepçilik edýän erkek adamlary» Ýahudadan kowdy. Asa diňe şeýle hapa zatlardan arassalanmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlara hem «ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany gözlemegi hem-de kanuny we tabşyryklary berjaý etmegi» buýurdy (1 Pat. 15:12, 13; 2 Tar. 14:4).

w17.03 sah. 19, abz. 7

Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!

7 Biz Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy nädip barlap bileris? Munuň üçin özümizden: «Men Ýehowanyň göwnünden turmaga, hakyky seždäni we Hudaýyň halkyny erbet täsirden goramaga jan edýärinmi?» diýip sorasak gowy bolar. Enesi «Magakany melikelikden boşatmak» üçin, Asa patyşa, gör, nähili batyrgaýlyk gerek bolandyr! Belki-de, biz Asanyň enesi ýaly işleri edýän adamlary bilýän däldiris. Ýöne Asa ýaly aýgytly hereket etmeli ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Aýdaly, maşgala agzalarymyzdan biri ýa-da ýakyn dostumyz günä edip, toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilýär. Şonda biz näme ederis? Onuň bilen gatnaşmazlyk üçin elimizde baryny ederismi? Gelnen karary ýürekden goldarysmy?

it «Asa»

Asa

Asa käte nädogry hereket edýärdi, Ýehowa bilen dostlugynyň gadyryny bilmeýärdi. Ýöne gowy häsiýetleri bolandygy we ýurdy butparazlykdan arassalandygy üçin Ýehowa ony bagyşlady. Ol Hudaýa wepaly galan Ýahuda patyşalarynyň biri hökmünde tanalýar (2Tr 15:17). Asanyň höküm süren döwri Ysraýylda 8 patyşa çalyşdy. Olar: Ýerobgam, Nadap, Başa, Elah, Zimri, Omra, Ysraýyl patyşasy Omra garşy çykan Tibni we Ahap. Asa bolsa Ýahudada 41 ýyl höküm sürdi (1Pa 15:9, 25, 33; 16:8, 15, 16, 21, 23, 29). Asa aradan çykansoň, ýerine ogly Ýehoşapat patyşa boldy (1Pa 15:24).

Ruhy dürdäneler

w98 15/9 sah. 21, 22

Siz Hudaýyň sözüne ynanýarsyňyzmy?

Geliň, bir pygamberligiň ýerine ýetişine seredeliň. Ýuşa 6:26-da «Ýuşa: „Kim Ýerihony dikeldip başlasa, goý, ol Ýehowanyň öňünde gargyşa galsyn! Şäheriň düýbüni tutan güni nowbahar oglundan, derwezesini oturdan güni körpe oglundan aýrylsyn“ diýip ant içdi» diýilýär. Şu pygamberlik 500 ýyldan soň ýerine ýetdi. 1 Patyşalar 16:34-de «Ahabyň höküm sürýän döwri beýtelli Hyýal Ýerihony gaýtadan dikeltdi. Ol şäheriň düýbüni tutanda nowbahar ogly Abyramdan, derwezelerini oturdanda bolsa körpe ogly Segupdan aýryldy. Şonda Ýehowanyň Nun ogly Ýuşa arkaly aýdan sözi berjaý boldy» diýilýär. Dogrudanam, Ýehowanyň agzyndan çykan her bir söz ýerine ýetmän galmaýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

g 1/10 sah. 8, 9, çarçuwa

Ýönekeý, ýöne bagtly durmuş

ŞU IŞLERDE IŞLÄP BILERSIŇIZ

Häzir adamlar işsizlikden kösenýär, ýöne size şu maslahatlar kömek eder:

• Öý eýesi iş saparyna ýa-da dynç alşa gitse, öýüne seredip bermek

• Remontdan, ýangyndan we adamlar göçüp gidenden soň, öýleri, iş ýerleri we edaralary arassalap bermek; iş ýerleriň we öýleriň aýnalaryny ýuwmak

• Tigirleri we hojalyk enjamlaryny bejermek (el işlerini we başga-da hünärleri Internetden hem öwrenip bilersiňiz)

• Öýleri, haýatlary, eýwanlary, üçekleri gurmak, reňklemek; gapylary we öý goşlaryny ýasamak

• Ekin-dikine, bag-bakja seretmek

• Iş ýerlerindäki, banklardaky, girelgelerdäki, söwda merkezlerindäki, howlulardaky güllere seretmek

• Ýaşaýyş jaýlarynda we köp gatly binalarda garawulçylyk etmek

• Halylary ýuwmak, pol ýasamak

• Gazet-žurnallary, mahabat kagyzlaryny we başga-da hat-petleri paýlamak (şu işi ýaşlaram, uly adamlaram edip bilýär)

• Goş-golamlary göçürişmek ýa-da saklap bermek

• Baglary, otlary, gülleri gyrkyp bezemek

• Awtobus sürmek

• Surata düşürmek, portret ýasamak

• Gurçuk satmak

• Biriniň iş hakyna derek işläp bermek; meselem, toguňy bejerip beren adamyň maşynyny bejerip bermek

Köpräk bilmek üçin «Oýanyň!» žurnalynyň 1996-njy ýylyň 8-nji martynda çykan sanynyň 3—11-nji sahypalaryna serediň.

