«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
4—10 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 18, 19
«Barzylla goja ýaly pespäl boluň»
Çägini bilýän Barzylla goja
Dawut patyşa Barzylla gojanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilýärdi. Ýöne ol Barzyllanyň beren kömegini yzyna gaýtarjak bolmady, sebäbi goja baýdy, zada zar däldi. Dawut onuň adamkärçiligini gowy görüp, ýany bilen köşge äkitmek isledi. Elbetde, Barzylla şa köşgünde ýaşan bolsa, at-abraýly, ygtyýarly bolup, patyşanyň dosty diýlip tanalardy.
Çägini bilýän Barzylla goja
Barzylla garrapdy, öňki ýaly güýç-gurbaty ýokdy, bir aýagy gördedi (Zebur 90:10). Şol sebäpli Barzylla Dawut patyşa bilen köşge gitmedi. Ol Dawuda elinden gelen kömegi etdi. Emma Barzylla ýaşynyň bir çene barandygyny, indi köp zat edip bilmejekdigini gowy bilýärdi. «Köşkde ýaşaryn! At-abraýly bolaryn!» diýen pikir onuň başyny aýlamady. Barzylla «ýorganyna görä aýak uzatdy». Ol tekepbir Abselimden tapawutlylykda, pespäl bolup çägini bilýärdi (Nakyllar 11:2).
Çägini bilýän Barzylla goja
Biz Barzylla gojadan çägiňi bilmek hakda köp zady öwrenýäris. Elbetde, biz arkaýyn, rahat ýaşamak üçin köp jogapkärçiligi almakdan gaçmaýarys. Şeýle-de biz başarmarys öýdüp, ýygnakda tabşyrylan işlerden ýüz öwürmeýäris. Eger Ýehowa bil baglasak, ol bize islendik ýumşy ýerine ýetirmäge güýç hem akyldarlyk berer (Filipililer 4:13; Ýakup 4:17; 1 Petrus 4:11).
Emma her kim öz ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Aýdaly, doganyň ýygnakda köp borçlary bar. Ol ýene jogapkärli borç alsa näme bolar? Belki-de, ol ýygnagyň işlerine ýetişjek bolup, maşgaladaky borçlaryna sowuk-sala garap başlar. Şonuň üçin dogan goşmaça borçlary almasa, pespäldigini we çägini bilýändigini görkezer (Filipililer 4:5; 1 Timoteos 5:8).
Ruhy dürdäneler
Pellehana çenli ylgaň!
19 Siz hem agyr kynçylyklary başdan geçirýän bolsaňyz we ýagdaýyňyza hiç kim düşünmeýän bolsa, Mepiboşediň göreldesi sizi ruhlandyrar (2 Şam. 4:4). Ol maýypdy. Şeýle-de Dawut patyşa oňa adalatsyzlyk edipdi. Başyna inen dertlere Mepiboşet günäkär bolmasa-da, ol ruhdan düşmedi, gaýtam durmuşynda bolýan gowy zatlary gymmat saýdy. Ol Dawut patyşanyň eden ýagşylyklaryna minnetdardy (2 Şam. 9:6—10). Mepiboşet Dawuda gaharlanmady, patyşanyň adalatsyzlygy hakda däl-de, ýagşylyklary hakda oýlandy. Ol Dawudyň eden işi üçin Ýehowany günäkärlemedi we Hudaýyň bellän patyşasyny goldamagy ýüregine düwdi (2 Şam. 16:1—4; 19:24—30). Ýehowa bize öwüt-nesihat bermek üçin, Mepiboşediň ajaýyp göreldesini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ýehowa ýürekden gulluk edip şatlanyň
15 Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Eger nähili maksat goýjakdygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, Ýehowa doga edip görkezme soraň (Nak. 16:3; Ýak. 1:5). Belki, siz makalanyň birinji abzasynda agzalan maksatlaryň birine ýetip bilersiňiz. Meselem, kömekçi pioner ýa-da pioner bolarsyňyz, Beýtelde gulluk edersiňiz, gurluşyk işlerine gatnaşarsyňyz. Ýa-da siz has köp adamlara wagyz etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenmegi, hatda başga ýurda göçmegi maksat goýup bilersiňiz. Şeýle-de nähili maksatlary goýmalydygyny bilmek üçin «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» atly kitabyň 10-njy babyny okaň ýa-da ýaşulularyň biri bilen maslahatlaşyň. Eger goýan maksadyňyza ýetmek üçin jan etseňiz, dogan-uýalar size guwanar we siziň hem şatlygyňyza şatlyk goşular.
16 Makalada agzalan maksatlar siziň üçin elýetmez bolup görünse näme edip bilersiňiz? Onda ýetip biljek maksatlaryňyzy goýsaňyz gowy bolar. Geliň, muny nädip edip bolýandygy hakda bileliň.