Goňşy-golamlaryňyzdan we tanyş-bilişleriňizden iş soraň.

• Çaga seretmek

• Mellegiňden önen önümleri we gülleri satmak, şerbet ýasamak

• Tikinçilik

• Sargyt boýunça işlemek

• Nahar, çörek, köke bişirmek

• Örüm işlerini etmek, toýundan gap ýasamak

• Mebellere daşyny oňarmak

• Hasap-hesip we hatlary çap etmek, kompýuter bilen bagly işleri etmek

• Sorag-jogap gullugynda işlemek

• Dellekhanada işlemek

• Kireýine jaý bermek

• Biriniň ulagyny ýuwup ýa-da sürüp bermek

• Öý haýwanlaryna seretmek

• Gulplary bejermek, açar ýasamak

Bellik: Şu işleri edip bilýändigiňizi gazetlere ýazyp ýa-da duralgalardaky bildiriş tagtasyna asyp bilersiňiz. Munuň üçin köp pul ýa-da asla pul çykmaýar.

3—9 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 17, 18

«Siz haçana çenli ikigöwünli bolup, yraň atyp ýörjek?»

w17.03 sah. 14, abz. 6

Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň

6 Gadymy ysraýyl halky Wada edilen diýara girmänkä, şeýle wajyp karara gelmelidi: Ýehowa sežde etmelimi ýa-da başga taňrylara? (Ýeşuwa 24:15-i okaň). Bu ýönekeý ýaly bolup görünse-de, olaryň gelen karary ýaşaýşa ýa-da ölüme eltip bilerdi. Serdarlaryň döwründe ysraýyllylar gaýta-gaýta nädogry ýoly saýladylar. Olar Ýehowadan ýüz öwrüp, ýalan taňrylara sežde etdiler (Ser. 2:3, 11—23). Ýa-da başga wakany ýadymyza salalyň. Ylýas pygamber Hudaýyň halkyna belli bir karara gelmegiň wajypdygyny nygtady. Olar Ýehowa ýa-da Bagal taňrysyna sežde etmegi saýlamalydy (1 Pat. 18:21). Ylýas pygamber ikigöwünli halky ýazgardy. Belki-de, siz: «Bu ýönekeýje karar-a. Munuň üçin ikirjiňlenmek nämä gerek?! Ýehowa gulluk etmek paýhasly we hemişe peýda getirýär ahyryn» diýýänsiňiz. Dogrudan-da, Bagala sežde etmegi saýlamak akylsyzlykdy. Ysraýyllylar şonda-da «ikigöwünli bolup, yraň atyp ýördüler». Ylýas pygamber olary iň gowy ýoly, ýagny Ýehowa sežde etmegi saýlamaga höweslendirdi.

ia bap 10, abz. 15

Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy

15 Bagalyň pygamberleri gaty gaharlanyp, «batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaralasalar-da», bary biderekdi. Sebäbi «ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar» (1 Pat. 18:28, 29). Aslynda, Bagal taňrysy ýokdy. Şeýtan ony adamlaryň gözüni baglap, Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin oýlap tapypdy. Dogrudanam, Ýehowadan başga hojaýyna gulluk etmek lapykeç edýär we utanja goýýar (Zebur 25:3; 115:4—8-nji aýatlary oka).

ia bap 10, abz. 18

Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy

18 Ylýas pygamber doga etmezden öň, adamlar Ýehowa-da Bagal ýaly aldawçydyr öýdendir. Ol doga edensoň, Hudaý derrew gudrat görkezdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrýar, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady» diýilýär (1 Pat. 18:38). Ýehowa täsin jogap berýär! Adamlar muňa nähili seslendi?

Ruhy dürdäneler

w08 1/4 sah. 19, çarçuwa

Ol sabyrly garaşdy

Ylýas pygamberiň döwründe gurakçylyk näçe wagta çekdi?

Ýehowanyň guly Ylýas Ahap patyşa gurakçylygyň gutarjakdygyny aýtdy. Ylýasyň döwri boýunça hasaplanyňda, gurakçylyk «üç ýyl diýlende» gutardy (1 Patyşalar 18:1). Ylýas pygamber Ýehowanyň Sözüni aýdan badyna ýagyş ýagyp başlady. Käbirleri gurakçylyk üç ýyl ýa-da ondanam az bolan bolmaly diýip pikir edýär. Isa-da, Ýakup şägirdem Ylýasyň döwründäki gurakçylygyň üç ýarym ýyl bolandygyny aýtdy (Luka 4:25; Ýakup 5:17). Onda Mukaddes Kitapdaky aýdylýan zatlar bir-birine garşy gelýärmi?

Ýok, gadymy döwürde Ysraýylda, adatça, gurakçylyk döwri 6 aýa çenli dowam edýärdi. Ylýas pygamber birinji gezek Ahaba Ýehowanyň habaryny ýetirende bolsa, ýurtda açlyk eýýäm güýjäpdi. Gurakçylyk döwri 6 aý öň başlapdy. Ylýas pygamber Ahap bilen ikinji gezek görşüp, ýagşyň ýagjakdygyny aýdanda bolsa üç ýyl geçipdi. Diýmek, gurakçylyk üç ýarym ýyl bolupdy. Şonda halk Karmel dagyna ýygnanyp, Bagalyň däl-de, Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirdi.

Adamlar Bagaly «bulutlaryň eýesi», gurakçylyk döwri ýagyş ýagdyrýan taňry hasaplapdyr. Gurakçylyk döwri uzaga çekiberse, adamlar: «Bagal dadymyza ýetişmezmikä? Haçan ýagyş ýagdyrarka?» diýýärdiler. Ýöne Karmel dagynda Bagalyň pygamberlerini öldürýänçäler, ýere «ne çyg düşdi, ne-de ýagyş ýagdy» (1 Patyşalar 17:1).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w14 15/2 sah. 14, 15

Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar

Sarepatly dul aýal butparaz adamlaryň arasynda ýaşasa-da, Ýehowa iman edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa pygamberini iberip, hem aýaly, hem gullukçysyny halas etmekçidi. Biz mundan wajyp sapak edinip bileris.

Sarepatyň butparaz ýaşaýjylarynyň ählisi erbet däldi. Ýehowa Ylýasy dul aýalyň ýanyna iberip, akýürekli adamlar hakda-da — Ýehowanyň gullukçylary bolmasalar-da — alada edýändigini görkezdi. Dogrudan-da, Hudaý «her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Res. iş. 10:35).

Siziň ýaşaýan ýeriňizde sarepatly dul aýal ýaly adamlar barmy? Olar butparaz adamlaryň arasynda ýaşasalar-da, gowy durmuşy arzuw edýändirler. Belki-de, olaryň Ýehowa barada biraz bilimi bardyr, belki-de, Ol hakda hiç zady bilýän däldirler. Näme-de bolsa, olara arassa seždäni kabul etmäge kömek etmeli. Siz şeýle adamlary agtarýarmysyňyz?

«ÖŇÜRTI MAŇA BIR KIÇIJIK ÇÖREK BIŞIRIP GETIR»

Kimdir biri: «Soňky çöregimi bermelimi? Sen oýun edýän-ä dälsiň?» diýip bilerdi. Emma dul aýal beýle diýmedi. Onuň Ýehowa barada bilimi örän çäkli bolsa-da, ol Ylýasa ynandy we onuň aýdyşy ýaly-da etdi. Dul aýalyň imany üýtgeşik edip synalsa-da, ol paýhasly karara geldi!

Ylýas pygamberiň aýdyşy ýaly, Hudaý dul aýaly terk etmedi. Ýehowa Ylýasy, dul aýaly we ogluny tä gurakçylyk gutarýança iýmit bilen üpjün etdi. Dogrudan-da, «Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi» (1 Pat. 17:16; 18:1). Eger aýal başgaça hereket eden bolsa-dy, onda ol galan ujypsyzja unundan we ýagyndan iň soňky gezek nahar taýýarlamaly bolardy. Emma ol Ýehowa bil baglap, ilki bilen, Ylýasy naharlady.

1898-nji ýylyň «Sion garawul diňi» žurnalynda sarepatly dul aýal bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimiz barada şeýle diýilýär: «Dul aýal Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözüne iman edip, gulak asandygy üçin, Hudaý oňa kömek edýär. Eger ol iman etmedik bolsa, onda Hudaý islegini ýerine ýetirmek üçin başga bir dul aýala ýüzlenerdi. Biz hem Hudaýa iman edýändigimizi görkezsek, bereket taparys, ýogsam Onuň merhemetinden mahrum bolarys».

«SEN... MENIŇ OGLUMY ÖLDÜRMÄGE GELDIŇMI?»

Dul aýalyň imany ýene-de synalýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlaýar. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykýar». Hasrat çekýän ene betbagtçylygyň sebäbini bilmek üçin, Ylýasa ýüzlenip: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýýär (1 Pat. 17:17, 18). Şeýle ajy sözleri aýtmaga ony näme mejbur etdikä?

Belki-de, dul aýalyň etmişi ýadyna düşüp, ynsaby kösändir? Ol oglunyň aradan çykmagyny Hudaýyň jezasy hasaplap, Ylýas pygamberi bolsa, onuň habarçysydyr öýdendir? Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar. Emma dul aýal Hudaýa hiç hili dil ýetirmändir.

«SERET, SENIŇ OGLUŇ DIRELDI»

Dul aýal barada diňe 1 Patyşalar kitabynyň 17-nji babynda gürrüň berilse-de, Isanyň ol hakda aýdan ýagşy sözlerinden onuň ömrüniň ahyryna çenli Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolandygyny bilse bolýar (Luka 4:25, 26). Bu waka Hudaýyň gullukçylaryna ýagşylyk eden adamy Onuň ýalkajakdygyny görkezýär (Mat. 25:34—40). Şeýle-de ol Ýehowa wepaly gullukçylarynyň agyr günlerinde-de aladasyny etjekdigine ynandyrýar (Mat. 6:25—34). Galyberse-de, bu Ýehowanyň ölüleri direltmäge isleginiň we güýjüniň bardygyny subut edýär (Res. iş. 24:15). Şol sebäpli, geliň, sarepatly dul aýal bilen bolan wakany ýatdan çykarmalyň!