17 1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlary okaň. Eger siz suwa çümdürilen dogan bolsaňyz, ökde nutukçy we mugallym bolmagy maksat edinip bilersiňiz. Eger-de siz ýygnakda makalalary gowy okasaňyz, nutuk bilen çykyş etseňiz we ökdelik bilen öwretseňiz, dogan-uýalaryň imany berkär. «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýuranyň her sapagyny özleşdiriň. Nutuk bilen çykyş etmänkäňiz broşýuranyň bir sapagyny gowy öwreniň, nutugyňyzy ençeme sapar gaýtalaň we nutuk bilen çykyş edeniňizde sapakdaky maslahatlara eýeriň. Maslahat berýän dogandan ýa-da «Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän» ýaşululardan kömek soraň (1 Tim. 5:17). Broşýuradaky maslahatlary diňe bir öwrenmek bilen çäklenmäň. Dogan-uýalaryň imanyny berkitmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirmäge jan ediň. Şonda siz hem, dogan-uýalar hem ýürekden şatlanar.
18 Isa pygamber bize hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; Rim. 10:14). Siz ökde wagyzçy bolmaga jan edýärsiňizmi? Belki, siz «Öwreniň» broşýurasyny okamagy we ondaky maslahatlara eýermegi maksat edinersiňiz. Ýa-da gürrüňdeşlik üçin teklipleriň wideolaryny görersiňiz, «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderindäki» maslahatlara eýerersiňiz. Şeýle-de ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary gyzyklandyrjak temalaryň esasynda gürrüňdeş bolsaňyz gowy bolar. Şu maslahatlara eýerseňiz, ökde wagyzçy bolarsyňyz we şatlygyňyza şatlyk goşular (2 Tim. 4:5).
19 Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýanyňyzda, ýagşy häsiýetleri ösdürmegi hem unutmaň (Gal. 5:22, 23; Kol. 3:12; 2 Pet. 1:5—8). Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge näme kömek eder? Aýdaly, siz imanyňyzy berkitmek isleýärsiňiz. Belki, siz edebiýatlarymyzdan imany berkitmäge kömek edýän maslahatlary okarsyňyz. Ýa-da JW teleýaýlymyndan agyr synaglarda Ýehowa wepaly bolan imany berk dogan-uýalar hakda görersiňiz. Soňra olaryň imanyndan nädip görelde alyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň.
11—17 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 20, 21
«Ýehowa adalatly Hudaý»
it «Gibgon»
Gibgon
Şawul patyşa gibgonlylary gyrmak islese-de, niýeti başa barmady. Gibgon halky asyrlarboýy bardy. Olar Ýehowanyň Şawulyň eden ýamanlygyna göz ýummajakdygyna we ahyry bir gün adalaty dikeltjekdigine ynanýardylar. Ýehowa hem olaryň nalyşyny eşidip, Dawut patyşanyň döwründe üç ýyllap açlygyň bolmagyna ýol berýär. Patyşa munuň sebäbini bilmek üçin Ýehowa ýüz tutýar. Ýehowa oňa Şawul bilen öý-içerisiniň gibgonlylaryň ganyna galandygyny aýdýar. Dawut gibgonlylary çagyryp: «Günämizi nädip ýuwaýyn?» diýip soraýar. Olar: «Bize altyn-kümüş gerek däl... bizi Ysraýyldan ýok etjek bolan adamyň ýedi ogluny elimize ber» diýýärler (4Ms 35:30, 31). Gibgonlylar adam öldürmäge hakynyň ýokdugyny hem bilýärdiler we Kanuna görä hereket etdiler. Mukaddes Kitapda: «Şawul öý-içerisi bilen gibgonlylaryň ganyna galdy» diýilýär. Elbetde, gibgonlylary Şawul patyşa gyrmak islänem bolsa, ogullary hem kakasynyň ýamanlygyny goldan bolmaly (2Şm 21:1—9). Şu ýagdaýda çagalar atalarynyň etmişi üçin öldürilmedi (5Ms 24:16). Gaýtam «jan ýerine jan» diýen kanun berjaý edilip, adalat dikeldildi (5Ms 19:21).
Ruhy dürdäneler
Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
14 Biz, Ýehowanyň halky, Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň berýän päsgelçiliklerine garamazdan, bütin dünýäde wagyz etmegimizi dowam edýäris. Biziň käbirimiz ägirt uly kynçylyklara duş gelýäris, ýöne Ýehowa doly bil baglap, «Jalut» ýaly kynçylyklary ýeňýäris. Emma biz bu dünýä garşy hemişe göreşmeli bolýarys, şonuň üçin käte biz ýadaýarys we ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýda kynçylyklara garşy durmak aňsat bolmaýar we olar bizi ruhy taýdan öldürip biler. Emma biz başga wagty şeýle kynçylyklara hötde gelip bilerdik. Şeýle ýagdaýlarda ýaşulynyň berýän kömegi ýene-de şatlanmaga we berkemäge ýardam berip biler. 65 ýaşlaryndaky bir pioner uýa şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe wagt mundan öň, men özümi erbet duýup, wagyz etmekden ýadadym. Ýaşuly meniň bu ýagdaýymy duýup, ýanyma geldi. Biz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ruhlandyryjy gürrüň etdik. Men onuň beren maslahatlaryny kabul etdim we bu maňa peýda berdi. Ruhy taýdan gowşanymda maňa kömek eden ýaşulynyň söýgüsi örän begendirdi!» Hawa, söýgi bilen aladamyzy edýän we Abyşaý ýaly kömege ýetişmäge taýyn ýaşulularyň bardygyna biz şatlanýarys.