10—16 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 19, 20

«Ýehowa göwünlik berýän Hudaý»

w19.06 sah. 15, abz. 5

Kyn günüňizde Ýehowa bil baglaň

5 1 Patyşalar 19:1—4-nji aýatlary okaň. Emma Izebel Ylýasy öldürmegi ýüregine düwende, ol gaty gorkýar we Beýerşeba gaçyp gidýär. Ylýas pygamber şeýle bir göwnüçökgünlige düşýär welin, hatda «öz ölümini dileýär». Ol näme üçin öz ölümini diledikä? Mukaddes Ýazgylarda: «Onuň biziňki ýaly duýgulary bardy» diýilýär (Ýak. 5:17). Mümkin, ol kynçylykdan ýaňa tapdan düşüp, özüni gaty erbet duýandyr. Ylýas pygamber halka Ýehowa dolanmaga kömek etmek üçin eden tagallasy biderek boldy, ysraýyllylar gowy tarapa üýtgemedi, diňe men Ýehowa arassa sežde edýän diýip pikir eden bolmaly (1 Pat. 18:3, 4, 13; 19:10, 14). Ýehowanyň wepaly pygamberiniň öz ölümini dilemegi, belki, bizi geň galdyrýandyr. Emma Ýehowa Ylýas pygamberiň nähili duýgulary başdan geçirýändigine gowy düşünýärdi.

ia bap 12, abz. 13

Hudaý oňa teselli berdi

13 Ylýas pygamber çölde gyrymsy agajyň aşagynda ölümini dilände Ýehowa näme etdi? Ol uka gidensoň, Ýehowa onuň ýanyna perişdesini iberýär. Perişde Ylýasy ýuwaşlyk bilen yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýýär. Perişde Ylýasa gyzgyn çörek bilen suw berýär. Ol perişdä sagbolsun aýtdymy? Mukaddes Ýazgylarda onuň diňe iýip-içip, ýene-de ýatandygy aýdylýar. Ol göwnüçökgün bolansoň hiç zat diýmedimi? Her näme-de bolsa, perişde ony daňa golaý ikinji gezek oýarýar. Ol Ylýas pygambere ýene-de «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi (1 Pat. 19:5—7).

ia bap 12, abz. 21

Hudaý oňa teselli berdi

21 Biz Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň ýöne bir tebigy güýç däldigini bilýäris. Ylýas pygamber Ýehowanyň «buludyň üstünde oturyp», ýagyş ýagdyrýan Bagal ýaly ýalan taňry däldigini bilýärdi. Ýehowa ähli tebigy güýçleriň Gözbaşy bolandygy üçin, ol ýaradan zatlarynyň ählisinden güýçlüdir. Hatda göklerem Ýehowany içine sygdyryp bilmeýär! (1 Pat. 8:27). Ylýas pygambere gören zatlary nähili täsir etdi? Ýadyňa düşýän bolsa, Ylýas pygamber gorkupdy. Indi ol Gudratygüýçli Ýehowanyň onuň tarapyndadygyny bilip, Ahapdan we Izebelden gorkmaýar (Zebur 118:6-ny oka).

ia bap 12, abz. 22

Hudaý oňa teselli berdi

22 Ylýas pygamber ot geçensoň, «mylaýym, pessaý sesi» eşidýär. Ylýas pygambere ikinji gezek ýüregindäkini aýtmaga mümkinçilik berilýär. Belki, onuň ýüregi şondan soň ynjalyk tapandyr. «Mylaýym, pessaý sesiň» aýdan soňky sözleri onuň göwnüni has-da göterýär. Ylýas pygamber özüni dereksiz duýmaz ýaly, Ýehowa oňa göwünlik berýär. Nädip? Ýehowa Ysraýylda Bagal taňrysyny ol arkaly ýok etjekdigini aýtdy. Görşümiz ýaly, Ylýas pygamberiň eden işleri biderek däldi, sebäbi Hudaýyň niýeti indi amala aşmalydy. Galyberse-de, Ýehowa niýetiniň Ylýas pygamber arkaly amala aşmagyny isleýärdi. Şol sebäpli Hudaý ony aýratyn ýumuş bilen yzyna iberýär (1 Pat. 19:12—17).

Ruhy dürdäneler

w97 1/11 sah. 31, abz. 2

Köp zadyndan geçýän wepaly halk

Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa gulluk etmek üçin köp zadyndan geçýär. Olar «melleklerini taşlap» gaýdýar, ýagny uzak ýerlerde hoş habary wagyz etmek ýa-da Beýtelde gulluk etmek üçin işinden çykýar, öýünden gaýdýar. Käbirleri guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak üçin daşary ýurtlara göçýär. Köpleri bolsa adamlaryň pes hasaplaýan işlerinem höwes bilen edýär. Biz nähili iş etsegem, Ýehowa gymmat saýýar. Ol halkynyň çekýän zähmetiniň gadyryny bilýär we köp zadyndan geçendigi üçin olara artygy bilen bereket berýär (Markus 10:29, 30).