18—24 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 22
«Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanyň!»
cl bap 19, abz. 11
Siz Hudaýa nädip ýakynlaşyp bilersiňiz?
11 Ýehowanyň «çäksiz güýji» hakda okamak bir başga, Hudaýyň gudratlary barada okamak bir başga (Işaýa 40:26). Göz öňüne getiriň, Ýehowa ysraýyl halkyny Gyzyl deňzinden geçirýär. Siz uly deňziň bölünip, iki gapdalyňyzda beýik diwar ýaly bolup durandygyny görýärsiňiz. Takmynan üç milliondan ybarat halk deňziň düýbi bilen gury ýerden ýöräp, onuň beýleki tarapyna geçýär (2 Musa 14:21; 15:8). Soňra Ýehowa gudratly goly bilen ysraýyllaryň 40 ýyllap çölde aladasyny edýär. Allatagala halk üçin gaýadan suw çykarýar we tohuma meňzeş, ak reňkli, süýjüje mannany säher çygy deý ýere düşeýär (2 Musa 16:31; 4 Musa 20:11). Ýehowa şeýle gudratlar arkaly diňe bir güýjüni görkezmän, halkynyň ýürekden aladasyny etdi. Biz gudraty güýçli we şol bir wagtda mähirli Ýehowa Hudaýa doga-dileg edip bilýändigimize begenýäris. Ol «güýjümiz hem penamyz, agyr günde dadymyza ýetişýär» (Zebur 46:1).
w10 1/6 sah. 26, abz. 4—6
«Wepaly adama senem wepalysyň»
Geliň, Dawut pygamberiň sözleri hakda oýlanalyň. Aýatdaky «wepaly» diýip terjime edilen ýewreý sözi «ýagşylyk etmegi» hem aňladýar. Birine wepaly bolmak üçin ony ýürekden söýmeli. Ýehowa özüne wepaly adamlary söýgüsi bilen çoýýar.
Wepalylyk ýöne bir duýgy däl, ony hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Dawut pygamber Ýehowanyň wepaly Hudaýdygyna göz ýetirdi. Onuň özem Hudaýa wepalydy. Şol sebäpli Ýehowa Dawudy agyr gününde goldaýardy, goraýardy we görkezme berýärdi. Dawut «ähli duşmanlaryndan... halas eden» Hudaýa alkyş aýtdy (2 Şamuwel 22:1).
Biz Dawudyň sözlerinden näme öwrenýäris? Ýehowa hiç wagt üýtgemeýär (Ýakup 1:17). Allatagala hemişe öz kada-kanunlaryna görä hereket edýär, beren sözündenem dänmeýär. Şonuň üçin Dawut: «Ýehowa... wepaly gullaryny taşlamaýar» diýip ynamly aýtdy (Zebur 37:28).
Ruhy dürdäneler
«Kiçi bolmagy» öwreniň
7 Hudaýyň kiçigöwünliligi mezmurçy Dawuda güýçli täsir edipdir. Ol Ýehowa: «Sen maňa gutulyş galkanyňy berdiň, Seniň rehimdarlygyň (kiçigöwünliligiň, TD) meni beýgeltdi» diýip, aýdym aýtdy (2 Şam. 22:36). Ýehowa «eglip», ýagny özüni kiçeldip, Dawuda köp kömek edýär, şol sebäpli-de ol Ysraýylda uly işleri edip bildi. Dawut muňa gowy düşünýärdi (Zeb. 113:5—7). Ýehowa bize-de şeýle kömek edýär. Häsiýetler, ukyplar hem jogapkärçilikler barada aýtsak, olaryň haýsy birini Ýehowadan «almadyk»? (1 Kor. 4:7). Şeýlelik-de, özüni «kiçi» ýaly alyp barýana «uly» diýse bolar, sebäbi ol Ýehowa üçin has gymmatly bolýar (Luka 9:48). Geliň, munuň sebäbine seredeliň.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Eýýup çydamly we aýypsyz adam
7 Şu günler mesihçiler köplenç Eýýup ýaly horluk çekmeseler-de, olar dürli synaglara duş gelip ejir çekýärler. Köpüsi yzarlanýarlar ýa-da maşgala kynçylyklaryna duş gelýärler. Pul ýetmezçiligi ýa-da ýarawsyzlyk adamy güýçden gaçyrýar. Käbir adamlar bolsa imany üçin janyndan geçýärler. Ýöne biz ähli betbagtçylyklar Şeýtandandyr öýtmeli däl. Dogrusyny aýdanyňda, köp kynçylyklar biziň edýän ýalňyşlyklarymyz ýa-da nesil yzarlaýan keselimiz sebäpli bolýar (Galatýalylar 6:7). Şeýle-de biziň ählimiziň garramagymyz ýa-da tebigy betbagtçylyga uçramagymyz mümkin. Ýehowa gullukçylaryny şu günler betbagtçylyklardan gudrat arkaly halas etmeýändigi barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylan (Wagyzçy 9:11).