17—23 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 21, 22

«Ygtyýarly Hudaýdan görelde alyň»

it «Serkerdebaşy Ýehowa»

«Serkerdebaşy Ýehowa»

Ýuşa Ýerihonyň golaýynda perişdä duşanda: «Sen biziňkilerdenmi ýa duşmanlardan?» diýip sorady. Şonda perişde: «Men Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi» diýdi (Ýuş 5:13—15). Mikhaý pygamber Ahap bilen Ýehoşapat patyşa: «Görsem, Ýehowa tagtda otyr, gökleriň ähli goşuny sag hem çep tarapynda dur» diýdi. Mikhaý perişdeleri göz öňünde tutan bolmaly (1Pa 22:19—21). «Ýehowanyň goşunynda» diňe keruplar, seraplar däl-de, başga-da birgiden perişdeler bar (Işa 6:2, 3; 1Ms 3:24; Ylh 5:11). Isa Mesihem: «Men Atamdan häziriň özünde 12 goşundan hem köp perişde ibermegini haýyş edip bilmerin öýdýäňmi?» diýdi (Mat 26:53). Hizkiýa patyşa Ýehowadan kömek sorap doga edende: «Serkerdebaşy Ýehowa! Sen keruplaryň üstünde tagtda otyrsyň» diýdi. Äht sandygynyň üstündäki keruplar Ýehowanyň gökdäki tagtyny suratlandyrýan bolmaly (Işa 37:16; deňeşdiriň: 1Şm 4:4; 2Şm 6:2). Alyşanyň hyzmatkäri şäheri gaban duşmanlary görüp gorkanda, Ýehowa oňa gudrat arkaly görnüş görkezdi. Ol «daglarda birgiden atlary we söweş arabalary gördi, olar Alyşanyň daşynda ot ýaly lowlap durdy». Şol atlylar Ýehowanyň perişdelerden ybarat goşunydy (2Pa 6:15—17).

w21.02 sah. 4, abz. 9

Isa Mesih erkek adamyň başy

9 Pesgöwünlik. Ýehowa hemmelerden akyldar bolsa-da, hudaýhon adamlaryň pikirini diňleýär (1 Mus. 18:23, 24, 32). Ol perişdelere-de pikirini aýtmaga rugsat berýär (1 Pat. 22:19—22). Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý, emma adamlardan başarmajak zadyny talap etmeýär, gaýtam olara güýç berip goldaýar (Zeb. 113:6, 7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «hemaýatkär» Hudaýdygy barada ýazylan (Zeb. 27:9; Ýew. 13:6). Dawut patyşa pesgöwünli Hudaýyň kömegi bilen köp ýeňişleri gazanandygyny aýdýar (2 Şam. 22:36).

it «Ýalan»

Ýalan

Ýehowa Hudaý ýalany söýýän adamlaryň Isa Mesih baradaky hoş habara däl-de, «ýalana ynanmaklary üçin, olara aldawyň täsirine düşüp, azaşmaklaryna ýol berýär» (2Sl 2:9—12). Bu ençeme asyr mundan öň Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen bolan wakadan aýdyň görünýär. Ýalan pygamberler ony Ramotgilgadyň üstünden ýeňiş gazanjakdygyna ynandyrdylar. Emma Ýehowanyň pygamberi Mika Ahabyň ýeňiljekdigini pygamberlik edipdi. Mika pygamber görnüşde Ýehowanyň perişdesi arkaly Ahabyň pygamberleriniň ýalan sözlemegine ýol berendigini görýär. Şol perişde pygamberlere şeýle bir täsir edýär welin, olar patyşa ýalan sözleýärler, ýagny öz aýtmak isleýän we patyşanyň eşitmek islän zadyny aýdýarlar. Emma Ahap patyşa duýduryş alandan soň hem, ýalana ynandy we netijede, janyndan mahrum boldy (1Pat 22:1—38; 2Ýlz 18).

Ruhy dürdäneler

w21.10 sah. 3, abz. 4—6

Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar?

4 Ýehowa Hudaýyň sabyr käsesi dolýar. Ol Ylýas pygamber arkaly Ahap bilen Izabele çykaran hökümini yglan edýär. Şeýle-de olaryň bütin tohum-tijini ýer ýüzünden ýok etjegini aýdýar. Ahap patyşa muny eşidende gaharlandymy? Ýok! Ulumsy patyşa Ahap Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltdi (1 Pat. 21:19—29).

5 Ahap patyşa pälinden gaýtsa-da, ýürekden toba etmändi. Sebäbi ol ýurtdan butlary ýok etmedi we Ýehowa edilýän arassa seždäni dikeltmedi. Ahap patyşanyň ýürekden toba etmändigini ýene nämeden bilse bolýar?

6 Günlerde bir gün Ahap Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapata siriýalylara garşy söweşmegi teklip edýär. Şonda Ýehoşapat ilki bilen Ýehowanyň pygamberinden maslahat soramagy haýyş edýär. Ahap Ýehoşapatyň haýyşyny göwnemän: «Ýehowanyň ýene bir pygamberi bar... Ýöne men ony ýigrenýärin, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar» diýýär. Olar şonda-da Mikhaý pygamberi çagyryp, oňa maslahat salýarlar. Ahabyň aýdany dogry bolup çykdy, Mikhaý ýene-de ol hakda erbet zat aýtdy. Ahap eden günälerine toba edip, Ýehowadan ötünç soramagyň deregine, Mikhaýy zyndana saldyrýar (1 Pat. 22:7—9, 23, 27). Patyşa pygamberi zyndana salsa-da, Ýehowanyň hökümini ýatyryp bilmeýär. Pygamberiň aýdyşy ýaly, Ahap söweşde ölýär (1 Pat. 22:34—38).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w15 15/3 sah. 9—11, abz. 10—12

«Seniň halaýşyň şeýledi»

10 Ýehowa «sadyk hem akylly hyzmatkäre» paýhaslylyk bilen öwretmäge kömek edýär. Ol wakalary we olaryň uly möçberde ýerine ýetmegini Mukaddes Ýazgylara esaslanyp düşündirýär. Köp adamlara öňki düşündirişlere, ondaky jikme-jikliklere we meňzetmelere düşünmek kyn bolýar. Şeýle-de kimiň kimi aňladýandygyna we onuň sebäbine dogry düşünmek, ýatda saklamak we durmuşda ulanmak aňsat bolmaýar. Şonuň üçin biz Mukaddes Ýazgylardaky wakalary we olaryň ýerine ýetişini çintgäp öwrensek, ahlak kadalaryna eýerip, sapak edinip bilmeris. Şu günler edebiýatlarymyzda iman, aýypsyzlyk we wepalylyk ýaly wajyp häsiýetlere eýermegimize has-da köp üns berilýär.

11 Şu günler Nabot bilen bolan waka nähili düşündirilýär? Has aýdyň we ýönekeý: bu dogruçyl adam aýypsyz galandygy üçin öldürilýär. Onuň ölümi Isa ýa-da mesh edilen mesihçiler bilen deňeşdirilmeýär. Nabot yzarlamalara garamazdan, Ýehowanyň kanunyny bozmaýar (San. 36:7; 1 Pat. 21:3). Ol biziň üçin gowy görelde galdyrýar. Sebäbi her birimiz şeýle ýagdaýa uçrap bileris (2 Timoteos 3:12-ni okaň). Wakalaryň ýönekeý düşündirilmegi her bir adamyň imanyny berkitmäge, ýadynda galmaga we durmuşynda ulanmaga kömek edýär.

12 Indi biz Mukaddes Ýazgylardaky wakalary hiç zat bilen deňeşdirmän, ondan diňe sapak edinmeli diýen netijä gelmelimi? Ýok. Olar bize ýatlatma ýa-da mysal hökmünde kömek edýär. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar we olaryň uly möçberde ýerine ýetişi käte düşündirilýär. Meselem, Nabotyň soňky demine çenli aýypsyz galmagy Isa Mesihiň, mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» Hudaýa wepalylygy bilen deňeşdirilýär. Hawa, şeýle ýönekeý we aýdyň deňeşdirmeler Hudaýyň öwredýändigini görkezýär.

24—30 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 1, 2

«Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter»

w15 15/4 sah. 13, abz. 15

Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär

15 Elýaşanyň galdyran göreldesi doganlara tejribeli ýaşululara nädip hormat goýmalydygyny öwredýär. Ylýas bilen Elýaşa Ýerihoda ýaşaýan pygamberler bilen görüşenden soňra Iordana tarap ýola düşýärler. Derýanyň kenarynda «Ylýas donuny alyp, düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi». Olar derýanyň beýleki kenaryna geçip, ýene-de gürrüňini dowam etdiler. Ýöne Elýaşa indi hemme zady bilýärin diýmegiň deregine, mugallymynyň aýdýan her bir sözüni ýere gaçyrman ünsli diňleýärdi. Soňra Ylýas pygamber harasat içinde göge göterilýär. Elýaşa yzyna dolanýar we Iordanyň kenaryna baryp: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrýar. Ol pygamberden galan dony alyp, suwa urýar we suw ýene-de iki tarapa bölünýär (2 Pat. 2:8—14).

w15 15/4 sah. 13, abz. 16

Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär

16 Üns beren bolsaňyz, Elýaşanyň ilkinji gudraty Ylýas pygamberiň soňky gudratyna meňzeşdi. Mundan näme öwrense bolar? Elýaşa pygamber bolandan soňra men hemme zady başgaça etmelidirin diýip pikir etmeýär. Gaýtam, ol mugallymyna hormat goýýandygyny iş ýüzünde görkezip, beýleki pygamberleri hem ruhlandyrýar (2 Pat. 2:15). Elýaşa pygamber bolup 60 ýyllap gulluk edýär we Ýehowa oňa Ylýasdanam köp gudratlary görkezmäge güýç berýär. Okuwçylar onuň göreldesine nädip eýerip bilerler?