8 Şeýtan biziň imanymyzy gowşatmak üçin dürli synaglara duçar edýär. Pawlus resul ten ejizliginden ejir çekip «tenimde tiken... meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi» diýdi (2 Korintoslylar 12:7). Onuň aýpsyzlygyny we şatlygyny ýitirmek üçin näsaglygy, ýagny gözüniň kütelmegini ýa-da başga kynçylyklary Şeýtanyň ulanyp biljekdigine düşünýärdi (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Şeýtan şu günler hem Hudaýyň gullukçylaryny maşgala agzalarynyň, klasdaşlarynyň, şeýle-de hökümetiň üsti bilen yzarlaýar.
25—31 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 23, 24
«Siz „gurbanlyk“ berýärsiňizmi?»
it «Aruna»
Aruna
Aruna harmanyny, gurbanlyk üçin öküzleri we odun üçin tagtalary Dawuda mugt berjek bolýar. Emma Dawut olary satyn aljakdygyny aýdýar. 2 Şamuwel 24:24-e görä, ol «harmany we öküzleri 50 şekel kümşe (110 dollar) satyn alýar». 1 Taryh 21:25-de bolsa, Dawudyň «600 şekel altyn (tak. 77 000 dollar) berendigi» aýdylýar. 2 Şamuwel kitabynda diňe gurbanlyk bermek üçin satyn alnan zatlaryň bahasy barada aýdylýar. Ýöne 1 Taryh kitabynda ybadathananyň gurulmaly ýeri üçin tölenen pul barada gürrüň edilýär (1Tr 22:1—6; 2Tr 3:1). Ybadathanany gurmak üçin giň meýdan gerekdi. Dawudyň gurbanlyk ojagyny gurmak üçin satyn alan harmany bolsa kiçidi. Şol sebäpli ol birnäçe wagtdan soň harmanyň daş-töweregindäki tutuş ýeri 600 şekel altyna satyn alan bolmaly.
Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
8 Ysraýylla Ýehowa minnetdarlygyny bildirip, meýletin gurbanyny ýa-da Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin ýakma gurbanyny berende, höwes bilen iň gowy malyny bermek aňsatdy. Şu günler biz Musanyň kanunynda agzalan gurbanlary bermesek-de, Ýehowa gulluk etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi, serişdelerimizi sarp edýäris. Pawlus resul umydymyz barada «ykrar edýän dodaklaryň miwesine» we «ýagşylyk etmeklige, barymyzy beýlekiler bilen paýlaşmaklyga» Hudaýa ýaraýan gurbanlar diýdi (Ýew. 13:15, 16). Biz Ýehowa gowy niýet bilen gulluk edip, beren ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz hem ysraýyllylar ýaly, Hudaýa nähili niýet bilen we näme üçin gulluk edýändigimizi barlamaly.
Ruhy dürdäneler
w05 15/5 sah. 19, abz. 6
Ikinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler
23:15—17. Dawut Ýehowanyň gan baradaky kanunyna gowy düşünýärdi we adamyň janyna hormat goýýardy. Ol şu ýagdaýda-da Hudaýyň tabşyrygyny bozmak islemedi. Bizem Dawut ýaly Hudaýyň tabşyryklaryna ýürekden eýermeli.
1—7 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 1, 2
«Ýalňyşyňyzdan sapak edinýärsiňizmi?»
it «Süleýman»
Süleýman
Adonyýar dil düwşen adamlary bilen Gihon şäheriniň golaýynda iýip-içip otyrdy. Olar halkyň: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýen şatlyk-şowhunly seslerini eşidende, gorkup gaçýarlar. Adonyýar janyny halas etmek üçin mukaddes çadyra gaçyp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryndan ýapyşýar. Süleýman patyşa Adonyýaryň yzyndan adam iberýär. Adonyýar hiç hili erbetlik etmese, patyşa oňa saçynyň ýekeje tarynyň hem gaçmajakdygyny söz berip, öýüne iberýär (1Pa 1:41—53). Eger Süleýman patyşa Adonyýar bilen söweşen bolsa janyndan dynyp bilerdi. Şeýle-de ol tagta çykan badyna gan çaýkaman, asudalykda höküm sürjekdigini görkezdi.
it «Adonyýar»
Adonyýar
Dawut patyşa aradan çykansoň, Adonyýar kakasynyň gyrnagy Abyşaga öýlenmek isledi. Ol Batşebadan Süleýmanyň ýanyna baryp, Abyşagany sorap bermegini haýyş etdi. Adonyýar Süleýmany Hudaýyň tagta çykarandygyny boýun alsa-da, hak-hukugynyň depelenendigini aýtdy. Ol: «Şa tagty meniňki bolmalydy. Tutuş ysraýyl halky meniň patyşa bolaryma garaşýardy» diýip, nägilelik bildirdi (1Pa 2:13—21). Adonyýar patyşa bolup bilmändigine jany ýanyp, Abyşagany sorady. Gadymy döwürde patyşanyň mirasdüşeri onuň aýallaryny we gyrnaklaryny alyp bilýärdi. Diýmek, Adonyýar Abyşagany soramak bilen, henizem tagta göz gyzdyrýandygyny görkezdi (2Şm 3:7; 16:21-nji aýatlary deňeşdiriň). Süleýman agasy Adonyýaryň tagta dawa edýändigine düşündi. Şol sebäpli ol serkerdesi Binaýa Adonyýary dessine öldürmegi tabşyrdy (1Pa 2:22—25).
Ruhy dürdäneler
w05 1/7 sah. 30, abz. 1
Birinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler
2:37, 41—46. «Çägimden çyksamam, temmi berilmez» diýip pikir etmek örän howply. Ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan bilgeşleýin sowulýanlar «eli bilen edenini egni bilen çekerler» (Matta 7:14).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ökde wagyzçy boluň
1 Her bir mesihçi ökde wagyzçy bolmak isleýär. Isa şägirtlerine gowy wagyz etmegi öwredýärdi (Luka 9:1—5; 10:1—11). Şeýle-de Akila bilen Priskilla Apollosy öz ýanlaryna alyp, «Reb hakda anyk gürrüňler bilen sapak berdiler» (Res. iş. 18:24—26). Pawlus resul hem tejribeli wagyzçy Timoteosa «ilerleýşini hemmeleriň görmegi üçin» öwretmek ukybyny kämilleşdirmegi maslahat berdi (1 Tim. 4:13—15). Bizem näçe ýyl wagyz edýändigimize garamazdan, ökde wagyzçy bolmaga jan etmeli.
2 Dogan-uýalardan öwreniň. Biz dogan-uýalardan ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenip bileris (Sül. tym. 27:17). Şonuň üçin ýanyňyzdaky dogan ýa-da uýa wagyz edende, ony ünsli diňläň. Tejribeli wagyzçylardan maslahat sorap, olary ünsli diňläň (Sül. tym. 1:6). Siz ikilenç ideg etmäge, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge ýa-da wagyz gullugyň başga görnüşlerine gatnaşmaga ýaýdanýarsyňyzmy? Onda toparyň gözegçisinden ýa-da ökde wagyzçydan kömek etmegini haýyş ediň. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhunyň ukyp berýändigini ýatdan çykarman, ony hemişe diläň (Luka 11:13).
3 Siz ökdelik bilen wagyz etmek üçin kömek soramasaňyz-da, maslahat berenlerinde gaty görmäň (Wag. 7:9). Berlen maslahaty Apollos ýaly kiçigöwünlilik bilen kabul edip, minnetdar boluň. Şeýle etseňiz, paýhaslydygyňyzy görkezersiňiz (Sül. tym. 12:15).
4 Hudaýy şöhratlandyryň. Isa şägirtlerini mysal arkaly ökde wagyzçy bolmaga höweslendirdi. Ol özüni üzüm agajyna, mesh edilen şägirtlerini bolsa onuň şahalaryna meňzedýär. Isa şahalaryň «has-da köp miwe bermegi» üçin Atasynyň olaryň her birini arassalaýandygyny aýtdy (Ýahýa 15:2). Üzümligiň eýesiniň üzüm agajynyň has köp miwe bermegini isleýşi ýaly, biziň hem «dodaklarymyzyň miwesini» bermegimiz üçin, Ýehowa ökdelik bilen wagyz etmegimizi isleýär (Ýew. 13:15). Biz ökdelik bilen wagyz etmegi öwrensek nähili netije berer? Isa: «Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar» diýdi (Ýahýa 15:8).
8—14 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 3, 4
«Akyldarlyk baýlykdan hem gymmatly»
Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
4 Süleýman tagta çykansoň, Hudaý onuň düýşüne girip, näme isleýändigini soraýar. Süleýman tejribesizdigine düşünip, ondan akyldarlyk dileýär (1 Patyşalar 3:9-y okaň). Patyşanyň akyldarlyk diländigi Hudaýa ýaraýar. Şonuň üçin Hudaý Süleýmana «diňe bir paýhasly we düşünjeli ýürek» däl, eýsem, soramadyk zadyny, ýagny «baýlyk hem şan-şöhrat» berýär (1 Pat. 3:10—14). Isanyň aýdyşy ýaly, Süleýman akyldarlygy bilen şeýle tanaldy welin, hatda Şeba melikesi ony görmek we paýhasyny diňlemek üçin uzak ýerden gelýär (1 Pat. 10:1, 4—9).
5 Hudaý gudrat arkaly Süleýmana akyldarlyk berdi. Şu günler biz Süleýman ýaly akyldar bolup bilmeýäris. Ol «Reb hikmet berýändir» diýse-de, paýhasly bolmak üçin tagalla etmeli diýip ýazdy. Süleýman patyşa: «Hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdir» diýdi. Şeýle-de ol paýhasy «çagyr», «gözle» we «agtar» diýdi (Sül. tym. 2:1—6). Diýmek, biz hem paýhasly bolup bilýäris.
6 Biz özümize: «Men akyldarlygy Süleýman ýaly gowy görýärinmi?» diýen soragy bersek, gowy bolardy. Ykdysady kynçylyklar sebäpli, adamlaryň köpüsi pula gyzyp, işe köp üns berýärler ýa-da ýokary bilim almaga çalyşýarlar. Sen we maşgalaň barada näme diýse bolar? Sen bir karara geleniňde, paýhasy «hazyna» kimin agtarýandygyňy görkezýärmiň? Ýa-da has paýhasly bolar ýaly, pula we bilime bolan garaýşyňy üýtgetmelimi? Hakykytdanam, Hudaýyň akyldarlygy, ebedi peýda berer. Süleýman patyşa: «Sen dogrulyga, haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola şonda düşünersiň» diýdi (Sül. tym. 2:9).
Ruhy dürdäneler
w98 1/2 sah. 11, abz. 15
Ýehowa wadasynda durýan Hudaý
15 Ýehowa beren sözünde durup, Ybraýym pygamberiň neslini öz halky edip saýlaýar we Kanun berýär. Ol Musa pygamberden soň Ýuşany ysraýyl halkyna baştutan belleýär. B. e. öň 1473-nji ýylda Ýuşa halky Kengan ýurduna eltýär. Ýehowa Ybraýyma Kengan ýurduny nesline miras berjegini wada berdi. Ysraýyllara mülk ýerleri paýlananda, Hudaýyň wadasy ýerine ýetdi. Halk gulak assa, Ýehowa duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etjekdigini hem söz berdi. Meselem, Allatagala Dawut patyşanyň döwründe halkyna köp ýeňiş berdi. Hatda Dawudyň ogly Süleýman patyşanyň hökümdarlygynda «Ýahuda we Ysraýyl halky deňiz çägesi deý köpdi. Olar bolçulykda, bagtly ýaşaýardylar» (1 Patyşalar 4:20). Şeýdip, Hudaýyň Ybraýym bilen baglaşan ähti ýene-de ýerine ýetdi.
15—21 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 5, 6
«Olar işe ýürekden ýapyşdylar»
Şuny bilýäňizmi?
Süleýman patyşa ybathanany iň gowy agaçlardan gurupdyr. Sebäbi Liwanyň kedr agaçlary berk, owadan we ýakymly ysly bolýardy. Olara mör-möjeklerem zyýan ýetirmeýärdi. Gynansagam, birwagtky gür tokaýlyga bürenen Liwan daglarynda häzir sanaýmalyja agaç galdy.
it «Kedr»
Kedr
Ybadathananyň gurluşygy üçin müňlerçe işçi we köp kedr agajy gerekdi. Işçiler agaçlary çapyp, Ortaýer deňziniň kenarýakasyndaky Tir we Sidon şäherlerine getirmelidi, soňra olary daňyp, deňiz üsti bilen Ýafa ibermelidi. Ondan soň agaçlary gury ýerden Iýerusalime getirmelidi. Muny etmek üçin Süleýman patyşa Huram bilen şertnama baglaşýar (1Pa 5:6—18; 2Tr 2:3—10). Ybadathananyň gurluşygy gutaransoňam, Ysraýyla kedr agaçlary getirilýärdi. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Süleýman «kedr agajyny... ýabany injir agajy kimin köpeltdi» diýilýär (1Pa 10:27; Işa 9:9, 10-njy aýatlary deňeşdiriň).
it «Ybadathana»
Ybadathana
Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygynda Ysraýyldan 30 000 adamy işletdi. Olary üç topara bölüp, her aý 10 000 adamy Liwana iberýärdi we iki aý öýünde bolmaga rugsat berýärdi (1Pa 5:13, 14). Patyşa ýurtdaky gelmişeklerden 70 000 adamy ýük götermäge, 80 000 adamy bolsa daş ýonmaga belledi (1Pa 5:15; 9:20, 21; 2Tr 2:2). Şeýle-de Süleýman 550 adamy gözegçi edip goýdy, 3 300 adamy bolsa olaryň kömekçisi edip bellän bolmaly (1Pa 5:16; 9:22, 23). Belki-de, olaryň 250 sanysy ysraýyllardan, 3 600 sanysy gelmişeklerden bolandyr (2Tr 2:17, 18).
Ruhy dürdäneler
g 5/12 sah. 17, çarçuwa
Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler (1-nji bölüm)
TAKYK SENELER
Mukaddes Kitapdaky belli bir senelerde bolan wakalar biri-birine gabat gelýär. Mysal üçin, 1 Patyşalar 6:1-de şeýle diýilýär: «Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýdanyna 480 ýyl (tegelek 479 ýyl) bolupdy. Ysraýylyň patyşasy Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynyň ziw aýynda, ýagny ikinji aýda Ýehowanyň öýüni gurup başlady».
Mukaddes Kitapda b. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllaryň Müsürden çykandygy aýdylýar. Şondan 479 ýyly aýyrsaň, b. e. öň 1034-nji ýyla, ýagny Süleýman patyşanyň hökümdarlygynyň dördünji ýylyna düşýär.
22—28 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 7
«Iki sütün nämäni ýatladýar?»
«Daglaryndan mis alyp bolýan ýurt»
Süleýman patyşa Ýehowanyň ybadathanasynyň bezeg işleri üçin ummasyz köp mis ulanýar. Olaryň köpüsini kakasy Dawut siriýalylary boýun egdirende alypdy (1 Taryh 18:6—8). Ybadathanadaky mis howzyň agramy takmynan 30 tonna bolup, içine 66 000 litr suw sygýardy (1 Patyşalar 7:23—26, 44—46). Şeýle-de ybadathananyň girelgesinde ägirt uly iki mis sütüni bardy. Olaryň beýikligi 8 metr bolup, ýokarsyny 2,2 metrlik täç bezeýärdi. Sütünleriň içi boş bolup, galyňlygy 7,5 santimetrdi we diametri 1,7 metrdi (1 Patyşalar 7:15, 16; 2 Taryh 4:17). Diňe howuz bilen sütünleri ýasamak üçin birgiden mis ulanyldy.
it «Bowaz II»
Bowaz II
Süleýman patyşanyň döwründe gurlan ybadathananyň minarasynyň öňünde goýlan iki sütüniň çep tarapdakysy. Bowaz «Güýç bilen» diýmegi aňladýar. Sag tarapdaky sütüne bolsa Ýahin diýip at dakyldy. Ýahin «Goý, ol (Ýehowa) berkitsin» diýmegi aňladýar. Ybadathananyň öňünde durup, sütünleriň atlaryny sagdan çepe okanyňda, «Goý, ol (Ýehowa) güýji bilen (ybadathanany) berkitsin» bolýar (1Pa 7:15—21; serediň: SÜTÜNLERIŇ TÄJI).
Ruhy dürdäneler
it «Suwa düşmek, ýuwunmak»
Suwa düşmek, ýuwunmak
Ýehowa mukaddes hem päk Hudaý. Ol özüne sežde edýänlerden hem arassa bolmagy talap edýär. Meselem, mukaddes çadyrda we ybadathanada arassaçylyk berjaý edilýärdi. Harun bilen ogullary ruhany bellenende mukaddes eşikleri geýmänkä ýuwunmalydy (2Ms 29:4—9; 40:12—15; 3Ms 8:6, 7). Ruhanylar el-aýaklaryny çadyryň howlusyndaky mis legenden, ybadathanada bolsa mis howuzdan ýuwýardylar (2Ms 30:18—21; 40:30—32; 2Tr 4:2—6). Günä geçilýän güni baş ruhany iki gezek ýuwunýardy (3Ms 16:4, 23, 24). Azazyl üçin geçini äkidýän, gurbanlyk berlen maldan galan zatlary we gurbanlyk üçin mele sygry düşelgäniň daşyna çykarýan adam yzyna gelmänkä eşiklerini ýuwup, suwa düşmelidi (3Ms 16:26—28; 4Ms 19:2—10).
29 AWGUST—4 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 PATYŞALAR 8
«Süleýman pesgöwünlilik bilen doga edýär»
Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
9 Hudaý eşider ýaly ýürekden doga etmeli. 1 Patyşalar kitabynyň 8-nji babynda Süleýmanyň ýürekden aýdan dogasy ýazylan. B. e. öň 1026-njy ýylda Iýerusalimdäki ybadathananyň açylyş dabarasyna ýygnanan märekäniň öňünde, ol doga etdi. Äht sandygy Iň mukaddes otaga salnanda, Ýehowanyň buludy ybadathanany doldurdy, şonda Süleýman Hudaýy şöhratlandyrdy.
10 Süleýmanyň dogasyny okanyňyzda, ýürek barada aýdan sözlerine üns beriň. Ol ynsan ýüregini diňe Ýehowanyň bilýändigine düşünýärdi (1 Pat. 8:38, 39). Şeýle-de günäkär adamyň ýürekden Ýehowa dolanmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Ýehowanyň halky ýesirlige düşende, ýürekden doga etse, Ol eşider (1 Pat. 8:48, 58, 61). Siz hem ýürekden doga etmeli.
w99 15/1 sah. 17, abz. 7, 8
Ak ýürekden doga ediň
7 Biz ýeke özümiz ýa-da adamlaryň ýanynda doga edenimizde pesgöwünli bolmaly. Mukaddes Kitapda pälimizi pes tutup doga etmelidigimiz aýdylýar (2 Taryh 7:13, 14). Süleýman patyşa-da Iýerusalimdäki ybadathananyň açylyş dabarasynda pesgöwünlilik bilen Ýehowa doga etdi. Ol taryhda görlüp-eşidilmedik, şan-şöhratly binany gursa-da, pespällik bilen şeýle diýdi: «Heý-de, Hudaý ýer ýüzünde ýaşarmy? Sen göklere, hatda ägirt uly asmana-da sygaňok ahyryn. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!» (1 Patyşalar 8:27).
8 Bizem Süleýman ýaly köpçülikde pesgöwünlilik bilen Hudaýa doga etmeli. Ol biziň äheňimizdenem görünmeli. Biz dile çeperligimizi görkezjek bolup ýa-da öte duýgy bilen doga etmeli däl. Adamlar dogalarymyzy diňlände, biz barada däl-de, Ýehowa barada oýlanmaly (Matta 6:5). Pesgöwünli bolsak, doga edenimizde aýdýan sözlerimize ünsli bolarys. Biz Hudaýdan öz islegimize görä dogalarymyza jogap bermegini talap etmeris. Gaýtam ähli zady Ýehowanyň eline tabşyryp, öz islegine görä hereket etmegini sorarys. Mezmurçynyň: «Ýehowa, ýalbarýarys, halas et! Ýehowa, ýalbarýarys, ýeňiş ber!» diýen sözlerinden hem pesgöwünlilik bilen doga etmegi öwrenýäris (Zebur 118:25; Luka 18:9—14).
Ruhy dürdäneler
it «Gökler»
Gökler
Iýerusalimdäki ybadathanany gurduran Süleýman patyşa Hudaýyň «göklere, hatda ägirt uly asmana-da sygmaýandygyny» aýtdy (1Pa 8:27). Älem-jahany Ýaradan «Hudaýyň ady dünýäde iň beýikdir. Şan-şöhraty ýerden, gökden beýikdir» (Zb 148:13). Adamyň bir zady garyşlap ölçeýşi ýaly, Ýehowa hem asmany aňsatlyk bilen ölçäp bilýär (Işa 40:12). Elbetde, Süleýmanyň sözleri Hudaýyň hemme ýerde ýaşaýandygyny we her zatda bardygyny aňlatmaýar. Gaýtam ol Ýehowanyň «gökdäki mekanyndan» gullukçylarynyň doga-dileglerini eşidýändigini aýtdy (1Pa 8:30, 39).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Wagyzçylar elmydama doga etmeli
1 Biz wagyz işini öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň kömegi bilen ýerine ýetirýäris (Flp. 4:13). Ol perişdelerini ugradyp, ýumşak adamlary gözlemäge kömek edýär (Ylh. 14:6, 7). Ýehowanyň patasy bilen biz hakykat tohumyny ekýäris we suwarýarys (1 Kor. 3:6, 9). Şonuň üçin wagyz işinde gökdäki Atamyza doga etmek, gör, nähili wajyp!
2 Özüň üçin doga et. Wagyz edenimizde hemişe dogada bolmaly (Efes. 6:18). Dogada näme dilese bolar? Batyrgaýlygy hem-de wagyz meýdançamyza dogry garaýyşda bolmagy diläp bileris (Res. iş. 4:29). Şeýle-de, ak ýürekli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlar ýaly, Ýehowadan görkezme sorap bileris. Eger gyzyklanýan adam sorag berse, dogry jogap bermek üçin içimizden Ýehowa gysgaça doga edip bileris (Neh. 2:4). Şeýle-de wagyz işini ilkinji orunda goýar ýaly, akyldarlyk diläp bileris (Ýakup 1:5). Eger bize ynanylan iş üçin dogamyzda minnetdarlygymyzy bildirsek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Kol. 3:15).
3 Başgalar üçin doga et. Şeýle-de biz «biri-birimiz üçin doga etmeli» (Ýakup 5:16; Res. iş. 12:5). Syrkaw bolsaň-da, beýleki wagyzçylar üçin hem doga edip bilersiň. Seniň dogalaryň olara kömek edip biljekdigine şübhelenme. Hatda başga ýurtlardaky doganlarymyz «aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly» döwlet ýolbaşçylarynyň hoşamaý bolmagy üçin hem doga etse bolar (1 Tim. 2:1, 2).
4 Biz hoş habary öz güýjümiz bilen wagyz edip bilmeris. Eger «dogada erjellik etsek», onda Ýehowanyň kömegi bilen wagyz işini ýerine ýetirip bileris (Rim. 12:12).