Ruhy dürdäneler

w05 1/8 sah. 9, abz. 1

Ikinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler

2:11. «Ylýas güýçli harasat içinde asmana göterildi» diýen sözler nämäni aňladýar? Aýatda «asman» diýlende, älem giňişligi ýa-da Hudaýyň we perişdeleriň ýaşaýan ýeri göz öňünde tutulmaýar (5 Musa 4:19; Zebur 11:4; Matta 6:9; 18:10). Ylýas pygamber göni manyda asmana göterildi (Zebur 78:26; Matta 6:26). Ol ýeriň çäginden çykmady, ýel ony aýlap-aýlap başga ýere äkitdi. Ylýas pygamber ölmedi, sebäbi biraz wagtdan soň ol Ýahuda patyşasy Ýehorama hat ýazdy (2 Taryh 21:1, 12—15).

31 OKTÝABR—6 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 3, 4

«Ynha ogluň!»

w17.12 sah. 4, abz. 7

«Men onuň... direljekdigini bilýärin»

7 Ýazgylarda agzalan ikinji direliş Ylýasdan soň pygamber bolan Elýaşanyň döwründe bolupdy. Şunemde ýaşaýan bir ysraýylly tanymal aýal Elýaşa pygambere çäksiz myhmansöýerlik bildirýär. Hudaý pygamberi arkaly bu önelgesiz aýala we onuň gartaşan ýanýoldaşyna bir ogul berýär. Birnäçe ýyl geçensoň, oglanjyk aradan çykýar. Ýürek agyrysyndan ýaňa enäniň hasrat çekişini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Ol ýoldaşynyň rugsady bilen 30 km ýol söküp, Karmel dagynda ýaşaýan Elýaşanyň ýanyna barýar. Pygamber hyzmatkäri Geýhaza öňlerinden Şuneme gitmegi buýurýar. Emma Geýhazy oglanjygy direldip bilmeýär. Soňra gam-gussaly ene bilen Elýaşa gelýär (2 Pat. 4:8—31).

w17.12 sah. 4, abz. 8

«Men onuň... direljekdigini bilýärin»

8 Elýaşa çaganyň ýatan otagyna girip, doga edýär. Şonda çaga gudrat bilen direlýär we Elýaşa ony ejesine berýär (2 Patyşalar 4:32—37-nji aýatlary okaň). Çaganyň ejesi öň önelgesiz bolan Hannanyň ogly Şamuweli çadyra getirip, dogasynda aýdan şu sözlerini ýadyna salan bolmaly: «Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir» (1 Şam. 2:6). Hawa, Hudaý oglanjygy direldip, ölülere ýaşaýşy gaýtaryp bilýändigini subut etdi.

Ruhy dürdäneler

it «Pygamber»

Pygamber

«Pygamber ogullary». Bir kitapda şeýle diýilýär: «„Ben“ (ogul) ýa-da „beneh“ (ogullar) diýen ýewreý sözi „bir toparyň ýa-da taýpanyň agzasyny“ aňladýan bolmaly» («Gesenius Hebrew Grammar, Oxford 1952», sahypa 418). «Atyr ýasaýanlardan» diýlende, atyr ýasaýanlaryň ogullary göz öňünde tutulýar (Neh 3:8-i deňeşdiriň). Şeýle-de «pygamber ogullary» din ugrundan ýörite tälim berýän mekdebi ýa-da pygamberlerden ybarat topary hem aňladýan bolmaly. Şeýle toparlar Beýtelde, Ýerihonda we Gilgalda bolupdyr (2Pa 2:3, 5; 4:38; deňeşdiriň: 1Şm 10:5, 10). Şamuwel hem Ramadaky pygamberler toparyna ýolbaşçylyk edipdir (1Şm 19:19, 20). Alyşa-da şeýle toparlaryň birine gözegçilik eden bolmaly (2Pa 4:38; 6:1—3; deňeşdiriň: 1Pa 18:13). Pygamber ogullary sada ýaşapdyr, öýlerini-de özleri gurupdyr, hatda zähmet gurallaryny-da wagtlaýyn alypdyr. Köplenç bile ýaşapdyrlar, bile iýip-içipdirler. Ýöne käte olaryň hersine aýratyn ýumuş tabşyrylýardy (1Pa 20:35—42; 2Pa 4:1, 2, 39; 6:1—7; 9:1, 2).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w13 15/8 sah. 28, 29

Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?

Bir sapar Ylýas pygamber Elýaşa ýer sürüp ýörkä, ýanyna baryp, donuny onuň egnine atdy. Elýaşa munuň näme aňladýandygyny bilýärdi. Ol meýlis gurnap, ata-enesi bilen hoşlaşyp, öýüni taşlap gitdi we Ylýasa hyzmat edip başlady (1 Pat. 19:16, 19—21). Elýaşa Hudaýa doly gulluk etmek üçin, elinde baryny etmäge taýyndy. Şol sebäpli ol Ýehowanyň elinde gural ýaly boldy we iň soňy Ylýasa derek pygamber boldy.

Elýaşa Ylýas pygambere alty ýyl hyzmat etdi. Şol wagt Elýaşa «Ylýasyň eline suw akydardy» (2 Pat. 3:11). Şol döwür adamlar köplenç eli bilen iýýärdi. Nahardan soň hyzmatkär hojaýynyň eline suw akdyryp, ýuwdurýardy. Elýaşanyň bitirýän işi abraýly bolmasa-da, ol Ylýasyň hyzmatkäri bolmagy uly hormat saýýardy.

Şu günlerem mesihçileriň köpüsi doly wagt gullugyň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýärler. Olar muny Hudaýa iman edýändigi we bar güýji bilen Ýehowa gulluk etmek isleýändigi üçin edýärler. Olar köpleriň abraýsyz hasaplaýan işlerinde, ýagny Beýtelde, guramanyň gurluşyk işlerinde we ş. m. ýerlerde işlemek üçin, öýüni goýup gidýärler. Hiç bir mesihçi şeýle gullugy wajyp däl ýa-da abraýsyz hasaplamaly däl, çünki muny Ýehowa gymmat saýýar (Ýew. 6:10).

ELÝAŞA IŞINE YHLASLY ÝAPYŞDY

Hudaý «Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermezden öň», ony Gilgaldan Beýtele iberdi. Ylýas Elýaşa yzyma düşme diýse-de, ol: «Men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Olaryň ikisi ýoluny dowam edýärkä, Ylýas Elýaşa iki-üç sapar gal diýse-de, ol onuň yzyndan galmady (2 Pat. 2:1—6). Rutuň Nagomy bilen bile gidişi ýaly, Elýaşa hem Ylýasyň yzyndan galmady (Rut 1:8, 16, 17). Näme üçin? Sebäbi Elýaşa Hudaýyň ynanan Ylýas pygambere hyzmat etmek işiniň gadyryny bilýärdi.

Elýaşa bize gowy görelde galdyrdy. Hudaýyň guramasynda bize haýsydyr bir iş ynanylsa, oňa Ýehowa gulluk etmek ýaly garasak, onda ony gymmat saýarys. Sebäbi mundan uly hormatly iş ýokdur (Zeb. 65:4; 84:10).

«MENDEN ISLÄN ZADYŇY SORA»

Ylýas bilen Elýaşa bile gidip barýarkalar, Ylýas oňa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Birnäçe ýyl mundan öň Süleýman patyşa mukaddes ruhuň gerek bolşy ýaly, Elýaşa hem güýç gerekdi. Ol Ylýasyň ruhundan iki esse artyk ruhy diledi (1 Pat. 3:5, 9; 2 Pat. 2:9). Gadymy wagtda Ysraýylda her bir adam ilkinji ogluna emläginden iki esse paý bermelidi (Kan. tag. 21:15—17). Şol sebäpli Elýaşa Ylýasdan oňa derek Hudaýyň pygamberi bolmagyny haýyş etdi. Onsoňam, Elýaşa Ylýas pygamber ýaly, Ýehowa yhlasly gulluk edip, batyrgaý bolmak isleýärdi (1 Pat. 19:13, 14).

Ylýas pygamber hyzmatkäriniň haýyşyna näme jogap berdi? Ol: «Kyn zat dilediň. Emma muňa garamazdan, eger sen meniň öz ýanyňdan göterilip barýanymy görseň, diňe şonda dilegiň kabul bolar. Eger-de meni görüp bilmeseň, onda dilegiň bitmez» diýdi (2 Pat. 2:10). Ylýasyň beren jogabynyň iki manysy bar. Birinjisi, Elýaşanyň dilegini bitirmelimi ýa-da bitirmeli däldigini diňe Hudaý çözýär. Ikinjisi, Elýaşa dilegi biter ýaly, näme bolaýanda-da, Ylýasyň ýanynda bolmagy ýüregine düwmelidi.

ELÝAŞA NÄME GÖRDI?

Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan donuny alyp, egnine atdy. Bu don indi Elýaşanyň Hudaýyň pygamberi bolandygyny aňladýardy. Soňra gudrat arkaly Iordan derýasynyň ikä bölünmegi hem onuň pygamber bolandygyny subut etdi.

Elýaşa Ylýas pygamberiň harasat bilen göge göterilýändigini görende, bu oňa örän täsir etdi. Onsoňam, adam alaw söweş arabasyny we alaw atlary günde görüp durmaýar ahyryn! Bu Ýehowanyň Elýaşanyň haýyşyny bitirendigini görkezýär. Hudaý biziň dilegimizi eşidende, görnüş arkaly alaw söweş arabalaryny we alaw atlary görmeýäris. Emma biz Hudaýyň islegini berjaý etmäge güýjüniň ýetýändigine göz ýetirýäris. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna ak pata berýändigine üns bersek, gökdäki arabasynyň hereketdedigini «görýäris» (Ezek. 10:9—13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş